Arseniý Morozowyň köşgi. Uly baýlygyň mirasdüşeri Morozow geleňsiz hereketleri bilen tanalypdyr. Haçanda ol ejesi Warwara modern stlide köşk gurmagy niýet edendigini aýdan mahaly, ol örän geň galypdyr.
- Öň seň samsykdygyňy diňe men bilýärdim, indi bütin moskwa biler! diýip käýinipdir.
Gurluşyk döwrinde jaý şeýle bir köp taňkyda we ýaňsylama sezewar bolupdyr welin, hatda Lew Tolstoý öz romanlarynyň birinde ony ýaňsylamak bilen, "Samsyk we biderek adam" diýip atlandyrypdyr.
Muňa garamazdan Arseniý tutanýerli bolupdyr. Ol Ýewropadaky gören modern arhitekturalaryna haýran galypdyr. 1895-nji ýyl Arseniý Arhitektor Wiktor Mazyrine köşk gurmagy buýrupdyr. Onuň gurluşygy üç ýyl dowam edipdir.
Häzirki wagtda Russiýa Federasiýanyň Hökümesiniň kabul ediş öýi - Arseniý Mozorow köşgi Hökümet wekiliýetleriniň ýygnaklary, diplomatik gepleşikleri we halkara guramalarynyň maslahatlaryny geçirmek üçin ulanylýar.