Sidneý opera teatrynda her ýylda takmynan 2 million adam gelýär ( 3000-den gowrak görkezilişi) binanyň özüne bolsa 10 milliondan gowrak adam syýahat edýär.
Binanyň ýelkenli gämi ýada salýan özboluşly görnüşi daniýaly binagär Ýorn utzon tarapyndan döredilipdir. Şeýle-de bolsa bu çyrşyrymly dizaýny Owe Arupyň inženerçilik zehininden üzňe göz öňüne getiribem bolmazdy. Olar hemiše jedelleşseler-de, Arup Ýorn Utzonyň hyýaly pikirlerine laýyk gelýän amaly çözgit tapdy. Teatyryň gurluşy 1959-nji ýylda başlanyp, 14 ýyl dowam etdi. Gurluşygy ilki başda 4 ýylda tamamlamak meýilleşdirilpdi, ýöne taslamanyň çylşyrymlylygy, serişde ýetmezçiligi hem-de binagäriň çalyşmagy ýaly birnäçe şertler sebäpli gurluşyk ýyl-ýyldan yza süýşürildi.
Mundan başga-da taslamanyň çykdajysy örän gymmat bolupdyr. Gurluşygyň başlangyç döwründe 7 million dollar çykdajy edilmegine garaşylýan bolsa, ahyrky netijede 100 milliondan gowrak hem çykdajy edilipdir.
1973- ýylda açylypdyr.