stella_🖤
08.05.2024 19:44
Bolan waka


Bu waka joramyň durmuşyndan alnan. Janyny gara ýere gurban beren joram ölmezinden birnäçe gün öň meni ýanyna çagyryp, şeýle gürrüň beripdi:
- Men obamyzdan birýigidi haladym. Olam meni gowy görýärdi. Ýöne biziň durmuş gurmagymyza maşgalasy garşy çykdy. Umuman hemma maşgala agzalary. Ýöne şonda-da biz bir-birikden gatnaşygymyzy kesmedik. Onuň maşgalasynyň garşydygyny bilsemem ondan ýüz döndirmedim. Sebäbi biz bir-birimizi juda gowy görýärdik. Bir gezek ýolagçy ulagynda gelýärkam Dawudyň gelnejesine gabat geldim. Men ulagyň öňünde otyrdym. Mähri gelneje bolsa ulaguň yzynda ýene özi ýalyrak bir gelin bilen otyrdy. Men ulagyň öňünde otyramsoň Mähri gelneje meni görmedi. Biraz wagtdan soň ýanyndaky gelin bilen gürleşmäne başlady. Öýe golaýlap gelýärkak Mähri gelnejäniň "Menä şol gyzy ýüwürjüjügimiň basyp giden aýak yzyna dözemek" diýen sözlerini eştdim. Şol bada gürrüňiň özüm barada gitýänligine aňdym, depämden gaýnak suw guýulan ýaly boldy. Bir obada ýaşal ýören adamymdan beýle sözžer eştmek juda agyrdy. Ulagdan düşüp öýe nädip gelenimi hem bilmedim. Gelişime öz otagyma geçip aglamana başladym. Soňam meň beýleki gyzlardan nämäm kem? diýip öz özimden soradym. Kellämiň içi pikirlerden doludy. Birnäçe gün içimdäki hasrat bilen ýaşadym. Ýüregini agyrtmaýyn diýip Dawuda-da syr bildirmedim. Ýöne bu gaýgy aladalar bilen näçe gün ýaşajagym belli däldi. Dawut bilen eden arzuwlarymyz puç bolçagyna gynansamam, gelnehesiň aýdan sözi hiç ýadymdan çykanokdy.....
Howa dostlar şeýlelik bilen şol gün meniň joramy soňky sapar görüşim boldy. Şol gün ol öz janyna kast edipdir. Emma bu waka bu ýerde gutarmady. Şol günüň ertesi güni Dawut hem bolan zady eşidip, ol hem öz janyny gurban etdi. Görýäňizmi günäliň odyna bigüna ýanar diýileni boldy.
29
72
milana
8 May 2024
Haýsy bir kritika edilen söze gulak gabartmaly? Onada-da gelnejesi aýdypdyr 🤦🏻‍♀️
ATOMIC
8 May 2024
👍
stella_🖤
8 May 2024
Bagyşlaň arasynda harp ýalňyşy bar bolandygy üçin howlygyp ýazdym😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.