Eýfel diňi- Fransiýanyň iň meşhur, tanalýan nyşanlaryndan biri. Häzirki wagtda ol ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we her ýylda millionlarça jahankeşdäni özüne çekýär, Şeýle-de bolsa 1889-nji ýylda gurluşygy tamamlanandan soň, onuň tankydy garaýyşlara uçranyny az adam bilýän bolsa gerek.
Parižlileriň köpisi bu diňi taryhy şäher merkezinde gaty tagaşyksyz we ýerliksiz ýerleşdirilendirilen bina hasaplapdyrlar. Ol barada "Al kakmyş" hem-de " Örän elhenç görünýän bina" diýen ýaly meňzetmeli sözleri aýdypdyrlar. Gi de Moppassan we Aleksandr Dýuma ýaly tanymal ýazyjylardyr sungat işgärleri diniň gurulmagyna garşy çykypdyrlar.
Moppassan hemişe diýen ýaly diniň birinji gatynda ýerleşýän resteronda naharlanar eken. Näme üçin beýle etýändigi soranlarynda ýazyjy " Bu Parižde Eýfel diňi görünmeýän ýeke-täk ýer" - diýip jogap beripdir.
1889-nji ýylda 300 sany sungat wekili diniň ýykylmagyna talap etýän haýyşnama gol çekipdir. Emm olaryň haýyşy ýerine ýetirilmändir.