Sagrada familia- Ispanýanyň Barselona şäherindäki köşk bolup, Kataloniýanyň meşhur binagäri Antonio Gaudi tarapyndan bina edilipdir. Köşgüň gurluşy 1882-nji ýylda başlanyp, şu güne çenli hem dowam edip gelýär. Gurluşygy 2030-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. "Sagrada familia" gurluşygy haýyr sahawatlaryň hasabyna maliýeleşdirilýändigi sabäpli haýal ösýär.
"Sagrada familia" Mesihiň doglan gününe. Mesihiň hyjuwlaryna we Mesihiň çokundyrylmagyna bagyşlanan üç sany fassaddan ybaratdyr.
Köşk Antoni Gaudi tarapyndan dünýäniň beýleki köşklerine gaýtalanmaýan özboluşly stilde döredilipdir. Gaudi zehinli binagär bolupdyr, ýöne dizaýnlary köplenç täzelikçi we üýtgeşik häsiýeti özünde jemläpdir. Köşgiň gurluşygy ýaňy başlan mahaly, Barselonanyň ýaşaýjylary ony ynamsyzlyk bilen garşy alypdyrlar. Olar Gaudiniň gaty moda esaslanýan binagärdigini we taslamasynyň katolik buthanasynyň däplerine laýyk gelmeýändigini aýdyp, ondan nägile bolupdyrlar. Hatda köşgi "Iň samsyk bina" diýip hem atlandyran ekenler.
Bu günki günde Sagrada familia ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we syýahatçylar tarapyndan iň bir gelim-gidimli syýahatçylyk nokady hasap edilýär.