solty
26.02.2024 13:12
Bir zamanlar bir patşa bolupdyr. Bu patyşa öz ýanyndan pikir edipdir:
-Men dünýädäki ähli hezillikleri gördüm görmedik hezilligim ýok diýämişin.
Onsoň bu patyşa jar çekdirýä:
-Kim meň görmedik hezilligmi görkezse maňa hezil etdim diýdirse şalygymdan näme diýse berjek diýýär.
Onsoň muny bir çopan oglan eşdip köşke gelýärde patyşa ýüzlenip:
-Men size öň barlap görmedik hezilligiňizi görkezjek ýöne sizem meň diýenimi edersiňiz garşylygyndada maňa şalygyñ deň ýaryny berersiň diýýär.
Patyşa razy bolýar. Eger diýeniňden netije bolmasada kelläňi alarn diýýär.
Oglan bolýa siz maňa 3 sany garpyz tapyň diýýär. Patyşa wezirlerini ugradýar. Garpyz gelýänçä bular iki çäýnek çaý içýäler. Garpyz gelýär onuň birinjisini iýýäler iki bolup. Ikinjini iýýäler welin patyşany buşuk gyssap başlaýar. Oglan ony ugratmaýar. Üçinjini iýip bilmändirler patyşa gaty gyssanýar emma oglan göýbermän bir sagat saklaýarda bar indi gidiber diýip ugradýar ýaňky patyşa biraz wagytdan gelip munýaly hezil edip görmändim hezil edäýdimaý täzeden doglan ýaly boldum diýip ýeňläp gelýär. Şeýdip oglan şalygyň ýaryny alýar . Patyşada gaýdyp hiç meselede öwünmändir.
(Öwünen ýigit öňüne ...)
26
458
solty
19.02.2024 22:56
Bir gün bir adam öýüne içgili gelipdir. Öýe girip ýatýar welin halys ýatyp bilmändir (kiçi meýdan üçin). Ahyry turup hajathana gitmekçi bolýar. Doň bolansoň aýalynada bildirmejek bolup çyranam ýakman stenany yzarlap ýöräp başlaýar. Bir gapyň tutawajyna eli ilýär, gapysyny jygyldadyp ýuwaşlyk bilen açýar welin ýerde paltun ýatyr öňünde köýnek asylgy içine girýär welin aşakda aýallaryň bir garyşdan uzyn galamdan inçe ökjeli köwşü ýatyr diýýä. Aý eşikleri eýläk beýläk edişdirip işini bitrýärde stenany yzarlap yzyna gelip ýatýar. Ertir irden ýatur welin aýalynyň gohuna oýanýar.Näme boldaý şuwagt gohuň näme diýip aýalyna dogumly gygyrýar. Aýalam gözlerinini ýaşardyp sen içip gelipsiň diýýär. Olam içemok ysgap gör içemok. Aýaly içipsiň aragyň ysyndan ýaňa çagalaň pahmelde gezip ýör. Ýok içemok ol başga zadyň ysydyr. Aýaly aglanjyrap içip gelmedik bolsaň 2000 manada täzeje alynan şkafyň içine girip meýdan etmezdiň diýip äriniň üstüne gygyrýar.
⚜️⚜️⚜️
Geliň geliň et bar et alyň geliň bir gassap gygyrýar.
Bir ýaşyulyrak adam gelýär inim etiň näden.
Agam kilesi 55 manatdan nirsinden çekeýin aýt bol çaltjak.
Aý inim sende ynsap ýokmy muň bahasy ýaman gymmatla.
Agam ynsap ýok diňe et bar.
⚜️⚜️⚜️
Daýza batinkaň bahasy näçe manat.
Jigim 80-ä diýýän sen alsaň 40-a beräýern.
Daýza Bärräk bolmazmy 20-i näder.
Bolar jigim haýsy taýyny bereýin sagynymy ýada çepini.
⚜️⚜️⚜️
Nememi oglum siňek dermanyňyz ýookmy.
Näme daýza siňegiňiz ýaranokmy.
⚜️⚜️⚜️
Agam gölä näçe diýýäň.
500 diýýän inim soraber.
150 näder agam.
150 gaty bärräk dälmi inim.
Agam soraber diýdiň bolýan ýerini aýt.
Inim soraýan ýeriň şul bolsa bolýan ýerä ýatagy.
⚜️⚜️⚜️
Biri aradan çuksa jynaza oklaýa öňde namaza ýolmaşçy diýip öňde ymam goýulýar.Şonda öňde biri dur diýýä saça ýeňsesinden arkasyna ýetip duran kepgasam yzyna geýilen. Gapdalda biri soraýa ymam diýip goýanyňyz nähilaý hol öňki towuk ogurlap tutylyp ýören dälmaý bul.
Hawa şol obaň adamlary ony her zat edip gördü yzda goýsaňam kalguş ogurlaýa diýip jogap berdi diýýä.
⚜️⚜️⚜️
18
231
solty
17.02.2024 11:51
《Ýeke gözlü ejem》hekaýa.

Kakam aradan çykandan soň ejem maşgalamyzy eklemek üçin meniň okaýan mekdebimde süpürgiç bolup işleýärdi.Ejemiň ýeke gözü bardy,bu ýagadaý meni gaty utandyrýardy. Men mekdebiň bäşinji synpynda okaýardym.Günlerde bir gün arakesmede doslarym bilen durkam, oglumy göreýin diýip ejem gelipdi. Ýanyma geleninde doslarym ejemi görüp(eý seň ejeň ýeke gözü bar ekenä) diýip gülüşipdiler.Şeýle bir utandym ýer ýarylsa içine girjekdim. Çagasynyň halyny soramaga gelen ejemi bolsa itip ol ýerden gaýtdym. Sapaklar gutaryp öýe gelenimde, (Meni doslarymyň ýanynda baryp utandyrmaga nädip dözýäň, iýşiň bilen bolubermeli ekeniňdä) diýip başgada agzymdan gelen paýyş sözleri aýdyp ejemiň üstüne gygyrdym. Ejem bolsa (bagyşla oglum men seni beýle ýagdaýa düşirenimi bilmändirn)diýip gözüne ýaş aýlap ötünç soraýardy.Diňlemedim gaýtym ol jaýa geçip gapyny içinden gulplap otyryp ejemiň ýüregni agyrtmamy goýmadym. Soňra wagtyň geçmegi bilen okuwymy gutardym ýetginjek ýaşyna ýetdim. Nesibäm çekip şähere işe çagyrdylar. Men bolsa yzymda galyp kösençlik görjek ejemiň aladasyny etmän goşlarymy düwüp ýola düşdüm. Ejem bolsa yzymda tä ulaga münüp gözýetimden ýitýänçäm seredip durdy.Bu ýagdaý maňa hiçhili täsir etmedi öz ejem däl ýaly edip taşlap gitdim.Soňra işlerim ugruna bolup şäherden jaý aldym, öýlendim iki sany çagam boldy. Men şeýle bagtly ýaşaýardym. Ýaglygynyň gyrasynda ak saçlary gözüňe iýlip ugran ejemi taşlap gaýdanym hiçhili ýadymada düşenokdy. Obadan gaýdanyma 7.8 ýyl bolupdyr. Ine bir gün öýde otyrkam gapy kakyldy çagajyklam ylgap gapyny açsa ejem gelipdir, ulyja oglumy gujaklap torbasyndan
köke çykaryp ogluma berdi, ýaňy ýöremani öwrenen gyzymy bolsa gujaklamakçy bolanda gyjagazym ejemiň ýekegözlüdigni görüp gorkup aglady gyzymyň agy sesini eşdip gelsem gapyda duran ejemi gördüm. Ejemi görüp begenmedim gaýta çagalamyň elindäki ejemiň beren kökelerini alyp ejemiň eline berdimde (Sen şu ýerik gelip meň çagalarymy gorkuzmaga nädip dözdüň, nireden nähili gelen bolsaň yzyňa git) diýip üstüne gygyryp kowup göýberdim. Ejem(bagyşlaň men salgymy ýalňyşypdyrn) diýdide hiç zat bolmadyk ýaly yzyna öwrülüp gidiberdi. Egninde bolsa şol köne güne solup giden saryja köýnegi kellesindede ýyrtyk ýamadan ýaňa güli bulaşyp giden öýmesi. Şol gidişi soň ne habar boldy nede hatyr. Menem iýdemedim. Soňra obadan 20 ýyllyk ýubleý toýy bolýa diýip çakylyk geldi. Oba gaýtdym, toýdan soň ejemi dälde çala şemal gelse ýykyljak ýaly bolup duran öýmüzi göreýin diýip,önüp ösenje öýüme geldim. Howludan girdim öýde hiçkim ýokdy bir salym otyryp gaýtmakçy bolup durkam goňşylarymyň biri ejemiň aradan çykanyny aýtdy. Gözüme ýekeje damjada ýaş gelmedi. Gaýta begendim bir ýüküm ýeňpän ýaly boldum.O barmagada ejemiň ýazdyran hatyny getirdiler, hatda şeýle diýip ýazylgydy.
(Meň mähriban oglum sen meniň dünýäde iň ýakynym ýekeje perzendimsiň meniň arzuwym seniň ýüzüme gülüp bakaryň, sen gideniňden soň ýeke ýollaşym ýassygym bilen düşegim boldy. Bu düşekden sag aman turup bilsemä seniň didaryňy ýene görerdim ýöne bu zatlar diňe arzuwmyka diýýän. Şu ýassygmda ýatmakam agtyjaklarymy hem bagryma basyp bilmesemem nurly ýüzlerni görmek mümkinçiligi boldy şuňada gaty begenýän. Oglum saňa käbir zatlary aýtmagyň wagty geldimikä diýýän. Sen entek 7 ýaşlyja çagajykkaň awtoulag heläkçiligine uçradyň, şonda bir gözüň görüşden galypdy. Saňa geljegiň öňüňde, kemsinmesin, kösenmesin diýip bir gözümü berdim. Ýagty jahana meniň gözüm bilen bakýanyňa guwanýan diňe gowluklary gör. Çagajyklaryňam jany sag bolsun! Olary maňa deregem bagryňa bas Sag bol oglum!)
⚜️ ⚜️ ⚜️

Eneler jomartdyr, giňdir eneler,
Olar kyn pursatyň kömege geler.
Ömür boýy oňa beren jebiriňi,
Ahyr bir söz üçin bagyşlap biler.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Bagyşlarda baky ýumar gözüni,
Agaç ata müner, zemine gider.
Diňe özü gitmez beren jebriňi,
Sütemiňi ýany bilen äkider.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Sen onsoň aglarsyň tutarsyň içiň,
Emma seň gözleriň şol bagta zardyr.
Ene soňky demde günäňi öter,
Ýöne onuň ötdügi saňa jezadyr.
⚜️⚜️⚜️
25
75
solty
16.02.2024 23:15
Kaka, uly bolmak añsat däl eken,
Seniñ nanyñ iýen günlemdir jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Durmyşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada jydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip, basylýar gepden.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz doslardan dolypdyr daşym.
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Ýaglygyn syranda düşipdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.
Uly oýa batyp ötüpdur gijäm,
Kaka, uly bolmaň aňsat däl eken.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Ulalmak, çyndanam kyn eken, kaka,
Doslarym bilen oýnamagy söýerdim.
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym 《oýnajak däl!》diýerdim.
⚜️ ⚜️ ⚜️
19
25
solty
15.02.2024 14:51
Hany ýigit dur diýip meň ýakamdan tutsalar,
Söýüpsiň ol gyzy diýip oka tutup, atsalar,
Janym tenden çykansoň oda tutup ýaksalar,
Ýa bolmasa jesedim dar agaçdan assalar,
Jansyz beden sallanyp söýýän diýip seslener.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Gülperime gol berip, söýýän sözüm aýdamda,
Gujak açyp golumy ýar boýnuna salamda,
Gelip daýy-ýegenleň golum toglap tutanda,
Gyndan sogryp hanjaryn gursagymdan uranda,
Parçalanan ýüregim söýýän diýip seslener.
⚜️⚜️⚜️
Eneň-ataň, doganlaň meň kassyma çyksalar,
(Göräýsek bor bir ýerde) diýip haýbat atsalar,
Gapyllykda bildirmän gelip meni tutsalar,
Hanjar urup ýürekden ganym ýere dökseler,
Gyrmyzy gan zarynlap söýýän diýip seslener.
⚜️⚜️⚜️
Bu jezany az görüp kelläm kesip atsalar,
Başsyz galan göwrämi soka salyp gyssalar,
Dowralan etlerimi öz ganyma ýuwsalar,
Gana ýuwlan etlerim guşlar-gurtlar iýseler,
Guşlar-gurtlar uwlaşyp söýýän diýip seslener.
⚜️⚜️⚜️
16
61
solty
14.02.2024 13:31
💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜
💜Saňa akylym diýip ýüzlensem eger, 💜
💜Sen meniň diýdäme soragly bakýaň, 💜
💜Diýýärsiň owadan sözleriň kän wagty,💜
💜Sen maňa ýönekeý lakamy dakýaň. 💜
💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜
💜Ömrüm diýsem sensiz ölmerin öýtýän,💜
💜Gülüm diýsem ondanam owadan keşbiň,💜
💜Balym diýsem oda senden tagamsyz gelýä,💜
💜Balam diýsem meniň jydamaz kesbim.💜
💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜
💜Gowsy men seni 《Akylym》diýip söýeýin,💜
💜Bu lakam seniň bilen örän sazlaşýar.💜
💜Hoş söz diýseň şygyr döredip ýörn,💜
💜Eger ýüz bermeseň akylym bilen azaşýan.💜
💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜💜
13
58
solty
15.01.2024 21:39
Degişmeler:
Bir bagşy toýa barypdyrda, aýdym aýdanok diýýä dutaryny düzüp otyr diýýä aý ýarym sagat geçdi bolmandyr bir sagat geçdi bolmandyr şol dutaryny düzen bolup otyr diýýä kakan bolýa taryny çalyşan bolýa diýýä. Onsoň oturanlaň biriniň içi ýanypdyrda inim dutary näçä aldyň diýip soraýa diýýä.
Bagşy : üç ýüz manat
Oturan adam aýtýa diýýä: Aý inim ýene ýüz manat goýup dört ýüz manada düzülenini alaýmaly ekeniňdä.
○ ○ ○
Iki sany oglan kafe barýada maňa manty ber diýýä satyjam soraýa agam şu günküden bereýinmi ýa düýnkiden.
Aý nähili sorag berýäňaý şu günküdrn ber swežniräk iýseň gowy bolarda diýse . Satyjy aýtýa agam onda kyn görmän ertir geläýiň
○ ○ ○
Bir oglan keýpi gowyda kafe barýarda 200 gramlyk stakan berip şuňa 300 gram arak guý diýip sataşýar diýýä.
Afisant : agam eliňdäki 200 gramlyk stakan diýilýär oňa 300 gram arak syganok diýýär.
ýaňky oglan: onda 300 gram arak ber diýýär.3 sany ýüz gramlyga guýyp bersem bolýarmy diýýär. Howwa bolýar. Berýär welin üçisinem alýarda 200 gramlyk stakana guýýar welin sygyp dur diýýä( Kem berýärlerdä)
Afisant: agam sen jadygöýmaý öýtýän diýýä.
○ ○ ○
Iki sany Ahally oglan Dubaýda kafe barýarlarda kafeni baglap otyr diýýä. Otyrlarka ýaňky oglanlaryň biri eý marylylarama baý diýýä welin şular ýaly ýere gelip kafeni baglap oturyp bilýärlermikä diýýär.Ýanyndaky bol şony bileli diýip afisanty çagyrýarda öň şu ýerde marlylaram şeýdip otyryp gördümü diýýär. Aý bilemok agam bizä gelen adamdan nirden geldiňem diýip soramzok ýöne aýda bir maryla hasaba geçýäs diýýär( Tutuş kafede bir marlyňky ekendä).
○ ○ ○
Obada bir ölüň jaýyny gazýan bar diýýä muňa daňdan 4de jaň gelýär diýýä agam plan aga dünýeden gaýtdy jaýyny gazmaly diýýä şu wagtmy diýse howwa diýýä
Ýaňky jaý gazýan aýtýa:inim ölüňüz ogyrlyga däldirdä.
○ ○ ○
Biri öýlenipdir. Täze gelin bilen öz jaýlarynda ertirlik çaýyny içip otyrlar diýýä.
Ýaňky oglan diýýä gülüm çaý guý, balym tordy geçir, janym nan äber, ezizim şol süýjüni geçir. kakasy ýaşlaň jaýyny diňläp dur diýýä gapyny kakyp oglum bärik gel diýýär. Barýar welin ýakasyndan ýapyşýar oglum nämeler diýip otyrsyň men ejeň bilen kyrk ýyl bäri ýaşaşyp gelýän bir saparam şolar ýaly söz diýip göremok. Sen eýýäm bir günde diliň ölçegini aldyryp gülüm, balym, janym, ezizim diýip otyrsyň maşgalamyza ysnat ýetirýäň indi şolar ýaly sözler diýseň damagyňy çalarn diýýär welin ogly aýtýar aý kaka adyny bilmesem näme diýeýindä.
○ ○ ○
Bir oglan çölde goýun bakýar welin çilimi nasy gutarýar. Bu oglanam nalaç bakyp ýör gutaranynada bir hepde boldy ismenem gelenok diýýä. Onsoň bir uzakda uly maşynyň sesi eşdilýä şol tarapa ylgaýar diýýä nas çilim soraýyn diýip. Barýarda ýaňky maşyny saklaýar bir ýaşuly adam sürüp barýar diýýä. ýaňky oglan ýaşulyny aljyradyp barýar diýýä agam sen nädip bu ýerlerik düşüp ýörsüň? agam ýadansyň ýör men saňa çaý bereýin goşa gideli diýýä. Bu ýaşulam inim ýadama keminä goýmadyk bir çaýjagaz işsek kemä däl mün goşuňy görkez diýýär. Münýär ýaňky oglan ýolda agam nas ber ataly diýýär Ýaşulam aý inim menä nas atamok göteremogam diýýär. oglan diýýär agam onda bir çilim otla çekeli diýýär ýaşulam aý inim çekemok onsoň göteremogamda diýýär ýaňky oglan ýaşuly aragyň bir bardyra goçda gowy nahar bişip dur içeli diýýär ýaşulam aý inim özüm içmämsoň almandyrnamda diýýär. Ogla7⁷n aýdýar aý ýaşuly senä heleý edip alaýmaly eken.
28
562
solty
14.01.2024 09:05
Diliň derdinden.
♡ ♡ ♡
Aşygym saklana bilmen,
Saýraýan dipiň derdinden.
Bilbilim uklaýa bilmen,
Gyrmyzy gülüň derdinden.
♡ ♡ ♡
Sen şa senem, men şasuwar,
Garybym men kyl istiwar.
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.
♡ ♡ ♡
Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýollaryň.
Näzikdir inçe billeriň,
Sallanan goluň derdinden.
♡ ♡ ♡
Ýagşyny ýasan ussalar,
Pähim etmez akly gysgalar.
Golar gadymky nusgalar,
Hünärli goluň derdinden.
♡ ♡ ♡
Armanam öpüp guçmadym,
Golundan şerap içmedim.
Ölünçäm saňa geçmedim,
Bir ýyllyk juluň derdinden.
♡ ♡ ♡
Çagyrsam asyl gelmez sen,
Gelseňde oýnap gülmez sen.
Ne boldy habar almaz sen,
Kemine guluň derdinden.
♡ ♡ ♡
22
146
solty
13.01.2024 12:42
《A》
35-nji ýyl senýabryň 1-i,
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Ýadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.
○ ○ ○
Mekdebiň deregine - kiçijik kepbe,
Partanyň deregine - ýasama stol.
Her stol başynda - dört sany çaga,
(Käsinde bäş hem bolmagy ahmal)
○ ○ ○
Her çagaň elinde -
Ýönekeý galam,
Her çagaň elinde -
Suratly 《Harplyk》
Göýä özümiz hem harplaň öňinde,
Düzilip oturan düşniksiz-harpdyk.
○ ○ ○
Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,
Harp bize seredýär biz bolsa harpa.
Onýança-da birden garaja kepbäň,
Gapysy birden açyldy jarka.
○ ○ ○
Ätledi gapydan bur uly adam,
(Ýaşyny hasaplap oturasaň indi,
Uly bolup görinen, şol uly adam,
On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).
○ ○ ○
《Salam!》diýip ýüzümize seretdi,
Bizä entek hiç zat görmedik çaga.
Ne-hä jogap berdik, nede gozgandyk,
Göýä bakan ýaly bir uly daga.
○ ○ ○
Hemmämiz aňkarup ýüzine bakdyk,
(Ýyljyraklap bize seredýär olam)
Öňümizde bolsa-
Suratly 《Harplyk》
Ýene-de üç depder,
Ýene bir galam.
○ ○ ○
Ilkinji salamy şondan öwrendik,
Salamy ozalam bilýärdik welin.
Salam diýen sözüň uly manysyn,
Has aýdyň edipdi mugallym dili.
○ ○ ○
Ilkinji 《A》harpyn şondan öwrendik,
《A 》harpyn ozalam bilýärdik welin.
《A》 diýen harpdan soň B-niň barlygyn,
Ilki öwredipdi mugallym dili.
○ ○ ○
Watanyň başyna iş düşen güni,
Moskwaň üstüne çekende bulut.
Biz üçin ilkiji boluşy ýaly,
Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.
○ ○ ○
Gidişi- gidişi gelmedi gaýdyp,
Ýaşyny hasaplap otursaň indi.
Onynjy klas Nazar oglumyň,
Ýaşyna-da ýetmändir ekeni şindi.
○ ○ ○


Kerim Gurbannepesow.
Ilkinji mugallumy Nurýagdy Agaýewe
ýazan goşgusy.
(Ussatlar ölmeýärler olar birinji ömrüni bu ýagty jahanda, galan ömrüni bolsa tämiz ýüreklerde ýaşaýarlar).
25
101
solty
12.01.2024 01:50
Hezil bu dünýä!
On ýaşa ýetmäkäň hezil bu dünýä,
Çägä togalanyp, oýnabermeli.
Obaň ortasyndan geçýän mes suwy,
Eşikli, eşiksiz boýlabermeli.
* * *
On sekiz ýaşdakaň hezil bu dünýä,
Gyzlar meňki diýip gepläbermeli.
Gün-günden üýtgeşik gelýän günleri,
Bir-biriniň yzyna sepläbermeli.
* * *
Owadan gözelleň köňlüne bakyp,
Tämiz ýürek bilen joşubermeli.
Takdyryňa onuň keşbini çekip,
Bagtly menzillere aşybermeli.
* * *
Ýüregiňi paýlap bolmaz her kişä,
Ony päk söýgüňe haklabermeli.
Saňa berlen mähire biliňi guşap,
Halal zähmet bilen haklabermeli.
* * *
Otuz bäş ýaşdakaň hezil bu dünýä,
Arkaňa alada ýükläbermeli.
Uzak ýola düşen ýolagçy deýin,
Ýetjek menzilleriňi çäkläbermeli.
* * *
Elliniň alkymynda hezil bu dünýä,
Entekler ýaşlygy ýatlabermeli.
Süýji günler bilen başagaý bolup,
Ýyllardan ýyllara ätläbermeli.
* * *
Ýetmişden geçeňsoň hezil bu dünýä,
Kalbyňy päklige oýkabermeli.
Öwüt-ündew berip ýaş ýeleňlere,
Her işe başyňy ýaýkabermeli.
* * *
Şeýdip sallançakdan soňky deme çen,
Günleri arkaňda daşabermeli.
Asyl munuň hezilsiz güni ýok eken,
Munda hezil edip ýaşabermeli.
* * *
19
119