《Ýeke gözlü ejem》hekaýa.
Kakam aradan çykandan soň ejem maşgalamyzy eklemek üçin meniň okaýan mekdebimde süpürgiç bolup işleýärdi.Ejemiň ýeke gözü bardy,bu ýagadaý meni gaty utandyrýardy. Men mekdebiň bäşinji synpynda okaýardym.Günlerde bir gün arakesmede doslarym bilen durkam, oglumy göreýin diýip ejem gelipdi. Ýanyma geleninde doslarym ejemi görüp(eý seň ejeň ýeke gözü bar ekenä) diýip gülüşipdiler.Şeýle bir utandym ýer ýarylsa içine girjekdim. Çagasynyň halyny soramaga gelen ejemi bolsa itip ol ýerden gaýtdym. Sapaklar gutaryp öýe gelenimde, (Meni doslarymyň ýanynda baryp utandyrmaga nädip dözýäň, iýşiň bilen bolubermeli ekeniňdä) diýip başgada agzymdan gelen paýyş sözleri aýdyp ejemiň üstüne gygyrdym. Ejem bolsa (bagyşla oglum men seni beýle ýagdaýa düşirenimi bilmändirn)diýip gözüne ýaş aýlap ötünç soraýardy.Diňlemedim gaýtym ol jaýa geçip gapyny içinden gulplap otyryp ejemiň ýüregni agyrtmamy goýmadym. Soňra wagtyň geçmegi bilen okuwymy gutardym ýetginjek ýaşyna ýetdim. Nesibäm çekip şähere işe çagyrdylar. Men bolsa yzymda galyp kösençlik görjek ejemiň aladasyny etmän goşlarymy düwüp ýola düşdüm. Ejem bolsa yzymda tä ulaga münüp gözýetimden ýitýänçäm seredip durdy.Bu ýagdaý maňa hiçhili täsir etmedi öz ejem däl ýaly edip taşlap gitdim.Soňra işlerim ugruna bolup şäherden jaý aldym, öýlendim iki sany çagam boldy. Men şeýle bagtly ýaşaýardym. Ýaglygynyň gyrasynda ak saçlary gözüňe iýlip ugran ejemi taşlap gaýdanym hiçhili ýadymada düşenokdy. Obadan gaýdanyma 7.8 ýyl bolupdyr. Ine bir gün öýde otyrkam gapy kakyldy çagajyklam ylgap gapyny açsa ejem gelipdir, ulyja oglumy gujaklap torbasyndan
köke çykaryp ogluma berdi, ýaňy ýöremani öwrenen gyzymy bolsa gujaklamakçy bolanda gyjagazym ejemiň ýekegözlüdigni görüp gorkup aglady gyzymyň agy sesini eşdip gelsem gapyda duran ejemi gördüm. Ejemi görüp begenmedim gaýta çagalamyň elindäki ejemiň beren kökelerini alyp ejemiň eline berdimde (Sen şu ýerik gelip meň çagalarymy gorkuzmaga nädip dözdüň, nireden nähili gelen bolsaň yzyňa git) diýip üstüne gygyryp kowup göýberdim. Ejem(bagyşlaň men salgymy ýalňyşypdyrn) diýdide hiç zat bolmadyk ýaly yzyna öwrülüp gidiberdi. Egninde bolsa şol köne güne solup giden saryja köýnegi kellesindede ýyrtyk ýamadan ýaňa güli bulaşyp giden öýmesi. Şol gidişi soň ne habar boldy nede hatyr. Menem iýdemedim. Soňra obadan 20 ýyllyk ýubleý toýy bolýa diýip çakylyk geldi. Oba gaýtdym, toýdan soň ejemi dälde çala şemal gelse ýykyljak ýaly bolup duran öýmüzi göreýin diýip,önüp ösenje öýüme geldim. Howludan girdim öýde hiçkim ýokdy bir salym otyryp gaýtmakçy bolup durkam goňşylarymyň biri ejemiň aradan çykanyny aýtdy. Gözüme ýekeje damjada ýaş gelmedi. Gaýta begendim bir ýüküm ýeňpän ýaly boldum.O barmagada ejemiň ýazdyran hatyny getirdiler, hatda şeýle diýip ýazylgydy.
(Meň mähriban oglum sen meniň dünýäde iň ýakynym ýekeje perzendimsiň meniň arzuwym seniň ýüzüme gülüp bakaryň, sen gideniňden soň ýeke ýollaşym ýassygym bilen düşegim boldy. Bu düşekden sag aman turup bilsemä seniň didaryňy ýene görerdim ýöne bu zatlar diňe arzuwmyka diýýän. Şu ýassygmda ýatmakam agtyjaklarymy hem bagryma basyp bilmesemem nurly ýüzlerni görmek mümkinçiligi boldy şuňada gaty begenýän. Oglum saňa käbir zatlary aýtmagyň wagty geldimikä diýýän. Sen entek 7 ýaşlyja çagajykkaň awtoulag heläkçiligine uçradyň, şonda bir gözüň görüşden galypdy. Saňa geljegiň öňüňde, kemsinmesin, kösenmesin diýip bir gözümü berdim. Ýagty jahana meniň gözüm bilen bakýanyňa guwanýan diňe gowluklary gör. Çagajyklaryňam jany sag bolsun! Olary maňa deregem bagryňa bas Sag bol oglum!)
⚜️ ⚜️ ⚜️
Eneler jomartdyr, giňdir eneler,
Olar kyn pursatyň kömege geler.
Ömür boýy oňa beren jebiriňi,
Ahyr bir söz üçin bagyşlap biler.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Bagyşlarda baky ýumar gözüni,
Agaç ata müner, zemine gider.
Diňe özü gitmez beren jebriňi,
Sütemiňi ýany bilen äkider.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Sen onsoň aglarsyň tutarsyň içiň,
Emma seň gözleriň şol bagta zardyr.
Ene soňky demde günäňi öter,
Ýöne onuň ötdügi saňa jezadyr.
⚜️⚜️⚜️