solty
16.02.2024 23:15
Kaka, uly bolmak añsat däl eken,
Seniñ nanyñ iýen günlemdir jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Durmyşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada jydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip, basylýar gepden.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz doslardan dolypdyr daşym.
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Ýaglygyn syranda düşipdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.
Uly oýa batyp ötüpdur gijäm,
Kaka, uly bolmaň aňsat däl eken.
⚜️ ⚜️ ⚜️
Ulalmak, çyndanam kyn eken, kaka,
Doslarym bilen oýnamagy söýerdim.
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym 《oýnajak däl!》diýerdim.
⚜️ ⚜️ ⚜️
19
25
perijik
17 Fewral 2024
👍👍
flowers_
17 Fewral 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.