Hezil bu dünýä!
On ýaşa ýetmäkäň hezil bu dünýä,
Çägä togalanyp, oýnabermeli.
Obaň ortasyndan geçýän mes suwy,
Eşikli, eşiksiz boýlabermeli.
* * *
On sekiz ýaşdakaň hezil bu dünýä,
Gyzlar meňki diýip gepläbermeli.
Gün-günden üýtgeşik gelýän günleri,
Bir-biriniň yzyna sepläbermeli.
* * *
Owadan gözelleň köňlüne bakyp,
Tämiz ýürek bilen joşubermeli.
Takdyryňa onuň keşbini çekip,
Bagtly menzillere aşybermeli.
* * *
Ýüregiňi paýlap bolmaz her kişä,
Ony päk söýgüňe haklabermeli.
Saňa berlen mähire biliňi guşap,
Halal zähmet bilen haklabermeli.
* * *
Otuz bäş ýaşdakaň hezil bu dünýä,
Arkaňa alada ýükläbermeli.
Uzak ýola düşen ýolagçy deýin,
Ýetjek menzilleriňi çäkläbermeli.
* * *
Elliniň alkymynda hezil bu dünýä,
Entekler ýaşlygy ýatlabermeli.
Süýji günler bilen başagaý bolup,
Ýyllardan ýyllara ätläbermeli.
* * *
Ýetmişden geçeňsoň hezil bu dünýä,
Kalbyňy päklige oýkabermeli.
Öwüt-ündew berip ýaş ýeleňlere,
Her işe başyňy ýaýkabermeli.
* * *
Şeýdip sallançakdan soňky deme çen,
Günleri arkaňda daşabermeli.
Asyl munuň hezilsiz güni ýok eken,
Munda hezil edip ýaşabermeli.
* * *