Bir zamanlar bir patşa bolupdyr. Bu patyşa öz ýanyndan pikir edipdir:
-Men dünýädäki ähli hezillikleri gördüm görmedik hezilligim ýok diýämişin.
Onsoň bu patyşa jar çekdirýä:
-Kim meň görmedik hezilligmi görkezse maňa hezil etdim diýdirse şalygymdan näme diýse berjek diýýär.
Onsoň muny bir çopan oglan eşdip köşke gelýärde patyşa ýüzlenip:
-Men size öň barlap görmedik hezilligiňizi görkezjek ýöne sizem meň diýenimi edersiňiz garşylygyndada maňa şalygyñ deň ýaryny berersiň diýýär.
Patyşa razy bolýar. Eger diýeniňden netije bolmasada kelläňi alarn diýýär.
Oglan bolýa siz maňa 3 sany garpyz tapyň diýýär. Patyşa wezirlerini ugradýar. Garpyz gelýänçä bular iki çäýnek çaý içýäler. Garpyz gelýär onuň birinjisini iýýäler iki bolup. Ikinjini iýýäler welin patyşany buşuk gyssap başlaýar. Oglan ony ugratmaýar. Üçinjini iýip bilmändirler patyşa gaty gyssanýar emma oglan göýbermän bir sagat saklaýarda bar indi gidiber diýip ugradýar ýaňky patyşa biraz wagytdan gelip munýaly hezil edip görmändim hezil edäýdimaý täzeden doglan ýaly boldum diýip ýeňläp gelýär. Şeýdip oglan şalygyň ýaryny alýar . Patyşada gaýdyp hiç meselede öwünmändir.
(Öwünen ýigit öňüne ...)