《A》
35-nji ýyl senýabryň 1-i,
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Ýadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.
○ ○ ○
Mekdebiň deregine - kiçijik kepbe,
Partanyň deregine - ýasama stol.
Her stol başynda - dört sany çaga,
(Käsinde bäş hem bolmagy ahmal)
○ ○ ○
Her çagaň elinde -
Ýönekeý galam,
Her çagaň elinde -
Suratly 《Harplyk》
Göýä özümiz hem harplaň öňinde,
Düzilip oturan düşniksiz-harpdyk.
○ ○ ○
Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,
Harp bize seredýär biz bolsa harpa.
Onýança-da birden garaja kepbäň,
Gapysy birden açyldy jarka.
○ ○ ○
Ätledi gapydan bur uly adam,
(Ýaşyny hasaplap oturasaň indi,
Uly bolup görinen, şol uly adam,
On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).
○ ○ ○
《Salam!》diýip ýüzümize seretdi,
Bizä entek hiç zat görmedik çaga.
Ne-hä jogap berdik, nede gozgandyk,
Göýä bakan ýaly bir uly daga.
○ ○ ○
Hemmämiz aňkarup ýüzine bakdyk,
(Ýyljyraklap bize seredýär olam)
Öňümizde bolsa-
Suratly 《Harplyk》
Ýene-de üç depder,
Ýene bir galam.
○ ○ ○
Ilkinji salamy şondan öwrendik,
Salamy ozalam bilýärdik welin.
Salam diýen sözüň uly manysyn,
Has aýdyň edipdi mugallym dili.
○ ○ ○
Ilkinji 《A》harpyn şondan öwrendik,
《A 》harpyn ozalam bilýärdik welin.
《A》 diýen harpdan soň B-niň barlygyn,
Ilki öwredipdi mugallym dili.
○ ○ ○
Watanyň başyna iş düşen güni,
Moskwaň üstüne çekende bulut.
Biz üçin ilkiji boluşy ýaly,
Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.
○ ○ ○
Gidişi- gidişi gelmedi gaýdyp,
Ýaşyny hasaplap otursaň indi.
Onynjy klas Nazar oglumyň,
Ýaşyna-da ýetmändir ekeni şindi.
○ ○ ○
Kerim Gurbannepesow.
Ilkinji mugallumy Nurýagdy Agaýewe
ýazan goşgusy.
(Ussatlar ölmeýärler olar birinji ömrüni bu ýagty jahanda, galan ömrüni bolsa tämiz ýüreklerde ýaşaýarlar).