Bir gün bir adam öýüne içgili gelipdir. Öýe girip ýatýar welin halys ýatyp bilmändir (kiçi meýdan üçin). Ahyry turup hajathana gitmekçi bolýar. Doň bolansoň aýalynada bildirmejek bolup çyranam ýakman stenany yzarlap ýöräp başlaýar. Bir gapyň tutawajyna eli ilýär, gapysyny jygyldadyp ýuwaşlyk bilen açýar welin ýerde paltun ýatyr öňünde köýnek asylgy içine girýär welin aşakda aýallaryň bir garyşdan uzyn galamdan inçe ökjeli köwşü ýatyr diýýä. Aý eşikleri eýläk beýläk edişdirip işini bitrýärde stenany yzarlap yzyna gelip ýatýar. Ertir irden ýatur welin aýalynyň gohuna oýanýar.Näme boldaý şuwagt gohuň näme diýip aýalyna dogumly gygyrýar. Aýalam gözlerinini ýaşardyp sen içip gelipsiň diýýär. Olam içemok ysgap gör içemok. Aýaly içipsiň aragyň ysyndan ýaňa çagalaň pahmelde gezip ýör. Ýok içemok ol başga zadyň ysydyr. Aýaly aglanjyrap içip gelmedik bolsaň 2000 manada täzeje alynan şkafyň içine girip meýdan etmezdiň diýip äriniň üstüne gygyrýar.
⚜️⚜️⚜️
Geliň geliň et bar et alyň geliň bir gassap gygyrýar.
Bir ýaşyulyrak adam gelýär inim etiň näden.
Agam kilesi 55 manatdan nirsinden çekeýin aýt bol çaltjak.
Aý inim sende ynsap ýokmy muň bahasy ýaman gymmatla.
Agam ynsap ýok diňe et bar.
⚜️⚜️⚜️
Daýza batinkaň bahasy näçe manat.
Jigim 80-ä diýýän sen alsaň 40-a beräýern.
Daýza Bärräk bolmazmy 20-i näder.
Bolar jigim haýsy taýyny bereýin sagynymy ýada çepini.
⚜️⚜️⚜️
Nememi oglum siňek dermanyňyz ýookmy.
Näme daýza siňegiňiz ýaranokmy.
⚜️⚜️⚜️
Agam gölä näçe diýýäň.
500 diýýän inim soraber.
150 näder agam.
150 gaty bärräk dälmi inim.
Agam soraber diýdiň bolýan ýerini aýt.
Inim soraýan ýeriň şul bolsa bolýan ýerä ýatagy.
⚜️⚜️⚜️
Biri aradan çuksa jynaza oklaýa öňde namaza ýolmaşçy diýip öňde ymam goýulýar.Şonda öňde biri dur diýýä saça ýeňsesinden arkasyna ýetip duran kepgasam yzyna geýilen. Gapdalda biri soraýa ymam diýip goýanyňyz nähilaý hol öňki towuk ogurlap tutylyp ýören dälmaý bul.
Hawa şol obaň adamlary ony her zat edip gördü yzda goýsaňam kalguş ogurlaýa diýip jogap berdi diýýä.
⚜️⚜️⚜️