DÜNÝÄDÄKI TÄSIN KÄRLER
• Toýuň galp myhmany
Ýaponiýada islendik görnüşdäki toý gurnap bolýar: hristian toýy, günbataryň däp-dessurlaryna laýyk toý, butparaz toýy ýa-da sintoist toýy. Ýöne bir dessur welin, toýuň haýsy görnüşdeligine garamazdan, üýtgewsiz berjaý ediläýmeli. Toý dabarasynda myhman köp bolmaly. Çünki myhmanlaň köplügi ýaş çatynjalaň rysgallydygyny hem-de üstünlikli durmuşda ýaşaýandyklaryny aňladýar. Şol sebäpdenem, eger-de ýaşlar toýuň öňüsyrasynda tanyşladyr, dost-ýarlaryny az diýip hasaplasalar, galp (feýk) myhmanlaň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Onsoň şeýle myhmanlar gelniň iň ýakyn jorasyndan başlap, öýlenýän ýigdiň başlygyna çenli islendik keşbi ýerine ýetirip bilýärler.
• Gatnaşygy bozujy
Ýaponiýada öz müşderilerine täsin hyzmaty ýerine ýetirip berýän agentlikler bar. Olar şowsuz ýanýoldaşy yryp, onuň bilen ýakyn gatnaşyga girmek arkaly, şowsuz nikany bozmaga ýardam berýärler. Ýaponiýada bolsa biwepalyk nikany bozmak üçin degerli esaslaryň biri diýlip hasaplanýar. Ýöne, biwepalyk anyk subutnamalar bilen tassyk edilmäge degişli. Mysal üçin, fotosuratlar, wideofaýllar. Onsoň hyzmatyň bu görnüşi üçin tölegleriň ýokarydygyna garamazdan, bu ýurtda işewürlügiň bu ugry ýylsaýyn pajarlap ösýär.
• Gözýaş süpüriji
Hyzmatyň bu görnüşi Ýaponiýada golaýda peýda bolupdyr. Bu kär bilen esasan ýaş erkek kişiler meşgullanýar. Olar “ikemoso” diýlip atlandyrylýar. Ikemoso ýalňyz aýallara işi bilen bagly ruhy dartgynlylygy aýyrmaga ýardam berýärler. Agyr iş gününden soň müşderi gelinleň ýanyna sargyt edilen ikemoso gelýär we gerek bolsa ofisde ýa-da öýünde olary köşeşdirýär hem-de gözýaşlaryny süpürip, duýgudaşlyk bildirýär...
• Professional gujaklaýjy
Psihologlaň aýtmagyna görä, duýgudaşyň bilen gujaklaşmak, göwnüçökgünligiň iň gowy dermanymyş. Belli bolşy ýaly, Ýaponiýada iş gününiň dowamlylygy dünýäde iň uzyn iş günümiş. Onsoň, şonuň ýaly agyr iş düzgüni, jemgyýetçilik gurşawynyň güýçli basyşy, ýaponlaryň ruhy sagdynlygyna ýaramaz täsir edýärmiş. Günüň dowamynda toplanan ýaramaz psihiki energiýadan saplanmak üçinem ýaponlar professional gujaklaýjylaň hyzmatyndan peýdalanýarmyşlar. Bu kär bilen meşgullanýanlara bir günde 60 amerikan dollaryna çenli zähmet hak tölenýärmiş. Ýeri gelende bellemeli ýagdaý, bu kär bilen meşgullanmak isleýänlere berilýän maslahat, adamlara çyndan duýgudaşlyk edip bilmek ukyby we psihologiýa ugrundan zerur hünär bilimleriniň bolmagy, bu ugurdan üstünlik gazanmagyň açary bolup durýar.
• Otla dykalaýjy
Ýaponiýada ýörgünli bolan ýene-de bir kär, otla dykalaýjy bolup durýar. Tokioda hemme kişiň işe gelýän ýa-da işden gaýdýan wagty (ças pik diýilýär), metro edil garynja hinine çalym edýärmiş. Onsoň işe ýa-da işden öýüne howlugyp barýan adamlar her edip, hesip edip otludan gijä galmajak bolup, oňa depilip dykylan ýaly dykylýarmyşlar welin, olaryň derdinden ýaňa wagonlaryň gapylaram ýapylmaýarmyş. Şonda gatnawlaň grafiginiň bozulmazlygyna otla dykalaýjylar ýardam berýärmiş. Olar arkalaryndan itip-itip, adamlaň wagonlara sygmagyny we şonuň netijesinde-de, gapylaň ýapylyp, otlyň wagtynda ugramagyny üpjün edýärmişler. Adatça bu käriň zerurlygy günüň dowamynda iki gezek ýüze çykýandygy sebäpli, bu wezipä okuwdan boş wagtlary talyplar işe kabul edilýärmiş.
• Professional ötünç soraýjy
Özge ýurtlarda bolmadyk, ýöne Ýaponiýada bar hünärleriň ýene-de bir professional ötünç soraýjydyr. Belli bolşy ýaly, ha edeni ýalňyş bolsun, ha dogry – adamlaň aglaba köpüsi ötünç soramagy iňňän ýokuş görýärler. Çünki, kimdir birinden (hasam nähak göwnüne degen adamyňdan) bagyşlamagyny soramak – bu her näme diýilse-de, keýp berýän wakalaň biri däldir.
Ýaponlar özlerine mahsus ugurtapyjylyk bilen bu ýagdaýdan çykalga tapypdyrlar.
Ýaponiýada şuňa meňzeş hadysalar ýüze çykanda hakyny alyp kömege gelýän professional ötünç soramak hyzmatlaryny ýerine ýetirip berýän kärhanalar bar.
Şeýle kärhanalaň biri bilen ylalaşyk gazanaňdan soň, şol kärhanaň hünärmenine öz ýagdaýyňy gürrüň berýäň, onsoň ýazykly bendäň adyndan telefon üsti bilen ýa-da ýüzbe-ýüz durup, başga biri ötünç soraýar. Adatça, telefon üsti bilen “ötünç sorama” hyzmatynyň nyrhy 100 amerikan dollaryna ýakyn bolsa, “ýüzbe-ýüz ötnüç soramaň” bahasy şoň iki essesi bolýar.
• Deňiz hatynlary – Ama
Ýaponiýa-da deňiz merjenini çykarmak üçin deňziň düýbüne çümýän aýallar şeýle atlandyrylýar. Ýokarda beýan edilen hünärlerden tapawutlylykda, Ýaponiýada bu hünär iňňän gadymydyr. Elbetde, ýapon erkeklerem deňziň düýbüne çümüp bilýärler. Ýöne amalar, uzak asyrlaň dowamynda bu hünärde özlerini örän ussat hökmünde tanatmagyň hötdesinden gelipdirler. Zenanlaň tebigy aýratynlyklary olara suwuň astynda howasyz uzagrak wagtlap saklanmaga mümkinçilik beripdir. Ir döwürlerde amalar lukmanlardyr, emeldarlardan kän gazanypdyrlar. Iň geň ýerem, “dabanyndan depesine çenli” patriarhat (atalyk häkimiýeti) höküm sürýän Ýaponiýada, amalaryň äri özleri saýlamaga hukuklary bolupdyr.
• Haýwanlar üçin iýmitiň dadyjysy
Bu hünär Ýaponiýada däl-de, köp Günbatar ýurtlarynda bardyr. Öý haýwanlary üçin iýmit öndürýän (mysal üçin, itler, pişikler, guşlar, balyklar we ş.m.) kompaniýalar, iýmitiň hilini hem-de howpsuzlygyny barlamak üçin, olary dadyjy (degustator) hökmünde adamy ulanýarlar. Şeýle kärde işleýän adam adatça her ýylda 24.500 amerikan dollaryny gazanýar “myş”?!!
Bu kär bilen meşgullanmak üçin gerekli zatlar: esasan tagam biliş agzalaryň duýujylygy ýeterlik bolmaly we şeýle önümleri “datmak” ýüregiňi bulamaly däl. Bu ugurdan zähmet çekmek üçin haýsydyr bir ýörite bilimler talap edilmeýär. Öňüňe goýlanyny “symyşlamaga ýarasaň” bolany. Ýöne, şonda-da şu ugurdan işlemekçi bolýanlaň weterinariýa, biologiýa ugrundan ýeterlik bilimleri ýa-da iýmit senagaty pudagynda iş stažy bolsa, olar işe kabul edilende artykmaçlyk hukugyndan peýdalanýar “myşdyk”?!
• Lego-heýkeltaraş
Günbatar ýurtlarynda “Lego” oýnawaçlaryny satýan dükanlar, öz harytlaryny has gowy “güjeňlemek” ýa-da dogruja aýdylanda “mahabatlandyrmak” üçin, “Lego” konstruktorlardan dürli özüneçekiji şekilleri, heýkelleri düzüp bilýän heýkeltaraşlary (skulptorlary) işe kabul edýärler. Aýdyşlaryna görä, şeýle heýkeltaraşlar bir ýylda 30.000 amerikan dollary möçberinde zähmet hakyny gazanýarmyşlar. Bu ugurdan zähmet çekmekçi bolýanlara ýeterlik ýörite bilimlerden başga, heýkeştaraşlyk zehinem, sungat tejribesem zerurdyr.
• Professional nobata durujy
Millionlarça ilatly şäherlerde ýaşamak edäheti ýene-de bir hünäri döretdi. Işi başyndan agdyk bolup, öz hojalygynyň zerurlyklary üçin nobata durmaga wagty ýok, ýöne degişli tölege ýagdaýy bar adamlara professional nobata durujylar kömege gelýärler. Aýdyşlaryna görä, Günbatar ýurtlarynda bu kär bilen meşgullanýanlar sagatda 24 amerikan dollary möçberinde gazanç edýärmişler. Ýöne, bir ýagdaýy bellemeli, elektron söwdaň ösmegi bilen dürli internet-dükanlardyr, saýtlar, ýuwaş-ýuwaşdan bu hünär bilen meşgullanýanlaň çöregini elden alyp barýarlar. Öz-özünden düşnükli bolşy ýaly, bu hünär bilen meşgullanmak isleýänlere haýsydyr bir ýörite bilim ýa-da iş tejribesi zerur däl. Çydamyň bolsa, üstesine-de wagt öldürip bilýän bolsaň, bolany.
• Hakyky däl (wirtual) zatlaň satyjysy
Bu hünär bilen meşgullanýanlar hiç hili kezzapçylyk etmeýärler. Mysal üçin, dürli kompýuter oýunlarynda oýunkeşler özleriniň boýyn çümen oýunlarynyň içinde dürli zatlary (jaýlar, gorag serişdeleri, oýunda ýokary derejelere ýetirilen şahsy we ş.m.) satyn almak üçin öz pullaryny sarp edýärler. Kähalatlarda, oýundaky haýsydyr bir ýokary tapgyrdaky şahsyň bahasy 2000 amerikan dollaryna çenli baryp ýetýär. Onsoň güýçli oýunkeşler, strimerler ýörgünli oýnalýan oýunlarda täze şahs döredinip, ony oýnuň belentden-belent tapgyrlaryna çenli ýetirýärler-de, şol oýun gahrymanynyň öz kwestiniň (başdan geçirmesiniň) dowamynda gazanan hazynalaryny beýleki, özleri ýaly ezber oýnap bilmeýän, ýöne oýnuň ölemeni bolan humarbazlara hakyky pula satýarlar. Şeýdibem gazanç edýärler.