Salam, agzalar!
Ertirleriňiz haýyrly bolsun!
Saglyk-baha ýetmez zatdyr.Ony şu döwrebap döwürde nädip sagdyn saklamaga bolýar? Şu gün men sizlere saglygy saklamaga kömek edýän maslahatlar hödürleýän.
Gününe 1 miwe iýmek
Güýz-gyş möhletiniň gelmegi bilen immunitet agyr güýç düşýär.Şol wagtda dürli keseller orun alýar.Immunitetiň kesellerden goranmak mümkinçiligi nähili nahar iýeniňiz bilen berk baglanşykly.Lukmanlar günde nähilidir bir miwe iýmegi maslahat berýär:ol keseliň öňüni almaga ýardam edýär. Olara alma, hemme sitrus miweler, hurma, kiwi we banan girýär.
Narpyz salnan çaý içmek
Narpyz adamy dynçlandyrýan ösümlik hökmünde tanymal:ol stress bilen göreşýär we uky hiline gowy täsir edýär.Ony ýygy-ýygydan peýdalanmak maslahat berilýär.Ony ulanmagyň iň gowy usuly-narpyz goşulan çaý demlemek. Narpyz goşulan çaý degnaňy (nerwi) dynçlandyrýar we tiz göwnüňi göterýär.
Iýmitiňize limon goşmak
Limon – С witamininiň gözi.Şonuň bilen birlikde, limon metabolizmi tizleşdirip, artyk agramdan aýrylmaga kömek edýär. Adatça, limon suwun ertir bilen we agşamlyk aç garna içýär, kokteýller bilen çaýlar goşulýar.Ýen aýtmaly bir zat: sitrus antioksidant bolup tapylýar hem-de saglygyňyzy gowulandyrýar. Iň aňsat usuly– ertir ir bilen aç wagtyňyzda limon bilen bal goşulan ýyly suw içmekdir. Muň ýaly suw tiz oýanmaga we metabolizm prossesin işlendirmäge kömek edýär.
Günde aýran içmek
Süýt ýa-da aýran – bahaly witaminler we mikroelementlere doly süýt önümi.Olar adam agzalaryna ýakymly täsir edýär. Gündelik iýmitiňiz bir stakan aýran ýa-da gatyk goşmak arkaly agzany D witamininiň 26%-i bilen we kalsiýiň hepdelik normasynyň 30%-i bilen doldurarsyňyz.Şonuň arkasynda süňkler berk bolmagyna ýardam edýär.Şoň ýaly, süýtli önümleri uly ýaşdaky adamlar günde içmeli.Sebäbi, süýtli önümler süňk üýtgeýşin togtadýar.
Günde 2 litr suw içmek
Suw – аdamzadyň ömür sürmegine gerekli esasy zat.Bu suwuklygyň bahasy çäksiz.Adam agzalarna suwuň ýetmezçilik etmegi adamyň göwnüniň peselmegi, kelle agyrysy, tiz ýadamak, güýçsüzlik, depressiýa we uky ýetmezçiligine getirýär.Günde gerekli möçberdäki suw içmek infarkt bolmak howpuny azaltmaga täsir edýär. Suw artyk agram bilen göreşmäge ýardam berýär. Uly adamlara günde 2 litr, çagalara bolsa, günde 1 litrden az däl suw içmeli.
Gadjetleri ulanmagy çäklendirmek
Bilşimiz ýaly, häzirki zamany gadjetlersiz göz öňüne getirmek kyn.Ýöne,her bir zadyň öz çägi bolşy ýaly, gadjetleri hem 1,5-2 sagatdan artyk ulanmak göz kesellerine, bogun agrylaryna, ýaltalyga we başga-da birnäçe kesellere getirýär.Şonuň üçin, gadjetleri kesgitli wagtlarda ulanmak maslahat berilýär.
Öýi arassa saklamak.
Elbetde,öýi arassa saklamak hem, adamyň birnäçe keselleriniň öňüni alýar.Mebellerde biz görmeýän mikroblar we kömelekler ýaşaýar.Bilşimiz ýaly mikroblar hem, adamlara dürli keseller getirip bilýär.
Öýi arassa saklamakda otag ösümlikleri hem aýratyn orun eýeleýär.Otag ösümlikleri biz ýuwudýan arassa kislorody bölüp çykarýar.Bir tarapdan, otag ösümlikleri otaglara aýratyn gelşik berýär.Şonuň üçin,otag ösümliklerini penjirelerde oturtmaklygy maslahat berýän.
Öýdäki penjireler, tekjeler, mebeller mikroblaryň, çaň-tozanlaryň köp ýygnanýan ýeridir.Şol ýerleri günde-günaşa süpürgiçler bilen süpürip durmaly.Şolar bilen birlikde, telewizorlary we otagda bar bolan oturgyçdyr stollary, sowadyjy we ş.m. süpürmegi ýatdan çykarmaly däl.
Her hepdäniň bir güni bir-iki otag tämizleseňiz amatly bolýar.Meselem, duşenbe-aşhana, sişenbe-myhmanhana, çarşenbe-ýatylýan otag we ş.m.
Güni bilen işjeň ýöremek üçin kofe
Kofeni aç garna däl-de,nahardan 1 sagat soň içmek siziň güni bilen işjeň ýöremegiňize ýardam edýär.
Günde nämedir bir zatlar öwreniň!
Boş wagtyňyz bolsa,ony dogry we ýerlikli peýdalanmagy başarmaly.Kitap okamak, aýdym diňlemek ýaly güýmenjeler bilen hem wagtyňyz gyzykly geçer hem-de içiňiz gysmaz.Diňe bilimleri öwrenmek bilen çäklenmeli däl, eýsem olary peýdalanmagy başarmaly.