BASNÝA
Goşgy ýazyp bir goýun
Tilkä okap beripdir.
Oňat baha garaşyp,
Umyt bilen durupdyr.
Tilki diýen: "Gulaga
Ýaman bolup ilenok.
Arman ýöne, goşguda
Hilegärlik duýlanok".
Soňra goýun goşgysyn
Durna okap beripdir.
Şarpyldadyp ganatyn
Guş bir sellem durupdyr.
Dillenipdir ahyry,
"Çeperçilik öwerli.
Ýöne watan mährini
Aňlap bolmaz degerli".
Iň soňunda ak goýun
Şir ýanyna barypdyr.
Tokaý şasy bir arlap,
Şygra gulak geripdir.
Diýipdir ol "ýaman däl,
Yhlas bilen ýazypsyň.
Arman, güýçden-gaýratdan
Arasyny üzüpsiň".
Goýun lapykeç bolup,
Dolanypdyr yzyna.
Onuň özi ýolboýy
Seslenipdir özüne.
,,Goýun, goýun, haý, goýun,
Goşgy ýazdyň goýunça.
Baha berdi her jandar
Öz arçyny boýunça.
Emma, goýun gylygmy
Siňdiripdim şygryma.
Ony ýugrup ýazypdym
Göwün, ýürek, bagryma".