Gadym zamanlarda bir şa aýal ýaşapdyr.Onuň 4 gyzy bolupdyr.Bir güni ol özüniň täjini haýsy gyzyna berjekdigi hakynda pikirlenipdir.Ahyr ol gyzlaryny synap görmegiň netijesine gelýär.Ol 4 gyzyny çagyryp, olaryň her biriniň eline bir köne däneden beripdir we:
–Gyzlarym, kim şu däneden owadan gül ýetişdirip bilse, şoňa täjimi berjek-diýipdir. Gyzlaryň ululary şol dänäni ýetişdirjek bolupdyrlar, emma, hiç üýtgeşiklik bolmandyr.Olar ahyr elindäki dänelerini taşlap, täze, owadan däne satyn alypdyrlar we şol dänelerden üç gül ýetişdiripdirler. Üç gyz şa aýalyň ýanyna baryp:
–Ine, eje,biz owadan gül ýetişdirdik–diýip, şa aýala güllerini görkezip durkalar, doganlaryň iň kiçisi eli güldanly gapydan giripdir.Ýöne, güldanyň içinde toprakdan başga hiç zat ýok eken.Şa aýal muny görüp:
–Men size hiç zat ösüp çykmajak bir däne berdim we şol däneden gül ösdürip ýetişdirmegiňizi isledim.Üçüňiz şol däneleriň ornuna täze däne aldyňyz we gül ýetişdirdiňiz.Men haýsyňyzyň hakykady görkezjekdigiňizi görmek üçin synadym.Görnüp durşy ýaly, meniň iň kiçi gyzym hakykady görkezdi.Şol sebäpli men iň kiçi gyzyma täjimi berjek–diýip jogap beripdir.