Öwrenmeli agzalarynyň tarypnamasy 2:
@ilhano_va—Öwrenmeliň göwher agzasy.Goşguny köp goýýar. Bu agzanyň goşgularyny gowy görýän we goldap, like basyp durýan.Göwher diýseň, hakyky göwher💎
@elya—Öz goşgulary bilen mydama trend.Mydama goşgy goýýan agzalaryň biri.Manyly goşgular goýýar.Goşga degişli ýa bolmasa, ,,bir zada girýäňmi?" diýip soramasaň, jogap beriberenok.Özüni dogumly alyp barýar.
@karalewa⁰⁷—haýsy nikini meselem getirsemkäm😅Gowy Gülmährem agza.Öň görenimde, hommadowady.Göwnaçyk, mähirli gyz.Agzalar bilen mylaýym gürleşýär.Postlaram gowy.
@massimus—Maksat atly agza.Goýýan postlary örän gyzykly.Goýanda, Roza atly gyzy nygtap geçýär.Mydama postlarny okaýan.
@Relax—öz işiniň ussady, hakyky moderator.Hemişe Öwrenmelide.Öwrenmeliniň agzalarynyň birisini hem gözünden düşürmeýär.Goýýan postlary käwagt gysga bolsa hem, täsin we gyzykly.
@angelface—soragly postlary kän.Soragyny goýanda: ,, Soraglaryň jogaplaryny bilene menden like" diýip ýazýar.Arada öz postuna myhmançylyga çagyrýar.Menem baryp, başardygymdan jogaplaýan. Tejribeli gyz☺️
@gulia_maksatmyradowna—manyly eser goýýan oňat agza.Eserlerini okanda, ,,manyly eken" diýeniňi duýman galýaň.Postlary bilen suratlaram gabat gelýär.Ýaltanman, ýazyp çykýar.
@wselennaya—bu agzany kän tanamok.Täze agza bolsa gerek.
Ýetişdiginden post goýýar.Like❤️
@medik_—owadanja agza.Olam käbir agzalary taryplap, post goýupdyr.Postlary gyzykly hem özüneçekiji.
@garlawac_—Enemähri atly gyz agza.Goýýan postlary manyly.Adamlaryň käbir reaksiýalaryny, duýgularyny ýazýar.@garlawac_ 1-2 hepdelikde görünmän gidipdi...Sezonynyňyz gelip ýyly ýurda uçup gidäýmäň😁😁
@filosof—Öwrenmeliň ýazyjy— filosofy diýsem nähili bolarka?🤔🤔 Çeper eserler goýýar.Yzyny üzmän, okap durýan.Gowy agza👍🏻Teswir ýazanda hem, gowulap ýazýar.
@12445—gowy we mylaýym zenan.Öz pikirlerini we reaksiýalaryny ýazyp durýar.Meň postlarmy mydama halaýar.Menem ýetişdigimden agzalara like goýup durýan.
Umuman alanyňda, hemme agzalaryň goýýan postlary gyzykly, täsin, peýdaly, özüneçekiji!