Salam, agzalar!
Bu gün men sizlere dünýädäki täze kabul edilen 8 täsinligi hakda gysgaça maglumatlar bermekçi.
1.Beýik Hytaý diwary:
Dünýäde iň uly binagärlik desgasy bolup, onuň uzynlygy 8851,8 kilometre barabardyr.Beýik Hytaý diwary Hytaý imperiýasynyň demirgazyk serhetlerini çarwalaryň hüjüminden goramak üçin gurlupdyr.Häzirki wagtda bu diwar adamzat tarapyndan gurlan iň uzyn desgalaryň biri hasaplanýar.Dünýäde iň köp barylýan ýer bolan Beýik Hytaý diwaryny ýylda 40 milliondan gowrak syýahatçy görmäge gelýär.Diwaryň bir bölegi Hytaýyň paýtagty Pekiniň golaýyndan geçýär.
2.Kolizeý.Rim,Italiýa:
Gadymy Rim amfiteatrlarynyň iň ulusy, baky şäheriň doly hukukly nyşany, megerem, dünýäniň iň meşhur binagärlik ýadygärligidir.
Onuň ilkinji ady Flawiýew amfiteatrlary bolup, şol döwürde Gadymy Rimde höküm süren we amfiteatryň gurluşygyny amala aşyran Flawiýew hanedanlygynyň hormatyna berlipdir.Kolizeýde uzak wagtlap Rimiň myhmanlary we ýaşaýjylary üçin gladiator söweşleri we beýleki güýmenje tomaşalary guralypdyr.
3.Maçu-Pikçu, Peru:
Häzirki zaman Perunyň çäginde ýerleşýän, ady rowaýata öwrülen, inkleriň gadymy şäheri bolan ,,Maçu-Pikçu\\\" ýerleşýän ýerine görä, ,,Bulutlaryň arasyndaky şäher\\\" adyny aldy.Ol dag gerişleriniň ýokarsynda, deňiz derejesinden 2450 metr belentlikde ýerleşýär.Şäher inkleriň hökümdary Paçakutek tarapyndan imperatoryň kabulhanasy, şeýle hem ,, Mukaddes dag düşelgesi\" hökmünde gurlupdyr.
4.Petra, Iordaniýa:
Häzirki Iordaniýanyň çäginde daşdan oýulyp ýasalan meşhur Petra şäheri Arawa jülgesinde ýerleşip, daş-töweregi uçut gaýalar bilen gurşalan.Bu ýere diňe şäheriň özboluşly derwezesi hasaplanýan dag jülgeleri arkaly girip bolýar.Şäheriň binalarynyň köpüsi gyzyl reňkli gaýalardan oýulyp ýasalypdyr, hatda, şäheriň ,,Petra\\\" ady hem ,,gaýa\\\" sözüne terjime edilýär.Her ýyl ýarym milliondan gowrak syýahatçy daşdan oýulyp gurlan syrly şäheri görmäge gelýär. Ýeri gelende aýtsak, Stiwen Spilbergiň ,,Indiana Jons we iň soňky haçly ýöriş\\\" atly meşhur filminiň soňky sahypalary Petrada surata düşürilipdi.
5.Täçmahal, Hindistan:
Täçmahal-Indistanyň Agra şäherinde, Jamna derýasynyň kenarynda ýerleşýän ak mermerden salnan aramgäh bolup, musulman dünýäsiniň hakyky genji-hazynasy, hindi, pars, yslam binagärliginiň iň gowy nusgasydyr.Ajaýyp aramgäh imperator Jahan Şanyň aradan çykan aýalynyň hormatyna gurlupdyr.Bir rowaýata görä, derýanyň garşy kenaryndan gara mermerden binanyň taýy bina edilip, olary çal mermerden gurlan köpri birleşdirmeli eken.Häzirki wagtda millionlarça syýahatçynyň gelýän ýeri bolan Täçmahal dünýäniň täze ýedi täsinliginiň sanawynda özüne mynasyp orun aldy.
6.Isa-Mesihiň heýkeli:
Braziliýa, Rio-de-Žaneýro;
Dünýäniň indiki täsinligi Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki Korkowado dagynyň depesindäki Isa Mesihiň ajaýyp heýkeli.Heýkel Rio-de-Žaneýronyň we tutuş Braziliýanyň nyşany hasaplanýar we dünýädäki iň beýik heýkelleriň biridir.Heýkeliň beýikligi 38 metr, elleriniň uzynlygy 30 metr, agramy bolsa, 1,145 tonna.
7.Çiçen-Isa.Meksika,Ýukatan:
Gadymy şäher Çiçen-Isa, Meksikanyň Ýukatan ýarym adasynda ýerleşýän Maýýa döwletiniň syýasy we medeni merkezidir.Arheologlaryň pikiriçe, Çiçen-Isa Maýýa medeniýetiniň dini merkezleriniň biri bolupdyr.
8.Ýer astynda gizlenen täsin esgerler:
Dünýäde 8-nji täsinligiň bolmagy sizi geň galdyrmagy mümkin, ýöne, dünýä täsinliginde 8-nji orny eýelän täsinlik:
Terrakota esgerleri ýa-da Sin Şi-huanyň palçykdan ýasalan esgerleridir.Bu ajaýyp taryhy ýadygärlik b.e.öň 3-nji asyrda ýasalandygy hakynda maglumat bar.
Bu ýadygärlik ilkinji gezek 1974-nji ýylda işläp ýören daýhanlaryň görmegi esasynda ýer ýüzüne çykýar. 1974-nji ýyla çenli müňlerçe ýyllap şol ýerde syr ýaly şol toprakda gizlenipdirler.
Barlaglaryň netijesinde, goşundaky esgerler ilkinji gezek
ýasalanda, reňkli görnüşde ýasalypdyrlar.
Bu täsinligi görmek üçin her ýyl millionlarça syýahatçy gelýär.Ençeme alymlar, professorlar bu täsinligi görüp, barlag işini geçirýärler.