sofii
01.11.2023 11:36

Gadymy grek taryhçysy Gerodot Halikarnosda häzirki Türkiýe döwletiniň Bodrum şäheriniň golaýynda b.e.öňki 484-nji ýylda eneden bolýar. Tiran Lykdamis tarapyndan sürgün edilmegi bilen dünýäniň birnäçe ýerini gezip görüpdir. Ilki bilen köp wagt Afinyda ýaşapdyr, soňra Müsüre, Mesopotamiýa, Palestina topraklaryna, Günorta Russiýa we Afrikanyň günorta kenarlaryna aýlanyp çykypdyr.


Gezen ýerlerinde gören wakalarynyň ählisini we adamlaryň gürrüň beren zatlaryny depderçesine bellik edipdir. Ol şu günki günde «Gerodotyň taryhy» diýilýän meşhur taryhy eseri bilen meşhurlyk gazanypdyr. Bu eserinde Pars imperiýasy bilen Gadymy Grek (Ýunan) şäher döwletleriniň arasynda b.e.öňki 499-449-njy ýyllar aralygynda bolan söweşleri beýan edipdir. Rimli syýasatçy, suhangöý (dilewar) Markus Sissero öz eserlerinde ony «Taryhyň atasy» ady bilen ýatlamagy sebäpli, bu onuň lakamyna öwrülipdir.


Garran wagty Italiýadaky Ýunan baknasy bolan Turide ýaşap, syýahatlaryny bes edipdir. Şol ýerde-de «Taryhyň atasy» adyny galdyrjak meşhur eserini ýazypdyr we b.e.öňki 425-nji ýylda aradan çykypdyr.

24
146
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.