small_poet✍️
24.06.2024 00:00
1.Iň gowy görýän filmiň ýa-da serialyň?
2. Sowgat almagy gowy görýäňmi ýa bermegi?
3.Iň gowy görýän artistiň we aýdymçyň?
4.Telefonyň modeli näme?
5.Klasyňyzda üstünden gülünýän okuwçy bamy?
6.Eliňde şansyň bar bolsa haýsy ýurda giderdiň?
7.Maňa beriň islendik soraga jogap berjek!
25
293
small_poet✍️
21.06.2024 13:35
Nurana keşbiňi her dem göremde,
Ol gara gözleriň gözme düşende,
Bu gün saňa seni söýýän diýemde,
Senem söýýän diýip jogap berermiň?

Çaryýewa Maýa.

Nurly keşbiň misli aýa meňzeýär,
Jerene çalymdaş garaja gozüň.
Bir ömür söyjegňe söz berseň maňa,
Söýgüm bilen gowşyrn yzy sözüň.

Garaýew Döwlet

Durmuşym gülleýär gülüp bakaňda,
Şirin janym yşk oduna ýakaňda,
Şonda seni söýýän janym diýemde,
Senem söýýän diýip jogap berermiň?

Çaryýewa Maýa.

Bu tümli dünýämden dogan güneşim,
Şirin janym seň ugrunda dözerin,
Eger maňa söýgiň çala duýdursaň,
Ýyldyzlary monjuk edip düzerin.

Garaýew Döwlet.

Agyr günde kyn günüňde soýerin,
Sen aglasaň aglap,gülseň gülerin,
Ýenede men seni söýýän diýýärin,
Sen şonda näme diýip jogap berersiň?

Çaryýewa Maýa.

Şatlygymy seniň bilen paýlaşyp,
Gussalarymy men özüme alaryn,
Hassakaňam söýjegime söz berip,
Gülüm saňa wepaly ýar bolaryn.

Garaýew Döwlet.
12
65
small_poet✍️
19.06.2024 21:45
1.Ses çeşmesi hökmünde saz guralynyň özi titremekligi çykyş edyän görnüşler nähili atlandyrylýar?
2.Roman döwrüniň ybadathanalarynyň timpanynda köplenç suratlandyrylýan taslama nähili alalmaty berlipdir?

bilyan bolsaňyz derrew jogap ýazaýyňda zerur hem gyssagly
23
77
small_poet✍️
18.06.2024 11:21
Kime gerek bolsa,içirmeli adamsy bar bolsa meň bilen habarlaşaysyn bardyr🤭🤭🤭
17
108
small_poet✍️
16.06.2024 00:21
Arzuw seni mydam arzuwlap gezýän,
Päk ýüregim bilen ezizläp söýýän,
Bu gün saňa goşgy gazallar ýazýan,
Arzuwym sen, Arzuw meňki bolaýda!

Arzuwym baryňda meň ýüzüm gülýär,
Meniň bilen bolsaň ömrüm gülleýär,
Sen meniň bagtyma ýeke sebäpkär,
Arzuwym gel, meniň bilen bolaýda

Şükür edyän bu jahanda barlygňa ,
Söýgüň isläp geldim seniň ýanyňa,
Rehmiň insin men diwana ýaryňa,
Arzuwym sen meniň bilen bolaýda!

Ýaradandan bar meniň bir dilegim,
Elmydama seňki bolsun ýüregim,
Törümi beze sen bolup gelinim,
Ogluma gyzyma käbe bolaýda!

Çaryýewa Maýa
Arzuw atly jorama sowgat.
12
57
small_poet✍️
15.06.2024 00:04
Ýaşap ýörkäň bu zeminiň ýüzünde,
Hiç wagt durmuşdan nalaman ýaşa!
Şükür etgin her bir alýan demiňe,
Hiç wagt durmuşdan zeýrenmän ýaşa!

Garyp diýýär diňe baýlar gazanýar,
Sähel azap bilen basym baýaýar,
Şeýdip nalap elli ýaşda garraýar,
Hiç wagt durmuşdan nalaman ýaşa!

Söýjek bardyr seni ýeriň ýüzünde,
Buýsanyp mydama keşbiň görende,
Şatlyk bolsun elmydama ýüzüňde,
Hiç wagt durmuşdan zeýrenmän ýaşa!

Bagtsyz adam diýýär bagtla garap,
Sen nädip mun ýaly bagtly bolýaň,
Bagtly adam jogap berdi ýylgyyryp,
Aglamadym hiç wagt durmuşdan nalap!

Nämä gerek durmuşyňdan zeýrenmek,
Ömrüm uzaldýan zat şatlanyp gezmek,
Ullakan bir bagtdyr söýmek söýülmek,
Sabyr et şükür et nalama ýaşa!

Awtor: Çaryýewa Maýa
18
23
small_poet✍️
14.06.2024 00:15
Berkarar döwletim bagtyýar ilim,
Gün günden gülleyär eziz döwletim
Saňa sežde edip,buýsanýar halkym,
Arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy

Ýaş nesiller senden ylham alýarlar,
Saňa elmydama hormat goýýarlar,
Seň eserleň okap, ganat gerýäler,
Arzuwlaryň amal aşdy Pyragy.

Seň eserleň bize mekdep görelde
Seniň aýdan sözleň indi ýörelge,
Bize buýsan gal bu gün tirsegňe
Arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy.

Arkadagly Serdar, hem Arkadagym
Saňa hormat goýýar bütün türkmenim
Siz geçmiş şu günmiz hemde ertämiz
Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy.
Çaryýewa Maýa
15
10
small_poet✍️
13.06.2024 07:37
Beýik - beýik binalaryň künjegi,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!
Owadan giň köçeleriň merkezi,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!

Sowulmajak baky - bahar ýazlaň bar,
Hiç solmajak ajap - gözel baglaň bar,
Ginnes kitabynda bu gün adyň bar,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!

Arzuwlaryň hasyl bolýan merkezi,
Ajaýypdyr geçmişi hem geljegi,
Aziýanyň merjen hem - de dür gaşy,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!

Arkadagmyň döreden täsin eseri,
Ýaş nesiller üçin ylham çeşmesi,
Birje gören mydam bor oň teşnesi,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!
Çaryýewa Maýa
17
19
small_poet✍️
12.06.2024 06:46
On alty ýyl bu gün meniň doglanma,
Gözüm açyp bu jahany görenme,
Şükür edýän allam her bir bereniňe,
Allam elmydama minnetdar size!

Ilden - günden kem bolmadym hiç wagt,
Başymda elmydam nurun çaýýar bagt,
Söýgä mätäç etmediňiz hiç wagt,
Käbäm kyblam mydam minnetdar size!

Mydam meniň bolup arka daýanjym,
Begenjim buýsanjym, hem - de guwanjym,
Artykdyr elmydam size söýünjim,
Doganlarym mydam minnetdar size!

Kyn günümde maňa goldaw berdiňiz,
Adyma jan goşup mydam söýdüňiz,
Dogan ýaly ýardam golun gerdiňiz,
Joralarym mydam minnetdar size!

Gyzym diýip berip maňa söýgüni,
Mydama bolduňyz edep mekdebi,
Dünýä berdiň meniň janym ejemi,
Mamamjan elmydam minnetdar size!

Aýratyn meň ýüregimde ýeriňiz,
Her dem küýsäp ol nurana keşbiňiz,
Buýsandyrdy meni mydam baryňyz,
Enemjan elmydam minnetdar size!
Ýatan ýeriň jennet bolsun enemjan!

Elmydama bolup mekdep görelde,
Seniň ýörän ýoluň maňa ýörelge,
Goýýan sizi mydam ejem deregne,
Gelnejem elmydam minnetdar size!

Gujagyňda mydam şatlanyp gezdim,
Süýji arzuwlary arzuwlap ýördüm,
Arzuwlarmyň bu gün miwesin gördüm,
Ajap dünýäm mydam minnetdar size!

Awtor: Çaryýewa Maýa 🌼 ✨
15
47
small_poet✍️
11.06.2024 01:34
Durmuş bir synagdyr, biz hem synagçy
Geçjek bolsaň berer köplenç gynanjy,
Emma mert bol alarsyň hem begenji,
Durmuş synagyndan mert durup geçiň.

Pikir etmäň diňe baýlar gazanýar,
Halal baýlyk üçin köpler kösenýär
Haram baýlar iki gün döwran sürýär,
Durmuş synagyndan mert durup geçiň.

Hemme zat hasaply hasapsyz zat ýok,
Gara niýetlere ak ýolda ýer ýok,
Niýetinden tapar gitjek ýeri ýok,
Durmuş synagyndan mert durup geçiň.

Söýgisine wepa ýokdur kimlerde,
Köpler ikin göterýändir ýürekde,
Ýer bolmaz olara ajap söýgide,
Durmuş synagyndan mert durup geçiň
22
72