small_poet✍️
12.06.2024 06:46
On alty ýyl bu gün meniň doglanma,
Gözüm açyp bu jahany görenme,
Şükür edýän allam her bir bereniňe,
Allam elmydama minnetdar size!

Ilden - günden kem bolmadym hiç wagt,
Başymda elmydam nurun çaýýar bagt,
Söýgä mätäç etmediňiz hiç wagt,
Käbäm kyblam mydam minnetdar size!

Mydam meniň bolup arka daýanjym,
Begenjim buýsanjym, hem - de guwanjym,
Artykdyr elmydam size söýünjim,
Doganlarym mydam minnetdar size!

Kyn günümde maňa goldaw berdiňiz,
Adyma jan goşup mydam söýdüňiz,
Dogan ýaly ýardam golun gerdiňiz,
Joralarym mydam minnetdar size!

Gyzym diýip berip maňa söýgüni,
Mydama bolduňyz edep mekdebi,
Dünýä berdiň meniň janym ejemi,
Mamamjan elmydam minnetdar size!

Aýratyn meň ýüregimde ýeriňiz,
Her dem küýsäp ol nurana keşbiňiz,
Buýsandyrdy meni mydam baryňyz,
Enemjan elmydam minnetdar size!
Ýatan ýeriň jennet bolsun enemjan!

Elmydama bolup mekdep görelde,
Seniň ýörän ýoluň maňa ýörelge,
Goýýan sizi mydam ejem deregne,
Gelnejem elmydam minnetdar size!

Gujagyňda mydam şatlanyp gezdim,
Süýji arzuwlary arzuwlap ýördüm,
Arzuwlarmyň bu gün miwesin gördüm,
Ajap dünýäm mydam minnetdar size!

Awtor: Çaryýewa Maýa 🌼 ✨
15
42
small_poet✍️
24 Iýun 2024
@idabdy, sag bol 🤗 minnetdar
idabdy
24 Iýun 2024
Opba doglan güne gijä galdyk borla Maýa ýene ömrüň uzak bolsun
flowers_
12 Iýun 2024
👍😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.