small_poet✍️
11.06.2024 01:34
Durmuş bir synagdyr, biz hem synagçy
Geçjek bolsaň berer köplenç gynanjy,
Emma mert bol alarsyň hem begenji,
Durmuş synagyndan mert durup geçiň.

Pikir etmäň diňe baýlar gazanýar,
Halal baýlyk üçin köpler kösenýär
Haram baýlar iki gün döwran sürýär,
Durmuş synagyndan mert durup geçiň.

Hemme zat hasaply hasapsyz zat ýok,
Gara niýetlere ak ýolda ýer ýok,
Niýetinden tapar gitjek ýeri ýok,
Durmuş synagyndan mert durup geçiň.

Söýgisine wepa ýokdur kimlerde,
Köpler ikin göterýändir ýürekde,
Ýer bolmaz olara ajap söýgide,
Durmuş synagyndan mert durup geçiň
22
69
flowers_
12 Iýun 2024
@engl, mümkin
flowers_
12 Iýun 2024
@engl, Köpler "ikini" göterýandir ýürekde bolmalymy, "ikin" birhili okolýa🤔
iamemir
12 Iýun 2024
@engl, gou nm taz?
perijik
12 Iýun 2024
👍👍
iamemir
12 Iýun 2024
@engl, govmy kanka
flowers_
12 Iýun 2024
Üstünlik!👍
flowers_
12 Iýun 2024
Iñ soñky bendiñ ikinji setirine düşünmedim🤔
Deyzi_
11 Iýun 2024
@engl, mlds elleriñe saglyk ✍🥰
manolya
11 Iýun 2024
@engl, üstünlik !
teacher
11 Iýun 2024
@engl :awtor?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.