small_poet✍️
15.06.2024 00:04
Ýaşap ýörkäň bu zeminiň ýüzünde,
Hiç wagt durmuşdan nalaman ýaşa!
Şükür etgin her bir alýan demiňe,
Hiç wagt durmuşdan zeýrenmän ýaşa!

Garyp diýýär diňe baýlar gazanýar,
Sähel azap bilen basym baýaýar,
Şeýdip nalap elli ýaşda garraýar,
Hiç wagt durmuşdan nalaman ýaşa!

Söýjek bardyr seni ýeriň ýüzünde,
Buýsanyp mydama keşbiň görende,
Şatlyk bolsun elmydama ýüzüňde,
Hiç wagt durmuşdan zeýrenmän ýaşa!

Bagtsyz adam diýýär bagtla garap,
Sen nädip mun ýaly bagtly bolýaň,
Bagtly adam jogap berdi ýylgyyryp,
Aglamadym hiç wagt durmuşdan nalap!

Nämä gerek durmuşyňdan zeýrenmek,
Ömrüm uzaldýan zat şatlanyp gezmek,
Ullakan bir bagtdyr söýmek söýülmek,
Sabyr et şükür et nalama ýaşa!

Awtor: Çaryýewa Maýa
18
22
small_poet✍️
15 Iýun 2024
@flowers_, spasibo gülüm ☺️
flowers_
15 Iýun 2024
Tüweleme 😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.