small_poet✍️
16.06.2024 00:21
Arzuw seni mydam arzuwlap gezýän,
Päk ýüregim bilen ezizläp söýýän,
Bu gün saňa goşgy gazallar ýazýan,
Arzuwym sen, Arzuw meňki bolaýda!

Arzuwym baryňda meň ýüzüm gülýär,
Meniň bilen bolsaň ömrüm gülleýär,
Sen meniň bagtyma ýeke sebäpkär,
Arzuwym gel, meniň bilen bolaýda

Şükür edyän bu jahanda barlygňa ,
Söýgüň isläp geldim seniň ýanyňa,
Rehmiň insin men diwana ýaryňa,
Arzuwym sen meniň bilen bolaýda!

Ýaradandan bar meniň bir dilegim,
Elmydama seňki bolsun ýüregim,
Törümi beze sen bolup gelinim,
Ogluma gyzyma käbe bolaýda!

Çaryýewa Maýa
Arzuw atly jorama sowgat.
12
56
Kenno_Tabi
16 Iýun 2024
Les poetry 🗿
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.