small_poet✍️
13.06.2024 07:37
Beýik - beýik binalaryň künjegi,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!
Owadan giň köçeleriň merkezi,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!

Sowulmajak baky - bahar ýazlaň bar,
Hiç solmajak ajap - gözel baglaň bar,
Ginnes kitabynda bu gün adyň bar,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!

Arzuwlaryň hasyl bolýan merkezi,
Ajaýypdyr geçmişi hem geljegi,
Aziýanyň merjen hem - de dür gaşy,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!

Arkadagmyň döreden täsin eseri,
Ýaş nesiller üçin ylham çeşmesi,
Birje gören mydam bor oň teşnesi,
Ak mermerli gözel şäher Aşgabat!
Çaryýewa Maýa
17
19
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.