serdarowna
13.11.2023 23:12

...Näçe dartylsa-da kebzäňde damar,

Gözüň ejizligi bermesin habar,

Sagmyň ýa näsagmyň - işiňi oňar,

Başda adam bolup

Döreýşiň besdir...

28
60
serdarowna
12.11.2023 20:31

"Pylanylardan bolsa, pylany hilliräk adamdyr öz-ä"-oturylşyklaryň birinde oglanlaň aýdan gürrüňinden.


Dosty saýlamadym bellibir sortdan,

Kim ýüregin açsa, ýürekdeş saýdym.

Düýnjek Çowdurlarda başlan gülkimi,

Bu gün Ýomutlaryň ojagna çaýdym.


Ärsary dostumyň ýollan salamyn

Hormat bilen kabul etdi Alili.

Nohur gardaşda-da saklap bilmedim

Teke dostuň ýasyndaky agymy.


Aýdymyna joşup, salyr, sarygyň

Toýlarda kän etdik buluçlaň tansyn,

Garrygala myhman bolan çagymda,

Ýüwrüp hyzmat etdi, bir Gökleň tanşym.


Gazaklaryň gara çaýyndan doýup,

Ýerli özbekleriň kän aşyn iýdim,

Dünýä bazarynda bir Tat dostumyň

Satýan geýimlerniň hillisin geýdim.


Garadaşly, Ýazyr, Sakar, Gypjak, Şyh

Hoja, Seýit ýa-da Magtym diýmedim.

Keseki däl, dogan ýaly gatnaşdym.

Size ýokdur artyk wagtym diýmedim.


Garaz, ýene-de kän, gep onda-da däl.

Baran ýerlerimde güýçlüdi ünsüm.

Hormata baş egip, hezzetden doýup,

Adamlaň bolşuny synladym ümsüm.


Menem synçyl welin, ýöne bularyň

Içinden tapmadym uly tapawut.

Meňzeş hemmesiniň sallançaklary,

Hatda hemmesinde birmeňzeş tabyt.


Çalymdaşdy eneleriň wagyzy,

Ata pendem meňzeş öýdýän dogrusy.

Serhoşlaram şol bir arakdan içýär,

Meňzeş haramlykdan baýar ogrusy.


Birmeňzeş metjitden girip çykýarlar.

Birmeňzeş aksakgal, birmeňzeş ymam.

Birmeňzeş ýylgyryş, birmeňzeş agy.

Birmeňzeş töhmetdir, birmeňzeş güman.


Baran ýerlerimde çöle-de çykdyk.

Çopanlaň agzyndan eşitdik düri.

Diýdi:" Dostlar, maly nähili bakaý,

Barybir agsaksyz bolmaýar süri.


Daýaw goýunlaram ownuk dogaýýar.

Ownuklardan iri döräýýär käte".

Çopan dogry aýdýar, gep tohumda däl,

Aslynda, başga bir gep bardyr bärde.


Aslynda başga bir gep bar, elbetde,

Şol gepi başlara çolaýmalyň, hoow,

Biz şeýlebir meňzeş, belki, hemmämiz

Adam ataň nesli bolaýmalyň, hoow.

24
154
serdarowna
11.11.2023 18:07

Ispaniýa tagtabitleriň görlüp-eşidilmedik hüjümini başdan geçirýär diýip, "Habar 24" ýazýar.


Munuň sebäbi jahankeşdeleriň ýurda köp gelmegi we güýçli yssy gowa diýip, hünärmenler çaklaýarlar. Madridde, Walensiýada we Kataloniýada ýagdaý has-da çylşyrymly. Tagtabitleri bu ýerlerde ulaglarda we myhmanhanalarda tapýarlar. Mör-möjekler uzak wagtyň dowamynda el goşlarynda, torbalarda saklanýarlar we dessine myhmanhanalardaky ýatalgalara ornaşýarlar.


Lukmanlar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýarlar. Öň tagtabitler Fransiýada we Portugaliýada köp mukdarda ýaýrady.


Entomolog Oskar Soriano gürrüň berýär:-

Biziň tagtabitlere bütin jemgyýet bolup göreşmegimiz gerek. Myhmanhanalarda arassaçylygy berjaý berjaý etmeli. Ýerli häkimiýetler jemgyýetçilik ulaglarynda ýagdaýa gözegçilik etmeli.

20
126
serdarowna
10.11.2023 15:25

Türkiýäniň Kaýseri şäheriniň ýaşaýjysy öz öýüni abatlaýarka, onuň astyndan ýerasty şäher tapdy.


Ylmy barlaglar netijesinde, häzirkizaman binanyň aşagyndan azyndan iki sany özbaşdak gat tapyldy, olar ötükler bilen birleşýärler. Tapyndynyň ýaşyny 2 müň ýyl diýip bahaladylar diýip, "MIR 24" ýazýar.


Ýerasty şäheriň uzynlygy 150-200 metr çemesidir. Öýüň eýesi ilkibaşda bu ýeriň taryhy gymmaty barada pikirem etmändiklerini aýdýarlar. Olar ýerasty giňişlikleri saraý hökmünde ulanyp, oňa çyrasyz girmäge gorkupdyrlar.


Geçen ýüzýyllyklaryň dowamynda ýerasty zolaklar zibilden dolup gidipdir. Häzir onuň diňe üstki gatlagy arassalandy. Öý eýesi ýerli häkimiýetleri doly gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge çagyrdy diýip, DHA habar gullugy habar berdi.


Kaýseri şäherine gadymy döwürde Kesariýa diýlipdir. Ol Rim ülkesiniň merkezi bolupdyr.


Arheologlar ýerasty şäheriň gurluşyk tehnologiýasynyň, otaglaryň meýilnamalaşdyrylyşynyň we bölünişiniň uly gyzyklanma döredýändigini aýdýarlar.

54
368
serdarowna
08.11.2023 14:56

Aýala kän bir zat geregem däl.☝️

Eger bolsa onuň puldur baýlygy,💶

Dükandan ähli zat satyn almaga🛍

Eger ýetse ýoldaşynyň aýlygy.💵


Aýala kän bir zat geregem däl.☝️

Maşyny bar bolsa, ýanýoldaşynyň.🚗

Ýönekeý "Opeliň" gerek däl oňa,🚙👎

Iň pesi "Toyota" bolmalymyşyn.🏎


Aýala kän bir zat geregem däl.☝️

Gaýyndan özbaşdak, aýra jaý bolsa,🏠

Jaýyň içem edil erteki ýaly,🏡

Umuman aýdaňda öýi baý bolsa.🏯


Aýala kän bir zat geregem däl.☝️

Ýoldaşy diýenin bitirip dursa,👍

Bir diýenin iki gaýtalatmanjyk,🤫

"Äkel" diýen zadyn getirip dursa.💎


Aýala kän bir zat geregem däl.☝️

Ýoldaşy öýüne irräjik gelse,🕣

Bilip bolmaz, birden gijä galaýsa,🕛

Öýde galmagalyň boljagyn bilse.🙄


Aýala kän bir zat geregem däl.☝️

Eger çagalara gaýny seretse,👵

Sebäbi salona, dükan, bazara👗👠🛍

Aýlanyp ýadaýar aýal neresse.🥱


Aýala kän bir zat geregem däl,☝️

Bu sanawy ýene ulaldyp bolar,😉

Ýöne iň esasy SÖÝGÜDIR, dostlar.❤

SÖÝGÜLI MAŞGALA BAGTYÝAR BOLAR!👨‍👩‍👧‍👦

36
195
serdarowna
06.11.2023 20:57

...Çykarypdyk ondan başgarak many.


Ýaňky "posa dadyp" giden Tüňňüjik,

Küşgüripdir ejesini - diýdim men,

Ynhajykka muňa-da bir dadyryn

Posalaryň süýjüsini - diýdim men.

Gandyraryn gijisini! - diýdim men.


Bibişeýtan bolsa tüweleý ýaly

"Uruş! Uruş!" diýip, geçdi-de gitdi.

(Göz açyp-ýumýançak o guýa ýetdi)

Men Eziziň gözlerine seretdim

Eziz meniň gözlerine seretdim.


Emma weli gözlermiziň içinde

Üýtgeşik bir gorky-howsala ýokdy.

Çägäň üstündäki "uruşdan" başga,

"Eşekmündi, görüpgaçdydan" başga

Uruş-söweş bardyr öýdülenokdy.


"Eger ertir uruş turaýsa..." diýip,

Mekdepde kämähäl aýdym aýdardyk

Ýöne weli uruş turaýanda-da,

Üç-dört günde gutarýandyr öýderdik.


Şol ýowuz uruşyň doglanny buşlap,

Bibişeýtan geçip gitdi ýel ýaly,

"Nämäniň uruşy? Niräniň urşy?"

Çözjegem bolmandyk şeýle sowaly.


Bir-biregiň gözlerine garapdyk.

Görünmändi üýtgeşik bir howsala

- O nähili uruşmyşyn, Ezizim?

- Uruş bormy... aý, Gülnäzim, goýsana?..


Ýene birden lowurdapdy göreçler,

Ýene gaýtalandy öňki ýylgyryş.

Göýä ýeňiş bilen tamamlanypdy,

Dünýädäki ýaňy başlanan uruş.


Ýaňja aralygmyz bolanda garyş,

Müň menzile ýetdi aralygymyz.

Şo mahal kellä bir getiripmidik,

Munuň ýaly zalym aýralygy biz.


Ýap-ýaňy dälmidi, gumuň içini

Uly bir desterhan etsem diýýänim,

"Eziz Çerkez ogly - baş çopan" diýip,

Şol ýygnakda yglan etsem diýýänim.


Emma gum içinde etjek ýygnagym,

Tokaýlaň içinde edildi yglan,

Dünýäde baş çopan etjek oglanym,

Dakyndy egnine gyrmyzy pogon.


Eý, sen Ezizimi äkiden düýe,

Eý, sen Ezizimi äkiden wagon.

Ýene müňläp-müňläp Ezizler bile

Getir meniň Ezizimi sag-aman...


❤ basmagy unutma!😉

24
37
serdarowna
05.11.2023 23:03

...Dogrusy, gülkimi zordan goýdum men.


"Biderek bir zada gülkiň tutanda,

Şoň adyn tutaýgyn!" diýerdi ejem,

(Bütin ömürboýy birje gezek hem

Ýylgyrman ötenmiş juwazçy Hojam).


Garaz, eýtdim-beýtdim, gülkimi goýdum,

Onýança-de geldi ýaňky nägehan

Armaweri, Gülnäz! Senmidiň asyl?

Hawa, mendim! Özüň arma, Tüňňi han!

- Näme ýygyp ýörsüň?

- Ojarjyk ýygýan.

- O nähili ojar? Munyň-a selin.

- Bilýän bolsaň, onda näme soraýaň?

- Aý ýöne... oýundan soraýdym,

Gülüm.


- O nähili "Gülüň" bolýamyşym men!

Hany, ugra şundan, haramyň biri.

- Kimiň haramdygyn, kimiň däldigin

Görüpjik ýörüs biz üç aýdan bäri.


- Nämäni görýäris, haram ýer çeken?

- Eziz bilen edýän işiňi görýän,

Owkaladyp duran döşüňi görýän,

Dodak sorup duran dişiňi görýän,

Birje haýyşymy kabul etmeseň,

Äleme jar edip, işiňi görýän!


Meniň haýyşjygym - ýekeje haýyş!

Diýdi-de, ýüzüme ýyrşaryp bakdy.

Şonda gaharyny ýuwtmadyk bolsa,

Gülnäz ap-aňsatja gandar boljakdy.


Şo mahala çenli Ezizim bile

Alty-ýedi gezek görşüpdik weli,

Tenime degmeg-ä beýlede dursun,

Heniz eşigme-de degmändi eli...

-O nähili haýyşmyşyn, Tüňňi han,

Bizden bitjek ýumuş bolsa, eşdeli!


Eşitseň, sen gyzy söýenim üçin,

Ugruňda üç ýyllap köýenim üçin,

"Dünýäde Gülnäzden başgany söýsem,

Erkek bolmadygym" diýenim üçin

Şujagaz adamsyz, çolaja ýerde

Alma ýaňagyňdan bir posajyk ber!

Ýogsa-da şu ýerden Ýolguýa çenli

Adyňy wejera edişimi gör!


Tüňňi jan, wejera etmeseň, bolýar.

Soňky dörän zatdyr posa diýen zat.

Ähli gerek zadyň bir posa bolsa,

Gülnäziň ýanynda o zatlar aňsat.

Ýöne weli, Eziz duýaýmaz ýaly

Ýuwaşyrak ogşaweri, zalywat!


Diýdim weli, dodagymyň ýanyna

Uzap gaýtdy bir kiçijik dodajyk

"Ynha saňa posa, gara turşejik.

Ynha saňa posa, haramzadajyk!"


Diýip, çep elimiň arkasy bilen

Agzynyň üstüne ýelmedim weli,

Ýygan selinmi çykap bolýançam,

Dodagnyň içine girmedi dili.


Birdenem, hasyrdap ýerinden turup,

Öýlerine tarap ýazzyny berdi.

Gaçanyny bulut bilen ýel görüp,

Gonanyny Gülbäz bilen gol gördi.


(Şol alan posasy ýeterlik boldy,

Gaýdyp posa dilemedi, ýer çeken).

Onýança-da ak depäniň üstünden

Ak şyrdagyn bulaýlady bir çopan.


Men bärden ylgadym,

Çopan aňyrdan,

Iki tarapdan-da gerildi gujak...

Sazagyň düýbüne düşeldi çabyt.

Ak çägäň üstüne ýazyldy saçak.


Oturdyk,

Dünýäniň gürrüňin etdik,

Töňňaniň, Tüňňiniň gürrüňin etdik,

Ýuwaş-ýuwaş bir-birege ýakynlap,

Bir pynhan ädimiň işigne ýetdik.


Emma şondan aňryk ädimläp bilmän,

Men Ezize bakdym, ol maňa bakdy.

Göwnüme bolmasa, Eziz şo mahal

Şol ädimi ätläýse-de boljakdy...


Bu sözleri aýyp görmäň Gülnäzden,

Ýüregimden syzýan sözler bu sözler.

Ýigit jaý pursady elden giderse,

Käte-käte geň göräýýär gözeller.


Şeýle sypaýydy, şeýle agrasdy,

Kyndy onuň üçin, kyndy ol ädim.

"Ýigit çendenaşa agras bolsa-da,

Gaty gowy boljak däl-ow" diýýädim,

(Ýöne weli, şeýle häsiýeti üçin,

Näme üçindir, hasam beter söýýädim).


Gyzlaryň köpüsi alçagy söýýär.

(Söýmeseňem özün söýdürýär alçak).

Ýöne weli, ýeňles bilen alçagyň

Parhyny bilinse gowurak boljak.


Kä gyzlaryň alçak diýip tutany

Alçak däl,

Kelçigiň barypýatany.

Ýok, joralar, beýdip gatyşdyrmalyň

Her bir ýyljyraklap habar gatany.


Agraslar

Bir gezek ýylgyrar weli,

Açylar agzynda ýüz ýylyň ýazy!

Ýöne weli ýylgyrýança agraslar

Birazajyk düýrükdirýär kä gyzy.


Düýrükmäň, darykmaň,

Howlukmaň, gyzlar.

Ýiti ýagtyň aldawyna gitmäň siz.

"Gyz gerek-tiz gerek" diýlişi ýaly,

"Ýigit gerek-basym gerek" etmäň siz.


SABYRSYZ SÖÝGINIŇ HÖZIRI BOLMAZ,

KANAGAT ISLEÝÄR SÖÝGINIŇ ÝOLY.

Otyr ynha gapdalymda Ezizim,

Otyr ol henizem öňküsi ýaly.


Aramyz henizem ýekeje garyş.

Birden ýaňky garyş bir serä geldi.

Sereden barmaga, barmakdan gyla.

Ondan soňky bolsa hemmä-de belli.

Şondan soň, şeýle bir ajap ýylgyrdy.

Elbetde, maňa çyn, size-de ýalan.

Ýylgyrdy ol tutuş göwresi bilen,

Dodagy, gulagy - hemmesi bilen.

Göýä gumuň içi ýagtylyp gitdi.

Ilerisi bilen, gaýrasy bilen.

Sazagy, çetisi, selni, sözeni,

Güzaýy, Güneýi- dünýesi bilen.


Şo mahal on ýedi ýaşyndaky gyz,

Häzir otuz ýaşyň duşundaky gyz,

Şo mahala çenlem, şo günden bärem,

Şeýle ajap zada duşamok heniz.


Hiç kim onuň ýaly ýylgyryp bilmez,

Ol dünýäde ýeje-täk bir ýylgyryş

Onýança-da bir ses çykdy gaýradan,

Aralygmyz ýene boldy bir garyş.


"Uruş! Uruş!..."

Ala gopgun turuzyp,

Ýetip gelýär obamyzyň şeýtany,

Biz bolsa dünýäden bigabar oglan,

Çykarypdyk ondan başgarak many...


Halan bolsaňyz👉❤

22
27
serdarowna
04.11.2023 23:05

Ak bilen garadyr garagyň reňki,

Şolaň haýsy seniň ýüregiň reňki?

Birisini saýlap, diýme:"Şu meňki!"

Iller aýdar-

Birje ýylgyrşyň besdir.

47
180
serdarowna
04.11.2023 15:05

...Gözlerini ýumdy, ýene-de açdy.



Gözlerini açdy, ýene-de ýumdy.


Soň gözlerin açdymy ýa açmady,


Onçasyny häzir aýdyp biljek däl.


Ýöne eýýäm Gülnäz ondan daşdady.



Bir haýukdan \"Gülnä-äz! Gülnäzim!\" diýip,


Zaryn sesi ýetdi meniň yzymdan,


Gara saçlam \"Dolan yzyňa\" diýip,


Çyrpynjyrap, aslyşsa-da yzymdan.



Her örümin bir elimde tokgalap,


Öýmüze ýetenmi duýman galdym men


Şo bolup ýörşüme häzirem haýran,


Ýok, oňa şo wagtam haýran galdym men.



Sebäp diýseň illeň aýdyşy ýaly


Haýasyzlaň hasabynda däldim men.


\"Aýnaň gyzy - bälçik\" diýýänler kändi.


\"Aýnaň gyzy - alçak\" diýýänler kändi.


\"Haýasyz!\" diýýäne duşmaklyk kyndy.


Ýöne weli, meniň bu bolup ýörşüm


Haýasyzlyk çägine-de ýakyndy.



\"Ýeri, bir ýigidi söýdüň, taň etdiň


Arzyny gaçyryp ýörmegiň näme?


Söýýän bolsa özi gelsin, halatsyn,


Özüňi üstüne sürmegiň näme?\"


Diýip, öz ýanymdan özüm utanyp,


Gyzardym, agardym, boz-ýaz boldum men.


(Goýberen hataňy salaňda ýada,


Ýanyňda hiç kişi bolmaýanda-da,


Ýüzüň gyzarýanny şonda bildim men).



Gözümi ýumsam-da irkiljek bolup,


Beýnim öz erkini bermedi uka,


On alty ýaşyma ýetip-ýetmänkäm,


Bu neneň hekaýat, bu neneň waka!


(Ýa-da haýa-şerim paýlanan wagty


Men naçara ondan ýetmedimikä?)



Dogrudanam, şeýle haýasyzmykam?


Aslynda, nämekä haýa diýlen zat!


Ejem janyň gürrüň berşi boýunça,


Haýa - adamdan soň dünýa inen zat.



Bir mahal şeýle


bir döwür bolanmyş.


Haýasyz bolanmyş dünýäň gyzlary


Bolmanmyşyn çigit ýaly näzleri


Haýsy ýigit gözlerine ýarasa,


Ilki bilen aslyşarmyş özleri.



Alla bu ahwala der-gazap bolup,


Haýa diýen zady inderenmişin.


Şeýdip bütin dünýäň gelin-gyzlaryn


Uly bir beladan dyndaranmyşyn.



Şondan soň gyzlaryň özi lak atman


Ýigitler öňürti başlanmyş söze...


hawa bu rowaýat


Ajap rowaýat


UTANÇ


IŇ BIRINJI BEZEGDIR BIZE.



Hawa, bu hekaýat


Täsin hekaýat


Ony ýaňsylamak ýüregimde ýok


Ýigitleň boýnunsan aslyşyp ýören,


Beýle gyzlar tutuş Garagumda ýok.



Ýöne weli, söýülýänni bilensoň,


Ilki bilen gyz hem duýduryp biler.



Parhy nämemişin, ikisem bolar


(Käte gyz duýdurar, käte-de oglan


Näme bir-birinden pesmişmi olar).



Şeýdip öz-özüme teselli berip,


Daňyň öň ýanynda gitdim men uka


On alty ýaşymdan ötüp-ötmänkäm,


Bu neneň ahwalat,


Bu niçik waka!..



On bäş ýyllap Eziz diýip gezenim


Şeýtdi-de kem-kemden Ezizim boldy.


\"Haram, tula, ylga guýyň başyna


Hanha, maňkalyja Eziziň geldi!\"



Diýip, obamyzyň Bibişeýtany


Sanjardy böwrümden \"iňňesi\" bilen.


Bir gün selin ýygyp ýören wagtymdy,


Gabat geldim onuň Tüňňüsi bilen.



Bir garry ojaryň garry töňňesin,


Urýar, depýär, döwjek bolýa bolanok


Laliksiräp ösen \"ejemoglujyk\"


Bir çüýrük töňňä-de hötde gelenok.


(Gujagna bir gyz salaýanda-da,


Nädip oňarjagyn men-ä bilemok).



Beletdim men o tetelli ojara


Omurar ýörerdim çep elim bilen.


Ýygan selinlermi bir ýere toplap,


Bogmaga oturdym gök selin bilen.



Onýança-da maňa gözi düşdi-de


Töňňäni herrelip, girrelip depdi.


Töňňe-de serrelse, serreldi weli,


Özi ondan beter serrelip gitdi.



Mahal-mahal seniň bolgusyz zada


Gülkiň tutýar weli, goýjak miltiň ýok


Agzyňy tutsaňam etjek zadyň ýok,


Burnuňy tutsaňam etjek zadyň ýok.



Gülesim gelse-de, gülmejek bolup,


Dodagymy dişläp, \"başagaýdym\" men


Hojam juwazçyny ýadyma salyp,


Dogrusy, gülkimi zordan goýdum men...



Dowamyny 30 ❤-dan soň goýjak


Halan bolsaň, dowamyny okamak isleseň👉❤

30
36
serdarowna
03.11.2023 00:23

...Maňkasyn,akdyryp Eziiziň geldi.


...Diýip, meni çakýanlaram tapyldy.

Ýok, ýok çakýanlar däl, çakýan tapyldy.

Dokuz öýli on dört daýzaň içinden

Ala-böle ýeke çakýan tapyldy

Bibisoltan diýen içýan tapyldy.


Zaýalap ýörensoň ne gözel ady,

Hiç kim onuň dogry adyn tutmazdy.

Iň ýörgünli ady Bibişeýtandy,

Gündiz oturmazdy,

Gije ýatmazdy.


Babanyň aýdanny Ata gowşuryp,

Atanyň aýdanny Baba gowşyrdy

Ikisinem bir-birine ýabşyryp,

Ol obaly Annabibä gowşyrdy

Annabibiňkinäm üstüne goşup,

Aňry ýanyndaky oba gowşyrdy.


Ol obanyň gybatynam göterip,

Ýene aňyrdaky guýa ýetirdi.

Haýwanlara dil bitmänne müň şükür,

Ýogsa düýäň sözün sygra ýetirip,

Sygryň jogabynam düýä ýetirdi.

Mallaň başyna-da bela getirdi.


Temen üçin düýe ýaly gep ýasap,

Pil dek gep ýasardy iňňejik üçin,

(Ýuwunmany-ardynmanam bilmezdi.

Ýüzünde ýal bardy müň güjük üçin).


...Meniň bilen jetliginiň sebäbi,

dilän eken meni Tüňňüjik üçin.


\"Wah, Bibi jan, gijä galdyň azajyk,

Biri bilen halaşyp ýör gyzymyz

Ýogsa, dagy, siziň ýaly ýer tapsak,

Başga ýere sekdirjekmi gyzy biz,

Kejebeläp eltip berjek özümiz!\"


Diýip ejem hem-ä ony oýnanmyş,

Hemem oňa sypaýçylyk edenmiş

\"Toba, toba musmunsokar tulajyk,

Bular indi gum ýurdunam bulajak!\"

Diýip, öýden hababaýlap gidenmiş.


Şodur, şodur,

Gyr ýagysy men boldum,

Meni görse pytalasy tutuldy,

Depä çyksam-sapan bolup atyldy,

Pese düşsem-gapan bolup atyldy:


\"Ýeri, näme kakaň seniň ejeňi

Söýgi bilen alypmyşmy, ýerçeken

Tahyr bolmaz Eziz ýaly baýguşdan,

Zöhre bolmaz, sen tetelli serçeden.


Gum içinde söýgi bolmaz, akmak gyz\"

Towky bolup indi meniň başymdan

Suwa gitsem-gargap galdy yzymdan,

Suwdan gelsem-garga boldy daşymda.


Nirä barsam \"gak-gagyny\" gönderdi

Ne içerde, de daşarda gün berdi...

Ýöne weli meniň üçin şo günler

Iň bagtly, iň ajaýyp günlerdi.


On bäş ýyllap Eziz diýip gezipdim,

On,alty ýaşymda Ezizim diýdim.

Hiç kim ony diýdirmedi diý diýip

Birden duýman durkam öz-özüm diýdim.


On bäş ýyllap Gülnäz diýip gezipdi,

Ol hem on altyda Gülnäzim diýdi.

Hiç kim ony diýdirmedi diý diýip,

Ol hem meniň ýaly öz-özi diýdi.


Ine şeýdip şeýle bolduk ötäýdik,

Näm bolanny özümizem duýmadyk.

Bir seretsek asyl öňküligmiz däl

Biri-birimize garap doýmadyk.

Oýnumyzam asyl öňküligi däl,

Nähilidir başgaçarak oýnadyk.


Ilki duşuşygmyz şeýleräk boldy,

Bolan zada boldy diýmegim gerek:

Ak çägäň üstünde uklap ýatyrka,

Duşdum Ezizime,

Duşdum bir gezek.


Şeýle bir parahat uklap ýatyrdy,

Ony oýatmaga it-guşam dözmez.

Ak,depeli ak şyrdagyň etegin,

Öpüpdir şar-gara kirpikli gözler.


\"Eşek öldürenje\" sowuk şemala

Gyzarypdyr tegelejik gulagy

Çözülipdir çep aýagnyň dolagy,

Özüm dolap, özüm daňyp bererdim.

Bolan bolsam şeýle ýigdiň, çolugy\"


Tä ölýänçäm onuň bakýan sürüsin

\"Ukla, dynç al!\" diýip bakardym özüm...

Ak çägede, ak sazagyň düýbünde

Irkilipdir ak şyrdakly Ezizim.


Bir oýansa, garşysynda men durun.

Tisgindi, taýagy elinden gaçdy.

Düýşümi, huşumy düşünip bilmän,

Gözlerini ýumdy, ýene-de açdy...



Dowamy bar.

Okamak isleýänleriňiz teswir ýazyp, ❤goýaýyň! Isleýän bolsaňyz goýjak dowamyny.

30
45