serdarowna
10.11.2023 15:25

Türkiýäniň Kaýseri şäheriniň ýaşaýjysy öz öýüni abatlaýarka, onuň astyndan ýerasty şäher tapdy.


Ylmy barlaglar netijesinde, häzirkizaman binanyň aşagyndan azyndan iki sany özbaşdak gat tapyldy, olar ötükler bilen birleşýärler. Tapyndynyň ýaşyny 2 müň ýyl diýip bahaladylar diýip, "MIR 24" ýazýar.


Ýerasty şäheriň uzynlygy 150-200 metr çemesidir. Öýüň eýesi ilkibaşda bu ýeriň taryhy gymmaty barada pikirem etmändiklerini aýdýarlar. Olar ýerasty giňişlikleri saraý hökmünde ulanyp, oňa çyrasyz girmäge gorkupdyrlar.


Geçen ýüzýyllyklaryň dowamynda ýerasty zolaklar zibilden dolup gidipdir. Häzir onuň diňe üstki gatlagy arassalandy. Öý eýesi ýerli häkimiýetleri doly gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge çagyrdy diýip, DHA habar gullugy habar berdi.


Kaýseri şäherine gadymy döwürde Kesariýa diýlipdir. Ol Rim ülkesiniň merkezi bolupdyr.


Arheologlar ýerasty şäheriň gurluşyk tehnologiýasynyň, otaglaryň meýilnamalaşdyrylyşynyň we bölünişiniň uly gyzyklanma döredýändigini aýdýarlar.

54
368
serdarowna
12 Noýabr 2023
@altyyeva, mendede girmedi, menä udalit edip goýberdim
altyyeva
12 Noýabr 2023
@serdarowna, mende girmedida shondan soradym
serdarowna
12 Noýabr 2023
@altyyeva, Ay vpn li bolsa onça kan adam girmezdi meñ pikirimce, mena giremok welin🤷‍♀️
serdarowna
11 Noýabr 2023
@runia, 😊
runia
11 Noýabr 2023
@serdarowna, hawa, giŋdir dünýe geŋdir dünýe)
altyyeva
11 Noýabr 2023
@tyllayev_allanur, bilesigeliji vpn li ishleyami !?
serdarowna
11 Noýabr 2023
@tyllayev_allanur, hmm bolýa onda menem girip göreýin indi😁
tyllayev_allanur
11 Noýabr 2023
@serdarowna, howwa gowy agzalaram kop chat hem bar lickada bar yone yazmak limitli
serdarowna
11 Noýabr 2023
@tyllayev_allanur, menä bilesigelijä giremok, olam gowumy öwrenmeli ýaly
tyllayev_allanur
11 Noýabr 2023
Su tazeligi gen galyp menem bilesigelijide paylasypdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.