"Pylanylardan bolsa, pylany hilliräk adamdyr öz-ä"-oturylşyklaryň birinde oglanlaň aýdan gürrüňinden.
Dosty saýlamadym bellibir sortdan,
Kim ýüregin açsa, ýürekdeş saýdym.
Düýnjek Çowdurlarda başlan gülkimi,
Bu gün Ýomutlaryň ojagna çaýdym.
Ärsary dostumyň ýollan salamyn
Hormat bilen kabul etdi Alili.
Nohur gardaşda-da saklap bilmedim
Teke dostuň ýasyndaky agymy.
Aýdymyna joşup, salyr, sarygyň
Toýlarda kän etdik buluçlaň tansyn,
Garrygala myhman bolan çagymda,
Ýüwrüp hyzmat etdi, bir Gökleň tanşym.
Gazaklaryň gara çaýyndan doýup,
Ýerli özbekleriň kän aşyn iýdim,
Dünýä bazarynda bir Tat dostumyň
Satýan geýimlerniň hillisin geýdim.
Garadaşly, Ýazyr, Sakar, Gypjak, Şyh
Hoja, Seýit ýa-da Magtym diýmedim.
Keseki däl, dogan ýaly gatnaşdym.
Size ýokdur artyk wagtym diýmedim.
Garaz, ýene-de kän, gep onda-da däl.
Baran ýerlerimde güýçlüdi ünsüm.
Hormata baş egip, hezzetden doýup,
Adamlaň bolşuny synladym ümsüm.
Menem synçyl welin, ýöne bularyň
Içinden tapmadym uly tapawut.
Meňzeş hemmesiniň sallançaklary,
Hatda hemmesinde birmeňzeş tabyt.
Çalymdaşdy eneleriň wagyzy,
Ata pendem meňzeş öýdýän dogrusy.
Serhoşlaram şol bir arakdan içýär,
Meňzeş haramlykdan baýar ogrusy.
Birmeňzeş metjitden girip çykýarlar.
Birmeňzeş aksakgal, birmeňzeş ymam.
Birmeňzeş ýylgyryş, birmeňzeş agy.
Birmeňzeş töhmetdir, birmeňzeş güman.
Baran ýerlerimde çöle-de çykdyk.
Çopanlaň agzyndan eşitdik düri.
Diýdi:" Dostlar, maly nähili bakaý,
Barybir agsaksyz bolmaýar süri.
Daýaw goýunlaram ownuk dogaýýar.
Ownuklardan iri döräýýär käte".
Çopan dogry aýdýar, gep tohumda däl,
Aslynda, başga bir gep bardyr bärde.
Aslynda başga bir gep bar, elbetde,
Şol gepi başlara çolaýmalyň, hoow,
Biz şeýlebir meňzeş, belki, hemmämiz
Adam ataň nesli bolaýmalyň, hoow.