...Gözlerini ýumdy, ýene-de açdy.
Gözlerini açdy, ýene-de ýumdy.
Soň gözlerin açdymy ýa açmady,
Onçasyny häzir aýdyp biljek däl.
Ýöne eýýäm Gülnäz ondan daşdady.
Bir haýukdan \"Gülnä-äz! Gülnäzim!\" diýip,
Zaryn sesi ýetdi meniň yzymdan,
Gara saçlam \"Dolan yzyňa\" diýip,
Çyrpynjyrap, aslyşsa-da yzymdan.
Her örümin bir elimde tokgalap,
Öýmüze ýetenmi duýman galdym men
Şo bolup ýörşüme häzirem haýran,
Ýok, oňa şo wagtam haýran galdym men.
Sebäp diýseň illeň aýdyşy ýaly
Haýasyzlaň hasabynda däldim men.
\"Aýnaň gyzy - bälçik\" diýýänler kändi.
\"Aýnaň gyzy - alçak\" diýýänler kändi.
\"Haýasyz!\" diýýäne duşmaklyk kyndy.
Ýöne weli, meniň bu bolup ýörşüm
Haýasyzlyk çägine-de ýakyndy.
\"Ýeri, bir ýigidi söýdüň, taň etdiň
Arzyny gaçyryp ýörmegiň näme?
Söýýän bolsa özi gelsin, halatsyn,
Özüňi üstüne sürmegiň näme?\"
Diýip, öz ýanymdan özüm utanyp,
Gyzardym, agardym, boz-ýaz boldum men.
(Goýberen hataňy salaňda ýada,
Ýanyňda hiç kişi bolmaýanda-da,
Ýüzüň gyzarýanny şonda bildim men).
Gözümi ýumsam-da irkiljek bolup,
Beýnim öz erkini bermedi uka,
On alty ýaşyma ýetip-ýetmänkäm,
Bu neneň hekaýat, bu neneň waka!
(Ýa-da haýa-şerim paýlanan wagty
Men naçara ondan ýetmedimikä?)
Dogrudanam, şeýle haýasyzmykam?
Aslynda, nämekä haýa diýlen zat!
Ejem janyň gürrüň berşi boýunça,
Haýa - adamdan soň dünýa inen zat.
Bir mahal şeýle
bir döwür bolanmyş.
Haýasyz bolanmyş dünýäň gyzlary
Bolmanmyşyn çigit ýaly näzleri
Haýsy ýigit gözlerine ýarasa,
Ilki bilen aslyşarmyş özleri.
Alla bu ahwala der-gazap bolup,
Haýa diýen zady inderenmişin.
Şeýdip bütin dünýäň gelin-gyzlaryn
Uly bir beladan dyndaranmyşyn.
Şondan soň gyzlaryň özi lak atman
Ýigitler öňürti başlanmyş söze...
hawa bu rowaýat
Ajap rowaýat
UTANÇ
IŇ BIRINJI BEZEGDIR BIZE.
Hawa, bu hekaýat
Täsin hekaýat
Ony ýaňsylamak ýüregimde ýok
Ýigitleň boýnunsan aslyşyp ýören,
Beýle gyzlar tutuş Garagumda ýok.
Ýöne weli, söýülýänni bilensoň,
Ilki bilen gyz hem duýduryp biler.
Parhy nämemişin, ikisem bolar
(Käte gyz duýdurar, käte-de oglan
Näme bir-birinden pesmişmi olar).
Şeýdip öz-özüme teselli berip,
Daňyň öň ýanynda gitdim men uka
On alty ýaşymdan ötüp-ötmänkäm,
Bu neneň ahwalat,
Bu niçik waka!..
On bäş ýyllap Eziz diýip gezenim
Şeýtdi-de kem-kemden Ezizim boldy.
\"Haram, tula, ylga guýyň başyna
Hanha, maňkalyja Eziziň geldi!\"
Diýip, obamyzyň Bibişeýtany
Sanjardy böwrümden \"iňňesi\" bilen.
Bir gün selin ýygyp ýören wagtymdy,
Gabat geldim onuň Tüňňüsi bilen.
Bir garry ojaryň garry töňňesin,
Urýar, depýär, döwjek bolýa bolanok
Laliksiräp ösen \"ejemoglujyk\"
Bir çüýrük töňňä-de hötde gelenok.
(Gujagna bir gyz salaýanda-da,
Nädip oňarjagyn men-ä bilemok).
Beletdim men o tetelli ojara
Omurar ýörerdim çep elim bilen.
Ýygan selinlermi bir ýere toplap,
Bogmaga oturdym gök selin bilen.
Onýança-da maňa gözi düşdi-de
Töňňäni herrelip, girrelip depdi.
Töňňe-de serrelse, serreldi weli,
Özi ondan beter serrelip gitdi.
Mahal-mahal seniň bolgusyz zada
Gülkiň tutýar weli, goýjak miltiň ýok
Agzyňy tutsaňam etjek zadyň ýok,
Burnuňy tutsaňam etjek zadyň ýok.
Gülesim gelse-de, gülmejek bolup,
Dodagymy dişläp, \"başagaýdym\" men
Hojam juwazçyny ýadyma salyp,
Dogrusy, gülkimi zordan goýdum men...
Dowamyny 30 ❤-dan soň goýjak
Halan bolsaň, dowamyny okamak isleseň👉❤