...Çykarypdyk ondan başgarak many.
Ýaňky "posa dadyp" giden Tüňňüjik,
Küşgüripdir ejesini - diýdim men,
Ynhajykka muňa-da bir dadyryn
Posalaryň süýjüsini - diýdim men.
Gandyraryn gijisini! - diýdim men.
Bibişeýtan bolsa tüweleý ýaly
"Uruş! Uruş!" diýip, geçdi-de gitdi.
(Göz açyp-ýumýançak o guýa ýetdi)
Men Eziziň gözlerine seretdim
Eziz meniň gözlerine seretdim.
Emma weli gözlermiziň içinde
Üýtgeşik bir gorky-howsala ýokdy.
Çägäň üstündäki "uruşdan" başga,
"Eşekmündi, görüpgaçdydan" başga
Uruş-söweş bardyr öýdülenokdy.
"Eger ertir uruş turaýsa..." diýip,
Mekdepde kämähäl aýdym aýdardyk
Ýöne weli uruş turaýanda-da,
Üç-dört günde gutarýandyr öýderdik.
Şol ýowuz uruşyň doglanny buşlap,
Bibişeýtan geçip gitdi ýel ýaly,
"Nämäniň uruşy? Niräniň urşy?"
Çözjegem bolmandyk şeýle sowaly.
Bir-biregiň gözlerine garapdyk.
Görünmändi üýtgeşik bir howsala
- O nähili uruşmyşyn, Ezizim?
- Uruş bormy... aý, Gülnäzim, goýsana?..
Ýene birden lowurdapdy göreçler,
Ýene gaýtalandy öňki ýylgyryş.
Göýä ýeňiş bilen tamamlanypdy,
Dünýädäki ýaňy başlanan uruş.
Ýaňja aralygmyz bolanda garyş,
Müň menzile ýetdi aralygymyz.
Şo mahal kellä bir getiripmidik,
Munuň ýaly zalym aýralygy biz.
Ýap-ýaňy dälmidi, gumuň içini
Uly bir desterhan etsem diýýänim,
"Eziz Çerkez ogly - baş çopan" diýip,
Şol ýygnakda yglan etsem diýýänim.
Emma gum içinde etjek ýygnagym,
Tokaýlaň içinde edildi yglan,
Dünýäde baş çopan etjek oglanym,
Dakyndy egnine gyrmyzy pogon.
Eý, sen Ezizimi äkiden düýe,
Eý, sen Ezizimi äkiden wagon.
Ýene müňläp-müňläp Ezizler bile
Getir meniň Ezizimi sag-aman...
❤ basmagy unutma!😉