serdarowna
03.11.2023 00:23

...Maňkasyn,akdyryp Eziiziň geldi.


...Diýip, meni çakýanlaram tapyldy.

Ýok, ýok çakýanlar däl, çakýan tapyldy.

Dokuz öýli on dört daýzaň içinden

Ala-böle ýeke çakýan tapyldy

Bibisoltan diýen içýan tapyldy.


Zaýalap ýörensoň ne gözel ady,

Hiç kim onuň dogry adyn tutmazdy.

Iň ýörgünli ady Bibişeýtandy,

Gündiz oturmazdy,

Gije ýatmazdy.


Babanyň aýdanny Ata gowşuryp,

Atanyň aýdanny Baba gowşyrdy

Ikisinem bir-birine ýabşyryp,

Ol obaly Annabibä gowşyrdy

Annabibiňkinäm üstüne goşup,

Aňry ýanyndaky oba gowşyrdy.


Ol obanyň gybatynam göterip,

Ýene aňyrdaky guýa ýetirdi.

Haýwanlara dil bitmänne müň şükür,

Ýogsa düýäň sözün sygra ýetirip,

Sygryň jogabynam düýä ýetirdi.

Mallaň başyna-da bela getirdi.


Temen üçin düýe ýaly gep ýasap,

Pil dek gep ýasardy iňňejik üçin,

(Ýuwunmany-ardynmanam bilmezdi.

Ýüzünde ýal bardy müň güjük üçin).


...Meniň bilen jetliginiň sebäbi,

dilän eken meni Tüňňüjik üçin.


\"Wah, Bibi jan, gijä galdyň azajyk,

Biri bilen halaşyp ýör gyzymyz

Ýogsa, dagy, siziň ýaly ýer tapsak,

Başga ýere sekdirjekmi gyzy biz,

Kejebeläp eltip berjek özümiz!\"


Diýip ejem hem-ä ony oýnanmyş,

Hemem oňa sypaýçylyk edenmiş

\"Toba, toba musmunsokar tulajyk,

Bular indi gum ýurdunam bulajak!\"

Diýip, öýden hababaýlap gidenmiş.


Şodur, şodur,

Gyr ýagysy men boldum,

Meni görse pytalasy tutuldy,

Depä çyksam-sapan bolup atyldy,

Pese düşsem-gapan bolup atyldy:


\"Ýeri, näme kakaň seniň ejeňi

Söýgi bilen alypmyşmy, ýerçeken

Tahyr bolmaz Eziz ýaly baýguşdan,

Zöhre bolmaz, sen tetelli serçeden.


Gum içinde söýgi bolmaz, akmak gyz\"

Towky bolup indi meniň başymdan

Suwa gitsem-gargap galdy yzymdan,

Suwdan gelsem-garga boldy daşymda.


Nirä barsam \"gak-gagyny\" gönderdi

Ne içerde, de daşarda gün berdi...

Ýöne weli meniň üçin şo günler

Iň bagtly, iň ajaýyp günlerdi.


On bäş ýyllap Eziz diýip gezipdim,

On,alty ýaşymda Ezizim diýdim.

Hiç kim ony diýdirmedi diý diýip

Birden duýman durkam öz-özüm diýdim.


On bäş ýyllap Gülnäz diýip gezipdi,

Ol hem on altyda Gülnäzim diýdi.

Hiç kim ony diýdirmedi diý diýip,

Ol hem meniň ýaly öz-özi diýdi.


Ine şeýdip şeýle bolduk ötäýdik,

Näm bolanny özümizem duýmadyk.

Bir seretsek asyl öňküligmiz däl

Biri-birimize garap doýmadyk.

Oýnumyzam asyl öňküligi däl,

Nähilidir başgaçarak oýnadyk.


Ilki duşuşygmyz şeýleräk boldy,

Bolan zada boldy diýmegim gerek:

Ak çägäň üstünde uklap ýatyrka,

Duşdum Ezizime,

Duşdum bir gezek.


Şeýle bir parahat uklap ýatyrdy,

Ony oýatmaga it-guşam dözmez.

Ak,depeli ak şyrdagyň etegin,

Öpüpdir şar-gara kirpikli gözler.


\"Eşek öldürenje\" sowuk şemala

Gyzarypdyr tegelejik gulagy

Çözülipdir çep aýagnyň dolagy,

Özüm dolap, özüm daňyp bererdim.

Bolan bolsam şeýle ýigdiň, çolugy\"


Tä ölýänçäm onuň bakýan sürüsin

\"Ukla, dynç al!\" diýip bakardym özüm...

Ak çägede, ak sazagyň düýbünde

Irkilipdir ak şyrdakly Ezizim.


Bir oýansa, garşysynda men durun.

Tisgindi, taýagy elinden gaçdy.

Düýşümi, huşumy düşünip bilmän,

Gözlerini ýumdy, ýene-de açdy...



Dowamy bar.

Okamak isleýänleriňiz teswir ýazyp, ❤goýaýyň! Isleýän bolsaňyz goýjak dowamyny.

30
45
serdarowna
3 Noýabr 2023
😊bolýa sag boluň hemmäňize, dowamyny nesip bolsa ertir goýjak
jeper
3 Noýabr 2023
Isleýäs dowamyny
kalayev
3 Noýabr 2023
Dowamyna garasyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.