...Dogrusy, gülkimi zordan goýdum men.
"Biderek bir zada gülkiň tutanda,
Şoň adyn tutaýgyn!" diýerdi ejem,
(Bütin ömürboýy birje gezek hem
Ýylgyrman ötenmiş juwazçy Hojam).
Garaz, eýtdim-beýtdim, gülkimi goýdum,
Onýança-de geldi ýaňky nägehan
Armaweri, Gülnäz! Senmidiň asyl?
Hawa, mendim! Özüň arma, Tüňňi han!
- Näme ýygyp ýörsüň?
- Ojarjyk ýygýan.
- O nähili ojar? Munyň-a selin.
- Bilýän bolsaň, onda näme soraýaň?
- Aý ýöne... oýundan soraýdym,
Gülüm.
- O nähili "Gülüň" bolýamyşym men!
Hany, ugra şundan, haramyň biri.
- Kimiň haramdygyn, kimiň däldigin
Görüpjik ýörüs biz üç aýdan bäri.
- Nämäni görýäris, haram ýer çeken?
- Eziz bilen edýän işiňi görýän,
Owkaladyp duran döşüňi görýän,
Dodak sorup duran dişiňi görýän,
Birje haýyşymy kabul etmeseň,
Äleme jar edip, işiňi görýän!
Meniň haýyşjygym - ýekeje haýyş!
Diýdi-de, ýüzüme ýyrşaryp bakdy.
Şonda gaharyny ýuwtmadyk bolsa,
Gülnäz ap-aňsatja gandar boljakdy.
Şo mahala çenli Ezizim bile
Alty-ýedi gezek görşüpdik weli,
Tenime degmeg-ä beýlede dursun,
Heniz eşigme-de degmändi eli...
-O nähili haýyşmyşyn, Tüňňi han,
Bizden bitjek ýumuş bolsa, eşdeli!
Eşitseň, sen gyzy söýenim üçin,
Ugruňda üç ýyllap köýenim üçin,
"Dünýäde Gülnäzden başgany söýsem,
Erkek bolmadygym" diýenim üçin
Şujagaz adamsyz, çolaja ýerde
Alma ýaňagyňdan bir posajyk ber!
Ýogsa-da şu ýerden Ýolguýa çenli
Adyňy wejera edişimi gör!
Tüňňi jan, wejera etmeseň, bolýar.
Soňky dörän zatdyr posa diýen zat.
Ähli gerek zadyň bir posa bolsa,
Gülnäziň ýanynda o zatlar aňsat.
Ýöne weli, Eziz duýaýmaz ýaly
Ýuwaşyrak ogşaweri, zalywat!
Diýdim weli, dodagymyň ýanyna
Uzap gaýtdy bir kiçijik dodajyk
"Ynha saňa posa, gara turşejik.
Ynha saňa posa, haramzadajyk!"
Diýip, çep elimiň arkasy bilen
Agzynyň üstüne ýelmedim weli,
Ýygan selinmi çykap bolýançam,
Dodagnyň içine girmedi dili.
Birdenem, hasyrdap ýerinden turup,
Öýlerine tarap ýazzyny berdi.
Gaçanyny bulut bilen ýel görüp,
Gonanyny Gülbäz bilen gol gördi.
(Şol alan posasy ýeterlik boldy,
Gaýdyp posa dilemedi, ýer çeken).
Onýança-da ak depäniň üstünden
Ak şyrdagyn bulaýlady bir çopan.
Men bärden ylgadym,
Çopan aňyrdan,
Iki tarapdan-da gerildi gujak...
Sazagyň düýbüne düşeldi çabyt.
Ak çägäň üstüne ýazyldy saçak.
Oturdyk,
Dünýäniň gürrüňin etdik,
Töňňaniň, Tüňňiniň gürrüňin etdik,
Ýuwaş-ýuwaş bir-birege ýakynlap,
Bir pynhan ädimiň işigne ýetdik.
Emma şondan aňryk ädimläp bilmän,
Men Ezize bakdym, ol maňa bakdy.
Göwnüme bolmasa, Eziz şo mahal
Şol ädimi ätläýse-de boljakdy...
Bu sözleri aýyp görmäň Gülnäzden,
Ýüregimden syzýan sözler bu sözler.
Ýigit jaý pursady elden giderse,
Käte-käte geň göräýýär gözeller.
Şeýle sypaýydy, şeýle agrasdy,
Kyndy onuň üçin, kyndy ol ädim.
"Ýigit çendenaşa agras bolsa-da,
Gaty gowy boljak däl-ow" diýýädim,
(Ýöne weli, şeýle häsiýeti üçin,
Näme üçindir, hasam beter söýýädim).
Gyzlaryň köpüsi alçagy söýýär.
(Söýmeseňem özün söýdürýär alçak).
Ýöne weli, ýeňles bilen alçagyň
Parhyny bilinse gowurak boljak.
Kä gyzlaryň alçak diýip tutany
Alçak däl,
Kelçigiň barypýatany.
Ýok, joralar, beýdip gatyşdyrmalyň
Her bir ýyljyraklap habar gatany.
Agraslar
Bir gezek ýylgyrar weli,
Açylar agzynda ýüz ýylyň ýazy!
Ýöne weli ýylgyrýança agraslar
Birazajyk düýrükdirýär kä gyzy.
Düýrükmäň, darykmaň,
Howlukmaň, gyzlar.
Ýiti ýagtyň aldawyna gitmäň siz.
"Gyz gerek-tiz gerek" diýlişi ýaly,
"Ýigit gerek-basym gerek" etmäň siz.
SABYRSYZ SÖÝGINIŇ HÖZIRI BOLMAZ,
KANAGAT ISLEÝÄR SÖÝGINIŇ ÝOLY.
Otyr ynha gapdalymda Ezizim,
Otyr ol henizem öňküsi ýaly.
Aramyz henizem ýekeje garyş.
Birden ýaňky garyş bir serä geldi.
Sereden barmaga, barmakdan gyla.
Ondan soňky bolsa hemmä-de belli.
Şondan soň, şeýle bir ajap ýylgyrdy.
Elbetde, maňa çyn, size-de ýalan.
Ýylgyrdy ol tutuş göwresi bilen,
Dodagy, gulagy - hemmesi bilen.
Göýä gumuň içi ýagtylyp gitdi.
Ilerisi bilen, gaýrasy bilen.
Sazagy, çetisi, selni, sözeni,
Güzaýy, Güneýi- dünýesi bilen.
Şo mahal on ýedi ýaşyndaky gyz,
Häzir otuz ýaşyň duşundaky gyz,
Şo mahala çenlem, şo günden bärem,
Şeýle ajap zada duşamok heniz.
Hiç kim onuň ýaly ýylgyryp bilmez,
Ol dünýäde ýeje-täk bir ýylgyryş
Onýança-da bir ses çykdy gaýradan,
Aralygmyz ýene boldy bir garyş.
"Uruş! Uruş!..."
Ala gopgun turuzyp,
Ýetip gelýär obamyzyň şeýtany,
Biz bolsa dünýäden bigabar oglan,
Çykarypdyk ondan başgarak many...
Halan bolsaňyz👉❤