senorita
02.06.2024 22:20
Bir-biregi tanamzogam üýtgeşik,
Ýakyndanam görmändik ýol öterlik.
Emma, seni görmek asla gerek däl,
Kalbyň gördüm, maňa şolam ýeterlik.
Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl,
Mydam gabat gelse içki dünýämiz.
(Öte geçip aýtýandyryn öýdemok,
Başdan meňzeş döredilen dünýä biz)
Söýen ýürek rahat urup bilermi,
sen uzakda gözleriňi ýaşlasaň?!
Bilgin, mende geljek sary umyt bar,
Ejizligi ýola çykman taşlasaň.
Süýji sözler, süýji arzuw edeli
Ajy sözler, kalba neneň çümmejek?!
Men saňa dagdan beýik bagt bermekçi,
Senem ynam berseň, birje çümmüjek!
✍🏻 Ylham Gurbanalyýew
Ýerine ýetiren: @senorita
33
276
senorita
31.05.2024 20:32
Adamzat durmuşynda oýlanyp tapylan iň esasy aragatnaşyk ulgamynyň biri hem poçtadyr. Entek tehnologik enjamlaryň ýok mahaly biri-birinden uzakda ýaşaýan kowum-garyndaşlar hat alyşmak arkaly habarlaşýan ekenler. Munuň üçin bolsa poçtanyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Şol döwürlerde poçta aragatnaşygy hat gatnadyjy adam, eldekileşdirilen kepderiler, itiň käbir görnüşi, uýgunlaşdyrylan atlar, söwda ýolundaky kerwenler tarapyndan amala aşyrylypdyr.
Bular ýerli aragatnaşyk bolup, resmi taýdan poçta ulgamy has soň ýüze çykýar. Ýazmaça resminamalary halkyň içine ýaýratmak üçin resmileşdirilen çapar hyzmaty ilkinji gezek Müsürde ýüze çykýar. Miladydan öňki 2400-nji ýyllarda faraonlar ýurduň çägine habar (täze çykan perman) ibermek üçin çaparyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Halk köpçüligine niýetlenen poçta hyzmaty ilkinji gezek Eýranda ýüze çykýar. Miladydan öňki 550-nji ýyllarda bu ýerde adamlar dogan-garyndaşlaryna hat ýazyp, olardan geljek jogap hatyny almak mümkinçiligine eýe bolupdyrlar. Şol ýyllarda goňşy döwletlerde hem poçtanyň pars ulgamy meşhur bolup, ýörite çaparlar işe alnyp, olar ýyndam atlar bilen üpjün edilipdir. Hatlary alan çapar bellenen aralygy geçensoň, beýleki çapara poçtany geçirýär, ol hem indiki çapara...
Bu ulgam ýörite döredilip, çaparlar poçtanyň çalt barmagy üçin bellenen ýerlerde gezekleşýärler. Orta Aziýada birnäçe döwletleriň arasynda ýola goýlan hat gatnadyjy çaparlaryň ýanynda ýörite goragçylar berkidilýär. Poçta ulgamy birnäçe ýyldan soň Hindistandyr Hytaýa, Ýaponiýadyr Rime hem ýaýraýar.
Rim imperiýasynda 1490-njy ýylda «Taksis» ady bilen tanalýan hat gatnadyjy Frans fon poçta ulgamyny işläp düzýär. Ilkibaşda köşkde hat gatnadan Frans 1517-nji ýyldan soň maşgalasy bilen bilelikde raýatlara hem hyzmat edip başlaýar. 1716-njy ýylda Ispaniýada raýatlar üçin elýeterli poçta hyzmaty hökmünde «Correos y Telegrafos» döredilip, 1756-njy ýylda ilkinji gezek resmi taýdan poçta işgäri wezipesi döredilýär.
1762-nji ýylda poçta gutulary peýda bolýar. 1840-njy ýyla çenli iberilen hatlar kabul ediji tarapyndan tölenip, poçta tölegi hat iberijiden alyja çenli geçilen ýoluň uzynlygyna, kagyzyň sanyna hem-de poçtanyň agramyna görä kesgitlenipdir. Iňlis oýlap tapyjysy Rowlend Hill öňünden töleg edilýän, ýelmenýän möhürli (marka) poçta ulgamyny işläp düzýär.
Bu ulgam örän arzan bolup, şondan soňra iberilýän hatlaryň sany iki-üç esse artýar. XIX asyryň ortalarynda ýörite enjam ulanylyp, ygtyýarnama esasynda poçta üçin öňünden tölenen bukjalary ýasamagyň usuly işlenip düzülýär. Bu usulda taýýarlanan bukjalar banklarda we poçta şahamçalarynda ulanylýar. Soňlugy bilen ygtyýarnama almazdan printerde çap edip bolýan bukjalar ulanylyp başlanýar.
1874-nji ýylda Ählumumy poçta bileleşigi (UPU) döredilýär. Häzirki wagtda 192 döwlet bu bileleşigiň agzasy bolup, BMG-niň ýöriteleşdirilen agentligi hökmünde halkara poçta alyş-çalyş düzgünlerini kesgitleýär.
XX asyrda poçtada uly ösüşler gazanylyp, hat gatnatmak ulag serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylyp başlanýar. Demir yol stansiýalarynda poçta bölümleri açylýar. Poçta işgärleri ýörite ulaglar bilen üpjün edilýär. 1911-nji ýylda Angliýada poçtany eýesine çalt gowşurmak maksady bilen howa ulaglary synagdan geçirilip başlanýar. Bu synag oňaýly netije berensoň, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem howa poçtasy ýola goýulýar. Üns beren bolsaňyz, käbir hatlaryň bukjasynda «Par avion» (fransuzça «uçar arkaly») möhürçesini görmek bolýar. Bu ýazgy hatyň uçar arkaly alyja iberilendigini aňladýar.
15
62
senorita
30.05.2024 07:24
Her Döwür bir döwür bolar ekeni.
Görmän geçiräýsem bir ajap filmi,
Nije günläp etmişime ökünip,
Gynanyp ýörenim düýn-öňňün dälmi?
Her döwür bir döwür bolar ekeni.
Otly ajap ýerden geçende durman,
«Wah, şu ýerde bir aý gezsediň!» diýip,
Çekerdim men arman üstüne arman.
Her dowür bir dowür bolar ekeni.
Barman geçiräýsem bir duşuşygy,
Göýäki diýersiň, öz ellerimden
Baky uçuran dek söýgi guşumy,
Ökünip, ökünip, ol ökünçleriň
Ýetibilmezdim men aňry başyna.
...Her döwür bir döwür bolar ekeni,
Bu gün başga ökünç geçýär daşyma.
Indi ençe ýyldyr, säherden turup,
Şapaga seredýän başymy ýaýkap,
Serçeleň sesine dişimi ýuwup,
Bilbilleň sesine agzymy çaýkap,
Ýapraklaň çygyny owuçlap içýän.
Şapagyň nuruny döwümläp iýýän.
«Eý, şahyr, şuň ýaly ajap säherleň
Näçe müňün ýatyp geçirdiň?» diýýän.
Görmedik filmleň ýene-de geler.
Görmedik ýerlerňem göräýse bolar.
Ardurja sypdyrlan ol duşuşyklar
Giç däl, olaryň-da bir zady bolar.
Emma aglap giden tylla säherler –
Siz nirede?
Jogap berenok olar...
✍🏻 Kerim Gurbannepesow
20
44
senorita
28.05.2024 21:48
Beýik binalaryň gurlup başlanmagy bilen oňa münüp-düşmek kynçylygy ýüze çykýar. Dürli görnüşli basgançakly ulgamlaryň işlenilip düzülmegi ýaşaýjylary kanagatlandyrsa-da, myhmanhanadyr dynç alyş merkezlerine barýan syýahatçylarda nägilelikler döredýär. Şeýlelikde, ýokary münüp-düşmegiň has aňsat ýoly gözlenip başlanýar. Şäher ilatynyň artmagy bilen köpelip başlan köp gatly binalarda münüp-düşmekde köp hereket etmek, artykmaç wagtyňy sarp etmek ýaly meseleler ýüze çykýar.
Aslynda, köp gatly binalara haryt daşamak, ýüki yokary çykarmak we aşak düşürmek üçin oýlanyp tapylan açyk çarçuwaly mehaniki ýük göteriji ulgam 1800-nji ýyllardan soň öýjagaz şekilinde işlenip düzülýär. Şeýlelikde, zynjyra berkidilen «kiçijik öýjagazy» ýokary göterýän we aşak düşürýän «lift» atly mehanizm oýlanyp tapylýar. «Lift» sözi iňlis dilinden terjime edilende «götermek, ýokary galdyrmak» diýen manyny berýär.
1857-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky «Haughwout» söwda merkezinde ilkinji lift ulgamy döredilýär. Bäş gatly binanyň ýerzemininde bug hereketlendirijisi ornaşdyrylan lift bir minutda bary-yogy 40 fut (12,2 metr) aralygy geçýän eken. Deňeşdirmek üçin, häzirki wagtda iň çalt liftler bir sekuntda 40 fut geçip bilýär. Ilkinji liftiň tizligi gaty haýal bolup, söwda merkeziniň müşderileri yokarky gatlara lift bilen däl-de, basgançaklardan çykanyny kem görmändirler.
Amerikan inženeri Elişa Otis 1853-nji ýylda «Otis Lift» kompaniýasyny esaslandyrýar.
1859-njy ýylda Otis oýlap tapan «dik demir ýoluna» patent alýar we şol ýyl Nýu-Ýorkuň myhmanhanalarynyň birinde içinde oturgyjy bolan lifti işe girizýär. Oýlap tapyjy 1861-nji ýylda liftdäki togtadyjy ulgama patent alýar. Şeýlelikde, lifti binanyň islendik gatynda saklap bolupdyr. Eýýäm 1873- nji ýyla çenli ABŞ-da edara jaýlarynda, myhmanhanadyr dükanlarda «Otis Lift» kompaniýasynyň 2 müňden gowrak lifti oturdylýar.
Ilkinji liftleriň gymmat bolany üçin Nýu-Ýorkuň, Londonyň, Parižiň belli myhmanhanalarynda we söwda merkezlerinde oturdylyp, artykmaçlyk hökmünde görlüpdir. Şol döwürlerde myhmanlar lifte münensoň operator gapyny ýapyp, ulgamy herekete getirip, olara hyzmat edýän eken. Bu myhmanlaryň howpsuzlygy üçin göz öňünde tutulan çäre bolup, oturgyçlarda oturyp gitmek mümkinçiliginiň bardygyna garamazdan, ulgamyň hereketi gaty haýal bolupdyr. 1870-nji ýylda Manhetten şäheriniň merkezinde gurlan 130 metrlik binada «Otis Lift» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji gidrawlik lift oturdylýar. Bug hereketlendirijisinden gidrawlik ulgama geçilmegi liftiň hereketini has çaltlaşdyrýar. 1885-nji ýylda ilkinji «gökdirän» hasaplanýan Çikagonyň öý ätiýaçlandyryş binasynda 10 gatda hyzmat etmek üçin liftiň polat çarçuwaly görnüşiniň dördüsi işe girizilýär.
1889-njy ýylda «Otis Lift» kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ilkinji liftini döredýär. Bu lift ulgamynda iň uly ösüşleriň biri bolup, gidrawlikden elektrik hereketlendirijili liftlere geçilýär. XX asyryň başlarynda ýüz görülýän aýnasy, howa çalşyjy ulgamy we düwmeli dolandyryş ulgamy bolan elektrik çekişli liftler işlenip düzülýär. Bu liftler senagat taýdan nusgalyk kabul edilip, häzirki wagtda hem önümçiligi dowam etdirilýär. Gökdiränleriň gurulmagy bilen ýokary tizlikli liftler işlenip düzülýär.
Ýokary tizlikli liftler:
🔸Taýwandaky «Taipei 101» binasyndaky liftler (1 minutda 1010 metr);
🔸BAE-niň Dubaý şäherindäki «Burj Halifa» binasyndaky liftler (1 minutda 600 metr);
🔸ABŞ-nyň Çikago şäherindäki «Jon Hankok» işewürlik merkezindäki liftler (1 minutda 549 metr);
🔸Hytaýyň Şanhaý şäherindäki «Jin Mao» binasyndaky liftler (1 minutda 546 metr).
22
94
senorita
27.05.2024 23:19
Bir ýigidiň obalaryndaky bir gyza göwni gidipdir. Ýöne onuň sözaýdyjylary gyzyň: «Bile ýaşamaga razy, ýöne yzyna adam tirkäp gelse halaman. Şoňa razy bolsa, toý şaýyny tutaýsyn» diýýändigini oňa jikme-jik aýdypdyrlar. Ýigidiň birbada gahary geljek bolupdyr. Garaz, ýaş maşgala, wagt geçse özgerer diýen pikir bilen onuň şertine razy bolup, oňa öýlenipdir. Bir günem daşaryda böreňläp ýagyş ýagypdyr. Ýoldan barýan ötegçiniň biri, ýagyşdan goranmak üçin, olaryň öýüniň yk tarapyna çekilip durupdyr. Oňa gözi düşen ýigit, näme etjegini bilmändir. Ony yzyna tirkäp gelse, gelnine beren sözünde durmadygy boljak. Ol ahyry:
– Ejize hossarlyk etmeýänden adam bolmaz. Meniň bir wagtky beren sözüm ýadymda. Ýöne tamymyzyň ygynda duran bendäni öýümize salmasak bolmaz. Sen garşy bolsaňam, men oňa: «Gel!» diýmän bilmerin – diýipdir.
Gelni sesini çykarman razylaşypdyr. Olar ötegçä ýylyjak ýerde düşek ýazypdyrlar. Ol bu gijäni olarda geçiripdir. Irden bolsa, ýene ýola düşüpdir. Irden gelni myhmanyň yzyndan seredip, adamsyny çagyrypdyr.
– Seret, ol agşam birdi, indi iki bolup barýar. «Myhman öz rysgaly bilen gelýär. Öýüň ähli şowsuzlygyny hem, dert-belalaryny hem özi bilen alyp gidýär» diýip atam aýdardy. Onuň iki bolup barýanyny görýäňmi?! Ol bizdäki ähli dertleri özi bilen alyp, daglara-daşlara äkitdi, rysgalynam goýup gitdi – diýipdir. Ýigit seretse, ol keýtikläp öňden, onuň sudury hem yzy bilen oňa goşulyp barýarmyş. Ol aýalynyň pähimdar zenandygyna, şertini hem ony synamak üçin goýandygyna düşünip ýylgyrypdyr.
📚 «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»
16
130
senorita
27.05.2024 18:44
Köp öýlerde bezeg maksady bilen saklanýan totularyň Ýer ýüzünde 400-e golaý görnüşi bolup, bu guşlar gepläp bilýändigi bilen tanalýar. Totular üç uly topara (hakyky totular, kokato we Täze Zelandiýa totulary) bölünýär. Totularyň esasy bölegi Günorta Amerikada we Awstraliýada ýaşaýar.
Biri-birinden owadan, dürli reňkde öwşün atýan totular aragatnaşyk saklamak üçin birnäçe sesleri ulanýarlar. Adama öýkünip bilýän, diýeniňi yzyňdan gaýtalaýan totular dünýädäki iň akylly guşlar hasaplanýar. Öýlerde saklanýan totularyň köpüsi özara gürrüňleri ýatda saklap, gepleşýän şekilde dürli sözleri aýdyp bilýär. Maglumatlara görä, totular müň töweregi sözi ýat tutup, müňlerçe sese hem öýkünip bilýärler. Totular uzak ýaşaýandygy bilen hem tapawutlanýar. Bilermenler bu guşlaryň uzak ýaşamagynyň syryny akyllydygy we ugurtapyjylygy bilen düşündirýärler. Ýagny totular dürli tebigy howplara garşy göreşip, çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykyp bilýärler. Şeýle hem iýýän zatlaryna ünsli çemeleşýärler. Totularyň uly göwreli görnüşleri kiçilerine görä has uzak ýaşaýar. Totularyň iň ulularynyň agramy 15-18 kilograma çenli ýetýär, iň kiçileri bolsa, 10 gramdan geçmeýär.
📌 zamanturkmenistan.com.tm
❓ Saklaýanyñyz barmy õýũñizde?
Bar bolsa nãhili aýratynlyklary bar?
12
55
senorita
26.05.2024 15:40
Sanlaryň adamzat durmuşyna ornaşmagy bilen hasaplamalar dürli usullarda amala aşyrylyp başlanýar. Ilkibaşda adamlar hasaplama ulgamyna gaty köp wagtyny sarp edip, ony gyzykly iş hökmünde görüpdirler. Ýönekeý sanlary goşup-aýyrmakda onçakly kynçylyk döremeýär. Ýöne çylşyrymly sanlary we birnäçe onlukdan düzülen uly sanlary hasaplamakda ýalňyşlyklar ýüze çykýar.
Taryhy maglumatlara görä, ilkinji hasaplaýyş enjamy «Abakus» atly çot hasaplanýar. Çot gönüburçly agaç çarçuwa berkidilen inçejik taýajyklara düzülen top şekilli monjuklardan ybarat bolup, monjuklary taýajyklardan eýläk-beýläk süýşürmek arkaly hasaplaýyş işi amala aşyrylýar. Abakus çoty, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 2000-nji ýyllarda Müsürde ulanylyp başlanýar. Abakus çoty 3600 ýyl bäri ulanylyp gelinýän mehaniki enjamdyr.
Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen birnäçe sekundyň içinde millionlarça hasaplamalary ýerine ýetirip bilýän «kalkulýator» (hasaplaýyş maşyny) atly enjam oýlanyp tapylýar. 1623-nji ýylda hasaplaýyş enjamyny ilkinji bolup nemes matematigi Wilgelm Şikkard oýlap tapýar. Bu oýlap tapyş matematikanyň taryhynda uly öwrülişik bolup, goşmak-aýyrmak bilen bir hatarda köpeltmek we bölmek amallaryny hem yerine ýetirip bolýar. Ýagny ilkinji dört amally hasaplaýyş maşyny döredilýär.
Az wagtdan soň hasaplama ulgamyny has-da añsatlaşdyrmak hem-de çaltlaşdyrmak üçin «arifmetiki maşyn» diýlip atlandyrylýan Paskalin oýlanyp tapylýar. Paskaliniň taslamasy 1642-1644-nji ýyllar aralygynda fransuz matematigi we filosofy Blez Paskal tarapyndan işlenip düzülýär. Paskal bu hasaplaýyş maşynyny salgyt ýygnaýjy kakasy üçin oýlap tapýar. Soňlugy bilen köpçülige ýaýrap başlaýar.
1671-nji ýylda nemes matematigi we filosofy Gotfrid Leýbnis «StepReckoner» atly hasaplaýyş enjamyny döredýär. Bu Paskalyň hasaplaýyş maşynynyň kämil görnüşi hasaplanýar.
1902-nji ýylda kalkulýatoryň sanlary düwmä geçirilýär. Şol ýyl Dalton tarapyndan on açarly ilkinji hasaplaýyş maşyny (Dalton Adding Machine) hem oýlanyp tapylýar.
1943-nji ýylda Kurt Herzstark. tarapyndan ilkinji jübüt kalkulyator işlenip düzülýär. Kurtyň oýlap tapan enjamy eliňe sygýan kiçijik silindr şekilli bolup, şol döwürde buhgalterler we inženerler üçin peýdaly bolýar.
Hasaplaýyş enjamynyň kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär we 1961-nji ýylda ANITA atly ilkinji elektron kalkulýator işlenip düzülýär.
1985-nji ýylda «Casio» kompaniýasy grafiki kalkulýator hödürleýär. Goşar sagadynyň şekilindäki hasaplaýyş enjamy uly meşhurlyga eye bolýar we häzirki wagtda hem giňden ulanylýar.
Öýjükli telefonlaryň oýlanyp tapylmagy bilen 1993-nji ýylda ilkinji gezek el telefonlaryna hasaplaýjy programma girizilýär. Şeýlelikde, indi kalkulýatory jübüde götermek zerurlygy ýüze çykmaýar. 2000-nji ýyllara çenli hasaplaýyş enjamy akylly telefonlar bilen bir hatarda, planşetdir programma ulgamlaryna hem girizilýär. Häzirki wagtda kämil hasaplaýyş maşyny arkaly arifmetik, logiki, ekspensial, trigonometrik we başga-da matematik amallaryň birnäçesini ýerine ýetirip bolýar.
📌 Maglumat: «Zaman» gazetinden;
Suratlar: Google-dan;
Mowzugy taýýarlan: @senorita
24
88