senorita
28.08.2024 15:10


Adamlar irki döwürlerden bäri asman giňişligi bilen ýakyndan gyzyklanypdyrlar. Her gün dogup-batýan Güni, gijesine görnüp, gündüz gaýyp bolýan ýyldyzlary we Aýy öwrenmek üçin tagalla edipdirler. Entek asman jisimlerini ýakyndan görmäge mümkinçilik berýän teleskoplar peýda bolmanka, adamlar asmanda haýsy ýyldyzyň haýsy ýerde ýerleşýändigini, haýsy ýyldyzyň haçan peýda bolýandygyny, ýyldyza seretmek arkaly ileri-gaýrany kesgittäp bilipdirler. Uzakdaky zatlary ýakynladyp görkezýän teleskoplaryň peýda bolmagy Gün, Aý we ýyldyzlardan başga-da asman jisimleriniň hem bardygyny anyklamaga şert döredipdir. Eýsem, bu enjamlar haçan oýlanyp tapyldyka?

Hãzirki wagtda optiki teleskoplar iň ýaýran teleskop görnüşi hasaplanýar. Bu enjamlar uzakdaky asman jisimlerinden gelýän şöhleleri toplap, şol jisimleri ulaldyp görkezýär. Emma radiotolkunlary, ultramelewşe, infragyzyl şöhleleri ýaly adamyň gözüniň saýgarmaýan beýleki yşyk görnüşlerinden peýdalanyp, asman jisimlerini anyklamaga ýardam edýän teleskoplar bolýar.
Beýleki oýlap tapyşlar ýaly teleskoplar hem dürli ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilipdir. Şol sebäpli teleskopy ilkinji oýlap tapan hökmünde belli bir adamy atlandyrmak kyn. Şeýle-de bolsa, teleskop oýlap tapandygy üçin ilkinji gezek patent almaga ýüz tutan niderlandly Hans Lippersgeýiň hasaplanýar.



Lippersgeýiň 1608-nji ýylda biri daşyna, beýlekisi içine tarap güberçekli iki sany linzanyň bir trubkanyň içine ýerleşdirilen enjamyny oýlap tapýar. Ol äýnek ýasamak bilen meşgullanýan eken. Köp adamlar Lippersgeýiň oýlap tapan bu enjamyny ilkinji teleskop diýip hasaplaýar. Onuň ilkinji oýlap tapan teleskopy jisimleri üç esse ulaldyp görkezýän eken. Ol bu enjamyny kämilleşdirip, köp sargyt alýar.
Teleskop ýasamak bilen meşgullananlaryň ýene biri meşhur italýan astronomy Galileo Galileý hasaplanýar. Ol 1609-njy ýylda Lippersgeýiň teleskopyny has-da kämilleşdirip, ony asman jisimlerini öwrenmek üçin ulanan ilkinji adam bolýar.



Galileý 30 esse ulaldyp görkezýän teleskopy bilen Aýyň ýüzündäki kraterleri ýakyndan görýär. Şeýle hem Ýupiteriň dört sany hemrasyny we Saturnyň halkalaryny açýar. Şeýle-de, bize görünýänden has köp ýyldyzyň bardygyny we Ýeriň Günün daşynda belli orbitada aýlanýandygyny anyklaýar.
1700-nji ýyllara çenli öndürilen teleskoplaryň ählisinde şekiliň gyrasy bulanyk görünýän eken. Bu bulanyk reňkli çyzyklar dürli reňkdäki şöhleler linzadan geçenlerinde başgaça döwülmegi sebäpli ýüze çykýan eken. Isaak Nýuton deň derejede döwülmeýän bu şöhleleri toplamak üçin aýnaly teleskop ýasaýar.



Häzirki wagtda ulanylýan teleskoplaryň hemmesi diýen ýaly aýnaly teleskoplardyr.
16
46
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.