senorita
30.08.2024 09:08
Be­de­ni­miz­dä­ki kä­bir ala­mat­lar sag­lyk bi­len bag­ly köp za­dy aý­dyp bi­ler. Esa­san hem, aýa­da­ky we dyr­nak­da­ky kä­bir üýt­geş­me­le­re has üns­li çe­me­leş­me­li. Ame­ri­ka­ly der­ma­to­log­lar dyr­nak­da ýü­ze çyk­ýan ala­mat­lar bi­len bag­ly bar­lag­lar ge­çi­rip, şeý­le ne­ti­jä ge­len­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler.

• Sa­ry dyr­nak­lar. Dyr­na­gyň sa­ral­ma­gy ýaş bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýag­daý­da ýü­ze çyk­ýar. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, do­wam­ly çi­lim çek­mek dyr­nak­la­ryň sa­ral­ma­gy­na ýa-da dyr­nak­da sa­ry teg­mil­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär. Sa­ry dyr­nak köp­lenç dem alyş ýol­la­ryn­da­ky kä­bir ke­sel­ler we el-aýak­la­ryň çiş­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär.

• Gu­ry we döw­len dyr­nak­lar. Dyr­na­gyň gu­ra­ma­gy­na we dö­wül­me­gi­ne yzygiderli ýüz­mek, dyr­na­ga ça­lyn­ýan se­riş­de­le­ri çen­de­na­şa köp ulan­mak, eli­ňi ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­mak ýa-da çyg­ly­ly­gy pes ýa­şa­ýyş gur­şa­wy se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le-de bol­sa gu­ran dyr­nak­lar kä­te sag­lyk bi­len bag­ly ýag­daý­la­ry hem gör­ke­zip bil­ýär.

• Ak teg­mil­ler. Kä­wagt dyr­nak­da ak teg­mil­ler peý­da bol­ýar. Adat­ça ak teg­mil­ler kän üns be­ril­ýän zat däl. Ame­ri­ka­ly der­ma­to­log­la­ryň ne­şir eden ma­ka­la­sy­na gö­rä, ak teg­mil­ler «leý­ko­ni­hi­ýa» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Köp adam dyr­nak­da­ky ak teg­mil­le­re kal­siý ýet­mez­çi­li­gi di­ýip dü­şün­ýär. Ýö­ne bu kal­siý bi­len bag­ly ýag­daý bol­man, ba­gyr we böw­rek ýet­mez­çi­li­gi­niň kä­bir ala­mat­la­ry bo­lup bi­ler.

• Dik we ke­se çy­zyk­lar. Kä­bir ada­myň dyr­na­gyn­da dik we ke­se çy­zyk­lar eme­le gel­ýär. Dyr­nak­da­ky bu çy­zyk­lar gar­ry­lyk ala­mat­la­ry bi­len bir­lik­de ýü­ze çyk­ýar. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, dik we ke­se çy­zyk­lar agyr ke­sel­le­ri ge­çi­ren adam­lar­da dö­re­ýär. Bu ýag­daý saç düş­me ala­mat­la­ry bi­len bag­ly bo­lup bi­ler.

• Gü­ber­çek dyr­nak­lar. Dyr­na­gyň pök­ge­rip çem­çe ýa­ly ös­me­gi dyr­na­gyň tö­we­re­gin­dä­ki şi­kes­len­me­ler ýa-da de­ri ke­sel­le­ri bi­len bag­ly ýü­ze çyk­ýar. Şeý­le dyr­nak­lar köp­lenç de­mir ýet­mez­çi­li­gi­niň ga­naz­lyk ala­ma­ty hök­mün­de kes­git­len­ýär.

Dyr­na­gy­ňy diş­le­mek en­dik­mi ýa-da ýet­mez­çi­lik?
Der­ma­to­log­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, dyr­na­gy­ňy diş­le­mek ada­ty bir en­dik bo­lup, köp­lenç stres se­bäp­li ýü­ze çyk­ýar. Dyr­nak­la­ryň tö­we­re­gin­dä­ki de­ri­ni ýa-da dyr­na­gy diş­le­mek do­wam­ly bol­sa, on­da luk­ma­na ýüz tut­maly. Çün­ki bu ýag­daý uza­ga çek­se, nerw ul­ga­my bi­len bag­ly dür­li bo­zul­ma­la­ry güýç­len­di­rip bi­ler.
14
25
stella_🖤
30 Awgust 2024
👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.