senorita
01.06.2024 00:10


ELEKTRON POÇTANYŇ GYSGAÇA TARYHY

1960-njy ýyllaryň başynda kompyuter esasly habarlaşmalar durmuşa geçirilip başlanýar. 1971-nji ýylda ulanyjynyň salgysyny kesgitleýän «@» elektron poçta nyşany hödürlenip, ilkinji hat Öňdebaryjy gözleg taslamalary gullugy (ARPANET) tarapyndan tora iberilýär.

Hususy elektron poçta (e-poçta) ulgamlary 1980-nji ýyllarda ýüze çykyp, 1990-njy ýyllarda web-poçtalar köpçülige ýaýrap başlaýar. 2000-nji ýyllarda dünýäniň köp ýerinde ýörgünli aragatnaşyk ulgamyna öwrülen e-poçta smartfonlaryň tehniki aýratynlyklarynyň kämilleşdirilmegi bilen alyş-çalyş işlerini has-da ýeňilleşdirdi.
E-poçtanyň ýörgünli bolmagy bilen, has dogrusy 1990-njy ýyllardan başlap, faks enjamyndan peýdalanmak görnetin azaldy.
15
42
senorita
1 Iýun 2024
Ýañky posta sygmady, aýratyn paýlaşmaly boldy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.