senorita
01.09.2024 18:48
XIX asyryň ahyrynda daniýaly Waldemar Poulsen telegrafon atly ses ýazgysyny edýän we ony soñundan diňläp bolýan enjamy oýlap tapýar. Magnitli sim arkaly ses ýazdyryp bolýan bu enjamdaky ses o diýen dury çykmaýan eken. Şeýle hem ses ýazgysyny edip bolýan simiň enjamyň İçinde ýerleşýändigi sebäpli, ses ýazgysyny uzak wagt saklap bolmaýan eken.

Poulsen bu açyşyny 1900-nji ýylda Parižde geçirilen Exposition Universelle sergisinde köpçülige görkezýär. Poulsen Kopengagen telefon kompaniýasynda işläp, ykjam diskiň hem ilkinji hasaplanýan enjamyny oýlap tapýar. Poulsenden öň şeýle açyşy hiç kim tassyklatman eken. Şeýlelikde, ol ses yazgy edýän ilkinji adam hasaplanýar.

1928-nji ýylda nemes inženeri, doktor Fritz Pflaumer (1881-1945) magnit külkesini ýukajyk kagyzyň ýüzüne ýelmemegi başarýar. Bu usul şondan soñra uzak wagtlap peýdalanyljak täze açyşyň ilkinji ädimi bolýar. Şeỳlelikde, ses lentasyna ýazgy etmek usuly emele gelýär. 1930-njy ýylda merkezi edarasy Berlinde ýerleşýän AEG kompaniýasy Pflaumeriň usulyndan peýdalanyp, magnitofon atly ses ýazgy edip bolýan enjamy öndürýär. Kompaniýa ýazgy lentasyny işläp taýýarlamak üçin plastika öndürmekde uly tejribe toplan BASF kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. BASF kompaniýasy işläp taýýarlan ulgamynda demir oksidi bilen örtülen, insiz emeli sellýulozadan peýdalanýar. Şeýlelikde, ýazgy etmek üçin lentanyň magnitlenmegi üpjün edilýär. AEG kompaniýasynyň ilkinji K1 atly magnitofony hem-de BASF-yň magnitti lentasy 1935-nji ýylda Berlin Radio sergisinde köpçülige görkezilýär. Enjamda iki disk bolup, magnitofon bu disklere saralan lentalaryň aýlanmagy bilen ýazgy edýär we şol ýazgyny gaýtadan diňläp bolýar. K1 magnitofony geçen asyryň ikinji ýarymynda dünýäniň beýleki ýurtlaryna giñden ýaýraýar.

Magnit lentasyna ýazgy edýändigi üçin şeýle at ilki haryt nyşanynyň ady hökmünde ulanylan hem bolsa, soňlugy bilen beýleki dillere ýazgy edilen lentadaky sesi aýtdyryp bilýän enjamyň ady hökmünde geçýär. Şeýlelikde, köp dilde magnitofon ýa-da magnitofon görnüşinde ulanylýar. Magnitofonyň birinji bölegi magnit sözünden gelýän bolsa, «fon» sözi grekçede ses diýmegi aňladýar. Üns beren bolsañyz, telefon, mikrofon, diktofon (gepleşigi ýazdurmak we gaýtadan eşitdirmek üçin enjam) ýaly ses bilen bagly enjamlaryň köpüsiniň soñy «fon» sözi bilen tamamlanýar.
14
61
PILOT👮‍♂️✈🛩
2 Sentýabr 2024
meselem 🤷‍♂️ magnitafon
myrataly_
2 Sentýabr 2024
@mugallym_, 🥺aŷa barylany ŷalanmy
mugallym_
2 Sentýabr 2024
@myrataly_, adamzat 40 km dan ýokaryk çykyp görenoga.
myrataly_
1 Sentýabr 2024
@senorita, bolup biler
senorita
1 Sentýabr 2024
@myrataly_, ýalandyrla :/
myrataly_
1 Sentýabr 2024
@senorita, Gorkunc kinolardaky ŷaly
senorita
1 Sentýabr 2024
@myrataly_, nãhili ses 🤔
myrataly_
1 Sentýabr 2024
Bir zat ŷadyma düşdida şu wagt. Arada bir wideoda güniň çykarŷan sesi diŷip görkezipdirler,çynmykaraŷ. Eger çyn bolsa gatyja gorkunçdy😳
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.