senorita
10.08.2024 23:55
Şu gije şeýlebir agladym eje

Darygyp dõrese ýũrek gysylmam,
Ýaramaz tukatlyk basýar kõp gije.
Gursagym bu giñ ãleme-de sygman,
Şu gije şeýlebir agladym eje...

Gõwnũme has ýakyn alyp her zady,
Pikirlenýãn, oýa batýan men niçe.
Bildirmezlik islesemde yzamy,
Şu gije şeýlebir agladym eje...

Içki howsalany daşa bildirtmãn,
Bukup gezdim duýgularymy ençe,
Ejizledim, gizlemesini bilmãn,
Şu gije şeýlebir agladym eje...

Ýũregimiñ agyrsy berenok a:ram
Sũpũrýãn ýaşymy ýetişdigimçe,
Daşymdana bagtly gõrũnýãn ýalam,
Içimi nãbilsin õzgeler eje?!
Şu gije şeýlebir agladym eje...

✍🏻 Leýli Orunowa
17
40
Islam_Atayew
11 Awgust 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.