senorita
02.06.2024 22:20



Bir-biregi tanamzogam üýtgeşik,
Ýakyndanam görmändik ýol öterlik.
Emma, seni görmek asla gerek däl,
Kalbyň gördüm, maňa şolam ýeterlik.

Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl,
Mydam gabat gelse içki dünýämiz.
(Öte geçip aýtýandyryn öýdemok,
Başdan meňzeş döredilen dünýä biz)

Söýen ýürek rahat urup bilermi,
sen uzakda gözleriňi ýaşlasaň?!
Bilgin, mende geljek sary umyt bar,
Ejizligi ýola çykman taşlasaň.

Süýji sözler, süýji arzuw edeli
Ajy sözler, kalba neneň çümmejek?!
Men saňa dagdan beýik bagt bermekçi,
Senem ynam berseň, birje çümmüjek!

✍🏻 Ylham Gurbanalyýew

Ýerine ýetiren: @senorita
33
276
senorita
3 Iýun 2024
@soyg, Minnetdar 🌷
soyg
3 Iýun 2024
Gowy okapsynyza👍
senorita
3 Iýun 2024
@ayyaly, 💜🌺
senorita
3 Iýun 2024
@gul✿, 🌼🧡
senorita
3 Iýun 2024
@jucc, @garlawac, @flowers_, Minnetdar 🥰🌸
senorita
3 Iýun 2024
@geldiyevna, Sag boluñ 🌺 Imodan ugradarn )
senorita
3 Iýun 2024
@gul✿, Salam gũlũm 🤗 Gowumy õzũñ? Minnetdar 🌹
flowers_
3 Iýun 2024
Owadan:)
jucc
3 Iýun 2024
jucc
3 Iýun 2024
Tuweleme gowy gosgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.