sahet_ashyrov
23.10.2020 13:10
EPENDILI DEGIŞMELER

▶ Kakasynyñ doganynyñ gyzy

Ependini öýlendirmek üçin kakasynyñ doganynyñ gyzyna söz aýdypdyrlar. Emma ara baýyñ ogly düşensoñ, Ependä gyz bermejeklerini habar edipdirler. Aradan üç ýyl geçenden soñ, doganoglan uýasynyñ äri tarpa-taýyn aradan çykypdyr. Ependi köşeşdirmek üçin onuñ ýanyna baranynda:
- Hudaýa şükür, seniñ maña berilmäniñ oñat bolaýypdyr. Ýogsa, seniñ adamyñ deregine men ölmeli bolardym - diýipdir.
Doganoglan uýasy Ependini gowy görse-de, ondan özüne ýakynlygyñ ýokdugyny añansoñ, miras galan baýlyga garaşyp, oña gaharlanypdyr, şondan soñ bolsa ony gapysyndan goýbermändir.

▶ Henizem giç däl

Bir goja Ependiniñ üstünden gülmek maksady bilen oña:
- Seniñ ejeñ ölenine gaty gynandym, ölmedik bolsa men oña öýlenip, senem ogul edinäýjekdim - diýipdir.
- Beýle etmeklik häzirem giç däl? - diýip, degişgen goja geñ galypdyr.
- Ol ap-añsat, sen gyzyñy maña berersiñ welin, men seniñ ogluñ bolaryn-da.

▶ Kömek edip biljek däl

Ependi oýnap ýören oglanjyk döwründe şähere gezmäge gelen minara çykyp, azana gygyryp duran azançyny görüpdir. Ol aşakda duran ýerinden:
- Daýy, men näme alaç edeýin? Şahasyz, çybyksyz agaja özüñ münüpsiñ, onsoñ men saña nädip kömek edip bilerin? -diýip gygyrypdyr.

▶ Jennetdäki peri däl

Nasreddin Ependiniñ aýalynyñ ady Peri eken. Uruş başlanan wagtynda Teýmirleñ akyldary ýanyna çagyryp:
- Men seni serkerde edip belleýärin. Eger eden ýörişiñ şowly bolsa, at-abraý bilen baýlyk alyp gelersiñ. Eger söweş meýdanynda gurban bolmaklyk kysmatyñda bar bolsa, onda Allatagalanyñ perişdeleri seni jennete alyp gelerler, onsoñ sen hüýr-perileriñ arasynda keýpi-sapada bolarsyñ - diýip, oña öz emrini yglan edipdir.
- Meniñ öýümde özlerim bar. Oña jennetdäki peri diýmeseler diýmesinler, onuñ zyýany ýok. Indi oña jennetdäki peri diýdirmek üçin şeýle muşakgatly agyr hem-de howply ýörişe gitmek nämä gerek. Birden Allatagalanyñ maña bagyş eden iñ gymmatly zadyndan, ýagny, janymdan jyda düşäýmegim ahmaldyr.

▶ Aýal ýaşy

Ependi jahyl mahallary öýlenmek isleýändigimi öz uýasyna aýdypdyr. Uýasy gözläp-gözläp ahyry bir gyz tapypdyr.
Molla uýasyna ýüzlenip:
- Bolýar men razy. Ýöne meniñ üçin gözläp tapan gyzyñ ýaşy näçe? - diýip sorapdyr.
- Üstümde Alla bar, men ondan ýaşynyñ näçedigini soradym. Ol: "Bilemok" diýýär. Ýöne ol ýaş - diýip, uýasy jogap beripdir.
- Ýok, beýle bolsa ol maña gerek däl -diýip, Ependi garşy çykypdyr.
- Näme üçin? - diýip, uýasy sorapdyr.
- Sebäbi onuñ ýaşy bir çene ýetipdir.
- Sen ony nireden bilýäñ?
- Otuzdan agan aýallar mydama ýaşlarynyñ näçedigini bilenoklar. Eger ol şeýle diýýän bolsa, diýmek, olam otuzdan agandyr.

▶ Gök monjuklar

Ependi iki sany gyzy gowy görýär eken. Günlerde bir gün ol iki düzüm gök monjuk satyn alyp, olaryñ hersini bir gyza sowgat beripdir.
Özleri barada edilýän gürrüñleri eşidip, gyzlaryñ ikisi hem Ependiniñ ýanyna gelip:
- Sen biziñ haýsymyzy halaýarsyñ? - diýip sorapdyrlar.
- Haýsyñyza gök monjuk sowgat beren bolsam, şonam halaýaryn - diýip, ol mekirlik bilen jogap beripdir.
11
325
sahet_ashyrov
22.10.2020 10:34

Gazawat urşy (dowamy)...
Soňky bölümler.

♣ HARBY TÖLEG

Ýomutlar düýbünden derbi-dagyn edilip, olaryñ köp sanly mallary olja alyndy. Gyşa niýetläp basyp goýan bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. Ýaşaýan obalarynyñ ýerinde bolsa diñe kül üýşmekleri galdy. Ýörişiñ dowamynda obalaryna dolanmagy we boýun egmegi hyýallaryna-da getiemezlikleri olaryñ tekepbir ruhunyñ mizemändigini görkezýärdi. Olar tä Kaufman Buharanyñ üsti bilen Daşkende tarap ýola düşýänça birnäçe hepde çölüñ içinde entäp, itiñ gününi gördüler. Men Ýewropa ugramazymyñ öñ ýany ýomutlaryñ öz goñşulary bolan özbekleriñ üstüne çozup, ruslaryñ ýetiren zyýanynyñ belli bir böleginiñ öwezini dolýançalar talandyklaryny eşitdim. Ýöne şondada olaryñ Kaspiniñ kenarynda, Etrekde ýaşaýan teke türkmenlerine özlerini tekeleriñ ýurduna kabul edilmegini sorap, öz ilçilerini ýollandyklaryny gürrüñ berdi. Tekeler eger ýomutlar olara raýat bolmaga boýun bolsalar, olar üçin Kaspiniñ kenarynyñ we Etregiñ gapysynyñ açykdygyny aýdypdyrlar... Kaufmanyñ maña aýdan zatlary çyn bolanlygynda, ýomutlaryñ iñ bolmanda az sanlysynyñ ol ýerik göçüp gidendigine ynanýaryn.
Kaufman goş ýazdyrandan soñ, Hywa türkmenleriniñ beýleki tireleriniñ bir hepdäniñ içinde harby töleg tölemeklerini talap etdi. Eger olar aýdylany etmeseler, ýomutlaryñ gününe duçar boljakdyklaryny duýdurdy. Olar Kaufmanyñ üstüne öz serdarlaryny iberip, harby töleg tölejekdiklerini, ýöne berlen möhleti uzaltmagy soradylar. Kaufman tölegiñ möhletini 14 güne çenli uzaltdy.
Türkmenler her öýden 15 tylla ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling ýygnamalydylar. Garajalar bolsa, her öýden 20 tylla ýa-da 5 funt sterling bilen 7 şilling tölemäge borçly edildi. Türkmen tireleriniñ tölemeli salgytlary jemi 42.500 funt sterlinge barabardy. Bu san nemesleriñ fransuzlardan ýygnan salgydyndanam köpdi. Onuñam üstesine türkmenler fransuzlardan has garyp ýaşaýardylar.
Birki gündeb türkmenler bahasy birnäçe müñ manada barabar bolan kümüş pullary, bilezikleri we başga şaý-sepleri iberipdirler.
Birnäçe günden soñ berkitmämizde geb galdyran waka boldy. Türkmenler pullaey bolmansoñ, atlaryny, düýelerini, halylaryny ýetmezlerini dolmak üçin äkeldiler. Getiren zatlaryny olar biziñ ofiserlerimize gymmat bahadan satyp başladylar. Ruslaryñ köpüsi ajaýyp türkmen atlarynyñ ölemen aşygydy. Ol atlar geçen söweşlerde özlerini görkezip bilipdiler. Onuñam üstesine-de olaryñ ýekejesinem ele salmak başartmandy. Türkmenler bu gezegem satmak üçin ýa-ha ýaramaz atlaryny getiripdirler, ýa-da olaryñ aty ýomutlaryñkyça ýokdy. Olaryñ getiren atlarynyñ insiz döşi, edil towşanlaryñky ýaly ýerleşen aýagy, ullakan kelleleridir gulaklary, inçeden uzyn guýruklary bardy. Ýallary bolsa ýok diýen ýalydy. Leýtenant Stam Hywa ýörişinde ele salnan ata seredip, türkmenleriñ atynyñ tohumynyñ zaýalanandygyny, hatda olaryb gyrgyzlaryñkyça-da ýokdugyny aýtdy. Men onuñ hakyky türkmen atyny görmändigine kepilem geçip biljek. Türkmenler öz atlaryny añsat-añsat satmaýarlar...
Türkmenler getiren atlarynhmy ruslara örän gowy bahadan, ýagny 20 funt sterlingden 50 funt sterlinge çenli bahadan satdylar. Olaryñ getiren halylarynam höwes bilen satyn alýardylar. Ýogsam olja alnan haly öñem az däldi. Iñ ýaman ýerem türkmenler halylaryny örän gymmat bahalaýardylar. 4 ýard uzynlygy, 2 ýard ini bolan halylaryń bahasy 4 funt sterlingden 5 funt sterlinge çenlidi. Iñ gyzykly ýerem türkmenler aýdýan bahalaryndan bir köpügem aşak düşmeýärdiler. Isleseñ-ä aýdylan baha satyn al, islemeseñem öz ýoluñ bilen gidiber.
Bu halylary türkmen aýallary dokaýar. Munuñ ýaly nepis halylara başga ýerde añsat duşmarsyñyz. Her maşgalanyñ hiç hili üýtgeşiklere sezewar bolman nesilden nesile geçip gelýän öz nusgasy bar. Halylar gyzyldyr ak reñkli ýüñden dokalyp, olaryñ käbir ýerinden inçejik ýaşyl we goñur zolaklar geçýär. Olaryñ ömürem ýyrtyljak gümany ýok.
Näçe geñ görseñem, harby tölegiñ agramlysyny aýallar töledi. Her bir türkmen aýalynyñ kümüşden ýasalan bilezigi, monjugy, bilezigi, ildirgiçleri, gupbasy bolýar. Türkmenleriñ atlaryndan başga esasy baýlygy şol şaý-seplerinden ybaratdyr.
Kaufman şaý-sepleriñ her funtuny 25 manatdan satyn aldy. Olar durşuna kümüşden bolup, ussat zergäriñ elinden çykan zatlardy. Olaryñ agramy-da ep-esli bardy. Iki bilezik bir funtdanam agyrdy. Olar ýukadan inli bolup, "C" harpyny ýa-da salýardy. Özlerem köplenç gyzyl çaýylan we maşat gaşlydy.
Ruslarub doýmaz-dolmaz nebsini kanagatlandyrmak üçin türkmen aýallarynyñ ýüregi gyýlandyr...
Ofiserler tarapyndan düzülen komissiýa 10 günläp kümüşleriñ agramyny çekip, olara baha kesmek bilen meşgul boldy. Olar her gün ertirden agşama galman işlediler.
Kaufmanyñ bellän möhletine çenli ýygnalmaly salgydyñ diñe ýarsyna golaýy, ýagny 20 müñ funt sterling kabul edilip alyndy. Türkmenleriñ beýle uly mukdardaky salgydy näçe jan çekselerem gysga wagtyñ içinde ýygnap bilmejekdiklerine gözi ýeten Kaufman galan 22 müñ 500 funt sterlingi indiki ýyl ýygnamagy makul bildi.
Türkmenler beýle uly mukdardaky salgydy göwünjeñlik bilen beräýenlerinde hem birnäçe hepdäniñ içinde ýygnap bilmejekdikleri göze görnüp durdy. Goşuna bolsa 1-nji sentýabra çenli, heniz sowuk düşmänkä çöllügiñ içi bilen Buharanyñ üstünden geçip, Daşkende tarap ýola düşmek hökmandy.
Dogrudanam, türkmenler uly möçberdäki salgydy ýygnamak kyndy. Pul ýetmezçiginden başga-da, her öýden näçeräk salgyt ýygnamalydygyny hem anyklamalydy. Öñ aýdyp geçişim ýaly, türkmenleriñ öz döwleti ýokdy. Olarda her öý üçin salgydy kesgitläp, tölemäge mejbur eder ýaly hiç kim ýa häkimiýet ýokdy. Olar ömür salgyt diýlen zady töläp görmänsoñlar, her hojalygyñ näçeräk salgyt tölemelidigini, ony kesgitlemek üçin näme etmelidigini bilmeýärdiler. Salgydyñ möçberi uly bolansoñ ýerli salgyt ýygnaýjylar guramasyny döretmek hökmandy. Kaufman olaryñ ýaşulylaryna kömek bermek maksady bilen şular ýaly ýagdaýlarda näme etmelidigi barada görkezme berişdirýärdi. Kaufman olara salgydy her öýde näçe sygryñ, goýnuñ, atyñ, düýäniñ bardygyny hasaplap, şoña görä ýygnamagy maslahat berdi. Emma ony türkmenlere düşündirmek kyndy. Olar kimiñ maly köp bolsa, şonuñ pulunyñ azdygyny, şoña görä-de olaryñ köp mukdarda pul töläp bilmejekdiklerini, pully adamlaryñ bolsa pullaryny ýygnap goýup, umumy bähbit pul tölemekden boýun towlaýandyklaryny aýdýardylar. Kaufman olara pulsuz adamlaryñ pullulardan karz alyp, indiki ýyl onuñ ýerine sygyr ýa-da goýun berseler has amatly boljagyny düşündirjek bolýardy. Ol ýaşululara puly hemmeleriñ gatnaşmagynda karz almagy maslahat berdi. Gepiñ gysgasy ol türkmenlere milli bergini tölemek üçin öz guramalaryny döretmelidiklerini düşündirjek bolup, elinden gelenini etdi. Emma bu zatlar türkmenlere geñdi. Şonuñ üçinem Kaufman olaryñ öz aladalaryny özleriniñ çözmelidigini aýdyp, ara goşulmagyny bes etdi...

♣ RUSSIÝA WE ANGLIÝA AZIÝADA

Men şu wagta çenli Russiýanyñ Hywa hanlygyna garşy näme sebäpli urşandygyny size gürrüñ bermedim. Onuñ sebäplerini iki agyz sözde hem düşündirip bolar. Birinjiden-ä, hywalylar ruslaryñ 21 sanysyny ýesir alyp, gul hökmünde saklaýardylar. Olar diñe ýöriş başlanmazynyñ öñüsyrasy boşadyldy. Ikinjiden bolsa, hywalylar rus täjirleriniñ kerwenlerini häli-şindi talaýardylar. Hywa hany ýa-ha öz raýatynyñ adamlaryna päsgel bermek islänokdy, ýa-da olara onuñ hökmi ýöränokdy. Sebäbi talañçylyk köp ýyllardan bäri dowam edip gelýärdi.
Eger başga, örän möhüm zat bolmadyk bolsady, onda bu ýörişiñ sebäplerini ýokarkylar bilen düşündirse-de bolardy. Şeýle bolsa, bu ýöriş diñe ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak üçin edilen ýaly bolup görnerdi. Ýöne ýörişiñ esasy sebäbi başgady. Ruslar Orta Aziýada galan ýeke-täk hanlygy özlerine boýun egdirip, öz serhetlerini Buharanyñ añry ýanyndaky derýanyñ ýakalaryna çenli uzaltmak isleýärdi.
Hywa hany bilen gol çekilen şertnama görä, ruslaryñ serhedi 300 mil günorta süýşüp, olar 80 müñ millik territoriýany özlerine birleşdirmek bilen, Oguz diýlip atlandyrylýan ýurdy tutuşlygyna öz golastyna saldy.
Kaufman Hywadan çykmanka derýany gowy öwrenipdir. Soñ görlüp oturylsa, hywalylaryñ derýadan gelýän kanala basan dykynlary aýrylan eken. Kanalyñ açylmagy ruslaryñ gämisiniñ Hywa çenli, hatda ondanam añryk ýüzüp barmagyna mümkinçilik döredipdi. Ondan başga-da bu Gazala bilen Hywanyñ arasynda añsat hem çalt gatnaşyk edilmegine mümkinçilik berjekdi. Men polkownik Şuwalow bilen graf Granwiliñ baglaşan şertnamalarynyñ näme hakdadygyny anyk bilemok. Meniñ pikirimçe, ruslar günorta Oguzyñ territoriýasyny özlerini birikdirmezlik hakynda ylalaşyga geldilermikä diýýärin. Onuñ şeýledigini hanlygyñ Rus döwletiniñ wassalyna öwrülip, Hywa hanynyñ öz çäksiz hökümdarlygyndan dynandygyna garamazdan, ruslaryñ şertnamasynda-da görmek bolýar. Hanyñ tutuş hanlyga jogap berýändigine garamazdan, ruslardan soraman ýekeje ädim hem ädip bilmeýärdi. Elbetde, şertnamanyñ her bir tarapyny alanyñda hem ruslaryñ hukugy agdyklyk edýär. Hanlygyñ adamlary hem ruslaryñ doly raýatyna öwrülipdi. Ruslar bu ýerik edil öz öýlerine girip-çykyşlary ýaly gelip-gitmäge haklydylar.
Ruslar graf Granwiliñ eden ähtine garamazdan, Hywany özüne birikdirip biljekdi. Ýöne olara ýokardaky ýaly şertnamany baglaşmak has amatlydy.
Hereket edýän şertnamanyñ täsiri astynda hywalylaryñ Russiýa bolan garaýyşlary oñatlyga tarap özgerip ugrady. Ruslaryñ agalygyny öz adamlarynyñ göwünjeñlik bilen kabul etmeklerinde hanyñ özüniñem oýnaýan roly uludy. Hywalylaryñ harby töleg töläp gutarmazlaryndan has öñ hanyñ ölümi ýa-da başga bir şuña meñzeş waka bilen baglylykda ruslaryñ Hywany añsatlyk bilen özlerinw birikdirjekdiklerine men ýekeje-de ikirjiñlenemok. Siz, belki, men Russiýanyñ Orta Aziýada bolmagy bilen baglanyşykly syýasy wakany gürrüñ berer öýdüp garaşýansyñyz. Elbetde, men käbir zatlary gürrüñ berdim. Ýöne olaryñ size az bolup görünmegi mümkin. Meniñ bu gysgajyk ýörişe gatnaşan döwrümde gürrüñ berer ýaly täze soraglar kän bir ýüze çykmandy. Bu ýerde hiç wagt bolmandygyna garamazdan, maña garanda Russiýanyñ Orta Aziýada ýöredýän syýasatyny has aýdyñlaşdyryp biljek adamlar bar.
Ser Genri Rawilson, mister Mişel we başgalar Russiýanyñ Orta Aziýadaky syýasatyny köp ýyllaryñ dowamynda öwrendiler. Orta Aziýa wakalaryny has doly we takyk bilmek isleýän adamlar olaryñ işlerini okap bilerler. Mister Şuler hem-de mister Agiton Dilke Orta Aziýa barada ýazan işlerini çap etjek bolup ýörler. Olaryñ işlerinde hem Russiýanyñ Türküstandaky syýasaty hakynda doly we gymmatly maglumatlar bar.
Men ýene-de bir zady aýdyp biljek. Meniñ pikirimçe, Hywany basyp alandan Hindistana ýöriş eden bolsa, Russiýa üçin has peýdaly bolardy. Hywanyñ syndyrylmagy Muhammet hanyñ Orta Aziýadaky ähli halklary üçinem uly urgudy. Buhara syndyrylandan soñ Hywa Orta Aziýada salgyt tölemeýän, aýak sekip bolmaýan, yslamyñ iñ soñky daýanjy bolan ýeke-täk galady. Ondan başga-da Hywanyñ syndyrylmagy uly meýdany tutýan Orta Aziýanyñ halkyna Russiýanyñ ýeñilmez döwletdigini ýene-de bir gezek subut edipdi. Ýöne bu zatlara garamazdan Hywanyñ boýun egdirilmegi Russiýa üçin ullakan ähmiýete eýe däldir. Russiýanyñ Orta Aziýadaky häzirki mümkinçiliklerini nazara alsañ, onuñ Hindistana ýöriş etmegi üçin iki sany amatly ýoly bar. Birinjisi, Kaspiniñ günorta kenar ýakasy bilen Persiýanyñ Hyrada çenli demirgazyk serhetleriniñ üstünden tä Hindistanyñ günbatar araçäklerine çenli uzalyp gidýän, uzynlygy 1.000 mile golaý bolan ýol. Eger şu ýol bilen ýöriş edilse, Hywanyñ rus harby ýörişine çigit ýaljagam peýdasynyñ ýokdugyny kartadanam görünýär. Ikinji ýol bilen Samarkantdyr Buharanyñ üstünden geçip Kerkä, ondanam añryk Amyderýanyñ kenar ýakasy bilen Gunduza baryp bolýar. Hywa Kerkiden 375 mil demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Şoña görä ol ýene-de ýörişiñ ýolundan sowa düşýär. Ondan başga-da bu aralygyñ uly bölegini çöllük tutup, Amyderýanyñam kenar ýakasynyñ köp bölegi ilatsyzdyr. Şonuñ üçinem bu ýol bilen ediljek ýörişde Hywanyñ ähmiýeti ýok diýerlikdir.
Ruslar öz gämileriniñ kömegi bilen goşunlaryny Syrderýanyñ üsti bilen Aral deñzine eltip, ondanam Amyderýa bilen öñe süýşüribem biler ahyryn diýmekleri mümkin. Birinjiden-ä, beýle uly goşuny ýüklär ýaly Aral deñzinde ruslaryñ uly gämisi ýok, ikinjidenem, Amyderýanyñ Kerkiden ýokarsy ýüzüş etmek üçin amatly däldir. Şonuñ üçinem bu planam kämillikden daşdyr.
Men Russiýa Orta Aziýada ömürboýy agressiw syýasat ýöredýär diýip pikir edýän adamlar bilen ylalaşmaýaryn. Olaryñ ýörişine Orta Aziýada harby agalygy berkarar edip, hanlyklaryñ boýnyýogyn syýasatyny öz ellerine alyp, tapawutlanmak ýa-da öwünmek islegi sebäp bolanok. Olar Hindistanyñ üstüne ýöriş etmek üçinem gaty bir alñasap baranoklar. Ýöne olar Iñlis we Rus imperiýasynyñ aralygynda ýerleşýän çäksiz giñişligiñ öñde-soñda şu iki ýurduñ haýsy hem bolsa biriniñ koloniýasyna öwrüljekdigine ymykly göz ýetiripdirler. Şonuñ üçinem olar başardyklaryça köp ýeri basyp almagy ýüreklerine düwüpdirler. Russiýanyñ häzirki syýasaty şundan ybaratdyr.
Ruslar agressiw syýasat edýärlermi ýa-da ýok, barybir olaryñ syýasatynyñ netijesi agressiwlige baryp direýär. Olar ýuwaşlyk bilen Hindistanyñam üstüne sürünýärler. Orta Aziýada öz agalyklaryny berkarar edensoñlar olar üçin Hindistana ýöriş etmäge uly ýol açyljakdygy ikuçsyzdyr. Iñlisleriñem Ýewropada uruş etmek meýilleriniñ barlygyny ýa ýoklugyny Bosfor wakalary görkezdi. Şonuñ üçinem iñlisleriñ gündogardaky imperialistik meýillerine garşy ruslaryń garşy durmagy bolup biljek zatdyr.
Samaradan Samarkanda çenli demir ýoly çekilensoñ, wakalaryñ başga hörpden gopjakdygy mälimdir. 100 müñ adamly goşuna gerek zatlary demir ýoluñ kömegi bilen Samarkanda ýygnap, olary 30 günüñ içinde Kerkä aşyryp boljak. Kerkiden Gunduza çenli bary-ýogy 250 mil. Goşun bu aralygy 12 günüñ dowamynda geçip biljek. Kerkini basyp almaklary ruslaryñ Hindistana garşy eden ýene-dw bir ädimi bolar. Buhara häzirki wagtda bütinleý Russiýanyñ howandarlygy astynda. Meniñ pikirimçe, ruslardyr iñlisleriñ arasyndaky Russiýanyñ Buharany basyp almaly däldigi hakdaky şertnama ýok.
Ruslar Buharany basyp alansoñlar olaryñ Kabul bilen serheti 150 mile ýeter. Men bu zatlaryñ üstüne ýene-de bir örän gyzykly hatyñ göçürmesini goşýaryn. Bu haty taşlanyp gidilen türkmen arabalarynyñ arasyndan polkownik Şuwalow tapypdyr. Bu hat leýtenant Şekspiriñ köp sanly kagyzlarynyñ biri bolmaly. Hat Peterburg köşgündäki iñlis ilçisi markiz Klanikarda niýetlenip ýazylypdyr.

◆ ◆ ◆

Daşary işler ofisi,
03.02.1840 ý.

"Gadyrdan lord!
Men rus imperatorynyñ dilinden ýazyp alan N#3-nji hatyñyzy aldym. Men Siziñ Alyhezretleriñiziñ ünsüni Onuñ Alyhezretleriniñ: "Ekspedisiýanyñ maksatlarynyñ biri geljekde Hywada asudalygy üpjün etmekdir" diýen sözlerine çekesim gelýär. Bu sözlerden görnüşine görä, Russiýanyñ esasy maksady özüne ýetirilen zyýanyñ öwezini dolmak däl-de, Hywa hanlygyny Russiýanyñ golastyna salmak bolup görünýär. Wakanyñ şeýle ýagdaýa eýe bolmagy ruslaryñ iñlisleriñ Hindistandaky agalygyna garşy uruş köprüsini salýandygyny bellemäge mejbur edýär. Bu ýagdaý general-gubernatory Onuñ Alyhezretlerini (iñlis korolewasyny) dünýäniñ gündogar bölegindäki raýatlaryndaky asudalygy geljekde gorap saklamak üçin hökmany goranyş çärelerini geçirmäge mejbur etjekdigi ikuçsyzdyr.

Palmerston.

◆ ◆ ◆

(üçünji bölümiñ soñy)...

Mak GAHAN,
amerikan žurnalisti.

Iñlis dilinden terjime eden: Ýazgylyç ÇARYÝEW.
4
61
sahet_ashyrov
21.10.2020 15:06
Gazawat urşy (dowamy)...

♣ KOWGY

Biz ertesi ir bilen ýörişi dowam etdik. Tiz wagtdanam gaçyp barýanlaryñ galdyryp giden zatlary duşup başlady. Ýoluñ ugrunda howlukmaç taşlanyp gidilen üsti ýükli arabalar durdy. Eýeleriniñ yzyna eýgermedik sygyrdyr göleler molaşýardy. Çatmanyñ içinde öldüriljek pursadyna gorky bilen garaşyp oturan, diñe süñk bilen ham bolup galan kempir, hasasyna söýenip durşuna bürgüdiñki ýaly gözleri bilen bizi synlaýan sandan galan garry görünýärdi.Golowaçýow türkmenleriñ yzyndan ýetmäge, başartsa, olary söweşmäge mejbur etmäge buýruk berdi.
Atly goşun yzynda tozan bulutlaryny galdyryp, gözden ýitdi. Pyýada goşun bolsa, ýuwaşlyk bilen öñe süýşüp ugrady. Ýarym sagat töweregi ýöränimizden soñ öñümizi suwly ýap kesdi. Bu ýerde biz iniñi jümşüldedýän sahnany synlamaga mejbur bolduk. Ýomutlaryñ öý-goşlary ýüklenen ýüzlerçe araba daş-töwerekde pytrap ýatyrdy. Gaçyp barýanlar ýabyñ darajyk köprüsinden goşlaryny geçirip bilmän bar zatlaryny taşlap gidipdirler. Olaryñ käbiri ýa-ha atlarynyñ ýoklugy sebäpli, ýa-da ruslar özlerine rehim eder öýdüp, bu ýerde saklanypdyrlar. Ýöne kazaklar olary ele salyp, çapym-çapym edipdirler. Öz ärleriniñ, söýgülileriniñ, doganlarynyñ jesetleriniñ penalap, edil lal ýaly bolup, gorkudan ýaña titreşip, ýalbaryjy gözlerini balkyldadyşyp, ýöne seslerini çykarman arabalaryñ aşagynda ýygrylyşyp oturan aýal-gyzlary synlamak hasam gözgynydy. Olar öz başlaryna-da mähribanlarynyñ gününe düşerine garaşýardy. Men töwerekde bolup geçýän zatlara çigit ýaljagam üns bermän oturan aýaly synladym. Ol gylyjyñ salan ajal ýarasyndan ölüp barýan äriniñ kellesini dyzynda saklap otyrdy. Eger onuñ äriniñ ýüzüne damyp duran gözýaşyny görmeseñ, doññara daş bolup oturyşy äriniñ ölümine parhsyz garaýar diýdirjekdi. Ol ruslardan birjigem gorkanokdy. Gam-gussa gorkynyñ üstüni basypdy. Ene-atalaryndan jyda düşen balajyklaryñ bolşuny synlamak çydar dagy eder ýaly eder ýaly däldi. Olaryñ birnäçesi arabalaryñ arasynda süýşenekläp ýörüşlerine aglaşýardylar, birnäçesi bolsa arabalardaky ýükleriñ arasynda oturan ýerlerinden çaga bilesigelijiliginden doly gözleri bilen bizi synlaýardy. Bir kiçijik gyzjagaz bolsa Golowaçýowyñ baýdagyna seredip, jakyrdap gülýärdi.Generalyñ we onuñ ştabynyñ bu ýerde az salym saklanjagyna garamazdan, men atymy öñe sürüp gitdim. Çar tarapda mas ýüklenen arabalar, gylyçdan geçirilen ýomutlaryñ jesetleri dagap ýatyrdy. Kysmatyna kaýyldygy görnüp duran goltugy çagaly 80 ýaşlaryndaky kempir ýoluñ ortarasynda ýygrylyp otyrdy. Onuñ gözlerini ýumup oturyşy depesinden injek gylyjy görmäge gurbaty çatmaýanyñka meñzeýär. Ol agtygynh elinden sypdyrjaga çalym etmeýärdi. Azajyk añyrrakda ýyrtyk-ýyrtyk giñ köýnekli owadan ýaş gelin arabanyñ aşagynda ýüzüni gara-gan edip otyrdy. Men erbet zady göwnüme getirmän oña pul uzatdym. Ol pulumy yzyna zybyrdadyp zyñdy-da sojamaga başlady...
Azajyk añyrrakda, ýoluñ ýakasynda ýüzüni gylyç çapan garry aýal ýatyrdy. Onuñ başynda topbusy bolmansoñ erkek adamdyr öýdülen bolmagy ahmal. Erkek göbeklä garşylyk görkezýänine ýa-da görkezmeýänine garamazdan, rehim etmezlik barada ýörite buýruk bardy. Bu meniñ gören ýaralylarymyñ arasyndaky ýeke-täk aýaldy. Men 2 mile golaý şunuñ ýaly elhençlikleri synlamaly boldum. Ýöne öñde 15-20 sany ýomuda gözüm düşüp, añey gitmäni goýbolsun etdim. Men bu ýerde goşunyñ gelerine garaşyp durkam şok töwerekde aýlanyp ýören atly türkmen peýda boldy-da maña garşy gaýtdy. Elinde taýakdan başga zat bolmasa-da onuñ bolup gelşi örän hyýrsyzdy. Men rewolwerime ýapyşdym. Emma ol menden birjigem çekinmän, iki rewolwerlidigime, tüpeñlidigime garamazdan, üstüme hüjüm etmäge hyýallanýan ýaly öz gorkunç gara gözleri bilen gazaply seredip, on ädim öñ ýanymdan geçip gitdi. Men ilkibada ruslaryñ edişi ýaly oña taýagyny taşlatdyryp, özüme boýun etmek isledim. Ýöne onuñ gaýduwsyzlygy, hiç zatdan çekinmezligi meni añk etdi. Onsoñam, ýaragsyz adamyñ üstüne sürünmek namartlyk boljakdy. Ol maña barmysyñam diýmän gözden ýitip gitdi. Onýança goşunam yzymdan ýetdi. Biz şeýdip ýene 4-5 mil öñe ýöredik. Biziñ öñümizden köp sanly goýun sürüleri, sygyrlar, düýeler çykýardy. Ýöne ýörişiñ dowamynda ýekeje atyñam ele salynmazlygy geñ galmazça däldi. Bu türkmenleriñ atlaryny janlaryndanam eý görýändigini añladýardy. Ýesir alnan ýa-da öldürilen türkmenleriñem atlary bolmansoñ, şeýle güne düşen bolmaklary mümkin. Men kazaklaryñ üýşüp duran arabalary talaýanyny görüp, olaryñ edýän işini synlamak üçin şol tarapa ugradym. Tiz wagtdanam 2 sany ýomudyń jesediniñ üstünden bardym. 3 ýaşlaryndaky gyzjagaz jesetleriñ arasynda duran ýerinden çaga mahsus ýygralyk bilen talañçylara seredip, sojap durdy. Onuñ bu ýerde galsa, suwsuzlykdan öljegi ikuçsyz bolansoñ, men ony öñümden çykan ilkinji aýala gowşurmak maksady bilen atymyñ öñüne aldym. Az salymdan ýene bir gyzjagaza gözüm düşdi. Men öñümdäki gyzjagazy ýoldaşym Çertkowa tabşyrdym-da ýañky gyzjagaza tarap ugradym. Ol görgüli bilmezlikde aýagyny gylyja gyýdyrypdyr. Ýarasyna çäge bary siñensoñ onuñ aýagy gaty agyrýan borly. Ýöne gyzjagazyñ gözünde nem ýokdy. Ol kakasynyñky ýaly gara, hyýrsyz, bilesigeliji gözleri bilen kazaklaryñ arabalary talaýyşlaryny synlaýardy. Men ony ata mündürmekçi bolamda ol gaçdy. Onsoñ men atdan düşüp, ony kowalap tutmaly boldum. Men tä tatarça bilýän sözlerimiñ baryny aýdyp, ony köşeşdirýänçäm ol dyrnaçaklap, däbşenekläp, meniñ bilen gitmekden boýun gaçyrdy. Menden zyýan görmejegine gözi ýetensoñ welin, boýnumdan gujaklady-da, süýji uka gitdi. Görgülijigiñ üst-başy edil şu wagt hapa suwly kölçä girip çykanyñka meñzeýärdi. Men ony gujaklap, gülkünç ýagdaýda esgerleriñ hatarlarynyñ arasyna aýlanyp ýördüm. Köp wagt geçmänkä edil gymmat bahaly daş tapan ýaly kiçijik bir gyzy goltuklap ýören ştab ofiserine duşdum. Ýomutlar gyzjagazlara oglanlara garanda biparh seredýän borly. Sebäbi biz taşlanyp gidilen ýeke oglanjyga-da duşmadyk. Biz sagat 11-lerde atlara dynç bermek, ertirlik edinmek üçin goş ýazdyrdyk. Türkmenler çar tarapa pytrap gidipdirler. Diñe birnäçe mil öñde atly türkmenleriñ birnäçesi üýşüp durdy. Olaryñ üstüne çozuş edeniñ peýdasy boljak däldi. General Golowaçýow ýomutlaryñ ýaşaýyş üçin ýaramly zatlarynyñ köp mukdaryny basyp alansoñ, ýörişi tamamlap, yza - Ýylanla dolanmagy makul bildi.
Ýolda duşan 5-6 sany aýala howandarlyk eden gyzjagazymy ýanlaryn almagy haýyş edip ýüzlenemde olar öz çagalarynam nätjeklerini bilmeýändiklerinu aýdyp, garşylyk görkezdiler. Olaryñ hersiniñ ýanynda 4-5 çaga bardy. Men olaryñ ýagdaýyna düşünip, gyzjagazy özüm bilen berkitmä alyp gitdim. Elbetde, ony çem gelen ýerde taşlap gitsemem edenime däl diýjek ýokdy. Ýöne şeýtjek bolsam, ony çöllügiñ içinde şagallara şam boljak bolup duran pursady alyp gaýtmazdym. Men gyzjagazy kime berjegimi pikirlenip, onuñ üçin ýomutlaryń goşlarynyñ arasynda dagap ýatan pagtadan arabanyñ aşagynda düşek ýasadym. Wraçyñ kömegi bilen onuñ ýaraly aýagyny ýuwup, dañyşdyrdym.
Ýarasyny dañan mahalymyz gyzjagazyñ çydamlylygyna haýranlar galdyk. Çäge siñen, azyp iriñlän ýarasyny arassalap, dañan mahalymyz agyry ýüregine ornap gidýän bolsa-da ol aglamady. Ony gowuja synlamak maksady bilen ýüzüni gazaşdyryp, ýuwamda onuñ eýjejik bir gyzjagazdygyny gördüm. Men oña suw hödürlämde suwa açgözlük bilen topuldy. Bu onuñ günüñ dowamynda ýeke-täk iýip-içen zady bolsa gerek. Olja alnan sygyrlardan saglyp alnan süýdüñ satylýanyny görüp, gyzjagaz doýar ýaly süýt satyn aldym. Süýtden ganan çagajyk süýji uka gitdi. Men bu edermen gyzjagaza şeýle bir öwrenişdim welin, onuñ ejesini tapan mahalymam ony öz ýanymdan goýberesim gelmedi. Ejesi çagajygy bagryna basyp oturan ýerinden maña minnetdarlyk bildirmek üçin ýekeje gezegem öwrülip seretmedi. Eger meniñ birden gerek bolaýmasyn diýip, talap alan çaga eşimlerimi oña geýdirenimi, ýene-de 10-12 ýyldan ol gyzjagaz durmuşa çykanda haladyna goşant bolup biljek gyzyldan edilen şaý-sepi berenimi göz öñüne tutsañ, gyzjagazyñ ejesiniñ maña beren "tañryýalkasyny" göwne jaý däldi. Hernäme-de bolsa, gyzjagaza hossar çykan kapyra onuñ öz ýüreginiñ töründen minnetdarlyk bildirenine ynanasym gelýär.
Ýörişiñ dowamynda ýesir alnan 50-60 sany aýala islän ýerlerine gitmäge rugsat berdiler. Esgerlere bolsa, derde ýarajak zatlary alyp, galanlaryny otlamaga buýruk berildi. Buýrugy kazaklar höwes bilen ýerine ýetirdiler. Olar esasanam halylary, ýüpek dañylaryny, geýim-gejimleri, kümüşden ýasalan şaý-sepleri talaýardylar. Ýoluñ üstünde esgerleriñ gerekmejek hasaplap zyñan zatlary - egrilmedik ýüpekler, köne halylar, çägä garylan bugdaý, mesge, öý goşlary çaşyp ýatyrdy. Olardan ýaña aýak basara ýer ýokdy. Sada türkmenleriñ uzak ýyllaryñ dowamynda peýdalanyp, hemralaryna öwrülip giden, köp sanly ýakymly ýatlamalara ýugrulan, ata-babalaryndan ýadygärlik galan zatlarynyñ guma bulaşyp ýatanyny görende ýüregiñ gyýlyp gidýärdi. Aýallaryñ ýykan-ýumran bolan zatlaryñ içinden küle öwrülen öýlerine ýaramlylaryny saýlap, gözden ýaş döküp oturyşlaryny göz öñüne getirseñ, hasam erbet bolýarsyñ. Ýöne mundan erbedine-de duşýarsyñ. Ine, 3 sany ýomudyñ jesedi ýatyr. Dört ýaşdan sekiz ýaşa çenli çagalar olaryñ daşyna egrilişip otyrlar. Olaryñ ekabyry - kiçijik gaýduwsyz oglanjyk başardygyndan beýlekileriñ aladasyny edýär. Ol öýlerinden galanja pagta, ýüpek böleklerinden, elem-tas köçelerden, halylardan arabanyñ aşagynda ýatar ýaly ýer edinmek bilen gümra. Men onuñ ýanyna atymy sürüp baran mahalym onuñ çaga ýüreginiñ ýigrençden dolandygyna birjikde şübhelenmedim. Ýene 20 ýyldan çagajygyñ özlerini nähili ýigrenendigine "kapyrlaryñ" gözi ýetmegi ahmal. Men olara tapan gaýmaklarymy getirip berip, esgerleriñ çagajyklaryñ gaçybatalga tapan arabasyny otlamazlygy barada aladalanyp, olary öz mähribanlary bilen gyrak-bujaksyz çöllükde galdyryp, goşunyñ yzyna düşdüm.
Ýörişiñ dowamynda men öldürilen çaganyñ ýekejesine duşdum. Ol kinniwanjady. Onuñ teninde ganyñ ýoklygyndan çen tutsañ, ol ýa-ha at toýnaklarynyñ astynda galan bolmaly, ýa-da başga bir şuña meñzeş sebäbe görä jan beren bolmaly.
Biz yza dolanyp barýarkak bar zady ýakyp ýandyrýardyk. Meniñ başda agzan suwsuz kanalymyñ boýuna ýetenimizde bu ýerdäki dagap ýatan arabalaryñ talanandygyny gördük. Bu ýerde galan aýaldyr çagalar bolsa ýitirim bolupdyrlar. Soñ görüp otursak, olaryñ az sanlysy henizem şu ýerde ekeni. Meni bir zat geñ galdyrdy. Kazaklar käte talañçylyklarynyñ arasyny kesip, çagajyklara nan-suw berip, ýene-de öz işlerini dowam edýärdiler.
Men Golowaçýowyñ baýdagyny görüp, jykyr-jykyr gülen gyzjagaza şol öñküje arabasynyñ üstünde otyrka duş geldim. Bu wagt iñrik garalyp gelýärdi. Ol görgülijik bolsa uzakly gün iýmän-içmän, özüniñ äkidilmegine garaşyp geçiren borly. Men pytrap ýatan zatlaryñ arasyndan peýnir bölegini tapyp, oña getirip berdim. Iñ kynam oña suw berer ýaly gap tapmak boldy. Ol ýerde 5-6 ýüze golaý araba münderlenip durdy. Olara ot berlensoñ, töwerekdäki arabalara-da ot düşüp başlady. Görsem, gyzjagazyñ oturan arabasyna-da ot düşüpdir. Men ony howpsuzrak ýere geçirip, gyzjagazy kime tabşyrjagym barada oýlanyp ugradym. Dogry, golaýda 3-4 sany aýalam bardy. Ýöne olar gyzjagazy uzakly gün idemänsoñlar, indem olara bil baglap boljak däldi. Iñrik bolsa kem-kem garalýardy. Ýomutlaryñ bu ýerde ertirden bäri gara bermejegi bolsa köre hasady. Töwerekde köp sanly şagallaryñ uwwuldysy eşidilýärdi...

(dowamy bar)...
4
36
sahet_ashyrov
20.10.2020 16:07
Gazawat urşy: (dowamy)...

♣ SÖWEŞDEN SOÑ:

Meniñ golaýymda 2-3 sany öli we 3-4 sany ýaraly rus esgeri ýatyr. Azajyk añyrrakda döşünden parran geçen okdan wepat bolan polkownik Ýesipow Georgiý lentasyny boýap, topragy gujaklapdyr. Men onuñ bilen söweşiñ öñ ýanynda, ýagny ýarym sagat mundan öñ salamlaşypdym. Onuñ sowan meýdi inimi düýrükdirdi. Men general Golowaçýowyñ niresinden ýaralananyny bilmek maksady bilen onuñ baýdagy pasyrdap duran ýere ugradym. Ol gara gana boýalan ak eşiklidi. Onuñ gylyçdan ýara düşen eli hasa bilen saralandy. Ýöne oña garamazdan ol eýeriñ üstünde ynamly otyrdy. Biz meýdana aýlanyp ölüleri we ýaralylary sanadyk. Türkmenleriñ jesedi sergi bolup ýatyrdy. Olaryñ biri uzyn taýagyñ ujuna berkidilen egri oragy henizem berk gysymlap, goýberenokdy. Ol aýak ýalañ, başy açyk, ýüpekden tikilen agymtyk köýnek-balaklydy. Adaty bolmadyk ýarag bilen rus atyjylarynyñ garşysyna iteklän ruhy, gahar-gazaba ýugrulan ýigrenji onuñ rehimsizden gödek keşbinde doñup galypdyr. Beýleräkde 3-4 sany türkmeniñ jesedi biri-birine ýaplanyp ýatyr, 4-5 sany türkmen bolsa, öz ajaýyp atlary bilen ýer bagyrtlapdyrlar. Atlaryñ biri ok degen eýesine kömek etjek bolup synanyşan mahaly öldürilene meñzeýärdi. Çägelikdäki oýtum-oýtum bolup ösüp oturan pessejik haşal otlaryñ içinde ýarpy göwresi görünýän adamlaryñ sany-sajagy ýokdy. Ýöne türkmenleriñ içinde, ýaralysy, iñläp ýa-da kömek sorap gygyryp ýatany ýokdy. Men muña haýran galdym. Türkmenler mydama-da öz ýaralylaryny taşlamazlyga çalyşýardylar. Ýöne ýap-ýañy söweşde ýaralanan ýoldaşlarynyñ baryny alyp gitmäge türkmenleriñ mümkinçiligi bolmandy. Tiz wagtdan maña bar zat aýan boldy. Men bir esgeriñ assyrynlyk bilen öli ýatan türkmenlere ýakynlaşýanyny gördüm. Onuñ özüni alyp barşy örän geñdi. Ol öz işine şeýle bir gümrady welin, meniñ golaýyna baranymam añşyranokdy. Men onuñ gözleriniñ wagşylyk bilen ýylpyldaýanyny gördüm. Ol bir görseñ-a aklyndan azaşana, bir görseñem gaty gorkana meñzeýärdi. Men onuñ niýetini añyp ýetişmänkäm ol naýzasyny ýatan türkmeniñ böwründen sokdy. Men eýmenç gygyranymy-da duýman galdym. Ol ýokarsyna garap, meni gördi-de zat diýmän daşlaşmak bilen boldy. Ýañky türkmen diri ekeni-de ölen kişi bolup ýatypdyr. Ol böwründen we agzyndan zogdurylyp gan çykanda-da iñlemedi. Men onuñ sandyraýan barmaklaryny görmedik bolsam, men oña häzirem ölüdir öýderdim. Görgüliniñ indi kömege mätäç däldigine düşünip, men atymy yza doladym. Men töwerekde beýle iş edip ýören başga esgere duşmadym. Ýañly esgerem gorkudan zähresi ýarylan haramzadanyñ biri bolmaly. Soñ görüp otursak, ýaralylaryñ bary ölen kişi bolup ýatyr ekeni. Biz wepat bolan türkmenleriñ sanyny 300-e ýetirdik. Soñra mälim bolşuna görä, wepat bolanlaryñ jemi 500-e golaýlan eken. Ýomutlaryñ diñe gylyçdyr orak bilen ýaraglanandyklaty sebäpli, ölen we ýaraly bolan ruslaryñ sany 40-dan geçenokdy. Bu ýerde başga edere iş bolmansoñ, yzymyza dolandyk. Az salymdanam baglygyñ içinden geçýän Ýylanly ýoly bilen atymyzy çapdyryp barýardyk. Ýylanlynyñ diş-diş bolup duran gazaply galasy görnende biz heniz ýarym sagadam ýöremändik. Ýol şäheriñ daşyna aýlanýardy. Galanyñ ilaty derwezäniñ agzynda elleri ýañyja bişen çörekli, ýanlary gawunly, üzümdir erikli bizi garşylamak üçin üýşüp durdy.

♣ YZ ÇALYŞ:

Ýylanlyda özbekler ýaşaýar. Olar bilen bolsa biziñ hiç hili duşmançylygymyz ýok. Ýöne şeýle-de bolsa özbekler gaharly ýüzümize, Golowaçýowyñ gana boýalan eşigine, boýnundan asylan ýaraly eline gorky bilen seredýärdiler. Biz şähere girmän, onuñ diwarlaryny syryp, demirgazyk günbatara tarap ýörişimizi dowam etdirdik. Ýarym sagat geçip gitmänkä-de çöllügiñ gyrasyndan girdik. Biz çöllügiñ etegindäki kä çägelige, kä düz ýere düşýän egrem-bugram ýol bilen gidip barşymyza, çak edişimize görä Ýylanlydan 5-6 mil uzaklykda goş ýazdyran türkmenleriñ üstüni gapyllykda basmagyñ maslahatynu edýärdik. Söweş tamam bolan badyna gözden uçan türkmenleri 3-4 sagatlap gözlesegem tapyp bilmedik. Sagat 9 töwerekleri çep gapdalymyzda, göz ýeter-ýetmezde alñasap, arany açyp barýan ýomutlara gözümiz düşdi. Ýarym sagat geçip-geçmänkä-de öñümizdäki düzlügiñ ýüzi türkmenlerden ýaña mygyldy boldy. Eger soñky bolýan wakalary söweş diýip atlandyrmak mümkin bolsa, kiçeñräk söweşem boldy. Türkmenleriñ köp sanlysy daş-töweregimizi gurşap alansoñlar biz çar tarapymyzdanam esewan bolup hüjüme taýynlanmaly bolduk. Biziñ pyýada goşunymyzyñ esgerleridir mergenlerimiz penalanmaga amatly bolan kanallaryñ kenaryna özlerini oklady. Ýomutlar irdenki ýeñlişlerine garamazdan biziñ goşun hatarlarymyzyñ arasyna batyrgaýlyk bilen at çapdyryp gelýärdiler. Biz olaryñ düşlän ýerine ýakynlap ugramyzdan, her-edip, hesip edip uruşmaga ýaramsyz adamlaryna gaçyp ýetişmäge mümkinçilik bermek üçin ýomutlar ýolumyzy kesjek bolýardylar. Bu olara başardýardam. Çep gapdalyny mergenler, sag gapdalyny atlylar penalanýan pyýada goşun öñe hereket etse-de böwsülen hatarlaryny doldurmak ýa-da ýörişiñ ugruny üýtgetmek üçin her ädimde diýen ýaly saklanmaga mejbur bolýardy. Ýomutlar irki söweşden soñ pyýada goşundan çekinselerem kazaklaryñ olardan döwleriniñ pesdigini añypdyrlar. Olaryñ kazaklaryñ üstüne eden batyrgaý hüjümlerini diñe pyýada goşun ara düşensoñ saklamak başartdy. Ýomutlar 2-3 sagatlap biziñ daş-töweregimize ýaýrap, gykylyklaşyp, öz pelteli tüpeñlerinden (muşketlerinden) ok atyp, hüjün edip durdular. Olaryñ biziñ üstümize aýgytly çozuş etmek niýetleri ýokdy. Olaryñ esasy maksady biziñ hereketimizi togtatmakdy.
Bir gezek ýoldan 300 ýard daşlykda, ýykylan jaýyñ gapdalynda ýomutlaryñ 5-6 sany atlysyna gözümiz düşdi. Biz olara tarap tüpeñlerimizden her näçe ok atsagam ýomutlar bitleriniñ burnunam ganatman atlaryny çapdyryp gitdiler.
General Golowaçýow biziñ bir ýarym mil çepimizde olaryñ birnäçe toparyny görüp, Orenburg otrýadyna duýdurmak üçin 10-12 sapar top atmagy buýrdy. Çak edilişine görä, bu otrýad duşmanyñ 8, 10 mil añry tarapyndan olary gabawa salmak üçin ýakynlaşyp gelýän bolmaly. Soñ görüp otursak, biziñ duýduryş üçin atan top oklarymyz ýomutlara gaty uly zyýan ýetiripdir. Ol oklar kiçeñräk oýtumda goş ýazdyran ýomutlaryñ göni üstünden düşüpdir: ähli zatlaryny taşlap, gaçyp gitmäge olary mejbur edipdir. Biz bolsa olaryñ goş ýazdyran ýerlerini gözläp ýördük! Biz bu zatlary ertesi gün Orenburg otrýadynyñ adamlaryndan eşitdik. Olar şol oýa ýeten mahallary taşlanylyp taşlanylyp gidilen birnäçe ýüz arabanyñ, ýomutlaryñ jesetleriniñ, köp sanly goş-golamlarynyñ üstünden barypdyr. Görgüliler atylýan oklardan ýaña ölülerini-de ýygnamaga ýetişmän, bar zatlaryny owarram edip, gaçyp gidipdirler. Tapylan goşlaryñ arasynda 1840-nji ýyldaky Perowskiniñ betbagtlyga uçran ekspedisiýasy bilen Angliýanyñ adyndan Hywa giden leýtenant Şekspiriñ alyşan köp sanly hatlary tapyldy. Leýtenant Şekspir ruslar bilen hywalylaryñ arasyndaky dawaly jedelleri parahatçylykly çözmäge ýardam bermek üçin Hywa gidipdi.
Tapylan hatlaryñ arasynda iñlis ilçisi lord Palmerstonyñ rus häkimiýetini habardar etmek üçin alan görkezmesiniñ göçürmesi bar eken. Ol hatda eger Russiýa Hywany özüne birikdirse, Angliýanyñ Russiýa garşy urşa başlajakdygy hakynda aýdylýardy. Ol hatlaryñ tapylan ýeriniñ üstünden baran biziñ toparymyz däldi. Irdenki bolan wakalardan elheder alan ýola beletler gaçyp gidipdirler. Biz bolsa türkmenleriñ düşelgeleriniñ nirede ýerleşendigini takyk bilemzokdyk. Şonuñ üçinem biz olaryñ 2 mil çepinden geçip gidipdiris.
Günortan aralar biz suwy çöllüge siñip gidýän Annamyrat kanalynyñ boýuna ýetdik. Ol ýerde Hywa hanynyñ ýomutlaryñ üstüne ýöriş eden mahallary gurduran galasynyñ üstünden bardyk. Ol galanyñ meýdany 10 akra golaýdy. Käbir ýerinde beýikligi 10 ädime ýetýän gala hiç zat kär etmändir diýen ýalydy... Biz galanyñ içinde goş ýazdyrdyk. Galanyñ abatlygy üçin general Golowaçýow ol ýerini amatly hasaplap, günüñ galan bölegini şol ýerde geçirmegi ýüregine düwdi.
Bu pursatdan peýdalanyp, ýomutlar gaçmaklaryny dowam etdiripdirler. Biz olaryñ gapdalyndan geçip giden mahalymyz ýomutlar yzlaryny towşanlarynky ýaly bulaşdyryp, biziñ geçip giden ýolumyz bilen yza - günorta gündogara tarap tutdurypdyrlar. Gije-gündiz ýol ýöränsoñlar ýomutlara bizden ep-esli ara açmak başardypdyr.
Ertesi dañ atandan biz olaryñ söbügine düşdük. Biz az salymdan damagy çalnyp, çuw-ýalañaç halda ýatan rus esgerleriniñ üstünden bardyk. Ol esgerler garawul goýlupdy. Ähtimal, gije ýomutlar olaryñ üstüni gapyl basandyrlar. Biz ýolda diñe ertirlik edinmek üçin azajyk wagt düşläp, uzakly gün gaçyp barýanlaryñ yzyndan kowduk. Goş-golamymyz az bolany üçin biz çalt hereket edýärdik. Biz ýene-de Ýylanlynyñ çep gapdalyndan geçip, kiçijik oazisden soñ açyk düzlüge düşdük. Düzlük gazylan kanallardan doludy. Olaryñ şu asyryñ başynda ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylan bolmagy ahmaldyr.
Gözýetimde tozan turzup, gaçyp barýanlaryñ garasyny gören mahalymyz gün ýanyny ýere beripdi. Şonuñ üçinem kowgyny goýbolsun etdik.
Bol suwly kanalyñ kenarynda goş ýazdyranymyzdan soñ kazaklar atlaryna iým gözläp, düzlügiñ içine pytrap gitdiler. Olar berkitmeden bir mile golaý uzaklykda ýomutlaryñ ýabyna orup goýan ot harmanynyñ üstünden barypdyrlar. Kazaklaryñ düzlükdw dagynyk ýagdaýda gezip ýörmekleri aýylganç waka bilen gutardy. Ýerli milletden bolan ýolbelet hemmelerden arany açan kazaklaryñ birini ýomutmyka diýip atypdyr. Ol agyr ýaralanansoñ hirurgy elinden gelenini edendigine garamazdan 2 sagat geçip-geçmänkä jan berdi.

Dowamy bar...
7
40
sahet_ashyrov
17.10.2020 09:21
Gazawat urşy (dowamy)

♣ GARPYŞYK:

Biziñ dynç alyp ýatyşymyza gün öýläne sandy. Gün gijigip ugranda general Golowaçýow türkmenleriñ özlerine gaçybatalga tapan ýerleri baradaky maglumatlary ýygnap, indiki hüjüme taýýarlyk görüp başlady. Garañky gatlyşansoñ, oduñ başyna ýygnanan esgerleriñ arasyna 5-6 mil aralykdaky türkmenleriñ üstüne dañyñ alagarañkysynda hüjüm edilip, olaryñ üstüni gapyllykda basjakdygymyz barada hyşy-wyşy gürrüñler ýaýrap ugrady. Ol gürrüñleriñ çynlygy agşam sagat 10-laryñ töweregi hüjüm etmek baradaky buýruk yglan edilenden soñ belli boldy. Buýrukda goş-golamy goramak üçin birnäçe esgeri goýup, sagat 1-de hüjüme geçilmelidigi aýdylýardy. Aýdyşlaryna görä, türkmenler Ýylanlynyñ añry tarapynda düşlemäge hyýallanýardylar.
Sagat 11-lerde, hemmeler ýatmaga giden mahaly birnäçe gezek atylan tüpeñ sesleri ümsümligi bozdy. Biz hüjüm başlanandyr öýdüp, ýaraga ýapyşdyk. Ýöne ýene töwerege ümsümlik aralaşdy. Garawul duran esger bir garanyñ assyrynlyk bilen emedekläp gelýänini görüp, tüpeñ atanyny habar berdi. Töwerek imisalalyk bolany üçin biz ýene-de özümizi düşege okladyk.
Sagat 1-leriñ töweregi ýene-de tüpeñ sesi töwerege ýaýrady. Biz ýaraga ýapyşyp, az wagtlyk aljyraññylykdan soñ, ýerli-ýerimizi eýeledik. Bu gezekki goh ýöne ýerden turmandyr. Garawul garañka duwlanyp, örän ýakyn gelen gara tarap tüpeñini boşadypdyr-da, yzyndanam gylyjyny aýlapdyr. Onuñ şeýdeni gowam bolupdyr. Sebäbi onuñ töwereginde duşmanlaryń birnäçesi emedekleşip ýör eken. Bu wakadan soñ Golowaçýow hüjümiñ wagtyny sagat 3-e çenli yza geçirdi. Häzir hüjüme başlasak, türkmenlere öz üstlerine abanýan howp baradaky habaryñ ýetjekdigi ikuçsyzdy.
Sagat 3-leriñ töweregi bizi ukudan oýardylar. Biz 200 arabadan ybarat goşumyzy ýygnap, boş meýdançanyñ daşyna halka etdik-de, olary goramak üçinem 300 esgeri goýduk.Goşun öñe süýşüp ugrady. Men ýanymdaky 2-3 sany esger bilen türkmenleriñ üstümizi gapyl basmaklarynyñ mümkindigi barada pikir alşyp barýardym. Birden aýylganç gygyryşýan adamlaryñ gorkuly sesleri, at aýaklarynyñ güpürdisi, oklaryñ şuwwuldysy beýnimizi sarsdyrdy. Töweregi wagşy, ar alyjy sesler gaplap aldy. Düzlük türkmenlerden doludy. Oklaryñ şuwwuldysyndan, ürken atlaryñ güpürdisinden, goh-galmagaldan ýaña gulagyñ perdesi ýarylsam diýýärdi. Ýalañaç gylyçlar atylýan oklaryñ ýagtysyna ýalpyldap gidýärdi. Biz esli wagtlap uruşmakdan-a geçen, gaýta töweregimize añk bolup, näme edýänimizem bilemzokdyk. Diñe general Golowaçýow pyýada goşunadyr artilleriýa hüjüme geçmäge buýruk berenden soñ, biz nirä barýanymyzam añşyrman olaryñ yzyna düşdük. Biz urşujylaryñ ortasyndadyk. Eýýäm top sesi kesilipdi. Türkmenler şeýle bir ýakynladylar welin, atylýan top oklary näçe pessaýlap atylsa-da, olaryñ kelleleriniñ üstünden geçýärdi. Şonuñ üçinem türkmenler top oklaryndan ullakan zyýan çekenokdylar. Tüpeñ sesleri öñkä görä gürelip ugrady. Kämahal garañkylygyñ içinde gazaply ýüzlerdir gylyçlaryñ ýalpyldysy peýda bolup, yz ýanyndanam ýitip gidýärdi. Goh-galmagal öñküden 10 esse dagy artypdy. Kazaklar aljyraññylyga düşüp, ýuwaşlyk bilen yza çekilýärdiler. Eýlede-beýlede ruslaryñ hataryny böwsen türkmenler başa-baş söweşe girýärdiler. Başagaýlygyñ içinde men general Golowaçýowy gözden ýitirdim. Men ony soñ gana boýalan halyna buýruk berip duran pursady gördüm. Türkmenler ony ýaralapdyrlar. Onuñ ýanyndaky ştab naçalniginiñem kellesinden gan akýardy.
Birden kazaklar dowla düşdüler-de meni hem öz hatarlary bilen südürläp, yza okduryldylar. Bu ýönekeý yza çekilmä meñzänokdy. Men henize çenli beýle dowla düşen adamlary görmändim. Diñe ýer titrände şeýle ýagdaýa düşmek mümkindi. Polkowniklerini ýitiren kazaklaryñ ýüzlerinde gorky alamaty bardy. Munuñ ýeñlişdigine gyrgynçylykdygyna men soñ düşünip galdym. Ýomutlaryñ ýüwrük atlarynyñ deminden birimizem aman sypyp biljek däldik. Dañyñ alagarañkysynda berkitmämiziñ ýerleşýän tarapyndan at salyp gelýän türkmenler aýyl-saýyl görünýärdi. Biz gabawa düşüpdik.
General Golowaçýowy gözleýändigi bildirip duran şazada Ýewgeniý öñümden dazyrdap geçip gitdi. Onuñ elinde tüsseläp duran nagany bardy. Soñ eşidip otursam, olam gabawa düşüp ýaralanypdyr. Türkmenler onuñ janpenasyny öldüripdirler. Onuñ özi bolsa, iki adamy atyp öldürip, zordan sypypdyr. Men kazaklaryñ arasyndan saýlanmagy makul bildim. Men nädip duşmanlar bilen ýüzbe-ýüz bolanynam duýman galdym. Garañka gark bolup oturan günbatardan bitertip hatarly duşman atlylary eñip gelýärdi. Olaryñ gazaply garaýagyz ýüzleri, ýalañaç gylyçlary atylýan oklaryñ ýalkymyna çala saýgardýardy. Men häzir syn edip durmagyñ wagty däldigini bilip, ilkinji gezek rewolwerimi duşmana tarap boşatdym-da, atymyñ başyny yza öwürdim. Şol mahalam çep tarapymda pyýada goşunyñ bir rotasy peýda boldy. Ofiserleriñ birine gaçyp barýan rotany tanaplap diýen ýaly yzyna öwürmek başardypdyr. Men begenjimden uçaýjak bolup, wagt ýitirmän olaryb arkasyna geçdim. Olar: "Ot aç!" diýlip buýruk berlenden soñ ýaraglaryny taýynlap, hatara durdular. Tüpeñler yzly-yzyna boşady. Ýomutlar şeýle bir ýakyna gelipdiler welin, edil esgerleriñ aýagynyñ aşagyna atlaryndan agyp düşýärdiler. Sag tarapymyzdan top oklaram ýagyp başlady. Ýöne şol pursat ýagyp başlan ýagyş töweregi aýdyñlaşdyrdy. Serpilip ugran garañkylykdan türkmenleriñ ýüwrük bedewlerini çapdyryp, gözden ýitip barýanlygy saýgardýardy. Men töweregime göz aýlan mahalym, birnäçe ofiserdir kazagyñ general Golowaçýowyñ töwereginde heşerlenişip duranlaryny gördüm. Galan kazaklar bolsa, her ýerde-her ýerde toplanyşyp durdylar. Pyýada goşun 300 metr töwerege ýaýrapdyr. Topçular bolsa, gaçyp barýan duşmanyñ yzyndan atjaklaryny ýa-da atmajaklaryny bilmän ýaýdanyşyp durdylar. Söweş tamam bolupdy.

Dowamy bar...
16
46
sahet_ashyrov
10.10.2020 09:49
GAZAWAT URŞY (dowamy...)

♣ TUTLUŞYK:

Türkmenleriñ bulam-bujar hatarlar bilen atlaryny maýdalyna goýberip gelişleri söweşmäge däl-de razwedka gelýän ýalydylar. Olaryñ bizi görmeýän bolmagam mümkindi. Sebäbi biziñ öñümizi tä Ýylanly şäherine çenli uzalyp gidýän baglyk gabalap durdy. Türkmenler bolsa çöl tarapdan gelýärdiler.Olary garşy almak üçin atly goşuna taýýar bolmaga buýruk berlip, onuñ ýanyna pyýada goşunyñ iki rotasy berkidildi. General Golowaçýow öz adamlary bilen kiçeñräk depäniñ üstüne çykyp, wakalaryñ ýaýbañlanyşyna syn edip durdy. Men ata atlanyp berkitmeden iki mil uzaklykdaky söweş liniýasyna tarap ugradym. Ol ýerdäki suwsuz kanalyñ sag tarapyndaky alañyñ üstünde polkownik Dresçerniñ goşun bölümi, kanalyñ çep tarapynda bolsa polkownik Nowamlinskiniñ goşun bölümi durdy. Olardan ýarym mil daşlykda bolsa söweşe girmekden gaça durýan köp sanly türkmen atlylary eýläk-beýläk at çapdyryşyp ýördüler. Rus mergenleriniñ seýrek atýan oklary, toplaryñ ot sowurmasy türkmenlere göräýmäge uly bir zyýan ýetirip bilmeýärdi. Men yzyma sereden mahalym Ýylanly tarapdan gelýän ýol bilen at çapdyryp gelýän adamlaryñ çaltlyk bilen süýşüp gelýänlerini gördüm. Bu berkitmäniñ yz tarapyndan edilen örän şowly hüjümdi. Sebäbi esgerleriñ we ofiserleriñ bary berkitmäniñ bäri tarapynda - biziñ söweş liniýamyzda bolýan wakalara añkarylyşyp durdy. Yzdan gelýänler olara görünmeýärdi. Olar ýönekeýlik we başarjañlyk bilen gurlan söweş duzagyna düşüpdi. Öñde bolsa türkmen atlylary manysyz eýläk-beýläk at çapdyryp ýördüler. Men yzdan hüjüm edilýänini duýdurmak üçin atymy yza öwren mahalym polkownik Nowamlinskiniñem olary añşyryp, öz soldatlaryna yza dolanmaga buýruk berýändigini gördüm. Onuñ goşun bölüminiñ bir bölegi bolsa eýýämG Ýylanly ýoluna tarap at çapdyryp barýardy. Şol pursat berkitmeden 200 ýard uzaklykda türkmenleriñ ýarpy göwresi ýaprakly agaç çybyklary bilen saralgy tot-tozan basyp giden garaýagyz keşpleri göründi. Olar ýalañaç gylyçlaryny galgadyp batyrgaýlyk bilen at çapdyryp gelýärdi. Türkmenler üstlerine abanýan howpdan bihabar rus esgerlerini ýüzleriniñ ugruna kerçäp biljekdiler. Emma olar ruslaryñ gapyllykda üstlerini basmagyñ ýerine lageriñ töwegerinde otlaşyp ýören düýedir atlary sürüp başladylar. Bu ýagdaý bolsa ruslara ýeñseden abanýan howpy añşyrmaga mümkinçilik berdi. Esgerler duran-duran ýerlerinden ýaraga ýapyşyp, ofiserleriñ buýrugyna garaşman söweşe girdiler.Edil şol wagtam 200 ýard gapdaldan Nowamlinskiniñ otrýady hüjüme başlady... Gowy nyşana alnyp atylýan oklaryñ gürlügi sebäpli türkmenler atlaryny yza öwrüp, gürüm-jürüm boldular. Men olaryñ birnäçesiniñ eýerden aganyny, ýoldaşlarynyñam saklanyp, olary ýanlary bilen alyp gidenini gördüm. Biz gaharymyza ajal güllelerini olaryñ yzyndan ýollaýardyk. Olar berkitmäniñ içinden geçip (bu olara añsatlyk bilen başartdy) gapdaldan atylýan oklardan aman sypdylar. Soñ bolsa berkitmäniñ günorta tarapynda söweşip ýören ýoldaşlaryna goşuldylar.
Berkitmeden 200 ýard daşlykda 5 sany soldat garawulçylyk çekýärdi. Türkmenleriñ nädip olaryñ üstüni basandygy bilinmän galdy. Ýaş ofiser Kamenskiý berkitmäniñ beýle tarapynda söweş gidip durka olary barlap gidipdir. Şonda olaryñ baram diri ekeni. Ähtimal olar söweşiñ gidişine añkaryp durkalar güpbasdy edilendir. Söweş tamam bolandan soñ olary kelleleri kesilen we çuw-ýalañaç halda tapdylar. Berkitmäniñ 200 ýard golaýyndaky bu wakany hiç kimiñ görmezligi türkmenleriñ batyrlygyny we başarjañlygyny görkezýärdi.
Kazaklaryñ dört-bäş ýüz atlysy türkmenleriñ ilkinji peýda bolan ýerine bakan atlaryny sürdüler. Olar entek duşman gitmedik bolsa, söweşmek isleýärdiler. Men mümkin boldugyça bu söweşe syn etmek maksady bilen olaryñ yzyna düşdüm. Bolup geçýän wakalar žiwopis eseri ýaly özüne çekijidi.Bu ýerde türkmenleriñ örän köp sanlysy gaýmalaşyp ýördi. Gykylyklap, at çapdyryşyp ýörüşleri olaryñ ruhdan düşmändigini görkezýärdi. Türkmenler atyma gelmeýärdiler. Ajaýyp atlary olara biz bilen islendik aralygy saklamaga mümkinçilik berýärdi. Biz wagtal-wagtal ok atyp, gygyryp olary söweşe çagyrýardyk. Emma olaryñ piñine-de däldi.
Bu zatlaryñ bary biz üçin lezzet alarlyk tomaşady. Biz türkmenleriñ at çapmaga bolan ussatlygyna telpek goýýardyk. Biz bu ýerde türkmenleriñ edermenliginiñ gözli şaýady bolduk. Olar öz tertip-düzgünleri bilen ajaýyp atly goşuny düzüp biljekdi.
Türkmenleriñ söweş tärleri gadymydy. Olar ýekelikde ýa-da 2-3 bolup, biziñ 50 ýard golaýmyza gelip, egri gylyçlaryny galgatmak bilen bizi başa-baş söweşe çagyrýardylar. Barmajakdygymyza gözleri ýetende bolsa, öz dillerinde bir zat diýip gygyryşýardylar. Megerem, olar sögünýän bolsalar gerek. Biziñ hatarymyzdaky çerkesleriñ birnäçesi olaryñ garşysyna çykjak bolup dyzmaçlyk edýärdi. Emma ätiýaç üçin polkownik başa-baş söweşe girmäge rugsat berenokdy. Meniñ soñky gören zatlarym çerkesleriñ başa-baş söweşe çykmanlygyna ýüzde-müñ şükür etdirdi.Owadan gara atly bir ýaş türkmen atyny çapdyryp gelşine biziñ 50 ýard golaýmyza gelip saklandy. Ol gylyjyny ussatlyk bilen oýnadyp, bizi başa-baş söweşe çagyrdy. Kazaklar oña ok atyp başladylar. Ol hiç zatdan çekinmän atyny maýdalyna sürüp, gapdala ýöneldi. Kazaklar gezekli gezegine ok atýardylar. Oklaryñ çägäni ýalap geçýändigi, käwagt bolsa, onuñ atynyñ aýagynyñ astyny tozadýandygy görünýärdi. Emma ol bitiniñ burnuny ganatman, biziñ mergenlerimize göwniýetmezçilik bilen garap, ýoldaşlarynyñ arasyna dolandy...
Biz 100 atly bolup, gylyçlarymyzy ýalañaçlap hatara düzüldik. Bizden 300 ýard daşlykda garym-gatym bolup, üç-dört ýüz türkmen toparlanyşyp durdy. Biz edil doly gelen ýaly bolup, ýaraglarymyzy şakyrdadyp, gylyçlarymyzy güne ýaldyrdadyp, olaryñ üstüne eñdik. Ýöne türkmenler ýer ýuwdana döndi. Az salym geçensoñ biz olaryñ 300 ýard öñümizden atlaryny maýdalyna goýberip, arkaýyn gidip barýandyklaryny gördük. Olar üstümize çozýarlar-ow diýip, howsala-da düşmändirler. Biz ýene-de olaryñ yzyndan kowduk. Ýene-de öñki ýagdaý gaýtalandy. Biziñ meýdan gazlary ýaly kowalaşyp ýörşümiz kazaklary kejikdirýärdi. Şol sebäplem kowgyny goýbolsun edip, iki gapdal üçinem ýitgisiz tamamlanan gysgajyk atyşykdan soñ lagere dolandyk. Ýomutlaram bizi gorkaklaryñam gorkagy hasap edýändiklerini bildirmek üçin kinaýaly gülşüp, yzymyza düşdüler. Olar has golaýa gelende ok atan bolýardyk. Türkmenler bizi lageriñ ýarym mil golaýyna çenli ugradyp, ýitirim boldular.Yzymyza gaýdyp gelýärkäk mergenleriñ atan okundan wepat bolan iki sany ýomuda duşduk. Olardan başga meýdanda ölen adamyñ jesedi ýokdy. Ruslar bolsa, alty adamsyny ýitirdi. Şeýlelik bilen türkmenleriñ peýdasyna bolan tutluşyk tamam boldy.Howa eredip barýardy. Biz berkitmä gelip, ýaragymyzy aýyrdyk-da, agaçlaryñ kölegesindäki halyçalaryñ üstüne süýndük... Kän wagt geçmänkä-de biz özbekleriñ taýynlan gowurlan eti, süýdi, gawuny, bugdaý çöregi bilen garbanmaga başladyk. Soñam geçen günüñ

♣ BÖWŞEÑLIK:

Geçen günki tutluşyk türkmenleriñ uruşmagy başarýandygynyñ subutnamasy boldy. Eger olar başlaýyşlary ýaly dowam eden bolsalar, onda olaryñ uly üstünlik gazanaýmaklaram mümkindi. Biz türkmenlere kembaha garaýandygymyza kemsiz düşündik. Olar göwniýetmezçilik edilýän duşmanlaryñ hilinden däldi. Biz ertesi günem berkitmede çöp başyny galdyrman ýatdyk. Bu günem bizi azyk bilen özbekler üpjün etdi. Türkmenlere garşy örän gazaply daraýan mahalymyz olaryñ ruslaryñ göwnüni görjek bolup, azara galyp ýörmekleri örän geñdi. Meniñ üçin-ä daşky keşplerinde az-kem tapawut bar diýäýmeseñ, özbeklerem türkmenlere meñzeş halkdy. Olaryñ dinleriniñ, adatlarynyñ şeýle ýakynlygyna garamazdan, bir-birlerinden şeýle tapawutlanmagy düşnüksiz zatdy. Ýöne olaryñ arasynda razwedka gelen türkmenleriñem bolaýmagy gaty ähtimaldy...
Biz bu ýerde işsiz ýatyrkak türkmenleriñ bir topary ýaraşyk baglaşmak maksady bilen geldiler. Soñ men olaryñ teklipleriniñ kabul edilmändigini bildim. Olar bary-ýogy üç hepde mundan ozal bu ýerlerden geçip giden Orenburg otrýadyny parahat kabul edenlerini aýdyp, ruslara duşmançylyklarynyñ ýokdugyny ynandyrmak isleýärdiler. Olar bize uzak ýoldan getiren köp mukdardaky gawundyr miwelerini, süýtdür çöreklerini bahasyny almazdan, açyk göwün bilen hödür edýärdiler.Soñ bir gezek graf Şuwalow maña biziñ ýomutlaryñ ýurdunda ot berip ýören mahalymyz öz adamlarynyñ Köneürgenjiñ golaýynda türkmenler bilen dostlukly ýagdaýda ýaşandyklaryny gürrüñ berdi. Birnäçe ýomut gelip, oña Golowaçýowyñ goşunynyñ garşysyna işjeñ goranyş soýuzyny baglaşmagy teklip edipdir. Olar: "Biz siziñ bilen dostlukly şertnama boýun bolduk. Indi sizi soýuzdaş hasaplaýarys. Häzir biziñ garşymyza türküstanly ruslaryñ bir taýpasy uruş edýär. Bu uruşda siz biziñ arkamyzy almaly. Sebäbi biziñ duşmanymyz siziñem duşmanyñyz" diýip, sadalyk bilen haýyş edipdirler.

Dowamy bar...
4
97
sahet_ashyrov
08.10.2020 11:10
GAZAWAT URŞY (dowamy)...
(Birlikde 2 bolum)

♣ GYRLYŞYK

Duşmanyñ yzyndan kowmak üçin kazaklaryñ 600 atlysy saýlanyp alyndy. Men olaryñ arasynda aýlanyp ýörşüme şazada Ýewgeniý bilen ýüzbe-ýüz boldum. Ol meniñ bilen mylaýym salamlaşdy-da, öñdäki çaknyşygy synlamagym amatly bolar ýaly öz atlylarynyñ arasyndan ýer berdi. Ýöriş etmäge buýruk berlen badyna biz atymyzyñ başyny çöllüge tarap öwürdik. Biz 10 minut çemesi salymdan gaçgaklary ilki gezek gören depämiziñ üstünde häzir bolduk. Olar biziñ bir mil öñümizden başga bir depeden aşyp barýardylar. Gaçyp barýanlaryñ topbagy eýýäm dagap, olaryñ arasyna aljyraññylyk aralaşypdyr. Bar zat buýr-bulaşykdy. Düýelerden, arabalardan agýan ýükler atlaryñ aýagyna çolaşýardy. Gaçgaklaryñ dowla düşen topary duşmanyñ elinde galýardy. Goh-galmagal, agydyr tüpeñ sesleri asmana galýardy. Men nämeleriñ bolýanyna anyk göz ýetirmek üçin atymyñ başyny çekdim. Meniñ bolsa ýanymda agan ýüküñ astynda galan türkmen, añyrrakda bolsa, ýüzi çapylan kazak serrelip ýatyrdy. Olaryñ beýleräginde iki sany aýal çagalaryny bagyrlap, özlerine rehim edilmegini sorap bozlaşýardy. Men olaryñ gapdalyndan geçip barşyma: "Aman, aman" diýip, aýallary köşeşdirdim. Olaryñ töwereginde döwlen arabalar, halydyr ýorgan-düşek salnan haltalar, ullakan horjundyr ýüp bilen saralan goşlar, okara-çemçelerdir hojalykda ulanylýan her hili zatlar çaşyp ýatyrdy. Goltugy çagaly bir topar aýal bolsa, kynlyk bilen öñe süýşüp barýardy. Meniñ enem bilen ýaşytdaş, ýöremäge zordan gurby çatýan dolmuş aýalyñam elinde çaga bardy... Men ilkinji gezek hereketsiz ýatan türkmenleriñ sanyndan elheder aldym. Şol ýatanlaryñ hemmesi öli bolaýanlygynda, kazaklaryñ mergenligine telpek goýaýmalydy. Az salymdan bar zat ap-aýdyñ boldy. Men gymyldysyz ýatan türkmenleriñ biriniñ elini ýerden göterip, şol bada hem aşak goýberenini añşyrdym. Olaryñ köpüsi kazaklaryñ gözüne çöp atmak üçin ölen kişi bolup ýatyrdylar. Men birnäçe wagtlap bu sahnany synlanymdan soñ beýlekilerden yza galanymy bilip, olaryñ yzyndan ýetmäge howlukdym. Pessejik alañdan aşanymdan soñ kazaklaryñ batgalygy ikä bölýän gury gerşiñ üsti bilen süýşüp barýan türkmenleriñ yzyndan ok atyp, kowup barýanlaryny gördüm. Men ýañky synlan ýerime golaý gelenimde 3-4 adamynyñ dem-düýtsüz ýatanyny saýgardym.
20-30 sany aýaldyr çaga-çuga bokurdaklaryna çenli suwa çümüp, kölüñ içinde ösüp oturan gamyşdyr otlaryñ arasynda gizlenmäge biderek synanyşyk edýärdiler. Olaryñ käbiri şol ýerden özlerine rehim edilmegink sorap gygyryşýardylar. Kazaklar olara ünsem bermän öñe geçip gidipdiler. Ýöne bir ýigrentgi ýoldaşlaryndan yza galyp, atyñ üstünde oturan ýerinden gygyryşýanlary nyşana alyp oturan ekeni. Men onuñ ýanyna baryp ýetişmänkän ol mäşäni gysdy. Hernä onuñ atan oky sowa geçdi. Ol ikinji gezek atyp ýetişmänkä atymy çapdyryp bardym-da, gamçym bilen ony ýüzkessir urup, ýoldaşlarynyñ yzyndan ýetmegi buýurdym. Men suwuñ içinde zähresi ýarylan görgülilere: "Aman" diýip gygyrdym-da, onuñ yzyna düşdüm. Birdenem öñ ýanymda dört sany kazagyñ bir türkmeniñ daşyna egrilişip duranlaryny gördüm. Ony eýýäm atdan agdaryp, ýaragsyzlandyrypdyrlar. Ol dört atlynyñ gylyjyndan diñe elleri bilen goranýardy. Ýöne şonda-da rehim etmeklerini sorap, olara ýüz tutjaga meñzänokdy. Daşyndan seretseñ, bu örän aýylgançdy. Kazaklaryñ yzly-yzyna inderýän gylyçlary türkmene galtaşanokdy. "Kazaklar ony hijem öldürip bilmezlermikä? Näme olaryñ elleriniñ ysgyny ýokmuka?" diýen sowallar kellämde at çapýardy. Az salymdan (meniñ üçin ýyl aşan ýalydy) ýañky türkmen boýnuna salnan çuñ ýara zerarly gapdala - suwuñ içine agyp gitdi. Ýene biraz ýöräp, wepat bolan äriniñ üstünde abanyp, sessiz aglap oturan aýalyñ üstünden bardym. Birdenem gulagyñy gapyp barýan gümmürdiden ýaña tasdan atdan agypdym. Top oklary gaçyp barýanlaryñ yzky hatarlarynda ýarylýardy. Onuñ sesi, çagalardyr aýallaryñ çirkin sesleri, atlaryñ kişñemesi, takyrlaryñ içinden eýläk-beýläk ýüwürýän goýun-geçileriñ, sygyrlaryñ sesi bilen garyşyp, töweregi hakyky dowzaha öwrüpdi.
Birnäçe minut geçenden soñ top sesi ýatdy.
Türkmenleriñ hersi bir ýana dagap, depäniñ añyrsynda gözden ýitip gitdiler. Şol pursadam goşuny toplanmaga çagyrýan deprek sesi ýañlandy. Yzyma dolanyp gelýärkäm mende kölüñ içinde galan çagalardyr aýallary görmek islegi döredi. Ýöne ol ýerde olaryñ birem gözüme ilmedi. Olaryñ top sesinden gorkup, suwa gark bolan bolmaklaram mümkindi. Men olary kazaklar öldürendir diýip biljek däl. Sebäbi men ýaş kazak ofiseri baron Krudneriñ aýallary öldürmäge synanyşan esgerleri jezalandyranyny öz gözüm bilen gördüm. Deprekler henizem toplanmaga çagyrýardy, ýaralylar gözlenip, wraç olara tizden-tiz kömek berýärdi.
13-14 ýaşly oglanyñ kellesi gylyç bilen agyr ýaralanypdyr. Onuñ ýanynda gaýgyly, wagşy, teşne gözleri bilen wraçyñ oglunyñ ýarasyny dañyşyna seredip duran ejesi bardy. Sada pikirli aýal öz ogluny öldürjek bolan adamlaryñ indem ony bejerjekdiklerine gaty bir ynanyp baranokdy. Wraç oglanyñ ýarasynh usullyk bilen dañyp, ejesine oglunyñ ölmejekdigini aýdan mahaly ol aýal gözlerinden minnetdarlyk ýaşyny döküp, wraçyñ elinden ogşady.
Atlara az salym dynç berleninden soñ, kazaklaryñ birnäçesini olja alnan 2 müñe golaý goýundyr geçileri, sygyrlary sürmäge ýollap, berkitmä tarap ýola düşdük... Men gyrak-bujaksyz çölüñ ortasynda galan adamlara garaba-garaba barýardym. Meniñ gözüm gyzydyr ýaralanan ogluna jansyz nazaryny dikip oturan aýala gözüm düşdi. Onuñ töwereginde ýoga çykarylan ähli baýlygy çaşyp ýatyrdy. Onuñ ölen äriniñ meýdiniñ hem şu töwerekde serlip ýatan bolmagy ahmal. Uzakda bolsa, onuñ ýeñlen halkynyń adamlary gözden ýitip barýardy. Ol aýal ýeñlişiñ we gaýgy-gussanyñ çöle salan nagşy ýaly bolup, garalyp otyrdy...

♣ URUŞ SAHNASY:

Ertesi günem öñümizden çykan ähli zady ýykyp, ýakyp-ýandyryp ýörmegimizi dowam etdirdik. Biziñ yzymyzda ýomutlaryñ üç mile golaý giñişlikdäki ýerleriniñ köräp duran külünden başga zat galanokdy. Men ýakyş operasiýasyna has ýakyndan syn etmek maksady bilen ýoluñ sag tarapyndaky zatlaryñ ählisini ýakmaga buýruk alan şazada Ýewgeniniñ ýanyndan atymu sürüp barýardym. Onuñ bu işe höwes bilen topulmaýanam bolsa, berlen buýrugy birkemsiz ýerine ýetirýärdi. Buýruk ýakymsyzdy, ýöne bu syrly ýurduñ (Russiýanyñ) parahatçylyk söýüji we düşünjeli adamlarynyñ arasynda, megerem, bikanunçylykdan doly ýumşy ýerine ýetirmäge bolan wagşy höwes oýanypdy. Biz haýatlary böwsüp geçip, öýleriñ gapylaryny döwüşdirip, ondan-oña at çapdyryp ýörşümize her ädimi burum-burum tüssedir ýalna öwürýärdik. Öýleriñ içinde galdyrylan zatlar örän seýrek duşýardy. Käwagt ownuk-uşak gap-çanaklar, tozan jüýjeler, lagşan atlar, göçüp gidenleriñ yzyna eýgermedik göleler, diwarlaryñ ýa-da üçekleriñ üstünde tä üstüne ot çabyraýança daş-töwerekde bolup geçýän zatlara göwnüýetmezçilik bilen syn edip duran pişikler gabat gelýärdi. Taşlanyp gidilen ýa-da ýaşan öýlerini terk etmäge dözmedik itler örän seýrek duşýardy. Olar biz ýakynlaşyp ugranymyzdan gaharly üýrüşip, gaçyp gidýärdiler. Bir gezek men rehimsiz oduñ içinden galyp, gözgyny çyñsaşýan güjük çagalaryñ üstünden bardym. Sagat ikilerde biz 12 mil yzymyzda galan berkitmä tarap gaýtdyk.
Ertesi edil düýnki ýaly otly kesindiler bilen ýanaýjak zatlaryñ baryny ýakyp-ýandyrmak bilen meşgullandyk. Şeýdip ýörşümize biz günortana ýakyn Gyzyltakyr düzlügine gelip ýetdik. Bu giden bir çägeli ýalazy meýdan eken. Birnäçe milden birki sany ýaşaýyş jaýyna duşaýmasañ bu ýerde başga yns-jynsa gözüñ düşenok. Töwerek gazylan kanallardan doly. Olaryñ käbirinde henizem suwuñ barlygyny nazara alsañ, birwagtlar bu ýerleriñem bol hasylly, ekerançylyk üçin amatly bolandygyny çaklamak mümkin. Biziñ alyp barýan urşumyz ýaly gazaply uruşlaryñ birnäçesi bu ýerleriñ bag-bakjalaryny ýele sowrupdyr. Markow ilkinji gezek türkmen çöllügini kesip geçende şu ýerde düşläpdir.
Biz günortana golaý taşlanylyp gidilenine köp wagt geçen bag-bakjaly öýüñ golaýynda düşledik. Günorta yssysy beýniñi iýip barýardy. Günüñ galan bölegini hem şu ýerde geçirmegi karar etdik. Köp wagt geçmänkä men bir türkmen oglanjygynyñ tutulandygyny eşitdim. Töweregindäki goh-galmagaly piñine-de alman, bagyñ saýasynda uklap ýatyrka onuñ üstünden barypdyrlar. Onuñ ýaşy on ikiden kän bolmasa-da, ýüzi ulu adamyñky ýalydy. Ol goçak kelleli, ýasy çekgeli, gür gaşly, jaýty burun, saryýagyz, akylly gözleri ýanyp duran oglandy. Ol ejesiniñem, kakasynyñam ýokdugyny, özi barada alada edýän daýysynyñ bolsa, uklap ýatyrka ony taşlap gidendigini aýtdy. Soñ görüp otursak, ony bilgeşlin taşlamandyrlar. Oglanjygyñ ruslaryñ arasyndadygyny bilen badyna daýysy ony idäp gelip, gele-gelmäne-de bagryna basdy. Ol juda garagol bolansoñ, rus esgerleriniñ çäksiz hormatyndan peýdalanýardy. Esgerler oña täze eşik geýdirip, rus dilini öwredip başladylar. Dynç almaly wagtymyzyñ ep-esli bardygynyndan peýdalanyp, men ýykylan Yzmykşir galasyna aýlanmaga gitdim. Onuñ meýdany 4 akra (2 ga) golaýdy, kä ýerlerde belentligi 30 ädime ýetýän diwarlaryna hiç zat kär etmändir. Gala çig kerpiçden däl-de, gowy edip bişirilen agymtyl-gyzyl kerpiçden salnandy. Kerpiçleriñ uzynlygy 6 dýuma, galyñlygy bolsa 1,5 dýuma golaýdy. Hywalylar galany beýdip salmaýarlar. Megerem, bu gala hytaýlylaryñ ýa-da parslaryñ höküm süren zamanynda salnan bolsa gerek.Biz dynç alyp otyrkak Kaufmanyñ başda türmä salan ýomut ilçileri gapdalymyzdan geçip gitdi. Olaryñ ugry gaçyp giden ildeşlerine tarapdy. Olaryñ ikisi gaçmaga synanyşan mahaly öldürilipdir. Galanlaryny bolsa, ildeşlerini paç tölemäge yrmak şerti bilen boşadypdyrlar. Ýöne bolup geçýän wakalardan soñ olaryñ sözüniñ ýer tutmajagy görnüp durdy.
Ýigrimi dördüne ir bilen biz ýolumyzy dowam etdik. Biziñ kesip geçmeli çölümiziñ içinde ýakmaga ýaramly hiç zadyñ ýoklugy sebäpli ýakyş operasiýasy bes edildi. Şeýdip, ýomutlaryñ ýurdunyñ 100 millik territoriýasyndaky bar zady küle öwrüp, biz bilen dostlukly gatnaşykda bolan özbekleriñ ýurduna ýetdik. Biz ýolda ýomutlar tarapyndan öldürilen pürsiýanyñ üstünden bardyk. Onuñ tenine azyndan 20 gezek gylyç degipdir. Wraç onuñ ýaralaryny dañyp, meýdan gospitalyna ýerleşdirdi. Ýöne ol indi adam boljaga meñzänokdy. Sagat 10-laryñ töwereginde uzakda baglaryñ garasy gözümize ildi. Ýene bir sagat töweregi ýol ýöräp, Ýylanly şäheriniñ 2 mil golaýyndaky gür baglygyń saýasynda goş ýazdyrdyk. Biz öz çadyrlarymyzy gurup ýörkäk, "Bazar" diýip, gygyryşyp, ýanymyza ýetip gelýän özbekleri gördük. Ýigrimä golaý özbek 5-6 araba gawun, gyzgynjak bugdaý çöregini, birnäçe küýze süýt getiripdir. Özbekler rus basybalyjylaryny yzygiderli iýmitdir içgi bilen üpjün edýärdi...
Birdenkä deprekleriñ howsalaly gümmürdisi eşidildi. Çöl tarapdan türkmenleriñ ýakynlaşyp gelýänini habar berdiler. Biz şol bada ýerimizden böküp turup, eşiklerimizi geýip, naganlarymyzy bilimize gysdyrdyk. Her kim ýakynlaşyp gelýän duşmany görmek üçin arabalaryñ, beýgiräk depeleriñ üstüne çykýardy.

Dowamy bar...
4
148
sahet_ashyrov
07.10.2020 09:06
GAZAWAT URŞY (dowamy)...

♣ ÝALYN WE GYLYÇ:

Kaufmanyñ ýok etmek isleýän ýomutlary Hywa hanlygyndaky türkmenleriñ iñ güýçli we iñ köp adamly tiresi. Olar 11.000 öýli bolup, hanlykdaky beýleki türkmen tireleriniñ adam sanyna deñdir. Hywa syndyrylandan bäş hepde soñ, ýagny 19-njy iýulda general-maýor Golowaçýowyñ ýolbaşçylygy astynda pyýada goşunyñ sekiz rotasy, kazaklaryñ 800 atlysy, 10 top, iki mitralýeza bilen ýaraglanan raketaçylar batareýasy Hywadan çykyp, ýomutlaryñ ýurdy bolan Gazawada tarap ýola düşdi....
Goşun egrem-bugram darajyk ýollar bilen Hywadan 16 mil uzaklykdaky Gazawat kanalynyñ kebaryna ýetip goş ýazdyrdy. Soñ görüp otursak, biz kanalyñ kenarynda däl-de, kanalyñ artykmaç suwlaryny bir mil daşlykdaky çöllüge akdyrmak üçin ulanylýan ýabyñ kenarynda düşläpdiris. Onuñ ini 30 ädim, çuñlugy 10 ädime golaý ekeni. Kanalyñ arassa suwy sagatda 5-6 mil tizlik bilen akýardy...
Bu ýerde goşun türkmenler gelip, tölemeli paçlaryny tölärler öýdüp, uzakly gün garaşdy. Meniñ göwnüme bolmasa, general Golowaçýow mundan artyk ýörişi dowam etdirmek islänokdy ýa-da türkmenlere harby tölegi tölemegiñ urşanyndan amatlydygyna göz ýetirmäge puryja bermek isleýärdi.Ýigrimi birine dañ bilen goşun ýene-de ýola düşdi. Iki sagat töweregi ýörelenden soñ, ýomutlaryñ mes toprakly, hemme ýerde çuñ kanallar gazylyp, iki gyrasyna derek ekilen ýurdy başlandy. Kiçeñräk düzlükler gök otlara bürenip otyrdy.
Özbeklere garanda ýomutlar ekerançylyga az üns berýärdiler. Bu ýerde miweli agaçlar örän az, däneli ekinlerem ekilmeýär diýen ýaly. Onuñ tersine olaryñ öri meýdanlarynyñ añyrsyna-bärsine göz ýetenok. Hiç ýerde özbekleriñki ýaly depesi diş-diş bolup duran galalar, özbek obalarynyń simwoly bolan owadan güjüm agaçlary duşanok.
Olar at ýataklaryny laýdan salnan pessejik jaýlaryna degrip salýarlar. Tomus aýlary bolsa, jaýyñ öñündäki bassyrmanyñ aşagynda oturýarlar. Şu zatlardan çen tutsañ, olar oturymly ýaşaýşyñ artykmaçlyklaryna göz ýetirip ugrapdyrlar.
Biz ahyry bir obanyñ çetinden girdik. Oba gum-guklukdy. Oba adamlary ýap-ýañy göçüp giden bolarly. Sebäbi käbir ojaklaryñ odam öçmändir. Bu ýerde general goşunyny tükelledi-de ýoluny dowam etdi. Diñe kazaklar goşundan bölündiler-de, obanyñ içine ýaýradylar. Soñky bolup geçen zatlar meni doñup galmaga mejbur etdi. Ýap-ýañyja hem seleñläp oturan jaýlaryñ sypaldan basyrylan üçekleri, döwlüp ýetişilmedik bugdaý harmanlary ala şatyrdy bolup ýanmaga başlady. Ýalyn gatyşykly towlam-towlam tüsseler asmana göterilýärdi. Men bolup geçýän zatlara has gowy sy etmek üçin atymyñ başyny golaýdaky depä tarap öwürdim. Meniñ öñümde eýmenç sahna peýda boldy. Göz açyp ýumasy salymyñ içinde ýalyndyr tüsse bar zatlary öz goýnuna dolap alyp, goşunyñ barýan tarapyna haýallyk bilen ýaýrap ugrady. Bu başagaýlygyñ içinde kazaklar elleri otly kesindili, edil arwahlar ýaly bolup, diwarlaryñ, ýaplaryñ üstünden atlaryny bökdürip, alakjap ýördüler...
Bir ýarym sagat töweregi geçenden soñ asman garalyp ugrady. Az salymdanam ýagyş ýagmaga başlady. Tomsuñ ortaky aýynda ýagyş ýagmagy öñ görlüp eşidilen zat däldi. Şeýdibem öñki pajygaly wakanyñ üstüne ýene-de bir ýürekgysdyryjy sahna goşuldy. Ýuwaşja çisñäp ýagýan ýagyş sönüp barýan otlaryñ külüni dörjeläp, olary öñküdenem güýçli tutaşdyrdy. Asmana ýaýran tüsse aşak - agaçlaryñ üstüne çöküp, töweregi içgysgynç tukatlyga gaplady. Ýuwaş-ýuwaşdan bady gowşaýan ýalnyñ gan ýaly gyzyl zolaklary indi çugdamlaşypdy.Men muña meñzeş urşuñ ilkinji gezek şaýady boldum. Bu zamanda bular ýaly uruş örän seýrek duşýar.
Goşun tüssä duwlanan egrem-bugram ýol bilen haýaljak öñe süýşüp barýardy. Günortana ýakyn esasy goşunyñ öñünden barýan esger gözýetimde bir garanyñ görünýändigini habar berdi. Añyrdan ýetip gelen atlylar ýañky esgeriñ deñinde saklanyp, onuñ bilen gürrüñleşmäge başladylar. Olar ruslaryñ öz üstlerine sürnüp gelmekleriniñ sebänine düşünmeýändiklerini aýtdylar. Esger olary Golowaçýowyñ ýanyna alyp bardy. Türkmenler öz sözleriniñ ýer almajagyny bilenlerinden soñ bolsa:"Biziñ sanymyz müñlerçedir. Ruslara edenlerini eginleri bilen çekdireris. Biz indi siziñ garşyñyza uruşmagy ýüregimize düwdük. Siziñ islegiñiz uruş bolsa, onda bizlik gürrüñ gutardy" diýip, haýbat atyp, öz ýoldaşlaryna birikmek üçin atlaryny howlukmaçlyk bilen çapdyryp gitdiler.
Rus atlylary söweşe girmäge ýaman höwesekdiler. Goşunyñ öñüni çekip barýan urşujylaryñ ofiseri söweşe girmäge rugsat sorap, generalyñ ýanyna birnäçe gezek çapar ýollady. Ýöne Golowaçýow ikirjiñlenmesini dowam edýärdi. Göwnüme bolmasa ol henizem harby töleg üçin beren möhleti tamamlanýança türkmenleriñ paç töläp, söweşden gutulmagyna mümkinçilik bermek isleginden dänmedik ýalydy... Birnäçe wagt geçenden soñ türkmenleriñ başlaryny gutarmak üçin ýüzlerini çöllüge tutdurandyklaryny habar berdiler. Öñde-soñda söweşe girmeli bolsa, häzir tüýs wagtydy. Ahyrsoñy kazaklara gaçyp barýanlaryñ yzyndan kowmaga rugsat berildi. Goşun iki topara bölünip çölüñ eteginde aýak çekdi. Her 100 atlynyñ depesinde baýdak pasyrdaýardy. Adamlar, hatda atlaram söweşe girmäge höwesek ýalydy. Iki mil töweregi günortarakda bolsa, ulgam-ulgam çäge depelerini depeläp barýan türkmenleriñ topary ownukly-irili mallar bilen garyşyp öñe süýşüp barýardy. Adamlaryñ sany 2-3 müñe golaýdy. Olaryñ arasynda çagalaram, aýallaram göze ilýärdi. Meniñ pikirimçe, olar birnäçe mil öñden barýan esasy topardan yza galan bolmaly. Az salymdan olar ýapynyñ añyrsynda gözden ýitdiler.

Dowamy bar...
4
115
sahet_ashyrov
05.10.2020 12:59
Geliň Taryha göz aýlalyň.

GAZAWAT URŞY

Mak Gahan - "Nýu Ýork Gerald" atly amerikan gazetiniñ habarçysy. Ol ruslaryñ 1873-nji ýyldaky Orta Aziýa eden ýörişine gatnaşypdyr. Ýörişiñ dowamynda gören zatlaryny ol 1874-nji ýylda iñlis dilinde neşir edilen "Oguzlaryñ üstüne ýöriş we Hywanyñ syndyrylmagy" atly kitabynda beýan edipdir. Sizde uly gyzyklanma döretjekdigini tama edip, şol kitapdan bölekleri dykgatyñyza hödürleýäris.

♣ TÜRKMENLER

Türkmenler Orta Aziýanyñ iñ edermen, urşujy halkydyr. Olar Buhara bilen Kaspiniñ aralygynda mekan tutup, gündogarda Owganystana, günortada bolsa Persiýa çenli ýaýrapdyrlar. Kaspi deñziniñ kenarynda ýaşaýan türkmenler balykçylyk, gündogar-demirgazyk türkmenleri bolsa dowardarçylykdyr iri şahly mallary idetmek bilen meşgul. Ýöne olaryñ eklenjiniñ esasy çeşmesi pürsiýanlary tutup, olary Hywa, Buhara gul edip satmakdan alynýan girdejidir.
Hywa hanlygynda türkmenleriñ alty taýpasy ýaşaýar. Ol ýerde ýemrelileriñ 2.500, çowdurlaryñ 3.500, garadaşlylaryñ 2.000, garajalaryñ 1.500, alilidir gökleñleriñ 1.500, ýomutlaryñ 11.000 öýlüsi - jemi 22.000 öýli türkmen bar. Her öýde bäş jan bar diýip hasap edeniñde-de, olaryñ sany 110.000 adama ýetýär.
Ganygyzmadan boýun egmezek halk bolan türkmenler hiç wagt hem kadaly dolandyrylýan döwletiñ raýaty bolmandyrlar. Olar hanlara, emirlere boýun egenlerinden ölenlerini gowy görýärler. Her taýpa maşgala ýa garyndaşlyk gatnaşyklary esasynda kiçeñräk böleklere bölünýär. Olara ýaşulular we serdarlar ýolbaşçylyk edýär. Olarda halk geñeşinden birugsat halkyñ ykbalyny kesgitleýän ýa-da dawa-jenjelleri çözüp bilýän dolandyryjy toparlardyr syýasatçy ýok. Dogry, serdarlaryñ käbir jedelleri çözmäge hukugy bar. Ýöne olar mejbur ediji kanunlary kabul edip bilmeýär. Türkmenleriñ arasynda erbetlik we oñatlyk barada örän aýdyñ düşünje bar. Halk geñeşi bolsa şol düşünjä hemmeleriñ eýermegini gazanýar. Şol sebäplem olaryñ arasynda dawa-jenjeller örän seýrek ýüze çykýar.
Hywa hany hiç wagt türkmenleri öz erkine tabyn edip bilmändir. Onuñ türkmenleri boýun egdirmäge eden synanyşyklarynyñ bary şowsuz tamamlanypdyr. Hanyñ türkmenleriñ üstüne ýörişi, adatça, aşakdaky ýaly görnüşe eýe bolupdyr. Ol goşun ýygnap, türkmenleriñ üstüne gidipdir. Şol gidişine-de türkmenleriñ ýaşaýan ýerleriniñ golaýragyndaku howpsuzrak ýerde goş ýazdyryp, berk goralýan berkitme gurupdyr. Türkmenler bada-bat onuñ üstüne çozupdyrlar ýa-da berkitmäniñ daşynda at salyp ýörüşlerine gykylyklap, myltyklaryndan ot atyp, oña wehim salypdyrlar, öz berkitmelerinden çykmaga ýürek eden iki-ýeke adamlaryny öldüripdirler. Han jogap edip, olary top okuna tutupdyr. Ýöne türkmenler ol oklardan gaty ujypsyz zyýan çekipdir. Han öz berkitmesinden hiç wagt çykmansoñ, oña edilýän hormatam çäkli bolupdyr. Onuñ türkmenleri boýun egdirmäge bolan synanyşygy, tersine, hanyñ olara boýun egmegine getiripdir. Şeýle wakalar birnäçe hepdäniñ dowamynda gaýtalanypdyr. Türkmenler ol wakalardan lezzet alyp, hanyñ gelmegi olar üçin baýramçylyga öwrülipdir. Hanyñ ok-däri, azyk ätiýaçlygy azalanda ol bar niýetini puja çykarýan ylalaşyk baglaşyp, ulu dabara bilen paýtagtyna dolanypdyr. Türkmenler onuñ goş basan ýerlerini añsatlyk bilen gaýdyp alypdyrlar.
Hanyñ türkmenler bilen ylalaşykda ýaşamagynyñ köp sebäbi bar. Türkmenler hana raýat bolmasalaram, onuñ başga halklary tabynlykda saklamagyna höwes bilen kömek beripdirler. Olar paç tölemekden boýun gaçyrsalaram hany içki wr daşky duşmanlardan goramaga mydama taýyn bolupdyrlar. Ruslar Hywa hanlygyna howp salanlarynda diñe türkmenler olaryñ garşysyna çykyp bildi. Hanyñ özi aljyraññylyga düşüp, gaçan mahaly diñe türkmenler uruşmaklaryny dowam etdirdiler. General Werýowkiniñ toplarynyñ sesinden zähresi ýarylan han şäheri taşlap gaçanda, golasty hyzmatkärleri bolsa oña dönüklik edende, hanyñ tagtyny öz dogany eýelände ol diñe türkmenleriñ arasynda özüne gaçybatalga tapdy. Ýöne kyn ýagdaýa düşen mahaly özüne eden hyzmatlaryny, olaryñ wepalylygyny, mertligini unudyp, han türkmenleri boýun egmeýäb garakçy adamlar hökmünde ruslaryñ öñünde aýyplady. Uruş mahaly ruslara ýetirilen zyýanyñ öwezini dolmak üçin geçirilen gepleşikler mahalynda han türkmenleriñ hiç mahal oña salgyt tölemändigini, indem tölemejekdiklerini, özüniñ höküminiñ olara ýöremeýändigini bahanalap, türkmenleriñ paýyny tölemekden boýun gaçyrdy. Ondan başga-da, öz toplaryny gaýdyp almak üçin han türkmenleri artilleriýasyz tabynlykda saklap bilmejegini, tagtynda rahatlyk tapmajagyny aýtdy. Kaufman şäher boýun egdirilende olja alnan 18 ýa-da 19 topy ulanman hana gaýtaryp berdi. Bu bolsa ruslaryñ özlerine göwünleriniñ ýetýändigini görkezýärdi. Hanyñ gürrüñini diñlän Kaufman türkmenlerden uruş salgydyny özi ýygnamagy ýüregine düwdi.
Ol ýomutlardan iki hepdäniñ içinde 300.000 manat ýada 41.000 funt sterling möçberinde harby töleg talap etdi. Gysga wagtyñ içinde beýle köp mukdardaky salgydy töläp bilmejekdikleri sebäpli özlerine berlen möhletiñ uzaldylmagyny sorap türkmenler Kaufmanyñ üstüne ilçi ýolladylar. Ýöne Kaufman niýetinden dänmedi. Ol türkmenleriñ üstüne ýöriş etmäge taýynlyk görüp başlady.
Onuñ bu gelen karary öz ofiserleriniñ birnäçesi tarapyndan berk tankyt edildi. Olar türkmenleriñ beýle gysga wagtyñ içinde onça salgydy töläp bilmejekdiklerine Kaufmanyñ özüniñem akylynyñ çatýandygyny, ýöne onuñ hanyñ aldawyna düşüp, onuñ türkmenleri boýun egdirmek üçin düzen planyndaky ýönekeýje ýaraga öwrülendigini aýtdylar. Ofiserleriñ pikirine görä, türkmenler öz beren sözlerini hana garanda has gowy ýerine ýetirýärler...
Men bu pikirleriñ käbiri bilen ylalaşmaýaryn. Meniñ pikirimçe, Kaufman hana özüni aldatman, ýagdaýa görä hereket edýär. Hernäme-de bolsa, ol türkmenleriñ salgyt tölejekdiklerine şonuñ ýaly-da geljekde ruslar bilen gowy gatnaşykda boljakdyklaryna ynam etmeýär. Onuñ pikirine görä, türkmenleri mazaly mynjyradýançañ, olaryñ uruşmajakdygyna bil baglap bolmaz. Türkmenlere ýowuz daramak bilen ol özbeklere göz görkezjek bolýar. Kaufmanyñ beýle karara gelmeginiñ başga-da bir sebäbi bar. Türkmenleriñ garaşsyzlygyny janyndanam eý görmegi Russiýa hökümetiniñ ýek ýigrenýän zady. Garaşsyzlyga ymtylýan beýleki halklara-da sapak bolar ýaly türkmenleri bir hökümdara, iñ bolmanda Hywa hanyna boýun egdirmek hökmandy.
Meniñ pikirimçe, Kaufman ýalñyşypdy. Türkmen halkyny özüne ýakynlaşdyrmak Russiýanyñ diñe bähbidine bolardy. Türkmenler başarjañ, gaýduwsyz, şol bir wagtyñ özünde-de ynsanperwer halk. Muhammet hanyń ters düşünjesinden, ýigrenjinden, kemsitmek isleginden eýmenmeýän türkmenler Orta Aziýada eden ähtine ynanyp boljak ýeke-täk halk. Hywa hany bolsa, gorkak, ikiýüzli, hezzet bilmez adam. Onuñ ýüpüne odun çykap bolmaz.
Türkmenler diñe adam söwdasyny edýänleri üçinem jeza mynasyp diýmekleri mümkin. Emma Hywa hanlygyndaky türkmenleriñ gapysyndaky gullar özbekleriñkiden az. Onsoñam olar gul söwdasyny edenoklar. Gul söwdasyny Kaspiniñ kenarynda ýaşaýan teke türkmenleri edýärler. Olaryñ wagşylyklary Wamberi tarapyndan jikme-jik suratlandyrylypdy.
Kaufmanyñ türkmenlere bolan gatnaşygynyñ nähilidigine garamazdan, onuñ bir hereketini aklap bolmaz. Onuñ bilen gepleşik geçirmäge gelen 12 türkmeni ol ýesir aldy. Dogry, olar soñ yzyna-da goýberildi. Ýöne ylalaşygyñ bolmajagyna türkmenleriñ düşünmegi üçin olar birnäçe wagt türmede oturmaga mejbur boldular.

(dowamy bar)...

Iñlis dilinden terjime eden: Ýazgylyç ÇARYÝEW.
4
287
sahet_ashyrov
03.10.2020 08:49
AL, SAÑA, ARAKAN!

"Coca Cola" kompaniýasynyñ başlygy Muhtar Kentiñ kakasy Nejdet Kent ikinji jahan urşy ýyllarynda Marselde konsul bolup işläp ýörkä, ýüzlerçe jöhide türk pasportynyñ berilmegini üpjün edip, olary genosidden aman sypdyrypdyr, onuñ bu nusgalyk adamkärçilikli hereketi bilen dünýä taryhyna adyny ýazdyrdy, türk diplomatiýasynyñ mertebesini beýgeltdi. Uruşdan soñ Nýu-Ýorkda baş konsul, Bangkok, Täze Deli, Tähran, Stokgolm we Warşawa ýaly şäherlerde ilçi bolup işledi. Türkiýe respublikasynyñ "Ýokary hyzmatlary üçin" medalyna mynasyp boldy.
Ine, şu hormatly diplomatymyz Nejdet Kent 1958-1960-njy ýyllarda Bagkokda ilçi bolup işleýärdi. Mýanmaryñ şol wagtky ady Birmady. Birmada ýörite açylan ilçihanamyz ýokdy, Bangkokdaky ilçimiz ol ýere-de jogap berýärdi.
Ilkinji gezek şonda bilip galdy... Türkiýeden baryp 10 müñ km uzaklykda bolan, Türkiýä hiç hili ýakynlygy ýok, diplomatik gatnaşygy-da bolmadyk Birmada osmanly mazar daşlary bardy!
1960-njy ýylda Taýlandiýadan Hindistana geçirildi, Delide adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçimiz bolup işledi, başlan işini ýarpy goýmady, Birma resmi hat bilen ýüz tutdy, zyýarat üçin rugsat sorady, Taýemo şäherine gitdi, hapa-haşal ot basyp ýatan ekin meýdanyndan weýran bolup giden guburlary tapdy, mazar daşlary kül-uşak bolup ýatyrdy, olary birikdirip-bejerip, ýekän-ýekän öwrendi, 173 türküñ şahsyýetini anyklady, olaryñ aradan çykan wagtlary 1915-nji ýyl bilen 1920-nji ýyl aralykdady, giñişleýin maglumatnama taýýarlap, Ankara ýollady.
Şoña çenli Türkiýede hiç kimiñ habarynyñ ýok gynançly hakykaty şol taryhy gün orta çykdy…
Birinji jahan urşunda Sinaý-Palestina frontunda iñlislere ýesir düşen esgerlerimiz iñlis koloniýasy bolan Hindistana we Birma ugradylypdyr, olar demir ýol we gara ýollaryñ gurluşygynda gul deregne işledilipdir. Neresse esgerlerimiziñ barsy agyr zähmet şertlerinde, öwrenşilmedik tropiki howa şertlerinde we bendihanalardaky epidemiki keseller zerarly aradan çykdylar.
Arap çöllerine ýollanan nowjuwan oglanlarymyz karta seredende nirededigi bilinmeýän Aziýanyñ çet künçlerinde asmanyñ ýyldyzlary deý ýeke-ýeke sönüp gitdiler.
(Jemi näçedigi häzirem belli däl welin, ýöne, gynansak-da, diñe Mýanmaryñ özünde bäş müñe golaý şehit mazarlarymyzyñ bardygyny anyk bilýäris.)
Basradaky konslagerlerden gämilere mündürilip, Hindistana getirilipdir, Kalkutta bekedindäki bendihanada saklanypdyr, Irawwadi derýasyndan gatnaýan baržalarda Birma getirilipdir. Dört ýüz adamlyk çalamydar gurlan baraklarda ýatyp-turupdyrlar. Her ýesire hepdede kyrk sany çilim, aýda bir sabyn berlipdir. Yşyklandyrmada gaz çyrasyny ulanypdyrlar. Egin-eşikleri we paşmaklary ýylda bir gezek lageriñ adminstrasiýasy tarapyndan çalşylypdyr. Ýesirler tagtadan edilen kiçijik baragy metjit etdiler we aralaryndan birini ymam saýladylar. Hatda “İrravadi” we “Ne Münasebet” ady bilen gazet hem çykardylar, gazeti elýazma usulda köpeldýärdiler, henekli makalalary, goşgular ýazýardylar, başlaryny dik, ruhlaryny belent tutmaga çalyşýardylar. Gök önümleri ekip ýetişdirdiler, towuk sakladylar, hatda iñlislere ýumurtga satdylar. Lagerde palatka hassahana bardy, ýesirlerden ýedi türk lukmany bardy, şol ýaramaz şertlerde-de näsagy operasiýa edýärdiler. Psihologiki ýagdaýlary berbat ýagdaýdady, ýygy-ýygydan öz janyna kast etmeler bolup geçýärdi.
Nejdet Kentiñ daşary işler ministrligine ýollan maglumatnamasy Goranmak ministrliginiñ arhiwleri bilen deñeşdirilip görüldi, Birmadan gelen sanawdaky 173 adamyñ kimdigi anyklandy. Nejdet Kentden soñ Täze Delide ilçimiz bolup işlän Seýfullah Esin şehitlerimiziñ yzyny çalmak maksady bilen 1964-nji ýylda Birma gitdi. Bu gezek Mekthla şäherinde 760 guburyñ ýeri anyklandy. Birma döwleti bilen geçirilen ikitaraply işler netijesinde Şewoba, Aungban, Çžauhsi şäherlerinde-de türk gonamçylyklarynyñ bardygy ýüze çykdy. Iñlisler nirede bendihana guran bolsalar, şol ýerde-de şehitlerimiziñ guburlary bardy. Görnüşinden, aradan çykan bendeleri lageriñ çetirägine bir ýere gömýärdiler. Garamañlaý esgerlerimiz birujundan aradan çykýardy, ölüm nobatyna garaşýan ýoldaşlary-da olaryñ başyna mazar daşy dikýärdi.
Ilçimiz Seýfullah Esiniñ geçiren barlaglary netijesinde başga bir gynançly fakt ýüze çykdy. Ýesirhanalardaky esgerlerimiziñ hossarlaryna ýazan hatlary "Gyzyl ýarymaý" jemgyýetine bermek üçin "Gyzyl haç" jemgyýetine berlipdir, ýöne Angliýa giden hatlaryñ köpüsi "Gyzyl haça" berilmändir, olaryñ salgysyna gowşurylmandyr. Şehitlerimiziñ köpüsi dünýäniñ añrujynda maşgalalary tarapyndan nirededigi bilinmän ýitip-ýok bolup? näbelli ýagdaýda bir gysym topraga öwrülip gidipdirler.
Şehitlerimiziñ ýagty ýadygärligini ebedilik dikeltmek üçin asylly işler dowam etdi...
Taýemo şäherindäki uburlar simwoliki manyda dikeldildi, 1996-njy ýylda "Taýemo türk gonamçylygy" açyldy. Dabaraly harby çäre gurnaldy, Türkiýeden Bangladeş-Dakkadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçimiz Kemal Özjan Dawaz wekilçilik etdi.
Gonamçylygyñ girelgesinde "Birinji jahan urşunda Yrak, Palestina, Siriýa, Arabystan frontlarynda Osmanly döwletiniñ iñlis basybalyjylaryna garşy çaknyşyklarynda duşmana ýesir düşüp Birma getirilen we bu ýerde wepat bolan türk esgerlerimiziñ ýagty ýadygärligine" diýen mermer ýazgy goýuldy.
Emma... Mýanmarda türk ilçihanasy bolmandygy üçin alysdan akreditasiýa arkaly ýeterlik eýe çykylmady, gonamçylyga yzygiderli idi-yssywat edilmedi.
2002-nji ýylda... Türkiýäniñ tanymal jahankeşdelerinden biri, syýahatçylyk boýunja jogapkär ýolbaşçy, industriýanyñ ezber inženeri, otstawkadaky polkownik Faruk Budak Mýanmara gitdi, türk gonamçylygyny surata düşürdi. Gynansak-da, gonamçylygyñ ýagdaýy gözgynydy, guburyñ daşyna germelen gorag haýatlary ýykan-ýumrandy, hapa-haşal ot büräp ýatyrdy, mazar daşlary döwük-ýenjik bolup ýerde pytrap ýatyrdy, mermeriñ ýüzüne ýazylan ýazgylar öçürilipdi. Ol bu fotosuratlary internetde goýdy. Daşary işler ministrligine, Baş goranyş müdirligine, Goranmak ministligine çagyryş etdi, gonamçylygyñ abatlanmagy üçin kampaniýanyñ başyny başlady.
2004-nji ýylda Baş goranyş müdirliginiñ gaznasyndan gerekli çykdajylaryñ edilendigi, goýberilen pullaryñ gyssagly Bangkokdaky ilçihanamyza iberilendigi mälim edildi.
2005-nji ýylda Faruk Budak ikilenç Mýanmara gitdi. Gonamçylygyñ bolşy öñküsindenem beter gözgynydy. Ýeri ekin meýdanyna öwrüpdirler, ýerli halk gonamçylygymyzyñ üstünde, şehit guburlarynyñ arasynda nohut-noýba ýetişdiripdi. Gaýtadan fotosuratlara alnyp, internetde ýaýradyldy. Emma, barsy bihuda... "hormatlanýan dindar hökümetimiz" gabagynam galdyrmady.
2007-nji ýylda... Mýanmaryñ Daşary işler ministrligi biziñ daşary işler ministrligimize resmi hat bilen çykdy, türk gonamçylygynyñ restawrasiýasy we abatlaýyş işleri üçin 100 müñ dollar geçirmekligi sorady!
Biziñ daşary işler ministrligimiz näme jogap berendir öýdýärsiñiz... "Soraýan puluñyzyñ mukdary aşa köp" diýip jogap berdi!
450 müñ dollarlyk goşar sagadyny dakýan "hormatly dindar hökümetimiz" türk gonamçylygyna 100 müñ dollar çykarasy gelmedi, ýeke köpük bermedi.
RHP-niñ deputatlary bir gezek däl, iki gezek sowalnama bilen ýüzlendi, 2009-njy we 2011-nji ýyllardaky sowalnamalarda "Mýanmardaky türk gonamçylygyna näme üçin eýe çykañzok?" diýen sorag bardy.
Hatda RHP-niñ Stambul şäheri boýunça halk deputaty Ahmet Tan öz sowalnamasynda "türk gonamçylygy idi-yssywatsyz we hossarsyzlyk zerarly ýitip-ýok bolup gitmegiñ öñüsyrasynda dur, bu boýunća iş geçirmek üçin nämä garaşýarsyñyz?" diýip soraýardy. AKP-den ses-seda çykanokdy.
Özlerini "täze osmanly" saýyp, döşüne kakýan "hormatly dindar hökümetimiz" osmanly-türk gonamçylygyna tüýünem gymyldatmady.
Bir tarapdan-a mitinglerde, köpçülikleýin medeni çärelerde "mehter marşyny" ýañlandyrýarlar, ýene bir tarapda osmanly-türk gonamçylygynyñ ýitip-ýok bolup gitmegine göz ýumýardylar.
Wagt diýeniñ suw ýaly akýar, 2012-nji ýyla gelenimizde... Sebitdäki syýasy ýagdaý düýpgöter üýtgedi, Hytaý bilen "çopan göreşine" giren amerikan hökümeti Mýnmara penjesini uzatdy.
Energetika liniýalaryny gözegçilik astynda saklamak we Hytaýa geosyýasy päsgelçilik döretmek üçin Arakany gaşady, arakanly musulmanlary Mýanmar hökümetime garşy ulanmaga başlady.
Puly Saud Arabystanyñ patyşasy berýän bolsa, harby tälimi MRU (CIA) berýärfi.
Netijede Mýanmar hökümeti döwlete ýarag çeken arakanly musulmanlara ýowuz darady.
"Häh" diýen ýaly birden biziñ badamjanlaram Mýanmary "açdy" duruberdi!
"Amerikanlaryñ bähbitlerine hyzmat etmek üçin Mýanmara gidýäris" diýip bilmejekdikleri üçin "Arakandaky musulman doganlarymyza arka durýarys" diýen boldular, strateg Ahmet Kizirogly uçaryñ biline münüp Mýanmara gitdi. Mýanmar saparyny hormatly halaýygymyza ýakymly görkezmek üçinem Mýanmara inip-inmänkä türk gonamçylygyna giden boldy, dogry dälmi?!.
Şol wagta çenli görmezlige salýardylar, amerikan bähbitleri ara düşýärem welin, birdenkä gözleri "çakgyñ çüýi ýaly" görmäge başlady.
Ahmet Kizirogly Mýanmara gidende ýanyna tarapgöý metbugat işgärlerinem äkidipdi, şehitlerimiziñ guburlarynyñ başynda doga okap surata düşdüler, "gynançly ýüz" keşbine girip, oýun oýnadylar. Gonamçylygyñ dessine abatlanjakdygy, ilkinji görkezmäniñ şu boljakdygy aýdyldy, o taýdan bir ymam-müjewür tapdylar, "türk gonamçylygynyñ müjewüri" diýdiler, Ahmet Kizirogly bu ymama türk baýdagyny we "Gurhany" sowgat etdi, täsirli pursatlar bolup geçdi we ş.m. ...
Amerikan bähbitleri ara düşýänçä Türkiýäniñ Mýanmara kellesini agyrdasy gelenokdy, aýdýan-a, iñ bärkisi ilçihanamyz ýokdy. Bangkokdaky ilçimiz şol bir wagtyñ özünde Mýanmara-da jogapkärdi. Amerikanlaryñ bähbidi ara düşdi welin, gürp-tarp... 2012-nji ýylda Mýanmarda ilçihanamyzy hem açdyk.
Diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn bolýar, sen bir ýerde ilçihana açdyñmy, şol ýerem sende ilçuhana açmaly... Ýöne bu beýle bolmady. Biziñ ol ýere näme sebäpli haýdan-haý ilçihana açandygymyza gaty gowy düşünýän Mýanmar döwleti Türkiýede ilçihana açmady, "Kairdäki ilçihanamyz size-de ýetişer" diýip oñdular!
2015-nji ýylda biziñ "badamlarymyzyñ" ynsaby oýandy, Taýemodaky türk gonamçylygyny az-owlak restawrasiýa etdiler, mazar daşlaryny reñkletdiler. Dostana gatnaşyklarda görülsin diýen ýaly daşky sudurda düzediş-abatlaýyş işleri geçirildi. Ýeri, Mekthla, Şewoba, Aungban, Çžauhsi şäherlerinde ýatan şehit guburlarymyz üçin nämeler edildi? Hiç zat... Hiç zat edilmedi. Hemmesi ýok bolup gitdi. Üstesine-de... häli-häzirem Mýanmarda jemi näçe şehit ildeşimiz ýatyr, olar kim we ady näme, nireli... bularyñ hiçisi barada bilýän zadymyz ýok.
Şindi bilip durun, şu ýazgyny gaýgy-gama batyp okanlaryñ togsan dokuz göterimi "bu zatlardan näme üçin biziñ habarymyz ýokka?" diýip, ünjä giderler.
Menem hut şoñ üçin ýazýan-da, şulary... Alys ýurtlarda gara ýeri ýassanyp ýatan müñlerçe näbelli ildeşinden habary ýok millet ýat illeriñ arakanlylaryna näme üçin aglaýar, byradar?

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 12.09.2017 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
4
463