sahet_ashyrov
21.10.2020 15:06
Gazawat urşy (dowamy)...

♣ KOWGY

Biz ertesi ir bilen ýörişi dowam etdik. Tiz wagtdanam gaçyp barýanlaryñ galdyryp giden zatlary duşup başlady. Ýoluñ ugrunda howlukmaç taşlanyp gidilen üsti ýükli arabalar durdy. Eýeleriniñ yzyna eýgermedik sygyrdyr göleler molaşýardy. Çatmanyñ içinde öldüriljek pursadyna gorky bilen garaşyp oturan, diñe süñk bilen ham bolup galan kempir, hasasyna söýenip durşuna bürgüdiñki ýaly gözleri bilen bizi synlaýan sandan galan garry görünýärdi.Golowaçýow türkmenleriñ yzyndan ýetmäge, başartsa, olary söweşmäge mejbur etmäge buýruk berdi.
Atly goşun yzynda tozan bulutlaryny galdyryp, gözden ýitdi. Pyýada goşun bolsa, ýuwaşlyk bilen öñe süýşüp ugrady. Ýarym sagat töweregi ýöränimizden soñ öñümizi suwly ýap kesdi. Bu ýerde biz iniñi jümşüldedýän sahnany synlamaga mejbur bolduk. Ýomutlaryñ öý-goşlary ýüklenen ýüzlerçe araba daş-töwerekde pytrap ýatyrdy. Gaçyp barýanlar ýabyñ darajyk köprüsinden goşlaryny geçirip bilmän bar zatlaryny taşlap gidipdirler. Olaryñ käbiri ýa-ha atlarynyñ ýoklugy sebäpli, ýa-da ruslar özlerine rehim eder öýdüp, bu ýerde saklanypdyrlar. Ýöne kazaklar olary ele salyp, çapym-çapym edipdirler. Öz ärleriniñ, söýgülileriniñ, doganlarynyñ jesetleriniñ penalap, edil lal ýaly bolup, gorkudan ýaña titreşip, ýalbaryjy gözlerini balkyldadyşyp, ýöne seslerini çykarman arabalaryñ aşagynda ýygrylyşyp oturan aýal-gyzlary synlamak hasam gözgynydy. Olar öz başlaryna-da mähribanlarynyñ gününe düşerine garaşýardy. Men töwerekde bolup geçýän zatlara çigit ýaljagam üns bermän oturan aýaly synladym. Ol gylyjyñ salan ajal ýarasyndan ölüp barýan äriniñ kellesini dyzynda saklap otyrdy. Eger onuñ äriniñ ýüzüne damyp duran gözýaşyny görmeseñ, doññara daş bolup oturyşy äriniñ ölümine parhsyz garaýar diýdirjekdi. Ol ruslardan birjigem gorkanokdy. Gam-gussa gorkynyñ üstüni basypdy. Ene-atalaryndan jyda düşen balajyklaryñ bolşuny synlamak çydar dagy eder ýaly eder ýaly däldi. Olaryñ birnäçesi arabalaryñ arasynda süýşenekläp ýörüşlerine aglaşýardylar, birnäçesi bolsa arabalardaky ýükleriñ arasynda oturan ýerlerinden çaga bilesigelijiliginden doly gözleri bilen bizi synlaýardy. Bir kiçijik gyzjagaz bolsa Golowaçýowyñ baýdagyna seredip, jakyrdap gülýärdi.Generalyñ we onuñ ştabynyñ bu ýerde az salym saklanjagyna garamazdan, men atymy öñe sürüp gitdim. Çar tarapda mas ýüklenen arabalar, gylyçdan geçirilen ýomutlaryñ jesetleri dagap ýatyrdy. Kysmatyna kaýyldygy görnüp duran goltugy çagaly 80 ýaşlaryndaky kempir ýoluñ ortarasynda ýygrylyp otyrdy. Onuñ gözlerini ýumup oturyşy depesinden injek gylyjy görmäge gurbaty çatmaýanyñka meñzeýär. Ol agtygynh elinden sypdyrjaga çalym etmeýärdi. Azajyk añyrrakda ýyrtyk-ýyrtyk giñ köýnekli owadan ýaş gelin arabanyñ aşagynda ýüzüni gara-gan edip otyrdy. Men erbet zady göwnüme getirmän oña pul uzatdym. Ol pulumy yzyna zybyrdadyp zyñdy-da sojamaga başlady...
Azajyk añyrrakda, ýoluñ ýakasynda ýüzüni gylyç çapan garry aýal ýatyrdy. Onuñ başynda topbusy bolmansoñ erkek adamdyr öýdülen bolmagy ahmal. Erkek göbeklä garşylyk görkezýänine ýa-da görkezmeýänine garamazdan, rehim etmezlik barada ýörite buýruk bardy. Bu meniñ gören ýaralylarymyñ arasyndaky ýeke-täk aýaldy. Men 2 mile golaý şunuñ ýaly elhençlikleri synlamaly boldum. Ýöne öñde 15-20 sany ýomuda gözüm düşüp, añey gitmäni goýbolsun etdim. Men bu ýerde goşunyñ gelerine garaşyp durkam şok töwerekde aýlanyp ýören atly türkmen peýda boldy-da maña garşy gaýtdy. Elinde taýakdan başga zat bolmasa-da onuñ bolup gelşi örän hyýrsyzdy. Men rewolwerime ýapyşdym. Emma ol menden birjigem çekinmän, iki rewolwerlidigime, tüpeñlidigime garamazdan, üstüme hüjüm etmäge hyýallanýan ýaly öz gorkunç gara gözleri bilen gazaply seredip, on ädim öñ ýanymdan geçip gitdi. Men ilkibada ruslaryñ edişi ýaly oña taýagyny taşlatdyryp, özüme boýun etmek isledim. Ýöne onuñ gaýduwsyzlygy, hiç zatdan çekinmezligi meni añk etdi. Onsoñam, ýaragsyz adamyñ üstüne sürünmek namartlyk boljakdy. Ol maña barmysyñam diýmän gözden ýitip gitdi. Onýança goşunam yzymdan ýetdi. Biz şeýdip ýene 4-5 mil öñe ýöredik. Biziñ öñümizden köp sanly goýun sürüleri, sygyrlar, düýeler çykýardy. Ýöne ýörişiñ dowamynda ýekeje atyñam ele salynmazlygy geñ galmazça däldi. Bu türkmenleriñ atlaryny janlaryndanam eý görýändigini añladýardy. Ýesir alnan ýa-da öldürilen türkmenleriñem atlary bolmansoñ, şeýle güne düşen bolmaklary mümkin. Men kazaklaryñ üýşüp duran arabalary talaýanyny görüp, olaryñ edýän işini synlamak üçin şol tarapa ugradym. Tiz wagtdanam 2 sany ýomudyń jesediniñ üstünden bardym. 3 ýaşlaryndaky gyzjagaz jesetleriñ arasynda duran ýerinden çaga mahsus ýygralyk bilen talañçylara seredip, sojap durdy. Onuñ bu ýerde galsa, suwsuzlykdan öljegi ikuçsyz bolansoñ, men ony öñümden çykan ilkinji aýala gowşurmak maksady bilen atymyñ öñüne aldym. Az salymdan ýene bir gyzjagaza gözüm düşdi. Men öñümdäki gyzjagazy ýoldaşym Çertkowa tabşyrdym-da ýañky gyzjagaza tarap ugradym. Ol görgüli bilmezlikde aýagyny gylyja gyýdyrypdyr. Ýarasyna çäge bary siñensoñ onuñ aýagy gaty agyrýan borly. Ýöne gyzjagazyñ gözünde nem ýokdy. Ol kakasynyñky ýaly gara, hyýrsyz, bilesigeliji gözleri bilen kazaklaryñ arabalary talaýyşlaryny synlaýardy. Men ony ata mündürmekçi bolamda ol gaçdy. Onsoñ men atdan düşüp, ony kowalap tutmaly boldum. Men tä tatarça bilýän sözlerimiñ baryny aýdyp, ony köşeşdirýänçäm ol dyrnaçaklap, däbşenekläp, meniñ bilen gitmekden boýun gaçyrdy. Menden zyýan görmejegine gözi ýetensoñ welin, boýnumdan gujaklady-da, süýji uka gitdi. Görgülijigiñ üst-başy edil şu wagt hapa suwly kölçä girip çykanyñka meñzeýärdi. Men ony gujaklap, gülkünç ýagdaýda esgerleriñ hatarlarynyñ arasyna aýlanyp ýördüm. Köp wagt geçmänkä edil gymmat bahaly daş tapan ýaly kiçijik bir gyzy goltuklap ýören ştab ofiserine duşdum. Ýomutlar gyzjagazlara oglanlara garanda biparh seredýän borly. Sebäbi biz taşlanyp gidilen ýeke oglanjyga-da duşmadyk. Biz sagat 11-lerde atlara dynç bermek, ertirlik edinmek üçin goş ýazdyrdyk. Türkmenler çar tarapa pytrap gidipdirler. Diñe birnäçe mil öñde atly türkmenleriñ birnäçesi üýşüp durdy. Olaryñ üstüne çozuş edeniñ peýdasy boljak däldi. General Golowaçýow ýomutlaryñ ýaşaýyş üçin ýaramly zatlarynyñ köp mukdaryny basyp alansoñ, ýörişi tamamlap, yza - Ýylanla dolanmagy makul bildi.
Ýolda duşan 5-6 sany aýala howandarlyk eden gyzjagazymy ýanlaryn almagy haýyş edip ýüzlenemde olar öz çagalarynam nätjeklerini bilmeýändiklerinu aýdyp, garşylyk görkezdiler. Olaryñ hersiniñ ýanynda 4-5 çaga bardy. Men olaryñ ýagdaýyna düşünip, gyzjagazy özüm bilen berkitmä alyp gitdim. Elbetde, ony çem gelen ýerde taşlap gitsemem edenime däl diýjek ýokdy. Ýöne şeýtjek bolsam, ony çöllügiñ içinde şagallara şam boljak bolup duran pursady alyp gaýtmazdym. Men gyzjagazy kime berjegimi pikirlenip, onuñ üçin ýomutlaryń goşlarynyñ arasynda dagap ýatan pagtadan arabanyñ aşagynda düşek ýasadym. Wraçyñ kömegi bilen onuñ ýaraly aýagyny ýuwup, dañyşdyrdym.
Ýarasyny dañan mahalymyz gyzjagazyñ çydamlylygyna haýranlar galdyk. Çäge siñen, azyp iriñlän ýarasyny arassalap, dañan mahalymyz agyry ýüregine ornap gidýän bolsa-da ol aglamady. Ony gowuja synlamak maksady bilen ýüzüni gazaşdyryp, ýuwamda onuñ eýjejik bir gyzjagazdygyny gördüm. Men oña suw hödürlämde suwa açgözlük bilen topuldy. Bu onuñ günüñ dowamynda ýeke-täk iýip-içen zady bolsa gerek. Olja alnan sygyrlardan saglyp alnan süýdüñ satylýanyny görüp, gyzjagaz doýar ýaly süýt satyn aldym. Süýtden ganan çagajyk süýji uka gitdi. Men bu edermen gyzjagaza şeýle bir öwrenişdim welin, onuñ ejesini tapan mahalymam ony öz ýanymdan goýberesim gelmedi. Ejesi çagajygy bagryna basyp oturan ýerinden maña minnetdarlyk bildirmek üçin ýekeje gezegem öwrülip seretmedi. Eger meniñ birden gerek bolaýmasyn diýip, talap alan çaga eşimlerimi oña geýdirenimi, ýene-de 10-12 ýyldan ol gyzjagaz durmuşa çykanda haladyna goşant bolup biljek gyzyldan edilen şaý-sepi berenimi göz öñüne tutsañ, gyzjagazyñ ejesiniñ maña beren "tañryýalkasyny" göwne jaý däldi. Hernäme-de bolsa, gyzjagaza hossar çykan kapyra onuñ öz ýüreginiñ töründen minnetdarlyk bildirenine ynanasym gelýär.
Ýörişiñ dowamynda ýesir alnan 50-60 sany aýala islän ýerlerine gitmäge rugsat berdiler. Esgerlere bolsa, derde ýarajak zatlary alyp, galanlaryny otlamaga buýruk berildi. Buýrugy kazaklar höwes bilen ýerine ýetirdiler. Olar esasanam halylary, ýüpek dañylaryny, geýim-gejimleri, kümüşden ýasalan şaý-sepleri talaýardylar. Ýoluñ üstünde esgerleriñ gerekmejek hasaplap zyñan zatlary - egrilmedik ýüpekler, köne halylar, çägä garylan bugdaý, mesge, öý goşlary çaşyp ýatyrdy. Olardan ýaña aýak basara ýer ýokdy. Sada türkmenleriñ uzak ýyllaryñ dowamynda peýdalanyp, hemralaryna öwrülip giden, köp sanly ýakymly ýatlamalara ýugrulan, ata-babalaryndan ýadygärlik galan zatlarynyñ guma bulaşyp ýatanyny görende ýüregiñ gyýlyp gidýärdi. Aýallaryñ ýykan-ýumran bolan zatlaryñ içinden küle öwrülen öýlerine ýaramlylaryny saýlap, gözden ýaş döküp oturyşlaryny göz öñüne getirseñ, hasam erbet bolýarsyñ. Ýöne mundan erbedine-de duşýarsyñ. Ine, 3 sany ýomudyñ jesedi ýatyr. Dört ýaşdan sekiz ýaşa çenli çagalar olaryñ daşyna egrilişip otyrlar. Olaryñ ekabyry - kiçijik gaýduwsyz oglanjyk başardygyndan beýlekileriñ aladasyny edýär. Ol öýlerinden galanja pagta, ýüpek böleklerinden, elem-tas köçelerden, halylardan arabanyñ aşagynda ýatar ýaly ýer edinmek bilen gümra. Men onuñ ýanyna atymy sürüp baran mahalym onuñ çaga ýüreginiñ ýigrençden dolandygyna birjikde şübhelenmedim. Ýene 20 ýyldan çagajygyñ özlerini nähili ýigrenendigine "kapyrlaryñ" gözi ýetmegi ahmal. Men olara tapan gaýmaklarymy getirip berip, esgerleriñ çagajyklaryñ gaçybatalga tapan arabasyny otlamazlygy barada aladalanyp, olary öz mähribanlary bilen gyrak-bujaksyz çöllükde galdyryp, goşunyñ yzyna düşdüm.
Ýörişiñ dowamynda men öldürilen çaganyñ ýekejesine duşdum. Ol kinniwanjady. Onuñ teninde ganyñ ýoklygyndan çen tutsañ, ol ýa-ha at toýnaklarynyñ astynda galan bolmaly, ýa-da başga bir şuña meñzeş sebäbe görä jan beren bolmaly.
Biz yza dolanyp barýarkak bar zady ýakyp ýandyrýardyk. Meniñ başda agzan suwsuz kanalymyñ boýuna ýetenimizde bu ýerdäki dagap ýatan arabalaryñ talanandygyny gördük. Bu ýerde galan aýaldyr çagalar bolsa ýitirim bolupdyrlar. Soñ görüp otursak, olaryñ az sanlysy henizem şu ýerde ekeni. Meni bir zat geñ galdyrdy. Kazaklar käte talañçylyklarynyñ arasyny kesip, çagajyklara nan-suw berip, ýene-de öz işlerini dowam edýärdiler.
Men Golowaçýowyñ baýdagyny görüp, jykyr-jykyr gülen gyzjagaza şol öñküje arabasynyñ üstünde otyrka duş geldim. Bu wagt iñrik garalyp gelýärdi. Ol görgülijik bolsa uzakly gün iýmän-içmän, özüniñ äkidilmegine garaşyp geçiren borly. Men pytrap ýatan zatlaryñ arasyndan peýnir bölegini tapyp, oña getirip berdim. Iñ kynam oña suw berer ýaly gap tapmak boldy. Ol ýerde 5-6 ýüze golaý araba münderlenip durdy. Olara ot berlensoñ, töwerekdäki arabalara-da ot düşüp başlady. Görsem, gyzjagazyñ oturan arabasyna-da ot düşüpdir. Men ony howpsuzrak ýere geçirip, gyzjagazy kime tabşyrjagym barada oýlanyp ugradym. Dogry, golaýda 3-4 sany aýalam bardy. Ýöne olar gyzjagazy uzakly gün idemänsoñlar, indem olara bil baglap boljak däldi. Iñrik bolsa kem-kem garalýardy. Ýomutlaryñ bu ýerde ertirden bäri gara bermejegi bolsa köre hasady. Töwerekde köp sanly şagallaryñ uwwuldysy eşidilýärdi...

(dowamy bar)...
4
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.