sahet_ashyrov
22.10.2020 10:34

Gazawat urşy (dowamy)...
Soňky bölümler.

♣ HARBY TÖLEG

Ýomutlar düýbünden derbi-dagyn edilip, olaryñ köp sanly mallary olja alyndy. Gyşa niýetläp basyp goýan bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. Ýaşaýan obalarynyñ ýerinde bolsa diñe kül üýşmekleri galdy. Ýörişiñ dowamynda obalaryna dolanmagy we boýun egmegi hyýallaryna-da getiemezlikleri olaryñ tekepbir ruhunyñ mizemändigini görkezýärdi. Olar tä Kaufman Buharanyñ üsti bilen Daşkende tarap ýola düşýänça birnäçe hepde çölüñ içinde entäp, itiñ gününi gördüler. Men Ýewropa ugramazymyñ öñ ýany ýomutlaryñ öz goñşulary bolan özbekleriñ üstüne çozup, ruslaryñ ýetiren zyýanynyñ belli bir böleginiñ öwezini dolýançalar talandyklaryny eşitdim. Ýöne şondada olaryñ Kaspiniñ kenarynda, Etrekde ýaşaýan teke türkmenlerine özlerini tekeleriñ ýurduna kabul edilmegini sorap, öz ilçilerini ýollandyklaryny gürrüñ berdi. Tekeler eger ýomutlar olara raýat bolmaga boýun bolsalar, olar üçin Kaspiniñ kenarynyñ we Etregiñ gapysynyñ açykdygyny aýdypdyrlar... Kaufmanyñ maña aýdan zatlary çyn bolanlygynda, ýomutlaryñ iñ bolmanda az sanlysynyñ ol ýerik göçüp gidendigine ynanýaryn.
Kaufman goş ýazdyrandan soñ, Hywa türkmenleriniñ beýleki tireleriniñ bir hepdäniñ içinde harby töleg tölemeklerini talap etdi. Eger olar aýdylany etmeseler, ýomutlaryñ gününe duçar boljakdyklaryny duýdurdy. Olar Kaufmanyñ üstüne öz serdarlaryny iberip, harby töleg tölejekdiklerini, ýöne berlen möhleti uzaltmagy soradylar. Kaufman tölegiñ möhletini 14 güne çenli uzaltdy.
Türkmenler her öýden 15 tylla ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling ýygnamalydylar. Garajalar bolsa, her öýden 20 tylla ýa-da 5 funt sterling bilen 7 şilling tölemäge borçly edildi. Türkmen tireleriniñ tölemeli salgytlary jemi 42.500 funt sterlinge barabardy. Bu san nemesleriñ fransuzlardan ýygnan salgydyndanam köpdi. Onuñam üstesine türkmenler fransuzlardan has garyp ýaşaýardylar.
Birki gündeb türkmenler bahasy birnäçe müñ manada barabar bolan kümüş pullary, bilezikleri we başga şaý-sepleri iberipdirler.
Birnäçe günden soñ berkitmämizde geb galdyran waka boldy. Türkmenler pullaey bolmansoñ, atlaryny, düýelerini, halylaryny ýetmezlerini dolmak üçin äkeldiler. Getiren zatlaryny olar biziñ ofiserlerimize gymmat bahadan satyp başladylar. Ruslaryñ köpüsi ajaýyp türkmen atlarynyñ ölemen aşygydy. Ol atlar geçen söweşlerde özlerini görkezip bilipdiler. Onuñam üstesine-de olaryñ ýekejesinem ele salmak başartmandy. Türkmenler bu gezegem satmak üçin ýa-ha ýaramaz atlaryny getiripdirler, ýa-da olaryñ aty ýomutlaryñkyça ýokdy. Olaryñ getiren atlarynyñ insiz döşi, edil towşanlaryñky ýaly ýerleşen aýagy, ullakan kelleleridir gulaklary, inçeden uzyn guýruklary bardy. Ýallary bolsa ýok diýen ýalydy. Leýtenant Stam Hywa ýörişinde ele salnan ata seredip, türkmenleriñ atynyñ tohumynyñ zaýalanandygyny, hatda olaryb gyrgyzlaryñkyça-da ýokdugyny aýtdy. Men onuñ hakyky türkmen atyny görmändigine kepilem geçip biljek. Türkmenler öz atlaryny añsat-añsat satmaýarlar...
Türkmenler getiren atlarynhmy ruslara örän gowy bahadan, ýagny 20 funt sterlingden 50 funt sterlinge çenli bahadan satdylar. Olaryñ getiren halylarynam höwes bilen satyn alýardylar. Ýogsam olja alnan haly öñem az däldi. Iñ ýaman ýerem türkmenler halylaryny örän gymmat bahalaýardylar. 4 ýard uzynlygy, 2 ýard ini bolan halylaryń bahasy 4 funt sterlingden 5 funt sterlinge çenlidi. Iñ gyzykly ýerem türkmenler aýdýan bahalaryndan bir köpügem aşak düşmeýärdiler. Isleseñ-ä aýdylan baha satyn al, islemeseñem öz ýoluñ bilen gidiber.
Bu halylary türkmen aýallary dokaýar. Munuñ ýaly nepis halylara başga ýerde añsat duşmarsyñyz. Her maşgalanyñ hiç hili üýtgeşiklere sezewar bolman nesilden nesile geçip gelýän öz nusgasy bar. Halylar gyzyldyr ak reñkli ýüñden dokalyp, olaryñ käbir ýerinden inçejik ýaşyl we goñur zolaklar geçýär. Olaryñ ömürem ýyrtyljak gümany ýok.
Näçe geñ görseñem, harby tölegiñ agramlysyny aýallar töledi. Her bir türkmen aýalynyñ kümüşden ýasalan bilezigi, monjugy, bilezigi, ildirgiçleri, gupbasy bolýar. Türkmenleriñ atlaryndan başga esasy baýlygy şol şaý-seplerinden ybaratdyr.
Kaufman şaý-sepleriñ her funtuny 25 manatdan satyn aldy. Olar durşuna kümüşden bolup, ussat zergäriñ elinden çykan zatlardy. Olaryñ agramy-da ep-esli bardy. Iki bilezik bir funtdanam agyrdy. Olar ýukadan inli bolup, "C" harpyny ýa-da salýardy. Özlerem köplenç gyzyl çaýylan we maşat gaşlydy.
Ruslarub doýmaz-dolmaz nebsini kanagatlandyrmak üçin türkmen aýallarynyñ ýüregi gyýlandyr...
Ofiserler tarapyndan düzülen komissiýa 10 günläp kümüşleriñ agramyny çekip, olara baha kesmek bilen meşgul boldy. Olar her gün ertirden agşama galman işlediler.
Kaufmanyñ bellän möhletine çenli ýygnalmaly salgydyñ diñe ýarsyna golaýy, ýagny 20 müñ funt sterling kabul edilip alyndy. Türkmenleriñ beýle uly mukdardaky salgydy näçe jan çekselerem gysga wagtyñ içinde ýygnap bilmejekdiklerine gözi ýeten Kaufman galan 22 müñ 500 funt sterlingi indiki ýyl ýygnamagy makul bildi.
Türkmenler beýle uly mukdardaky salgydy göwünjeñlik bilen beräýenlerinde hem birnäçe hepdäniñ içinde ýygnap bilmejekdikleri göze görnüp durdy. Goşuna bolsa 1-nji sentýabra çenli, heniz sowuk düşmänkä çöllügiñ içi bilen Buharanyñ üstünden geçip, Daşkende tarap ýola düşmek hökmandy.
Dogrudanam, türkmenler uly möçberdäki salgydy ýygnamak kyndy. Pul ýetmezçiginden başga-da, her öýden näçeräk salgyt ýygnamalydygyny hem anyklamalydy. Öñ aýdyp geçişim ýaly, türkmenleriñ öz döwleti ýokdy. Olarda her öý üçin salgydy kesgitläp, tölemäge mejbur eder ýaly hiç kim ýa häkimiýet ýokdy. Olar ömür salgyt diýlen zady töläp görmänsoñlar, her hojalygyñ näçeräk salgyt tölemelidigini, ony kesgitlemek üçin näme etmelidigini bilmeýärdiler. Salgydyñ möçberi uly bolansoñ ýerli salgyt ýygnaýjylar guramasyny döretmek hökmandy. Kaufman olaryñ ýaşulylaryna kömek bermek maksady bilen şular ýaly ýagdaýlarda näme etmelidigi barada görkezme berişdirýärdi. Kaufman olara salgydy her öýde näçe sygryñ, goýnuñ, atyñ, düýäniñ bardygyny hasaplap, şoña görä ýygnamagy maslahat berdi. Emma ony türkmenlere düşündirmek kyndy. Olar kimiñ maly köp bolsa, şonuñ pulunyñ azdygyny, şoña görä-de olaryñ köp mukdarda pul töläp bilmejekdiklerini, pully adamlaryñ bolsa pullaryny ýygnap goýup, umumy bähbit pul tölemekden boýun towlaýandyklaryny aýdýardylar. Kaufman olara pulsuz adamlaryñ pullulardan karz alyp, indiki ýyl onuñ ýerine sygyr ýa-da goýun berseler has amatly boljagyny düşündirjek bolýardy. Ol ýaşululara puly hemmeleriñ gatnaşmagynda karz almagy maslahat berdi. Gepiñ gysgasy ol türkmenlere milli bergini tölemek üçin öz guramalaryny döretmelidiklerini düşündirjek bolup, elinden gelenini etdi. Emma bu zatlar türkmenlere geñdi. Şonuñ üçinem Kaufman olaryñ öz aladalaryny özleriniñ çözmelidigini aýdyp, ara goşulmagyny bes etdi...

♣ RUSSIÝA WE ANGLIÝA AZIÝADA

Men şu wagta çenli Russiýanyñ Hywa hanlygyna garşy näme sebäpli urşandygyny size gürrüñ bermedim. Onuñ sebäplerini iki agyz sözde hem düşündirip bolar. Birinjiden-ä, hywalylar ruslaryñ 21 sanysyny ýesir alyp, gul hökmünde saklaýardylar. Olar diñe ýöriş başlanmazynyñ öñüsyrasy boşadyldy. Ikinjiden bolsa, hywalylar rus täjirleriniñ kerwenlerini häli-şindi talaýardylar. Hywa hany ýa-ha öz raýatynyñ adamlaryna päsgel bermek islänokdy, ýa-da olara onuñ hökmi ýöränokdy. Sebäbi talañçylyk köp ýyllardan bäri dowam edip gelýärdi.
Eger başga, örän möhüm zat bolmadyk bolsady, onda bu ýörişiñ sebäplerini ýokarkylar bilen düşündirse-de bolardy. Şeýle bolsa, bu ýöriş diñe ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak üçin edilen ýaly bolup görnerdi. Ýöne ýörişiñ esasy sebäbi başgady. Ruslar Orta Aziýada galan ýeke-täk hanlygy özlerine boýun egdirip, öz serhetlerini Buharanyñ añry ýanyndaky derýanyñ ýakalaryna çenli uzaltmak isleýärdi.
Hywa hany bilen gol çekilen şertnama görä, ruslaryñ serhedi 300 mil günorta süýşüp, olar 80 müñ millik territoriýany özlerine birleşdirmek bilen, Oguz diýlip atlandyrylýan ýurdy tutuşlygyna öz golastyna saldy.
Kaufman Hywadan çykmanka derýany gowy öwrenipdir. Soñ görlüp oturylsa, hywalylaryñ derýadan gelýän kanala basan dykynlary aýrylan eken. Kanalyñ açylmagy ruslaryñ gämisiniñ Hywa çenli, hatda ondanam añryk ýüzüp barmagyna mümkinçilik döredipdi. Ondan başga-da bu Gazala bilen Hywanyñ arasynda añsat hem çalt gatnaşyk edilmegine mümkinçilik berjekdi. Men polkownik Şuwalow bilen graf Granwiliñ baglaşan şertnamalarynyñ näme hakdadygyny anyk bilemok. Meniñ pikirimçe, ruslar günorta Oguzyñ territoriýasyny özlerini birikdirmezlik hakynda ylalaşyga geldilermikä diýýärin. Onuñ şeýledigini hanlygyñ Rus döwletiniñ wassalyna öwrülip, Hywa hanynyñ öz çäksiz hökümdarlygyndan dynandygyna garamazdan, ruslaryñ şertnamasynda-da görmek bolýar. Hanyñ tutuş hanlyga jogap berýändigine garamazdan, ruslardan soraman ýekeje ädim hem ädip bilmeýärdi. Elbetde, şertnamanyñ her bir tarapyny alanyñda hem ruslaryñ hukugy agdyklyk edýär. Hanlygyñ adamlary hem ruslaryñ doly raýatyna öwrülipdi. Ruslar bu ýerik edil öz öýlerine girip-çykyşlary ýaly gelip-gitmäge haklydylar.
Ruslar graf Granwiliñ eden ähtine garamazdan, Hywany özüne birikdirip biljekdi. Ýöne olara ýokardaky ýaly şertnamany baglaşmak has amatlydy.
Hereket edýän şertnamanyñ täsiri astynda hywalylaryñ Russiýa bolan garaýyşlary oñatlyga tarap özgerip ugrady. Ruslaryñ agalygyny öz adamlarynyñ göwünjeñlik bilen kabul etmeklerinde hanyñ özüniñem oýnaýan roly uludy. Hywalylaryñ harby töleg töläp gutarmazlaryndan has öñ hanyñ ölümi ýa-da başga bir şuña meñzeş waka bilen baglylykda ruslaryñ Hywany añsatlyk bilen özlerinw birikdirjekdiklerine men ýekeje-de ikirjiñlenemok. Siz, belki, men Russiýanyñ Orta Aziýada bolmagy bilen baglanyşykly syýasy wakany gürrüñ berer öýdüp garaşýansyñyz. Elbetde, men käbir zatlary gürrüñ berdim. Ýöne olaryñ size az bolup görünmegi mümkin. Meniñ bu gysgajyk ýörişe gatnaşan döwrümde gürrüñ berer ýaly täze soraglar kän bir ýüze çykmandy. Bu ýerde hiç wagt bolmandygyna garamazdan, maña garanda Russiýanyñ Orta Aziýada ýöredýän syýasatyny has aýdyñlaşdyryp biljek adamlar bar.
Ser Genri Rawilson, mister Mişel we başgalar Russiýanyñ Orta Aziýadaky syýasatyny köp ýyllaryñ dowamynda öwrendiler. Orta Aziýa wakalaryny has doly we takyk bilmek isleýän adamlar olaryñ işlerini okap bilerler. Mister Şuler hem-de mister Agiton Dilke Orta Aziýa barada ýazan işlerini çap etjek bolup ýörler. Olaryñ işlerinde hem Russiýanyñ Türküstandaky syýasaty hakynda doly we gymmatly maglumatlar bar.
Men ýene-de bir zady aýdyp biljek. Meniñ pikirimçe, Hywany basyp alandan Hindistana ýöriş eden bolsa, Russiýa üçin has peýdaly bolardy. Hywanyñ syndyrylmagy Muhammet hanyñ Orta Aziýadaky ähli halklary üçinem uly urgudy. Buhara syndyrylandan soñ Hywa Orta Aziýada salgyt tölemeýän, aýak sekip bolmaýan, yslamyñ iñ soñky daýanjy bolan ýeke-täk galady. Ondan başga-da Hywanyñ syndyrylmagy uly meýdany tutýan Orta Aziýanyñ halkyna Russiýanyñ ýeñilmez döwletdigini ýene-de bir gezek subut edipdi. Ýöne bu zatlara garamazdan Hywanyñ boýun egdirilmegi Russiýa üçin ullakan ähmiýete eýe däldir. Russiýanyñ Orta Aziýadaky häzirki mümkinçiliklerini nazara alsañ, onuñ Hindistana ýöriş etmegi üçin iki sany amatly ýoly bar. Birinjisi, Kaspiniñ günorta kenar ýakasy bilen Persiýanyñ Hyrada çenli demirgazyk serhetleriniñ üstünden tä Hindistanyñ günbatar araçäklerine çenli uzalyp gidýän, uzynlygy 1.000 mile golaý bolan ýol. Eger şu ýol bilen ýöriş edilse, Hywanyñ rus harby ýörişine çigit ýaljagam peýdasynyñ ýokdugyny kartadanam görünýär. Ikinji ýol bilen Samarkantdyr Buharanyñ üstünden geçip Kerkä, ondanam añryk Amyderýanyñ kenar ýakasy bilen Gunduza baryp bolýar. Hywa Kerkiden 375 mil demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Şoña görä ol ýene-de ýörişiñ ýolundan sowa düşýär. Ondan başga-da bu aralygyñ uly bölegini çöllük tutup, Amyderýanyñam kenar ýakasynyñ köp bölegi ilatsyzdyr. Şonuñ üçinem bu ýol bilen ediljek ýörişde Hywanyñ ähmiýeti ýok diýerlikdir.
Ruslar öz gämileriniñ kömegi bilen goşunlaryny Syrderýanyñ üsti bilen Aral deñzine eltip, ondanam Amyderýa bilen öñe süýşüribem biler ahyryn diýmekleri mümkin. Birinjiden-ä, beýle uly goşuny ýüklär ýaly Aral deñzinde ruslaryñ uly gämisi ýok, ikinjidenem, Amyderýanyñ Kerkiden ýokarsy ýüzüş etmek üçin amatly däldir. Şonuñ üçinem bu planam kämillikden daşdyr.
Men Russiýa Orta Aziýada ömürboýy agressiw syýasat ýöredýär diýip pikir edýän adamlar bilen ylalaşmaýaryn. Olaryñ ýörişine Orta Aziýada harby agalygy berkarar edip, hanlyklaryñ boýnyýogyn syýasatyny öz ellerine alyp, tapawutlanmak ýa-da öwünmek islegi sebäp bolanok. Olar Hindistanyñ üstüne ýöriş etmek üçinem gaty bir alñasap baranoklar. Ýöne olar Iñlis we Rus imperiýasynyñ aralygynda ýerleşýän çäksiz giñişligiñ öñde-soñda şu iki ýurduñ haýsy hem bolsa biriniñ koloniýasyna öwrüljekdigine ymykly göz ýetiripdirler. Şonuñ üçinem olar başardyklaryça köp ýeri basyp almagy ýüreklerine düwüpdirler. Russiýanyñ häzirki syýasaty şundan ybaratdyr.
Ruslar agressiw syýasat edýärlermi ýa-da ýok, barybir olaryñ syýasatynyñ netijesi agressiwlige baryp direýär. Olar ýuwaşlyk bilen Hindistanyñam üstüne sürünýärler. Orta Aziýada öz agalyklaryny berkarar edensoñlar olar üçin Hindistana ýöriş etmäge uly ýol açyljakdygy ikuçsyzdyr. Iñlisleriñem Ýewropada uruş etmek meýilleriniñ barlygyny ýa ýoklugyny Bosfor wakalary görkezdi. Şonuñ üçinem iñlisleriñ gündogardaky imperialistik meýillerine garşy ruslaryń garşy durmagy bolup biljek zatdyr.
Samaradan Samarkanda çenli demir ýoly çekilensoñ, wakalaryñ başga hörpden gopjakdygy mälimdir. 100 müñ adamly goşuna gerek zatlary demir ýoluñ kömegi bilen Samarkanda ýygnap, olary 30 günüñ içinde Kerkä aşyryp boljak. Kerkiden Gunduza çenli bary-ýogy 250 mil. Goşun bu aralygy 12 günüñ dowamynda geçip biljek. Kerkini basyp almaklary ruslaryñ Hindistana garşy eden ýene-dw bir ädimi bolar. Buhara häzirki wagtda bütinleý Russiýanyñ howandarlygy astynda. Meniñ pikirimçe, ruslardyr iñlisleriñ arasyndaky Russiýanyñ Buharany basyp almaly däldigi hakdaky şertnama ýok.
Ruslar Buharany basyp alansoñlar olaryñ Kabul bilen serheti 150 mile ýeter. Men bu zatlaryñ üstüne ýene-de bir örän gyzykly hatyñ göçürmesini goşýaryn. Bu haty taşlanyp gidilen türkmen arabalarynyñ arasyndan polkownik Şuwalow tapypdyr. Bu hat leýtenant Şekspiriñ köp sanly kagyzlarynyñ biri bolmaly. Hat Peterburg köşgündäki iñlis ilçisi markiz Klanikarda niýetlenip ýazylypdyr.

◆ ◆ ◆

Daşary işler ofisi,
03.02.1840 ý.

"Gadyrdan lord!
Men rus imperatorynyñ dilinden ýazyp alan N#3-nji hatyñyzy aldym. Men Siziñ Alyhezretleriñiziñ ünsüni Onuñ Alyhezretleriniñ: "Ekspedisiýanyñ maksatlarynyñ biri geljekde Hywada asudalygy üpjün etmekdir" diýen sözlerine çekesim gelýär. Bu sözlerden görnüşine görä, Russiýanyñ esasy maksady özüne ýetirilen zyýanyñ öwezini dolmak däl-de, Hywa hanlygyny Russiýanyñ golastyna salmak bolup görünýär. Wakanyñ şeýle ýagdaýa eýe bolmagy ruslaryñ iñlisleriñ Hindistandaky agalygyna garşy uruş köprüsini salýandygyny bellemäge mejbur edýär. Bu ýagdaý general-gubernatory Onuñ Alyhezretlerini (iñlis korolewasyny) dünýäniñ gündogar bölegindäki raýatlaryndaky asudalygy geljekde gorap saklamak üçin hökmany goranyş çärelerini geçirmäge mejbur etjekdigi ikuçsyzdyr.

Palmerston.

◆ ◆ ◆

(üçünji bölümiñ soñy)...

Mak GAHAN,
amerikan žurnalisti.

Iñlis dilinden terjime eden: Ýazgylyç ÇARYÝEW.
4
61
Myhman Myhman
23 Oktýabr 2020
Gaty gowy
barlagcy
22 Oktýabr 2020
Berekella
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.