GAZAWAT URŞY (dowamy)...
(Birlikde 2 bolum)
♣ GYRLYŞYK
Duşmanyñ yzyndan kowmak üçin kazaklaryñ 600 atlysy saýlanyp alyndy. Men olaryñ arasynda aýlanyp ýörşüme şazada Ýewgeniý bilen ýüzbe-ýüz boldum. Ol meniñ bilen mylaýym salamlaşdy-da, öñdäki çaknyşygy synlamagym amatly bolar ýaly öz atlylarynyñ arasyndan ýer berdi. Ýöriş etmäge buýruk berlen badyna biz atymyzyñ başyny çöllüge tarap öwürdik. Biz 10 minut çemesi salymdan gaçgaklary ilki gezek gören depämiziñ üstünde häzir bolduk. Olar biziñ bir mil öñümizden başga bir depeden aşyp barýardylar. Gaçyp barýanlaryñ topbagy eýýäm dagap, olaryñ arasyna aljyraññylyk aralaşypdyr. Bar zat buýr-bulaşykdy. Düýelerden, arabalardan agýan ýükler atlaryñ aýagyna çolaşýardy. Gaçgaklaryñ dowla düşen topary duşmanyñ elinde galýardy. Goh-galmagal, agydyr tüpeñ sesleri asmana galýardy. Men nämeleriñ bolýanyna anyk göz ýetirmek üçin atymyñ başyny çekdim. Meniñ bolsa ýanymda agan ýüküñ astynda galan türkmen, añyrrakda bolsa, ýüzi çapylan kazak serrelip ýatyrdy. Olaryñ beýleräginde iki sany aýal çagalaryny bagyrlap, özlerine rehim edilmegini sorap bozlaşýardy. Men olaryñ gapdalyndan geçip barşyma: "Aman, aman" diýip, aýallary köşeşdirdim. Olaryñ töwereginde döwlen arabalar, halydyr ýorgan-düşek salnan haltalar, ullakan horjundyr ýüp bilen saralan goşlar, okara-çemçelerdir hojalykda ulanylýan her hili zatlar çaşyp ýatyrdy. Goltugy çagaly bir topar aýal bolsa, kynlyk bilen öñe süýşüp barýardy. Meniñ enem bilen ýaşytdaş, ýöremäge zordan gurby çatýan dolmuş aýalyñam elinde çaga bardy... Men ilkinji gezek hereketsiz ýatan türkmenleriñ sanyndan elheder aldym. Şol ýatanlaryñ hemmesi öli bolaýanlygynda, kazaklaryñ mergenligine telpek goýaýmalydy. Az salymdan bar zat ap-aýdyñ boldy. Men gymyldysyz ýatan türkmenleriñ biriniñ elini ýerden göterip, şol bada hem aşak goýberenini añşyrdym. Olaryñ köpüsi kazaklaryñ gözüne çöp atmak üçin ölen kişi bolup ýatyrdylar. Men birnäçe wagtlap bu sahnany synlanymdan soñ beýlekilerden yza galanymy bilip, olaryñ yzyndan ýetmäge howlukdym. Pessejik alañdan aşanymdan soñ kazaklaryñ batgalygy ikä bölýän gury gerşiñ üsti bilen süýşüp barýan türkmenleriñ yzyndan ok atyp, kowup barýanlaryny gördüm. Men ýañky synlan ýerime golaý gelenimde 3-4 adamynyñ dem-düýtsüz ýatanyny saýgardym.
20-30 sany aýaldyr çaga-çuga bokurdaklaryna çenli suwa çümüp, kölüñ içinde ösüp oturan gamyşdyr otlaryñ arasynda gizlenmäge biderek synanyşyk edýärdiler. Olaryñ käbiri şol ýerden özlerine rehim edilmegink sorap gygyryşýardylar. Kazaklar olara ünsem bermän öñe geçip gidipdiler. Ýöne bir ýigrentgi ýoldaşlaryndan yza galyp, atyñ üstünde oturan ýerinden gygyryşýanlary nyşana alyp oturan ekeni. Men onuñ ýanyna baryp ýetişmänkän ol mäşäni gysdy. Hernä onuñ atan oky sowa geçdi. Ol ikinji gezek atyp ýetişmänkä atymy çapdyryp bardym-da, gamçym bilen ony ýüzkessir urup, ýoldaşlarynyñ yzyndan ýetmegi buýurdym. Men suwuñ içinde zähresi ýarylan görgülilere: "Aman" diýip gygyrdym-da, onuñ yzyna düşdüm. Birdenem öñ ýanymda dört sany kazagyñ bir türkmeniñ daşyna egrilişip duranlaryny gördüm. Ony eýýäm atdan agdaryp, ýaragsyzlandyrypdyrlar. Ol dört atlynyñ gylyjyndan diñe elleri bilen goranýardy. Ýöne şonda-da rehim etmeklerini sorap, olara ýüz tutjaga meñzänokdy. Daşyndan seretseñ, bu örän aýylgançdy. Kazaklaryñ yzly-yzyna inderýän gylyçlary türkmene galtaşanokdy. "Kazaklar ony hijem öldürip bilmezlermikä? Näme olaryñ elleriniñ ysgyny ýokmuka?" diýen sowallar kellämde at çapýardy. Az salymdan (meniñ üçin ýyl aşan ýalydy) ýañky türkmen boýnuna salnan çuñ ýara zerarly gapdala - suwuñ içine agyp gitdi. Ýene biraz ýöräp, wepat bolan äriniñ üstünde abanyp, sessiz aglap oturan aýalyñ üstünden bardym. Birdenem gulagyñy gapyp barýan gümmürdiden ýaña tasdan atdan agypdym. Top oklary gaçyp barýanlaryñ yzky hatarlarynda ýarylýardy. Onuñ sesi, çagalardyr aýallaryñ çirkin sesleri, atlaryñ kişñemesi, takyrlaryñ içinden eýläk-beýläk ýüwürýän goýun-geçileriñ, sygyrlaryñ sesi bilen garyşyp, töweregi hakyky dowzaha öwrüpdi.
Birnäçe minut geçenden soñ top sesi ýatdy.
Türkmenleriñ hersi bir ýana dagap, depäniñ añyrsynda gözden ýitip gitdiler. Şol pursadam goşuny toplanmaga çagyrýan deprek sesi ýañlandy. Yzyma dolanyp gelýärkäm mende kölüñ içinde galan çagalardyr aýallary görmek islegi döredi. Ýöne ol ýerde olaryñ birem gözüme ilmedi. Olaryñ top sesinden gorkup, suwa gark bolan bolmaklaram mümkindi. Men olary kazaklar öldürendir diýip biljek däl. Sebäbi men ýaş kazak ofiseri baron Krudneriñ aýallary öldürmäge synanyşan esgerleri jezalandyranyny öz gözüm bilen gördüm. Deprekler henizem toplanmaga çagyrýardy, ýaralylar gözlenip, wraç olara tizden-tiz kömek berýärdi.
13-14 ýaşly oglanyñ kellesi gylyç bilen agyr ýaralanypdyr. Onuñ ýanynda gaýgyly, wagşy, teşne gözleri bilen wraçyñ oglunyñ ýarasyny dañyşyna seredip duran ejesi bardy. Sada pikirli aýal öz ogluny öldürjek bolan adamlaryñ indem ony bejerjekdiklerine gaty bir ynanyp baranokdy. Wraç oglanyñ ýarasynh usullyk bilen dañyp, ejesine oglunyñ ölmejekdigini aýdan mahaly ol aýal gözlerinden minnetdarlyk ýaşyny döküp, wraçyñ elinden ogşady.
Atlara az salym dynç berleninden soñ, kazaklaryñ birnäçesini olja alnan 2 müñe golaý goýundyr geçileri, sygyrlary sürmäge ýollap, berkitmä tarap ýola düşdük... Men gyrak-bujaksyz çölüñ ortasynda galan adamlara garaba-garaba barýardym. Meniñ gözüm gyzydyr ýaralanan ogluna jansyz nazaryny dikip oturan aýala gözüm düşdi. Onuñ töwereginde ýoga çykarylan ähli baýlygy çaşyp ýatyrdy. Onuñ ölen äriniñ meýdiniñ hem şu töwerekde serlip ýatan bolmagy ahmal. Uzakda bolsa, onuñ ýeñlen halkynyń adamlary gözden ýitip barýardy. Ol aýal ýeñlişiñ we gaýgy-gussanyñ çöle salan nagşy ýaly bolup, garalyp otyrdy...
♣ URUŞ SAHNASY:
Ertesi günem öñümizden çykan ähli zady ýykyp, ýakyp-ýandyryp ýörmegimizi dowam etdirdik. Biziñ yzymyzda ýomutlaryñ üç mile golaý giñişlikdäki ýerleriniñ köräp duran külünden başga zat galanokdy. Men ýakyş operasiýasyna has ýakyndan syn etmek maksady bilen ýoluñ sag tarapyndaky zatlaryñ ählisini ýakmaga buýruk alan şazada Ýewgeniniñ ýanyndan atymu sürüp barýardym. Onuñ bu işe höwes bilen topulmaýanam bolsa, berlen buýrugy birkemsiz ýerine ýetirýärdi. Buýruk ýakymsyzdy, ýöne bu syrly ýurduñ (Russiýanyñ) parahatçylyk söýüji we düşünjeli adamlarynyñ arasynda, megerem, bikanunçylykdan doly ýumşy ýerine ýetirmäge bolan wagşy höwes oýanypdy. Biz haýatlary böwsüp geçip, öýleriñ gapylaryny döwüşdirip, ondan-oña at çapdyryp ýörşümize her ädimi burum-burum tüssedir ýalna öwürýärdik. Öýleriñ içinde galdyrylan zatlar örän seýrek duşýardy. Käwagt ownuk-uşak gap-çanaklar, tozan jüýjeler, lagşan atlar, göçüp gidenleriñ yzyna eýgermedik göleler, diwarlaryñ ýa-da üçekleriñ üstünde tä üstüne ot çabyraýança daş-töwerekde bolup geçýän zatlara göwnüýetmezçilik bilen syn edip duran pişikler gabat gelýärdi. Taşlanyp gidilen ýa-da ýaşan öýlerini terk etmäge dözmedik itler örän seýrek duşýardy. Olar biz ýakynlaşyp ugranymyzdan gaharly üýrüşip, gaçyp gidýärdiler. Bir gezek men rehimsiz oduñ içinden galyp, gözgyny çyñsaşýan güjük çagalaryñ üstünden bardym. Sagat ikilerde biz 12 mil yzymyzda galan berkitmä tarap gaýtdyk.
Ertesi edil düýnki ýaly otly kesindiler bilen ýanaýjak zatlaryñ baryny ýakyp-ýandyrmak bilen meşgullandyk. Şeýdip ýörşümize biz günortana ýakyn Gyzyltakyr düzlügine gelip ýetdik. Bu giden bir çägeli ýalazy meýdan eken. Birnäçe milden birki sany ýaşaýyş jaýyna duşaýmasañ bu ýerde başga yns-jynsa gözüñ düşenok. Töwerek gazylan kanallardan doly. Olaryñ käbirinde henizem suwuñ barlygyny nazara alsañ, birwagtlar bu ýerleriñem bol hasylly, ekerançylyk üçin amatly bolandygyny çaklamak mümkin. Biziñ alyp barýan urşumyz ýaly gazaply uruşlaryñ birnäçesi bu ýerleriñ bag-bakjalaryny ýele sowrupdyr. Markow ilkinji gezek türkmen çöllügini kesip geçende şu ýerde düşläpdir.
Biz günortana golaý taşlanylyp gidilenine köp wagt geçen bag-bakjaly öýüñ golaýynda düşledik. Günorta yssysy beýniñi iýip barýardy. Günüñ galan bölegini hem şu ýerde geçirmegi karar etdik. Köp wagt geçmänkä men bir türkmen oglanjygynyñ tutulandygyny eşitdim. Töweregindäki goh-galmagaly piñine-de alman, bagyñ saýasynda uklap ýatyrka onuñ üstünden barypdyrlar. Onuñ ýaşy on ikiden kän bolmasa-da, ýüzi ulu adamyñky ýalydy. Ol goçak kelleli, ýasy çekgeli, gür gaşly, jaýty burun, saryýagyz, akylly gözleri ýanyp duran oglandy. Ol ejesiniñem, kakasynyñam ýokdugyny, özi barada alada edýän daýysynyñ bolsa, uklap ýatyrka ony taşlap gidendigini aýtdy. Soñ görüp otursak, ony bilgeşlin taşlamandyrlar. Oglanjygyñ ruslaryñ arasyndadygyny bilen badyna daýysy ony idäp gelip, gele-gelmäne-de bagryna basdy. Ol juda garagol bolansoñ, rus esgerleriniñ çäksiz hormatyndan peýdalanýardy. Esgerler oña täze eşik geýdirip, rus dilini öwredip başladylar. Dynç almaly wagtymyzyñ ep-esli bardygynyndan peýdalanyp, men ýykylan Yzmykşir galasyna aýlanmaga gitdim. Onuñ meýdany 4 akra (2 ga) golaýdy, kä ýerlerde belentligi 30 ädime ýetýän diwarlaryna hiç zat kär etmändir. Gala çig kerpiçden däl-de, gowy edip bişirilen agymtyl-gyzyl kerpiçden salnandy. Kerpiçleriñ uzynlygy 6 dýuma, galyñlygy bolsa 1,5 dýuma golaýdy. Hywalylar galany beýdip salmaýarlar. Megerem, bu gala hytaýlylaryñ ýa-da parslaryñ höküm süren zamanynda salnan bolsa gerek.Biz dynç alyp otyrkak Kaufmanyñ başda türmä salan ýomut ilçileri gapdalymyzdan geçip gitdi. Olaryñ ugry gaçyp giden ildeşlerine tarapdy. Olaryñ ikisi gaçmaga synanyşan mahaly öldürilipdir. Galanlaryny bolsa, ildeşlerini paç tölemäge yrmak şerti bilen boşadypdyrlar. Ýöne bolup geçýän wakalardan soñ olaryñ sözüniñ ýer tutmajagy görnüp durdy.
Ýigrimi dördüne ir bilen biz ýolumyzy dowam etdik. Biziñ kesip geçmeli çölümiziñ içinde ýakmaga ýaramly hiç zadyñ ýoklugy sebäpli ýakyş operasiýasy bes edildi. Şeýdip, ýomutlaryñ ýurdunyñ 100 millik territoriýasyndaky bar zady küle öwrüp, biz bilen dostlukly gatnaşykda bolan özbekleriñ ýurduna ýetdik. Biz ýolda ýomutlar tarapyndan öldürilen pürsiýanyñ üstünden bardyk. Onuñ tenine azyndan 20 gezek gylyç degipdir. Wraç onuñ ýaralaryny dañyp, meýdan gospitalyna ýerleşdirdi. Ýöne ol indi adam boljaga meñzänokdy. Sagat 10-laryñ töwereginde uzakda baglaryñ garasy gözümize ildi. Ýene bir sagat töweregi ýol ýöräp, Ýylanly şäheriniñ 2 mil golaýyndaky gür baglygyń saýasynda goş ýazdyrdyk. Biz öz çadyrlarymyzy gurup ýörkäk, "Bazar" diýip, gygyryşyp, ýanymyza ýetip gelýän özbekleri gördük. Ýigrimä golaý özbek 5-6 araba gawun, gyzgynjak bugdaý çöregini, birnäçe küýze süýt getiripdir. Özbekler rus basybalyjylaryny yzygiderli iýmitdir içgi bilen üpjün edýärdi...
Birdenkä deprekleriñ howsalaly gümmürdisi eşidildi. Çöl tarapdan türkmenleriñ ýakynlaşyp gelýänini habar berdiler. Biz şol bada ýerimizden böküp turup, eşiklerimizi geýip, naganlarymyzy bilimize gysdyrdyk. Her kim ýakynlaşyp gelýän duşmany görmek üçin arabalaryñ, beýgiräk depeleriñ üstüne çykýardy.
Dowamy bar...