sahet_ashyrov
17.10.2020 09:21
Gazawat urşy (dowamy)

♣ GARPYŞYK:

Biziñ dynç alyp ýatyşymyza gün öýläne sandy. Gün gijigip ugranda general Golowaçýow türkmenleriñ özlerine gaçybatalga tapan ýerleri baradaky maglumatlary ýygnap, indiki hüjüme taýýarlyk görüp başlady. Garañky gatlyşansoñ, oduñ başyna ýygnanan esgerleriñ arasyna 5-6 mil aralykdaky türkmenleriñ üstüne dañyñ alagarañkysynda hüjüm edilip, olaryñ üstüni gapyllykda basjakdygymyz barada hyşy-wyşy gürrüñler ýaýrap ugrady. Ol gürrüñleriñ çynlygy agşam sagat 10-laryñ töweregi hüjüm etmek baradaky buýruk yglan edilenden soñ belli boldy. Buýrukda goş-golamy goramak üçin birnäçe esgeri goýup, sagat 1-de hüjüme geçilmelidigi aýdylýardy. Aýdyşlaryna görä, türkmenler Ýylanlynyñ añry tarapynda düşlemäge hyýallanýardylar.
Sagat 11-lerde, hemmeler ýatmaga giden mahaly birnäçe gezek atylan tüpeñ sesleri ümsümligi bozdy. Biz hüjüm başlanandyr öýdüp, ýaraga ýapyşdyk. Ýöne ýene töwerege ümsümlik aralaşdy. Garawul duran esger bir garanyñ assyrynlyk bilen emedekläp gelýänini görüp, tüpeñ atanyny habar berdi. Töwerek imisalalyk bolany üçin biz ýene-de özümizi düşege okladyk.
Sagat 1-leriñ töweregi ýene-de tüpeñ sesi töwerege ýaýrady. Biz ýaraga ýapyşyp, az wagtlyk aljyraññylykdan soñ, ýerli-ýerimizi eýeledik. Bu gezekki goh ýöne ýerden turmandyr. Garawul garañka duwlanyp, örän ýakyn gelen gara tarap tüpeñini boşadypdyr-da, yzyndanam gylyjyny aýlapdyr. Onuñ şeýdeni gowam bolupdyr. Sebäbi onuñ töwereginde duşmanlaryń birnäçesi emedekleşip ýör eken. Bu wakadan soñ Golowaçýow hüjümiñ wagtyny sagat 3-e çenli yza geçirdi. Häzir hüjüme başlasak, türkmenlere öz üstlerine abanýan howp baradaky habaryñ ýetjekdigi ikuçsyzdy.
Sagat 3-leriñ töweregi bizi ukudan oýardylar. Biz 200 arabadan ybarat goşumyzy ýygnap, boş meýdançanyñ daşyna halka etdik-de, olary goramak üçinem 300 esgeri goýduk.Goşun öñe süýşüp ugrady. Men ýanymdaky 2-3 sany esger bilen türkmenleriñ üstümizi gapyl basmaklarynyñ mümkindigi barada pikir alşyp barýardym. Birden aýylganç gygyryşýan adamlaryñ gorkuly sesleri, at aýaklarynyñ güpürdisi, oklaryñ şuwwuldysy beýnimizi sarsdyrdy. Töweregi wagşy, ar alyjy sesler gaplap aldy. Düzlük türkmenlerden doludy. Oklaryñ şuwwuldysyndan, ürken atlaryñ güpürdisinden, goh-galmagaldan ýaña gulagyñ perdesi ýarylsam diýýärdi. Ýalañaç gylyçlar atylýan oklaryñ ýagtysyna ýalpyldap gidýärdi. Biz esli wagtlap uruşmakdan-a geçen, gaýta töweregimize añk bolup, näme edýänimizem bilemzokdyk. Diñe general Golowaçýow pyýada goşunadyr artilleriýa hüjüme geçmäge buýruk berenden soñ, biz nirä barýanymyzam añşyrman olaryñ yzyna düşdük. Biz urşujylaryñ ortasyndadyk. Eýýäm top sesi kesilipdi. Türkmenler şeýle bir ýakynladylar welin, atylýan top oklary näçe pessaýlap atylsa-da, olaryñ kelleleriniñ üstünden geçýärdi. Şonuñ üçinem türkmenler top oklaryndan ullakan zyýan çekenokdylar. Tüpeñ sesleri öñkä görä gürelip ugrady. Kämahal garañkylygyñ içinde gazaply ýüzlerdir gylyçlaryñ ýalpyldysy peýda bolup, yz ýanyndanam ýitip gidýärdi. Goh-galmagal öñküden 10 esse dagy artypdy. Kazaklar aljyraññylyga düşüp, ýuwaşlyk bilen yza çekilýärdiler. Eýlede-beýlede ruslaryñ hataryny böwsen türkmenler başa-baş söweşe girýärdiler. Başagaýlygyñ içinde men general Golowaçýowy gözden ýitirdim. Men ony soñ gana boýalan halyna buýruk berip duran pursady gördüm. Türkmenler ony ýaralapdyrlar. Onuñ ýanyndaky ştab naçalniginiñem kellesinden gan akýardy.
Birden kazaklar dowla düşdüler-de meni hem öz hatarlary bilen südürläp, yza okduryldylar. Bu ýönekeý yza çekilmä meñzänokdy. Men henize çenli beýle dowla düşen adamlary görmändim. Diñe ýer titrände şeýle ýagdaýa düşmek mümkindi. Polkowniklerini ýitiren kazaklaryñ ýüzlerinde gorky alamaty bardy. Munuñ ýeñlişdigine gyrgynçylykdygyna men soñ düşünip galdym. Ýomutlaryñ ýüwrük atlarynyñ deminden birimizem aman sypyp biljek däldik. Dañyñ alagarañkysynda berkitmämiziñ ýerleşýän tarapyndan at salyp gelýän türkmenler aýyl-saýyl görünýärdi. Biz gabawa düşüpdik.
General Golowaçýowy gözleýändigi bildirip duran şazada Ýewgeniý öñümden dazyrdap geçip gitdi. Onuñ elinde tüsseläp duran nagany bardy. Soñ eşidip otursam, olam gabawa düşüp ýaralanypdyr. Türkmenler onuñ janpenasyny öldüripdirler. Onuñ özi bolsa, iki adamy atyp öldürip, zordan sypypdyr. Men kazaklaryñ arasyndan saýlanmagy makul bildim. Men nädip duşmanlar bilen ýüzbe-ýüz bolanynam duýman galdym. Garañka gark bolup oturan günbatardan bitertip hatarly duşman atlylary eñip gelýärdi. Olaryñ gazaply garaýagyz ýüzleri, ýalañaç gylyçlary atylýan oklaryñ ýalkymyna çala saýgardýardy. Men häzir syn edip durmagyñ wagty däldigini bilip, ilkinji gezek rewolwerimi duşmana tarap boşatdym-da, atymyñ başyny yza öwürdim. Şol mahalam çep tarapymda pyýada goşunyñ bir rotasy peýda boldy. Ofiserleriñ birine gaçyp barýan rotany tanaplap diýen ýaly yzyna öwürmek başardypdyr. Men begenjimden uçaýjak bolup, wagt ýitirmän olaryb arkasyna geçdim. Olar: "Ot aç!" diýlip buýruk berlenden soñ ýaraglaryny taýynlap, hatara durdular. Tüpeñler yzly-yzyna boşady. Ýomutlar şeýle bir ýakyna gelipdiler welin, edil esgerleriñ aýagynyñ aşagyna atlaryndan agyp düşýärdiler. Sag tarapymyzdan top oklaram ýagyp başlady. Ýöne şol pursat ýagyp başlan ýagyş töweregi aýdyñlaşdyrdy. Serpilip ugran garañkylykdan türkmenleriñ ýüwrük bedewlerini çapdyryp, gözden ýitip barýanlygy saýgardýardy. Men töweregime göz aýlan mahalym, birnäçe ofiserdir kazagyñ general Golowaçýowyñ töwereginde heşerlenişip duranlaryny gördüm. Galan kazaklar bolsa, her ýerde-her ýerde toplanyşyp durdylar. Pyýada goşun 300 metr töwerege ýaýrapdyr. Topçular bolsa, gaçyp barýan duşmanyñ yzyndan atjaklaryny ýa-da atmajaklaryny bilmän ýaýdanyşyp durdylar. Söweş tamam bolupdy.

Dowamy bar...
16
46
olia
1 May 2024
Bu wakalar turkmen taryhyndan acylmayan sahypalar..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.