AL, SAÑA, ARAKAN!
"Coca Cola" kompaniýasynyñ başlygy Muhtar Kentiñ kakasy Nejdet Kent ikinji jahan urşy ýyllarynda Marselde konsul bolup işläp ýörkä, ýüzlerçe jöhide türk pasportynyñ berilmegini üpjün edip, olary genosidden aman sypdyrypdyr, onuñ bu nusgalyk adamkärçilikli hereketi bilen dünýä taryhyna adyny ýazdyrdy, türk diplomatiýasynyñ mertebesini beýgeltdi. Uruşdan soñ Nýu-Ýorkda baş konsul, Bangkok, Täze Deli, Tähran, Stokgolm we Warşawa ýaly şäherlerde ilçi bolup işledi. Türkiýe respublikasynyñ "Ýokary hyzmatlary üçin" medalyna mynasyp boldy.
Ine, şu hormatly diplomatymyz Nejdet Kent 1958-1960-njy ýyllarda Bagkokda ilçi bolup işleýärdi. Mýanmaryñ şol wagtky ady Birmady. Birmada ýörite açylan ilçihanamyz ýokdy, Bangkokdaky ilçimiz ol ýere-de jogap berýärdi.
Ilkinji gezek şonda bilip galdy... Türkiýeden baryp 10 müñ km uzaklykda bolan, Türkiýä hiç hili ýakynlygy ýok, diplomatik gatnaşygy-da bolmadyk Birmada osmanly mazar daşlary bardy!
1960-njy ýylda Taýlandiýadan Hindistana geçirildi, Delide adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçimiz bolup işledi, başlan işini ýarpy goýmady, Birma resmi hat bilen ýüz tutdy, zyýarat üçin rugsat sorady, Taýemo şäherine gitdi, hapa-haşal ot basyp ýatan ekin meýdanyndan weýran bolup giden guburlary tapdy, mazar daşlary kül-uşak bolup ýatyrdy, olary birikdirip-bejerip, ýekän-ýekän öwrendi, 173 türküñ şahsyýetini anyklady, olaryñ aradan çykan wagtlary 1915-nji ýyl bilen 1920-nji ýyl aralykdady, giñişleýin maglumatnama taýýarlap, Ankara ýollady.
Şoña çenli Türkiýede hiç kimiñ habarynyñ ýok gynançly hakykaty şol taryhy gün orta çykdy…
Birinji jahan urşunda Sinaý-Palestina frontunda iñlislere ýesir düşen esgerlerimiz iñlis koloniýasy bolan Hindistana we Birma ugradylypdyr, olar demir ýol we gara ýollaryñ gurluşygynda gul deregne işledilipdir. Neresse esgerlerimiziñ barsy agyr zähmet şertlerinde, öwrenşilmedik tropiki howa şertlerinde we bendihanalardaky epidemiki keseller zerarly aradan çykdylar.
Arap çöllerine ýollanan nowjuwan oglanlarymyz karta seredende nirededigi bilinmeýän Aziýanyñ çet künçlerinde asmanyñ ýyldyzlary deý ýeke-ýeke sönüp gitdiler.
(Jemi näçedigi häzirem belli däl welin, ýöne, gynansak-da, diñe Mýanmaryñ özünde bäş müñe golaý şehit mazarlarymyzyñ bardygyny anyk bilýäris.)
Basradaky konslagerlerden gämilere mündürilip, Hindistana getirilipdir, Kalkutta bekedindäki bendihanada saklanypdyr, Irawwadi derýasyndan gatnaýan baržalarda Birma getirilipdir. Dört ýüz adamlyk çalamydar gurlan baraklarda ýatyp-turupdyrlar. Her ýesire hepdede kyrk sany çilim, aýda bir sabyn berlipdir. Yşyklandyrmada gaz çyrasyny ulanypdyrlar. Egin-eşikleri we paşmaklary ýylda bir gezek lageriñ adminstrasiýasy tarapyndan çalşylypdyr. Ýesirler tagtadan edilen kiçijik baragy metjit etdiler we aralaryndan birini ymam saýladylar. Hatda “İrravadi” we “Ne Münasebet” ady bilen gazet hem çykardylar, gazeti elýazma usulda köpeldýärdiler, henekli makalalary, goşgular ýazýardylar, başlaryny dik, ruhlaryny belent tutmaga çalyşýardylar. Gök önümleri ekip ýetişdirdiler, towuk sakladylar, hatda iñlislere ýumurtga satdylar. Lagerde palatka hassahana bardy, ýesirlerden ýedi türk lukmany bardy, şol ýaramaz şertlerde-de näsagy operasiýa edýärdiler. Psihologiki ýagdaýlary berbat ýagdaýdady, ýygy-ýygydan öz janyna kast etmeler bolup geçýärdi.
Nejdet Kentiñ daşary işler ministrligine ýollan maglumatnamasy Goranmak ministrliginiñ arhiwleri bilen deñeşdirilip görüldi, Birmadan gelen sanawdaky 173 adamyñ kimdigi anyklandy. Nejdet Kentden soñ Täze Delide ilçimiz bolup işlän Seýfullah Esin şehitlerimiziñ yzyny çalmak maksady bilen 1964-nji ýylda Birma gitdi. Bu gezek Mekthla şäherinde 760 guburyñ ýeri anyklandy. Birma döwleti bilen geçirilen ikitaraply işler netijesinde Şewoba, Aungban, Çžauhsi şäherlerinde-de türk gonamçylyklarynyñ bardygy ýüze çykdy. Iñlisler nirede bendihana guran bolsalar, şol ýerde-de şehitlerimiziñ guburlary bardy. Görnüşinden, aradan çykan bendeleri lageriñ çetirägine bir ýere gömýärdiler. Garamañlaý esgerlerimiz birujundan aradan çykýardy, ölüm nobatyna garaşýan ýoldaşlary-da olaryñ başyna mazar daşy dikýärdi.
Ilçimiz Seýfullah Esiniñ geçiren barlaglary netijesinde başga bir gynançly fakt ýüze çykdy. Ýesirhanalardaky esgerlerimiziñ hossarlaryna ýazan hatlary "Gyzyl ýarymaý" jemgyýetine bermek üçin "Gyzyl haç" jemgyýetine berlipdir, ýöne Angliýa giden hatlaryñ köpüsi "Gyzyl haça" berilmändir, olaryñ salgysyna gowşurylmandyr. Şehitlerimiziñ köpüsi dünýäniñ añrujynda maşgalalary tarapyndan nirededigi bilinmän ýitip-ýok bolup? näbelli ýagdaýda bir gysym topraga öwrülip gidipdirler.
Şehitlerimiziñ ýagty ýadygärligini ebedilik dikeltmek üçin asylly işler dowam etdi...
Taýemo şäherindäki uburlar simwoliki manyda dikeldildi, 1996-njy ýylda "Taýemo türk gonamçylygy" açyldy. Dabaraly harby çäre gurnaldy, Türkiýeden Bangladeş-Dakkadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçimiz Kemal Özjan Dawaz wekilçilik etdi.
Gonamçylygyñ girelgesinde "Birinji jahan urşunda Yrak, Palestina, Siriýa, Arabystan frontlarynda Osmanly döwletiniñ iñlis basybalyjylaryna garşy çaknyşyklarynda duşmana ýesir düşüp Birma getirilen we bu ýerde wepat bolan türk esgerlerimiziñ ýagty ýadygärligine" diýen mermer ýazgy goýuldy.
Emma... Mýanmarda türk ilçihanasy bolmandygy üçin alysdan akreditasiýa arkaly ýeterlik eýe çykylmady, gonamçylyga yzygiderli idi-yssywat edilmedi.
2002-nji ýylda... Türkiýäniñ tanymal jahankeşdelerinden biri, syýahatçylyk boýunja jogapkär ýolbaşçy, industriýanyñ ezber inženeri, otstawkadaky polkownik Faruk Budak Mýanmara gitdi, türk gonamçylygyny surata düşürdi. Gynansak-da, gonamçylygyñ ýagdaýy gözgynydy, guburyñ daşyna germelen gorag haýatlary ýykan-ýumrandy, hapa-haşal ot büräp ýatyrdy, mazar daşlary döwük-ýenjik bolup ýerde pytrap ýatyrdy, mermeriñ ýüzüne ýazylan ýazgylar öçürilipdi. Ol bu fotosuratlary internetde goýdy. Daşary işler ministrligine, Baş goranyş müdirligine, Goranmak ministligine çagyryş etdi, gonamçylygyñ abatlanmagy üçin kampaniýanyñ başyny başlady.
2004-nji ýylda Baş goranyş müdirliginiñ gaznasyndan gerekli çykdajylaryñ edilendigi, goýberilen pullaryñ gyssagly Bangkokdaky ilçihanamyza iberilendigi mälim edildi.
2005-nji ýylda Faruk Budak ikilenç Mýanmara gitdi. Gonamçylygyñ bolşy öñküsindenem beter gözgynydy. Ýeri ekin meýdanyna öwrüpdirler, ýerli halk gonamçylygymyzyñ üstünde, şehit guburlarynyñ arasynda nohut-noýba ýetişdiripdi. Gaýtadan fotosuratlara alnyp, internetde ýaýradyldy. Emma, barsy bihuda... "hormatlanýan dindar hökümetimiz" gabagynam galdyrmady.
2007-nji ýylda... Mýanmaryñ Daşary işler ministrligi biziñ daşary işler ministrligimize resmi hat bilen çykdy, türk gonamçylygynyñ restawrasiýasy we abatlaýyş işleri üçin 100 müñ dollar geçirmekligi sorady!
Biziñ daşary işler ministrligimiz näme jogap berendir öýdýärsiñiz... "Soraýan puluñyzyñ mukdary aşa köp" diýip jogap berdi!
450 müñ dollarlyk goşar sagadyny dakýan "hormatly dindar hökümetimiz" türk gonamçylygyna 100 müñ dollar çykarasy gelmedi, ýeke köpük bermedi.
RHP-niñ deputatlary bir gezek däl, iki gezek sowalnama bilen ýüzlendi, 2009-njy we 2011-nji ýyllardaky sowalnamalarda "Mýanmardaky türk gonamçylygyna näme üçin eýe çykañzok?" diýen sorag bardy.
Hatda RHP-niñ Stambul şäheri boýunça halk deputaty Ahmet Tan öz sowalnamasynda "türk gonamçylygy idi-yssywatsyz we hossarsyzlyk zerarly ýitip-ýok bolup gitmegiñ öñüsyrasynda dur, bu boýunća iş geçirmek üçin nämä garaşýarsyñyz?" diýip soraýardy. AKP-den ses-seda çykanokdy.
Özlerini "täze osmanly" saýyp, döşüne kakýan "hormatly dindar hökümetimiz" osmanly-türk gonamçylygyna tüýünem gymyldatmady.
Bir tarapdan-a mitinglerde, köpçülikleýin medeni çärelerde "mehter marşyny" ýañlandyrýarlar, ýene bir tarapda osmanly-türk gonamçylygynyñ ýitip-ýok bolup gitmegine göz ýumýardylar.
Wagt diýeniñ suw ýaly akýar, 2012-nji ýyla gelenimizde... Sebitdäki syýasy ýagdaý düýpgöter üýtgedi, Hytaý bilen "çopan göreşine" giren amerikan hökümeti Mýnmara penjesini uzatdy.
Energetika liniýalaryny gözegçilik astynda saklamak we Hytaýa geosyýasy päsgelçilik döretmek üçin Arakany gaşady, arakanly musulmanlary Mýanmar hökümetime garşy ulanmaga başlady.
Puly Saud Arabystanyñ patyşasy berýän bolsa, harby tälimi MRU (CIA) berýärfi.
Netijede Mýanmar hökümeti döwlete ýarag çeken arakanly musulmanlara ýowuz darady.
"Häh" diýen ýaly birden biziñ badamjanlaram Mýanmary "açdy" duruberdi!
"Amerikanlaryñ bähbitlerine hyzmat etmek üçin Mýanmara gidýäris" diýip bilmejekdikleri üçin "Arakandaky musulman doganlarymyza arka durýarys" diýen boldular, strateg Ahmet Kizirogly uçaryñ biline münüp Mýanmara gitdi. Mýanmar saparyny hormatly halaýygymyza ýakymly görkezmek üçinem Mýanmara inip-inmänkä türk gonamçylygyna giden boldy, dogry dälmi?!.
Şol wagta çenli görmezlige salýardylar, amerikan bähbitleri ara düşýärem welin, birdenkä gözleri "çakgyñ çüýi ýaly" görmäge başlady.
Ahmet Kizirogly Mýanmara gidende ýanyna tarapgöý metbugat işgärlerinem äkidipdi, şehitlerimiziñ guburlarynyñ başynda doga okap surata düşdüler, "gynançly ýüz" keşbine girip, oýun oýnadylar. Gonamçylygyñ dessine abatlanjakdygy, ilkinji görkezmäniñ şu boljakdygy aýdyldy, o taýdan bir ymam-müjewür tapdylar, "türk gonamçylygynyñ müjewüri" diýdiler, Ahmet Kizirogly bu ymama türk baýdagyny we "Gurhany" sowgat etdi, täsirli pursatlar bolup geçdi we ş.m. ...
Amerikan bähbitleri ara düşýänçä Türkiýäniñ Mýanmara kellesini agyrdasy gelenokdy, aýdýan-a, iñ bärkisi ilçihanamyz ýokdy. Bangkokdaky ilçimiz şol bir wagtyñ özünde Mýanmara-da jogapkärdi. Amerikanlaryñ bähbidi ara düşdi welin, gürp-tarp... 2012-nji ýylda Mýanmarda ilçihanamyzy hem açdyk.
Diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn bolýar, sen bir ýerde ilçihana açdyñmy, şol ýerem sende ilçuhana açmaly... Ýöne bu beýle bolmady. Biziñ ol ýere näme sebäpli haýdan-haý ilçihana açandygymyza gaty gowy düşünýän Mýanmar döwleti Türkiýede ilçihana açmady, "Kairdäki ilçihanamyz size-de ýetişer" diýip oñdular!
2015-nji ýylda biziñ "badamlarymyzyñ" ynsaby oýandy, Taýemodaky türk gonamçylygyny az-owlak restawrasiýa etdiler, mazar daşlaryny reñkletdiler. Dostana gatnaşyklarda görülsin diýen ýaly daşky sudurda düzediş-abatlaýyş işleri geçirildi. Ýeri, Mekthla, Şewoba, Aungban, Çžauhsi şäherlerinde ýatan şehit guburlarymyz üçin nämeler edildi? Hiç zat... Hiç zat edilmedi. Hemmesi ýok bolup gitdi. Üstesine-de... häli-häzirem Mýanmarda jemi näçe şehit ildeşimiz ýatyr, olar kim we ady näme, nireli... bularyñ hiçisi barada bilýän zadymyz ýok.
Şindi bilip durun, şu ýazgyny gaýgy-gama batyp okanlaryñ togsan dokuz göterimi "bu zatlardan näme üçin biziñ habarymyz ýokka?" diýip, ünjä giderler.
Menem hut şoñ üçin ýazýan-da, şulary... Alys ýurtlarda gara ýeri ýassanyp ýatan müñlerçe näbelli ildeşinden habary ýok millet ýat illeriñ arakanlylaryna näme üçin aglaýar, byradar?
Ýylmaz ÖZDIL.
"SÖZCÜ" gazeti, 12.09.2017 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.