sahet_ashyrov
10.10.2020 09:49
GAZAWAT URŞY (dowamy...)

♣ TUTLUŞYK:

Türkmenleriñ bulam-bujar hatarlar bilen atlaryny maýdalyna goýberip gelişleri söweşmäge däl-de razwedka gelýän ýalydylar. Olaryñ bizi görmeýän bolmagam mümkindi. Sebäbi biziñ öñümizi tä Ýylanly şäherine çenli uzalyp gidýän baglyk gabalap durdy. Türkmenler bolsa çöl tarapdan gelýärdiler.Olary garşy almak üçin atly goşuna taýýar bolmaga buýruk berlip, onuñ ýanyna pyýada goşunyñ iki rotasy berkidildi. General Golowaçýow öz adamlary bilen kiçeñräk depäniñ üstüne çykyp, wakalaryñ ýaýbañlanyşyna syn edip durdy. Men ata atlanyp berkitmeden iki mil uzaklykdaky söweş liniýasyna tarap ugradym. Ol ýerdäki suwsuz kanalyñ sag tarapyndaky alañyñ üstünde polkownik Dresçerniñ goşun bölümi, kanalyñ çep tarapynda bolsa polkownik Nowamlinskiniñ goşun bölümi durdy. Olardan ýarym mil daşlykda bolsa söweşe girmekden gaça durýan köp sanly türkmen atlylary eýläk-beýläk at çapdyryşyp ýördüler. Rus mergenleriniñ seýrek atýan oklary, toplaryñ ot sowurmasy türkmenlere göräýmäge uly bir zyýan ýetirip bilmeýärdi. Men yzyma sereden mahalym Ýylanly tarapdan gelýän ýol bilen at çapdyryp gelýän adamlaryñ çaltlyk bilen süýşüp gelýänlerini gördüm. Bu berkitmäniñ yz tarapyndan edilen örän şowly hüjümdi. Sebäbi esgerleriñ we ofiserleriñ bary berkitmäniñ bäri tarapynda - biziñ söweş liniýamyzda bolýan wakalara añkarylyşyp durdy. Yzdan gelýänler olara görünmeýärdi. Olar ýönekeýlik we başarjañlyk bilen gurlan söweş duzagyna düşüpdi. Öñde bolsa türkmen atlylary manysyz eýläk-beýläk at çapdyryp ýördüler. Men yzdan hüjüm edilýänini duýdurmak üçin atymy yza öwren mahalym polkownik Nowamlinskiniñem olary añşyryp, öz soldatlaryna yza dolanmaga buýruk berýändigini gördüm. Onuñ goşun bölüminiñ bir bölegi bolsa eýýämG Ýylanly ýoluna tarap at çapdyryp barýardy. Şol pursat berkitmeden 200 ýard uzaklykda türkmenleriñ ýarpy göwresi ýaprakly agaç çybyklary bilen saralgy tot-tozan basyp giden garaýagyz keşpleri göründi. Olar ýalañaç gylyçlaryny galgadyp batyrgaýlyk bilen at çapdyryp gelýärdi. Türkmenler üstlerine abanýan howpdan bihabar rus esgerlerini ýüzleriniñ ugruna kerçäp biljekdiler. Emma olar ruslaryñ gapyllykda üstlerini basmagyñ ýerine lageriñ töwegerinde otlaşyp ýören düýedir atlary sürüp başladylar. Bu ýagdaý bolsa ruslara ýeñseden abanýan howpy añşyrmaga mümkinçilik berdi. Esgerler duran-duran ýerlerinden ýaraga ýapyşyp, ofiserleriñ buýrugyna garaşman söweşe girdiler.Edil şol wagtam 200 ýard gapdaldan Nowamlinskiniñ otrýady hüjüme başlady... Gowy nyşana alnyp atylýan oklaryñ gürlügi sebäpli türkmenler atlaryny yza öwrüp, gürüm-jürüm boldular. Men olaryñ birnäçesiniñ eýerden aganyny, ýoldaşlarynyñam saklanyp, olary ýanlary bilen alyp gidenini gördüm. Biz gaharymyza ajal güllelerini olaryñ yzyndan ýollaýardyk. Olar berkitmäniñ içinden geçip (bu olara añsatlyk bilen başartdy) gapdaldan atylýan oklardan aman sypdylar. Soñ bolsa berkitmäniñ günorta tarapynda söweşip ýören ýoldaşlaryna goşuldylar.
Berkitmeden 200 ýard daşlykda 5 sany soldat garawulçylyk çekýärdi. Türkmenleriñ nädip olaryñ üstüni basandygy bilinmän galdy. Ýaş ofiser Kamenskiý berkitmäniñ beýle tarapynda söweş gidip durka olary barlap gidipdir. Şonda olaryñ baram diri ekeni. Ähtimal olar söweşiñ gidişine añkaryp durkalar güpbasdy edilendir. Söweş tamam bolandan soñ olary kelleleri kesilen we çuw-ýalañaç halda tapdylar. Berkitmäniñ 200 ýard golaýyndaky bu wakany hiç kimiñ görmezligi türkmenleriñ batyrlygyny we başarjañlygyny görkezýärdi.
Kazaklaryñ dört-bäş ýüz atlysy türkmenleriñ ilkinji peýda bolan ýerine bakan atlaryny sürdüler. Olar entek duşman gitmedik bolsa, söweşmek isleýärdiler. Men mümkin boldugyça bu söweşe syn etmek maksady bilen olaryñ yzyna düşdüm. Bolup geçýän wakalar žiwopis eseri ýaly özüne çekijidi.Bu ýerde türkmenleriñ örän köp sanlysy gaýmalaşyp ýördi. Gykylyklap, at çapdyryşyp ýörüşleri olaryñ ruhdan düşmändigini görkezýärdi. Türkmenler atyma gelmeýärdiler. Ajaýyp atlary olara biz bilen islendik aralygy saklamaga mümkinçilik berýärdi. Biz wagtal-wagtal ok atyp, gygyryp olary söweşe çagyrýardyk. Emma olaryñ piñine-de däldi.
Bu zatlaryñ bary biz üçin lezzet alarlyk tomaşady. Biz türkmenleriñ at çapmaga bolan ussatlygyna telpek goýýardyk. Biz bu ýerde türkmenleriñ edermenliginiñ gözli şaýady bolduk. Olar öz tertip-düzgünleri bilen ajaýyp atly goşuny düzüp biljekdi.
Türkmenleriñ söweş tärleri gadymydy. Olar ýekelikde ýa-da 2-3 bolup, biziñ 50 ýard golaýmyza gelip, egri gylyçlaryny galgatmak bilen bizi başa-baş söweşe çagyrýardylar. Barmajakdygymyza gözleri ýetende bolsa, öz dillerinde bir zat diýip gygyryşýardylar. Megerem, olar sögünýän bolsalar gerek. Biziñ hatarymyzdaky çerkesleriñ birnäçesi olaryñ garşysyna çykjak bolup dyzmaçlyk edýärdi. Emma ätiýaç üçin polkownik başa-baş söweşe girmäge rugsat berenokdy. Meniñ soñky gören zatlarym çerkesleriñ başa-baş söweşe çykmanlygyna ýüzde-müñ şükür etdirdi.Owadan gara atly bir ýaş türkmen atyny çapdyryp gelşine biziñ 50 ýard golaýmyza gelip saklandy. Ol gylyjyny ussatlyk bilen oýnadyp, bizi başa-baş söweşe çagyrdy. Kazaklar oña ok atyp başladylar. Ol hiç zatdan çekinmän atyny maýdalyna sürüp, gapdala ýöneldi. Kazaklar gezekli gezegine ok atýardylar. Oklaryñ çägäni ýalap geçýändigi, käwagt bolsa, onuñ atynyñ aýagynyñ astyny tozadýandygy görünýärdi. Emma ol bitiniñ burnuny ganatman, biziñ mergenlerimize göwniýetmezçilik bilen garap, ýoldaşlarynyñ arasyna dolandy...
Biz 100 atly bolup, gylyçlarymyzy ýalañaçlap hatara düzüldik. Bizden 300 ýard daşlykda garym-gatym bolup, üç-dört ýüz türkmen toparlanyşyp durdy. Biz edil doly gelen ýaly bolup, ýaraglarymyzy şakyrdadyp, gylyçlarymyzy güne ýaldyrdadyp, olaryñ üstüne eñdik. Ýöne türkmenler ýer ýuwdana döndi. Az salym geçensoñ biz olaryñ 300 ýard öñümizden atlaryny maýdalyna goýberip, arkaýyn gidip barýandyklaryny gördük. Olar üstümize çozýarlar-ow diýip, howsala-da düşmändirler. Biz ýene-de olaryñ yzyndan kowduk. Ýene-de öñki ýagdaý gaýtalandy. Biziñ meýdan gazlary ýaly kowalaşyp ýörşümiz kazaklary kejikdirýärdi. Şol sebäplem kowgyny goýbolsun edip, iki gapdal üçinem ýitgisiz tamamlanan gysgajyk atyşykdan soñ lagere dolandyk. Ýomutlaram bizi gorkaklaryñam gorkagy hasap edýändiklerini bildirmek üçin kinaýaly gülşüp, yzymyza düşdüler. Olar has golaýa gelende ok atan bolýardyk. Türkmenler bizi lageriñ ýarym mil golaýyna çenli ugradyp, ýitirim boldular.Yzymyza gaýdyp gelýärkäk mergenleriñ atan okundan wepat bolan iki sany ýomuda duşduk. Olardan başga meýdanda ölen adamyñ jesedi ýokdy. Ruslar bolsa, alty adamsyny ýitirdi. Şeýlelik bilen türkmenleriñ peýdasyna bolan tutluşyk tamam boldy.Howa eredip barýardy. Biz berkitmä gelip, ýaragymyzy aýyrdyk-da, agaçlaryñ kölegesindäki halyçalaryñ üstüne süýndük... Kän wagt geçmänkä-de biz özbekleriñ taýynlan gowurlan eti, süýdi, gawuny, bugdaý çöregi bilen garbanmaga başladyk. Soñam geçen günüñ

♣ BÖWŞEÑLIK:

Geçen günki tutluşyk türkmenleriñ uruşmagy başarýandygynyñ subutnamasy boldy. Eger olar başlaýyşlary ýaly dowam eden bolsalar, onda olaryñ uly üstünlik gazanaýmaklaram mümkindi. Biz türkmenlere kembaha garaýandygymyza kemsiz düşündik. Olar göwniýetmezçilik edilýän duşmanlaryñ hilinden däldi. Biz ertesi günem berkitmede çöp başyny galdyrman ýatdyk. Bu günem bizi azyk bilen özbekler üpjün etdi. Türkmenlere garşy örän gazaply daraýan mahalymyz olaryñ ruslaryñ göwnüni görjek bolup, azara galyp ýörmekleri örän geñdi. Meniñ üçin-ä daşky keşplerinde az-kem tapawut bar diýäýmeseñ, özbeklerem türkmenlere meñzeş halkdy. Olaryñ dinleriniñ, adatlarynyñ şeýle ýakynlygyna garamazdan, bir-birlerinden şeýle tapawutlanmagy düşnüksiz zatdy. Ýöne olaryñ arasynda razwedka gelen türkmenleriñem bolaýmagy gaty ähtimaldy...
Biz bu ýerde işsiz ýatyrkak türkmenleriñ bir topary ýaraşyk baglaşmak maksady bilen geldiler. Soñ men olaryñ teklipleriniñ kabul edilmändigini bildim. Olar bary-ýogy üç hepde mundan ozal bu ýerlerden geçip giden Orenburg otrýadyny parahat kabul edenlerini aýdyp, ruslara duşmançylyklarynyñ ýokdugyny ynandyrmak isleýärdiler. Olar bize uzak ýoldan getiren köp mukdardaky gawundyr miwelerini, süýtdür çöreklerini bahasyny almazdan, açyk göwün bilen hödür edýärdiler.Soñ bir gezek graf Şuwalow maña biziñ ýomutlaryñ ýurdunda ot berip ýören mahalymyz öz adamlarynyñ Köneürgenjiñ golaýynda türkmenler bilen dostlukly ýagdaýda ýaşandyklaryny gürrüñ berdi. Birnäçe ýomut gelip, oña Golowaçýowyñ goşunynyñ garşysyna işjeñ goranyş soýuzyny baglaşmagy teklip edipdir. Olar: "Biz siziñ bilen dostlukly şertnama boýun bolduk. Indi sizi soýuzdaş hasaplaýarys. Häzir biziñ garşymyza türküstanly ruslaryñ bir taýpasy uruş edýär. Bu uruşda siz biziñ arkamyzy almaly. Sebäbi biziñ duşmanymyz siziñem duşmanyñyz" diýip, sadalyk bilen haýyş edipdirler.

Dowamy bar...
4
97
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.