sadajaaa_
06.09.2024 23:14

Öwredip durmuşda ýaşaýşyň tärin,
Öwütleriň bilen bererdiň tälim.
Geýdirip başyma buýsanjyň täjin,
Bizi şalar ýaly sakladyň kaka,
Kaka adyn müň kez hakladyň kaka.

Ýogundan bar edip iýdirdiň artyk,
Ilden kem etmediň, geýmedik ýyrtyk.
Dagdan gala ýaly daşymyz örtüp,
Bizi ýüregiňde sakladyň kaka,
Kaka adyn müň kez hakladyň kaka.

Çekip gerdeniňde durmuşuň ýükün,
Urupsyň geçmişe ýitmejek köküň.
Gazanyp hormatyn-sylagyn köpüň,
Bizi baş üstünde sakladyň kaka,
Kaka adyn müň kez hakladyň kaka.

©️Merjen Meredalyýewa

8
22
sadajaaa_
06.09.2024 14:45

Göwnüm niçün beýle batýarsyň gama,
Mert bol ejizlemek aýp bolar saňa.
Bilýän, indi öýde garaşyp maňa,
Ýolum gözlemäge kakam ýok indi.

Çagalykdan ara açyp oýlarym,
Bildim gysgalypdyr uzyn gollarym.
Tiken bilen dolsa durmuş ýollarym,
Alnym düzlemäge kakam ýok indi.

Owallar bir zada tapmasam çözüm,
Ýolbeledim bordy nesihat sözüň.
Salgyma ynanyp baglansa gözüm,
Daňym çözlemäge kakam ýok indi.

Ýedi ölçäp bir keserin biçimde,
Çünki ýalňyş ediler her göçümde.
Tümlik basan giň dünýäniň içinde,
Ýitsem yzlamaga kakam ýok indi.

Goşgularym bilen tanalyp halka,
Gazansam mizemez awraýdyr-sarpa.
Barlygyna buýsanyp, tutunyp arka,
Buşlap sözlemäge kakam ýok indi.

©️Merjen Meredalyýewa

10
32
sadajaaa_
06.09.2024 02:36

Owganystan Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny ep-esli artdyrar.

Owganystan Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny ep-esli artdyrmak boýunça işleri alyp barýar. Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň berýän maglumatyna görä, şu maksat bilen gurulýan 500 kilowoltlyk «Argandi» podstansiýasynyň gurluşygynyň ýakyn iki aýyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar.

Bu taslama we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, Owganystan Türkmenistandan 1000 megawata çenli elektrik energiýasyny import edip biler. Türkmen elektrik energiýasynyň importynyň artdyrylmagy ýurtdaky elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň has uly bölegini kanagatlandyrmaga şert döreder.

Ýeri gelende bellesek, bu podstansiýa Türkmenistandan Baglanadaky Hoja-Alwan çölüniň üsti bilen Kabulyň Argandi sebitine elektrik toguny ibermek üçin niýetlenendir.

11
23
sadajaaa_
05.09.2024 15:26

Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 53 milliard dollarlykdan gowrak taslamalary amala aşyrdylar.

1972-nji ýylyň başyndan 2024-nji ýylyň awgust aýyna çenli Türkiýäniň potratçy gurluşyk kompaniýalary 137 ýurtda 12 müň 277 sany taslamany durmuşa geçirdiler. Olaryň esasy bölegi Russiýanyň, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň çägindäki taslamalardyr. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Anadolu» habarlar agentligi ýazýar.

Türk kompaniýalarynyň iň köp gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçiren ýurdy Russiýa Federasiýasy bolup, ol ýerde Türkiýäniň kompaniýalary tarapyndan bina edilen desgalaryň umumy bahasy 102,3 milliard amerikan dollaryna deňdir. Bu sanawda ikinji orun Türkmenistana degişli. Has takygy, agzalan döwürde türk kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda umumy bahasy 53,3 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalary durmuşa geçirilipdir. Sanawda ilkinji üçlügi 29,5 milliard amerikan dollarlyk görkeziji bilen Gazagystan jemleýär.

Ýeri gelende bellesek, şol döwürde türk kompaniýalarynyň dünýä ýüzünde durmuşa geçiren gurluşyk taslamalarynyň 13 göterimi gara ýollaryň, ýerasty geçelgeleriň hem-de köprüleriň, 13,8 göterimi ýaşaýyş jaýlarynyň, 8,6 göterimi elektrik stansiýalarynyň, 7,1 göterimi söwda merkezleriniň hem-de 6,6 göterimi howa menzilleriniň paýyna düşýär.

12
40
sadajaaa_
05.09.2024 13:00

Gresiýada guraklyk sebäpli suwuň astyndan gark bolan oba göründi.

Gresiýada 30 ýylyň içinde ilkinji gezek birwagt suwa gark bolan oba göründi. Muňa jokrama yssy we uzak dowam eden guraklyk sebäp boldy diýip, (MIR24) habar berdi.

Kollio obasyny 1970-nji ýyllaryň aýaklarynda Mornos suw howdanyny gurýakalar, gark etdiler. Mornos we Ewinos derýalaryny suwy bilen doldurylýan bu howdan paýtagt Afinydan 200 kilometrlik ýerleşýär.

Soňky birnäçe aýda suwuň derejesi 30 göterim çekilip, obanyň mekdebiniň harabalygydyr beýleki binalar suwuň ýüzünde peýda boldy. Killoda gark bolmanka 80 öý bardy. Olary paýtagt suw bilen üpjün etmek üçin pida etmeli boldy.

Geçen gyş Gresiýada taryhda iň maýyl boldy, iýun we iýul bolsa, rekord derejede yssy höküm sürdi. Howa şertleri ýurtda suwuň gytlygyna getirdi diýip, (AFP) habar berdi.

8
33
sadajaaa_
05.09.2024 01:54

Söýgiň nämedigini bilmeseň söýme,
Diňe sen bolarsyň, awusyn ýuwudan.
Söýgi ejizlere gelişmez diýme,
Söýgi çyn bolanda ejizlär adam.

Sähelçe gaýgysyn saklasa gizläp,
Göz bilen däl, ýürek bilen görersiň.
Oňa, janyňdanam süýji zat gözläp,
Onam alyp, aýaklaryna serersiň.

Käte tutulanda söýgüniň ady,
Iliň aýdanyna goşulyp bolar.
Çünki, söýgi diýen mukaddes zady,
Düşündirip bolmaz, düşünip bolar.

©️Kuwwat Ýazmuhammedow

10
33
sadajaaa_
04.09.2024 22:21

Dileg etsem kabul etgil Ýaradan,
Emriň bilen dert dermana sataşsyn.
Gora nähak töhmet bilen garadan,
Ýaman munda hak permana sataşsyn.

Syrat köprüsinde tary öliniň,
Jennet bolgaý geçse ýeri möminiň.
Diken bagy çöp irermiş göribiň,
Zähmet ile gül gülzara sataşsyn.

Şükür Alla, kylsa sabyr-takady,
Nesibedir çüwer guluň amady,
Aýralygyň gelip wagty-sagady,
Aşyk ýürek söwer ýara sataşsyn.

Bagta rowan bolup geçsin ömürler,
Aý-ýyllary birleşdirsin döwürler.
Dag ýüzüni basyp çygly ümürler,
Ýaz ýagyşa, gyşlar gara sataşsyn.

©️Merjen Meredalyýewa

9
26
sadajaaa_
04.09.2024 16:52

"Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri" atly täze kitap çapdan çykdy.

Täze neşiriň birinji tomy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýanyny, şeýle hem Türkmenistanda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini şöhlelendirýän ylmy we habar beriş maglumatlaryny özünde jemleýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanylan kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Onda at we geografik görkezijileri hem-de gysgaldylyp alnan sözleriň sanawyny özünde jemleýän ylmy-maglumat goşundysy bar.

Habarda bellenilişi ýaly, kitapda Serdar Berdimuhamedowyň jemlenen işleri Türkmenistanyň ylmyny, taryhyny, syýasaty öwrenişini we jemgyýeti öwrenişi has-da ösdürmek üçin nazary hem-de amaly gymmatlyga eýedir.

Birinji toma girizilen makalalardyr, habarlar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasy barada gürrüň berýär hem-de Türkmenistanda alnyp barylýan syýasata laýyklykda, raýatlaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş goraglylygyny has-da gowulandyrmak boýunça beýik işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylyň wakalaryna hemmetaraplaýyn seljerme berilmegi kitabyň esasy ugrudyr. Şol ýyl ýurduň taryhynda ähmiýetli bolup, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky mundan beýläkki ösüşini kesgitleýän täze eýýamyň başlanýandygyny aňlatdy.

8
146
sadajaaa_
04.09.2024 01:46

39 müňden gowrak Türkmenistanly Russiýada ýokary bilim alýar.

Türkmenistan Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan raýatlarynyň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlary esasynda «Sputnik» habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýanyň ÝOM-larynda türkmenistanlylaryň sany 39 müň 35-de deňdir. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ýurtda ýokary bilim alýan raýatlarynyň sany boýunça Gazagystandan (53 müň 975) we Özbegistandan (53 müň 399) soňra üçünji orny eýeledi. Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginde Täjigistanyň (28 müň 728) we Belarus Respublikasynyň (11 müň 875) hem ady bar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-2025-nji okuw ýyly üçin diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda Russiýanyň ÝOM-larynyň hem 80-e golaýy bar.

12
200
sadajaaa_
03.09.2024 21:22

Eý dünýe, men saňa dokdur öýderdim,
Aldyň, söýenlerini, ýetim, ýekeliň.
Garybyň elinden perzendin alyp,
Guma garar ýaly, aç göz ekeniň.

Eý dünýe, men saňa mertdir öýderdim,
Köpler arzuw edip, armanly gitdi.
Söýenleri biri-birinden aýyryp,
Ömrün ýakar ýaly saňa näme etdi.

Eý dünýe, seň ýeriň hezil öýderdim,
Durşy bilen ezýet eken gujagyň.
Bir başa müň gaýgy bereňden soňam,
Adamlara gün berenok ajalyň.

Eý dünýe, men saňa çyndyr öýderdim,
Tutuş durşuň bilen ýalan ekeniň.
Çaga neçün aglap dogulýar diýsem,
Asyl ýalan dünýä gelen ekenim.

©️Kuwwat Ýazmuhammedow

13
42