sadajaaa_
04.09.2024 22:21

Dileg etsem kabul etgil Ýaradan,
Emriň bilen dert dermana sataşsyn.
Gora nähak töhmet bilen garadan,
Ýaman munda hak permana sataşsyn.

Syrat köprüsinde tary öliniň,
Jennet bolgaý geçse ýeri möminiň.
Diken bagy çöp irermiş göribiň,
Zähmet ile gül gülzara sataşsyn.

Şükür Alla, kylsa sabyr-takady,
Nesibedir çüwer guluň amady,
Aýralygyň gelip wagty-sagady,
Aşyk ýürek söwer ýara sataşsyn.

Bagta rowan bolup geçsin ömürler,
Aý-ýyllary birleşdirsin döwürler.
Dag ýüzüni basyp çygly ümürler,
Ýaz ýagyşa, gyşlar gara sataşsyn.

©️Merjen Meredalyýewa

9
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.