sadajaaa_
06.09.2024 23:14

Öwredip durmuşda ýaşaýşyň tärin,
Öwütleriň bilen bererdiň tälim.
Geýdirip başyma buýsanjyň täjin,
Bizi şalar ýaly sakladyň kaka,
Kaka adyn müň kez hakladyň kaka.

Ýogundan bar edip iýdirdiň artyk,
Ilden kem etmediň, geýmedik ýyrtyk.
Dagdan gala ýaly daşymyz örtüp,
Bizi ýüregiňde sakladyň kaka,
Kaka adyn müň kez hakladyň kaka.

Çekip gerdeniňde durmuşuň ýükün,
Urupsyň geçmişe ýitmejek köküň.
Gazanyp hormatyn-sylagyn köpüň,
Bizi baş üstünde sakladyň kaka,
Kaka adyn müň kez hakladyň kaka.

©️Merjen Meredalyýewa

8
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.