sadajaaa_
04.09.2024 01:46

39 müňden gowrak Türkmenistanly Russiýada ýokary bilim alýar.

Türkmenistan Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan raýatlarynyň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlary esasynda «Sputnik» habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýanyň ÝOM-larynda türkmenistanlylaryň sany 39 müň 35-de deňdir. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ýurtda ýokary bilim alýan raýatlarynyň sany boýunça Gazagystandan (53 müň 975) we Özbegistandan (53 müň 399) soňra üçünji orny eýeledi. Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginde Täjigistanyň (28 müň 728) we Belarus Respublikasynyň (11 müň 875) hem ady bar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-2025-nji okuw ýyly üçin diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda Russiýanyň ÝOM-larynyň hem 80-e golaýy bar.

12
200
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@smiling_, hä 🙄
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, hawa , habar geldi ,priglaşenya ugratyas ,tayarlanywer diyip ) . Nesip bolsa 10 ayyn basyna yoremeli . Sag bol !
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, sen nirden bilyan men oňa gitjegmi ) ikinji ) . Nesip bolsa , karantin bolup galmasa 🥺
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, yoklay , barlere yat boldy ol (
zumerret_
4 Sentýabr 2024
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, Akram Beşimowmy )
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, Siz Akrammy ?
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@smiling_, 🤔
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@smiling_, ay goyaa 🥺😱. Kim diyyar ony ?
flowers_
4 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, ministirlik tarapyndan gidenler hasaplanandyr,.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.